17:53 Gylyksyz häsiýetler | |
GYLYKSYZ HÄSIÝETLER
Hukuk maslahathanasy
Ýeňil ulagda barýan ýaşlar apelsiniň, bananyň, beýleki gök, miwe önümleriniň gabygyny ýa bolmasa çilimiň gutusyny ulagyň penjiresinden ýol ugruna zyňyp goýberýärler. Şähere seýil edýän ýaşlar dynç almak üçin oturan ýerlerinde ýada gezelenç wagtynda hapasyny ýygnaman çigit çigitleýärler. Gadagan ýerlerde çilim çekýärler ýa-da nas ulanýarlar. Ýaşlar, esasan hem, mekdep okuwçylary ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde, haýatlarda, seýilgähleriň oturgyçlarynda, awtobus duralgalarynda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde gelşiksiz, gödek ýazgylary galdyrýarlar, abat zatlary hatardan çykarýarlar. Ýaşlar, şol sanda mekdep okuwçylary kä halatlarda utanç-aýyp, türkmeniň edep-ekramyna we göreldesine mynasyp bolmadyk hereketlere ýol berýärler. Oglan gyzyň elinden ýa-da saçyndan tutýar, kilçik sözleri aýdýar. Gyz hem bu oňlanylmaýan hereketlere gaty bir nägilelik bildirmeýär. Ýaş gyzlar käbir halatlarda türkmeniň taryhynyň hiç bir döwrüne-de mahsus bolmadyk ýagdaýda, ýagny biri-biriniň ýaňagyndan öpüp, oglanlar bolsa gyzlar bilen elleşip salamlaşýarlar. Getirilen mysallara ahlak nukdaýnazaryndan berilýän baha Gynansak-da, şuňa meňzeş gylyksyz häsiýetler ýaşlaryň arasynda başga-da göze ilýär, ýöne mesele bu hereketleriň durmuşda nähili görnüşde ýüze çykýanlygynda ýa-da azlygynda-köplüginde däl-de, olaryň ahlaksyzlygynda, ýagny türkmen halkynyň ençeme ýyllaryň dowamynda sünnäläp kemala getiren ahlak mentalitetine ters gelýänligindedir. Eger-de durmuşda şu zeýilli mysallar bar bolsa, onda munuň özi jemgyýetde ýaş nesli terbiýelemekde belli bir derejede kemçiliklere ýol berilýänliginiň subutnamasydyr. Görşümiz ýaly, seljerilýän mysallarda ýaşlaryň medeniýetiniň we edebiniň pes taraplary häsiýetlendirilýär. Olaryň türkmen jemgyýetiniň ahlak kadalaryna ters gelýändigini esaslandyrmakda hiç hili zerurlyk ýok bolsa gerek. Şeýle ýaşlaryň sany az. Şu zeýilli ýaşlaryň ahlaksyz hereketleriniň jemgyýet tarapyndan oňlanylmaýandygyny olara yzygiderli ýatladyp duran ýagdaýymyzda, olaryň sanyny has-da azaldyp, doly soňuna-da çykyp bolardy. Biz, köplenç halatda, bu ýaramaz endikleri görsegem görmedik bolýarys. Şeýlelikde, biz öz parhsyzlygymyz bilen bu ýaşlara edeniňizi ediberiň, siz tarhansyňyz diýýäris, olara has elhenjräk täze hokgalary çykarmaga ak pata berýäris. Bu biziň işimizmi?! Ol hereketleriň öňüni almaly ýörite edaralar, jogapkär adamlar bolmaly, ýöne hiç bir halatda bu meselelere biz goşulmaly däl diýen akyla uýýarys. Hakykatda bolsa ýaşlara edep bermek, olary dogry ýola ugrukdyrmak uly nesliň, ilkinji nobatda, ýaşulularyň ahlak hem-de raýatlyk borjudyr. Ahlak borjuna we ahlak jogapkärçiligine häzirki döwürde jemgyýetde kän bir pitiwa edilmeýär. “Borç” we “jogapkärçilik” diýen düşünjeler, esasan, kanunçylyk bilen baglanyşdyrylýar. Şu çemeleşme ýaş nesle terbiýe bermekde biziň düýpli kemçiligimiz bolup durýar. “Borç we jogapkärçilik” kämil ahlagy emele getirmegi üpjün edýän serişdelerdir, şoňa görä-de, terbiýeçilik işinde aýratyn üns merkezinde saklanylmaga degişlidir. Öňe sürülýän ahlak düşünjeleri şahsyýetiň jemgyýetdäki abraýmertebesiniň ölçegidir, has anygy onuň derejesine täsir edýän görkezijilerdir. Mynasyp abraýly ýaşlary terbiýelemek döwrüň talabydyr. Ynsan durmuşynda abraýdan agramly, öwgüden ýeňil zat ýokdur. Şu hakykaty ýaşlara düşündirmek ýaşuly nesliň ahlak