14:53 Häzirki zaman özbek edebiýaty | |
HÄZIRKI ZAMAN ÖZBEK EDEBIÝATY
Edebiýaty öwreniş
Kitob har bir millatning o'lmas madaniy merosidir! Türkmeniň öýünde mejlis açylsa, Nowaýydan başlar bagşylar sözi. Özbegiň öýünde many saçylsa, Pyragydan bolar danalar sözi. Gara Seýitliýew Çeper edebiýat mydama döwrüň wakalaryna hyzmat edýär. Ýöne belli bir döwürde ýazylan zatlar soňky döwürlerdede söýlüp okalmaly. Biz muny, şahyr Gara Seýitliýewiň ýokardaky goşgy setirlerinde aýdylyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň hem beýleki edebiýat meýdanyndaky ägirtleriň enteklerem öz gymmatyny ýitirmän gelýän dürdäne eserleriniň mysalyndada görýäris. Ynsanyň bir aýratynlygy bar: ol onuň öz ýaşaýan topragy bilen bagrynyň badaşanlygy. Hut şu sebäpden hem islendik halkyň döredijiligi onuň milli häsiýetinden, özboluşly tebigatyndan gözbaş alýar. Döwrüň beren dünýägaraýyşlaryny döredijiligiňe siňdirmek esasynda hem eser döräp biler. Şol dörän Döwrebap esere öz döwri bilen galmagy esasynda dälde, adamzada hyzmat etmegi bilen baha berilýär. Dostlukly ýurt bolan özbek halkynyň edebiýaty hem bütin adamzada niýetlenen gymmatly pikirleri, gahrymanlary orta çykarmak bilen, özboluşly ösüş ýoluny geçdi. Öz gözbaşyny Agahi, Alyşir Nowaýy, Babur, Lutfy, Maşraf, Mukymy, Munys, Horezmi, Nodira, Fizuly, Furkat, Uwaýsi ýaly Gündogaryň ägirtlerinden alyp gaýdýan özbek edebiýaty XX asyryň aýaklarynda täzeçe ruh, milli häsiýet bilen galkynyp başlaýar. Halkyň çeper söze, döredijilige aýratyn hormat goýmagy netijesinde özbek şygryýeti soňraky ýyllarda hasda gülläp ösýär. Özbek edebiýatynda diňe bir däp bolan edebi formada däl, eýsem, dürli filosofik pikirlere ýugrulan, sözleri isledigiçe ula nyp bilýän ýazyjyşahyrlaryň täze sanawy döredi. Olara Rauf Parfy, Sabyt Madalyýew, Hamid Ysmaýlow, Belgi, Muhammet Salyh, Abdylla Aripow, Erkin Wahydow, Hurşyd Döwranow we beýlekileri mysal getirmek bolar. Olaryň döredijiligi Watana bolan çäksiz söýgi, gözellige ymtylyş, ahlak, söýgi temalary bilen berk baglydyr. Mysal üçin, Usman Azim bilen Muhammet Ýusufyň şygyrlarynyň her setiri Watana söýgi bilen berk baglanyşykly bolsa, Şawkat Rahmonyň «Ýalkym saçýan daş», «Ýagty günler» ýaly kitaplary diňe bir özbek halky däl, dünýä şygryýeti üçin hem täzeliklerden doly. Duýgynyň täsin ýüze çykmalary şahyryň döredijiliginiň esasyny düzýär. Muhammet Ýusufyň goşgularynda welin durmuş, ynsan gatnaşyklary, umuman, ähli barlyk Watana söýgüden ybarat. Oňa şahyryň: «Seniň bilen geçilen her bir gün meniň üçin baýram», «Nirä ýöresem, nirä ugruksam, iň soňky maňlaý direýän ýerim ýene sen» diýip, ata Watanyna ýüzlenýän setirlerinden hem göz ýetirmek bolýar. Özbek kyssa žanrynda hem gysgajyk hekaýalardan başlap, uly göwrümli taryhy romanlaryň her ýylda ençemesi çap edilýär. Taryhy romanlary ýazmak ýazyjylar üçin döredijilik älemindäki beýik synag hem borç hasaplanýar. Sebäbi halk özüniň geçmiştaryhyna hem milliligine diýseň buýsanýar. Gündogar halklarynyň geçmişdäki ýaşaýyş kökleriniň bir akabadan gaýdýandygyny nazara alanyňda, ýazylýan taryhy romanlaryň islendigi hem dostdogan halklaryň taryhy, beýik şahsyýetleri bilen sepleşip gidýär. Aslynda, özbek halky şygra aýratyn sarpa goýýar. Şol sebäpden ýurduň dürli künjeklerinde ýygyýygydan şygryýet agşamlary geçirilýär. Onda islendik goşgy ýazýan adam orta çykyp, öz goşgusyny okap bilýär. Has meşhur goşgular bilelikde okalýar. Şygyr okalyşygyň dowamy edebiýat hakyndaky jedeller, özara pikirler bilen dowam edýär. Ol ýere meşhur ýazyjyşahyrlar bilen birlikde döredijilige täze gadam basan ýaşlar hem, hatda döredijilik bilen gyzyklanýan islendik adam hem gatnaşyp bilýär. Ýenede bir zady aýratyn bellemelidiris, islendik özbek toýbaýramynda, şygryýet agşamynda hökman Magtymguly Pyragynyň goşgusy okalýar. Olar akyldar şahyra aýratyn hormat goýýarlar. Şol sebäpden hem bu halkyň şygryýetinde şahyryň pelsepewi pikirleriniň yzlaryny görmek bolýar. Daşkentde Alyşir Nowaýy adyndaky Özbek dili we edebiýaty uniwersitetinde ýaş zehinler üçin ýörite sapaklar berilýär. Bu uniwersitet her ýylda ýazyjyşahyrlaryň ençemesini döredijilik ýoluna atarýar. Mundan başgada, ýurtda ýörite döredijilik mekdepinternaty hem bar. Ol ýerde tutuş dokuz ýylyň dowamynda döredijilik ukyby bolan aýratyn zehinli çagalara ýörite sapaklar berilýär, halypalar bilen duşuşyklar geçirilip durulýar. Edebiýatyň ösüşi üçin edilýän alada öz netijesini hem berýär. Çünki dünýä edebiýatynda özbek edebiýaty ahlak hem söýgi temasynda naýbaşy eserleri bilen tanalýar. Ýurduň içinde halkara derejesinde geçirilýän ýörite kitap ýarmarkalary her ýyl täze kitaplaryň ýüzlerçesi bilen baýlaşýar. Döredijik öýlerinde ýaş nesillere edebiýata gyzyklanma, kitaba söýgi döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Özbek edebiýaty diňe bir kyssa hem şygryýet žanrynda däl, eýsem, dramanyň we çeper terjimäniň üsti bilende ösdürilýär. Özbek edebiýatçylary soňky ýyllarda dostlukly halklaryň edebiýatçylary bilen ýygjam aragatnaşyk saklaýarlar we geljekde bu ugry ösdürmekde ençeme netijeli işleri amala aşyrmagy maksat edinýärler. Ýazbibi ANNAGURBANOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |