TELEKEÇINIÑ ETIKASY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eziz Diýarymyzy ähli ugurlarda mundan-da beýläk ýokary depginlerde ygtybarly ösdürmek üçin, olaryň öňünde döwletiň kanunlaryny kämilleşdirmek babatda anyk wezipeleri goýdy. Milli Liderimiz çykyşynda döwlet gullukçysynyň etikasyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namasyny döwrebap özgertmeklige hem aýratyn ähmiýet berildi. Häzirki wagtda diňe bir döwlet gullukcylarynyň däl, eýsem ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynda gulluk edýänleriň hem etikasyny milli äheňde kemala getirmek, umuman, bütin jemgyýetiň ahlak kämilligini gazanmak döwlet syýasatynda wajyp mesele bolup durýar.
Etika düşünjesi ahlakdan gelip çykýar. Eger-de ahlak kadalary ynsan gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny düzgünleşdirýän bolsa, etikanyň kadalary ahlagyň aýrylmaz bölekleri hökmünde belli bir jemgyýetçilik toparynda ýa-da hünärinde döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýärler. Size hödürlenýän makalada telekeçiniň etikasy (ahlagy), ýagny telekeçilik işinde telekeçiniň özüni nähili alyp barmalydygynyň ýa-da barmaly däldiginiň düzgünleriniň jemgyýetçilik ähmiýeti barada gürrüň açylýar. Elbetde, telekeçileriň telekeçilik işini alyp barmagyň etikasy barada belli bir derejede özbaşdak garaýyşlary bar. Ýöne dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, ahlagyň (etikanyň) kadalary, atatça, ýazylmadyk görnüşde hereket edýändikleri sebäpli, telekeçileriň bu düşünje bilen bagly ulgamlaşdyrylan tertipde aýdyň we anyk logika eýerýän nazary hem-de tejribe jähtden sowatlary doly ýeterlik däldir. Bilşimiz ýaly, hukugyň kadalary ýazmaça beýan edilýänligi sebäpli, olar babatda jemgyýetçilik garaýşy başgaçadyr. Adamlar hukuk borçlary we jogapkärçiligi bilen gündelik durmuşda üznüksiz ýagdaýda ýüzbe-ýüz bolup durýandyklary üçin, hukuk kadalary barada ýeterlik derejede habarlydyrlar. Şu nukdaýnazardan ahlak, şol sanda telekeçiniň etika kadalarynyň hem ylmy esaslarda ulgamlaşdyrylyp resmileşdirilmegi döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Telekeçiniň etikasy diýip telekeçilik işini alyp barmagyň telekeçiler köpçüliginiň aglabasy tarapyndan umumylykda ykrar edilen ahlak (etiki) kadalarynyň jemine düşünilýär.
Etikanyň düzgünleri ulgamlaşdyrylanda ilki bilen şu gatnaşyklar üns merkezinde bolmaly diýip çak edýäris:
Telekeçi – Sarp edijiler (müşderiler);
Telekeçi – Işgärler;
Telekeçi – Telekeçiler;
Telekeçi – Daşky gurşaw;
Telekeçi – Döwlet;
Telekeçi – Jemgyýet.
Telekeçileriň etikasynyň kodeksiniň geljekde kabul edilmeginiň jemgyýetçilik ähmiýeti esasan şulardan ybarat:
● telekeçiniň etikasy bilen bagly kadalar bir ülňä getiriler we ýurt derejesinde bu mesele babatda bir bitewi syýasat ýörediler;
● telekeçiler telekeçilik işi bilen bagly ýerine ýetirilmeli ahlak talaplarynyň bardygyna we öz gündelik işinde olaryň zerurlygyna düşünerler;
● telekiçilerde “ahlak borçlary” we “ahlak jogapkärçiligi” barada düşünjeler peýda bolar;
● telekeçiniň etikasynyň kadalaryny öwrenmäge we tejribä ornaşdyrmaga telekeçilerde mümkinçilik dörär;
● telekeçiniň etikasynyň kadalaryny resmi kabul edilen çeşmä esaslanyp wagyz etmäge, şu maksat bilen dürli derejedäki çäreleri ýola goýmaga şertler dörär;
● netijede, zähmet düzgün-tertibi bekär hem-de önümçilik meýilnamalary wagtynda, doly we ýokary hilli ýerine ýetiriler.
Telekeçileriň etikasynyň kodeksiniň esasy ýörelgeleri we kadalary barada şulary bilmegimiz wajyp. Onuň esasy ýörelgeleri, ýagny esas goýujy we binýatlyk kadalary hökmünde şulary agzap geçmek ýerliklidir:
● edýän işiňi (hyzmatyňy) kanunalaýyk guramak we her bir çözgüdiňde adalatly bolmak;
● edýän işiň (hyzmatyň) ilki bilen il-güne peýdaly bolmagyny gazanmak;
● edýän işiň (hyzmatyň) bilen beýleki adamlara oňaýsyzlyklary döretmezlik;
● beýleki telekeçiler bilen arkalaşykly işlemek, olaryň işine ýardam bermek, bäsdeşlik sözüň gowy manysynda bolup, başga biriniň işine badak atmazlyk;
● edýän işiňi (hyzmatyňy) arassa-halal ýerine ýetirmek;
● edýän işiň (hyzmatyň) netijelerine kanagat edip, täze üstünliklere ýetmek üçin dowamly göreşmek;
● kynçylyklary ýeňmegiň oňaýly hem-de netijeli ýollaryny tapmak we başgalar.
Telekeçileriň etikasynyň kodeksinde umumy we ýörite häsiýetli ahlak kadalary bolmaly. Kodeksde esasan oňyn (pozitiw) häsiýetli kadalaryň berkidilmegine ýykgyn edilmeli. Ýaramaz (negatiw) etiki kadalaryny, adatça, pozitiw kadalaryň mazmunynda bermek dogry hasaplanýar. Telekeçileriň etikasynyň kodeksiniň umumy häsiýetli esasy kadalary hökmünde şulary görkezmek bolar: jemgyýetçilik bähbitlerini ileri tutmak; ýagşy umytda bolup işlemek we halkyňa hyzmat etmek; il-günüňe ýagşylyk etmek üçin işlemek; abraý-mertebe diýip işlemek; şükürli-sabyrly bolup işlemek; göriplikdir bahyllyk etmezlik; töwekgel bolmak; ugurtapyjy bolmak; öňdengörüji bolmak we beýlekiler.
Telekeçiniň ýörite häsiýetli etiki kadalary diňe telekeçilik işinde ýüze çykýan ahlak gatnaşyklaryny düzgünleşdirýärler. Biz bu kadalaryň mazmunyny açyp beýan etmekligi maksadalaýyk bildik. Bu topluma mysal edip, esasan şu aşakdaky etiki kadalaryny görkezmek bolar: Döwletiň telekeçilik syýasatyna goşant goşmak Her bir telekeçi ýurtda telekeçiligi ösdürmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam bermeli, döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmaklyga goşant goşmaly. Telekeçilik işine ynam we hormat döretmek Telekeçi sarp edijilere (müşderilerine) we kärdeşlerine özüni diňe ýagşy tarapdan tanatmaly, şeýle etmek bilen telekeçilik işine jemgyýetde ynam we hormat döretmeli. Telekeçilik işini milli aýratynlyklarymyza laýyklykda guramak Telekeçilik işini milli aýratynlyklarymyza, ýagny halkyň mentalitetine esasalanyp guramaly, halkyň goldamajak işini we jemgyýete zyýan ýetirjek işi etmeli däl. Telekeçilik işini arassa-halal alyp barmak Her bir telekeçi telekeçilik işini arassa-halal amala aşyrmaly we haramdan daşda durmaly. Döwletiň ykdysady bähbitlerine ters gelýän işleri etmeli däl, tersine, şeýle hereketleriň öňüni almaga çalyşmaly. Ýokary hilli harytlary öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek Her bir telekeçi halkyň isleýän harytlaryny ýokary hilli öndürmeli we ilata elýeterli bahalardan ýerlemeli, amala aşyrýan işlerini we hyzmatlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeli, hiç bir halatda ýaman ada galmajak bolmaly. Telekeçiler bazaryň ýagdaýyny dowamly öwrenip durmaly we halkyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga çalyşmaly. Müşderileriňe we kärdeşleriňe hormat-sylag goýmak Her bir telekeçi telekeçilik işini amala aşyranda sarp edijilere (müşderilerine) we kärdeşlerine hormat-sylag goýmaly, olar bilen mähirli-sypaýyçylykly gatnaşmaly, olaryň abraý-mertebesine şikes ýetirmeli däl. Işgäriň abraý-mertebesine hormat goýmak Her bir telekeçi işgärleri babatda gödeklige we äsgermezlige ýol bermän, olara gyradeň we adalatly garamaly, işgärini oňa esassyz bildirilýän talaplardan goramaga çalyşmaly. Telekeçileriň etikasynyň kodeksi resmi kabul edilenden soňra, ol telekeçilik jemgyýetçiliginiň aglaba köpçüligi tarapyndan ykrar edilen hökmany ýerine ýetirilmeli düzgünleriň jemine öwrülmeli. Şeýlelikde, telekeçilerde ahlak borçlary we jogapkärçiligi bilen bagly duýgylar emele gelmeli, durmuşda etiki temmileri (ýazgarmak, duýduryş bermek, utandyrmak, düzelmek üçin möhlet bellemek we ş.m.) ulanylyp başlanmaly. Kodeksiň jemgyýetçilik başlangyçlarynda resmileşdirilmegi maksadalaýykdyr. Telekeçileriň etikasynyň kodeksiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň wekilçilikli umumy ýygnagynda kabul edilmegi we tassyklanylmagy ähli babatda dogry hem-de ýerlikli bolar. Telekeçiler köpçüligi tarapyndan kesgitlenen etiki kadalaryna hemme telekeçiler kaýyl bolmaly hem-de ýerine ýetirmeli bolarlar. Başgaça aýdylanda, telekeçiler türkmen pähimlerinde nygtalyşyna görä: “Il oňlasa atyňy soý” ýa-da “Dinden çyksaňam, ilden çykma” diýen ýaly ýörelgelere eýererler.
Ýokarda beýan edilenlerden görnüşi ýaly, telekeçiniň etiki kadalaryny doly we dogry ýerine ýetirmek, ilki bilen telekeçiniň özi üçin bähbitli. Il-gününe we jemgyýete diňe peýda getirýän ynsanyň işiniň hemişe rowaç aljaklygy hemmä düşnükli hakykat bolmaly.
Kämil ahlakly telekeçiniň durmuşda gazanyp biläýjek artykmaçlyklary esasan şularda jemlenýär:
● gorkman-çekinmän işleýär we ýaşaýar;
● döwlet edaralary tarapyndan geçirilýän barlaglar sebäpli ullakan alada galmaýar;
● her kim şeýle telekeçi bilen işleşmäge we gatnaşyk saklamaga döwtalap bolýar;
● kärdeşleriniň we il-güniň hormat-sylagyndan peýdalanýar;
● kärdeşleri üçin görelde mekdebine öwrülýär;
● zähmet üstünlikleri dowamly ýüze çykyp durýar;
● hiç bir ýagdaýda ruhdan düşmeýär we başga-da birnäçe oňyn netijelere ýetilýär.
Jemgyýetde kämil ahlakly telekeçiler köp bolanda:
● jemgyýetiň sazlaşykly ösmegi we özgermegi üçin has-da oňyn şertler döremeli;
● Döwlet maksatnamalry has-da ytybarly we netijeli amal edilmeli;
● ýurduň ykdysady kuwwaty has-da artmaly we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanylmaly;
● adamlaryň durmuş hal-ýagdaýlary dowamly ýagdaýda has-da gowulanmaly;
● jemgyýetiň jebisligi hem-de agzybirligi has-da güýçlenmeli we ynsan gatnaşyklarynda adalat dabaralanmaly;
● jemgyýetde tertip-düzgün has-da bekemeli we asuda-erkana durmuş gaýnap joşmaly;
● jemgyýetiň ahlak medeniýeti we umumy medeniýeti has-da ýokarlanmaly. Şu ýerde telekeçiniň etiki temmi çäreleri we olary durmuşa geçirmegiň mehanizmi barada hem gysgajyk durup geçmekligi makul bildik. Durmuşda etikanyň düzgünleriniň bozulmagyny agyrlaşdyrýan ýa-da ýeňilleşdirýän ýagdaýlar (ahlak bozulma näme sebäp bolupdyr, ol bilkastdan edilipmi ýa-da tötänlikde ýüze çykypmy, etmişli maşgalada we iş ýerinde nähili häsiýetlendirilýär, öň şular ýaly hereketlere ýol beripmi, şahsyýetiň abraýyna ýetirilen zelel nämeden görünýär we ş.m.) nazara alnyp, şu aşakdaky ahlak çäreleri etmişliniň garşysyna aýry-aýrylykda ýa-da toplumlaýyn görnüşde ulanylyp bilner: ýazgarmak; utandyrmak, duýduryş bermek; düzelmek üçin möhlet bellemek; tertibe çagyrmak; terbiýeçilik işlerini geçirmek üçin maşgalasyny, okaýan ýa-da işleýän ýerini habarly etmek we beýlekiler.
Ahlak çäresini ýygnak çagyryp ulanmagyň mehanizmini şu tertipde kesgitlemek bolar:
● ýygnagy etmişliniň işleýän ýeri boýunça kärhananyň ýolbaşçylygy guramaly we onuň ygtyýarly wekili alyp barmaly;
● ýygnak kärhananyň işgärleriniň ýönekeý köplügi gatnaşanda etiki düzgünleriň bozulmagyna garamaga ygtyýarlydyr;
● ýygnagyň çözgüdi oňa gatnaşyjylaryň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilmeli;
● ýygnagyň netijesi karar görnüşinde resmileşdirilmeli;
● ýygnagyň karary bilen nägile etmişli degişli döwlet edarasyna, şol sanda kazyýete bellenen tertipde şikaýat bildirip biler;
● etmişli ýygnaga hökman çagyrylmaly. Ol ýygnaga esasly sebäpler boýunça gelmedik halatynda (syrkawçylyk, iş sapary we ş.m.), çäre başga bir güne geçirilmeli.
Ýygnagyň oňyn täsirleri köp halatda onuň guramaçylykly geçirilmegine gös-göni bagly bolup durýar. Ýurt derejesinde telekeçiler üçin ýygnaklary alyp barmagyň bir bütewi tertibi üpjün edilende, etiki temmilerini ulanmagyň terbiýeçilik ähmiýeti we netijeliligi has-da güýçlenmeli. Şoňa görä-de, etiki meseleleri seljermeklige bagyşlanan ýygnaklaryň guramaçylyk taraplary anyk we aýdyň görnüşde beýan edilmegi maksadalaýykdyr. Ýygnak geçirmegiň mehanizmi ýörite kabul edilen Düzgünnamada kesgitlenilip bilner. Köpçüligiň gatnaşmagynda ýygnagyň geçirilmeginiň maksady diňe bir etmişlini ýazgarmak däl-de, eýsem ony dogry ýola salmak, etikanyň düzgünleriniň bozulmagynyň gaýtalanmazlygyny üpjün etmek, şeýle hem ýygnaga gatnaşýan adamlara çäräniň terbiýeçilik täsirini ýetirmek bolup durýar. Etika düzgünleriniň bozulmagy bilen bagly maglumatlar we olar boýunça geçirilýän işler barada telekeçilik jemgyýetçiligi habarly edilip durulmaly. Şeýle çemeleşmäniň telekeçilere ýetirýän terbiýeçilik täsiri we ähmiýeti örän ulu bolmaly. Telekeçileriň etikasynyň kodeksiniň çäreleri onuň düzgünleriniň bozulan ýerinde, ýagny ýörite ýygnak geçirmezden önümçilikde hem ulanylyp bilner. Mysal üçin, telekeçi ýa-da onuň elinde işleýänler ahlaksyz hereketlere ýol beren halatynda (özüni gödek alyp barýar, iş etmejek bolup bahana gözleýär, ýaltaçylyk edýär we ş.m.), kärhananyň ýolbaşçysy ýa-da abraýly ýaşulysy etmişlä bellik etmäge haklydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda türkmen telekeçileri üçin telekeçilik işini ynamly we ygtybarly alyp gitmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Şu şertlerde telekeçilik işiniň netijeliligini has-da artdyrmaga täsir edip biläýjek güýç hökmünde telekeçileriň ahlak (etiki) medeniýetiniň ýokarlandyrmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi döwrüň möhüm wezipe bolup durýar.
Hormatly telekeçiler, “Türkmenistan - rowaçlygyň Watany” ýylynda Siziň her biriňize işiňizde we maşgalaňyzda rowaçlyklary arzuw edýäris!
Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent,
"Rysgal” gazeti – 18.03.2019 ý.
Pedagogika we edep-terbiýe