borjudyr. Türkmen döwletinde göz öňünde tutulan uzakmöhletleýin dürli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlara bagly. Egerde biz olaryň talabalaýyk ahlak terbiýesi barada şu günden alada etmesek, onda meýilleşdirilen özgertmeleriň netijeliliginiň pes boljakdygy jedelsiz kabul edilmeli hakykatdyr. Getirilen mysallara tejribe nukdaýnazaryndan berilýän baha Şu mysallardan görnüşi ýaly, ýaşlaryň ahlaksyz hem bikanun hereketleri netijesinde oba-şäherlerimiziň köçelerinde, binalarynda, seýilgählerinde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde hapaçylygyň döremeginiň, emläge maddy zyýan ýetirilmeginiň, gödek görnüşde ýüze çykýan edepsizligiň şaýady bolýarys. Bu ýaşlar maşgalanyňam, jemgyýetiňem abraýyna şek ýetirýärler, terbiýeçilik işleriniň göwnejaý guralmagyna hem ýaramaz täsir edýärler. Olardan önjek nesilleriň hem dogry terbiýe aljakdyklary gümana bolup durýar. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap ahlak mentalitetini kemala getirmekde seljerilýän hereketlerdäki kemçilikleriň ýetirýän zyýany bimöçberdir. Getirilen mysallara hukuk nukdaýnazaryndan berilýän baha Häzirki döwürde ýokarda agzalyp geçilen hereketleriň hemmesi babatda hukuk jogapkärçiligi kanunçylykda göz öňünde tutulmadyk. Mysal üçin, jemgyýetçilik ýerlerinde (köçelerde, seýilgählerde we ş.m.) hapaçylyga ýol berlendigi üçin kanunda jogapkärçilik, gynansak-da, bellenilmedik. Mysal hökmünde getirilen galan ähli ýagdaýlarda hukuk bozulmalarynyň ýüze çykyşyna baglylykda raýatlary hukuk jogapkärçiligine çekip bolýar. Gadagan ýerlerde çilim çekilmegi sebäpli kanunda berk jogapkärçilik kesgitlenen. Türkmenistanyň Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kodeksiniň (TAK) 42-1-nji maddasyna laýyklykda raýatlara ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalarda, guramalarda, harby bölümlerde we birikmelerde, ähli okuw mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda, teatrlarda we kinoteatrlarda, jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde, seýilgählerde, raýatlaryň köpçülikleýin barýan ýerlerinde çilim çekenleri üçin iň pes zähmet hakynyň möçberinde administratiw tertibinde jerime salynmaga degişlidir. Nas ulanylanlygy üçin, özi-de nähili görnüşde we nirede ulanylanlygyna garamazdan, TAK-yň 42-2-nji maddasyna laýyklykda kanuny bozan adama zähmet hakynyň birinden üçüsine çenli möçberde jerime salynmaga degişli. Emläge ýetirlen zyýan (zelel) üçin kanunçylykda hukuk jogapkärçiliginiň birnäçe görnüşleri berkidilen. TAK-da bu mesele iki maddada düzgünleşdirilýär. Kodeksiň 51-nji maddasyna laýyklykda kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň emläginiň bilgeşleýin az-owlak zaýalananlygy sebäpli raýatlara iň pes zähmet hakynyň 0,2 möçberinden bir möçberine çenli jerime salynýar. Şol Kodeksiň 150-nji maddasynyň talaplary bozulyp, ýaşaýyş öýleriniň we jaýlarynyň, olaryň enjamlarynyň hem-de abadanlaşdyryş desgalarynyň zaýalananlygy üçin raýatlara duýduryş berilýär ýa-da iň pes zähmet hakynyň 0,5 möçberine çenli jerime salynýar. Eger-de bu hukuk bozulma wezipeli adamlar bilen bagly bolsa, onda olara duýduryş berilýär ýa-da iň pes zähmet hakynyň bir möçberine çenli jerime salynýar. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň (TRK) 1027-nji maddasyna laýyklykda kanuna garşy bilkastlaýyn ýa-da seresapsyz hereketleri bilen başga şahsa zyýan ýetiren adam şol zyýanyň öwezini dolmaga borçludyr. Şu ýerde çagalarynyň bikanun hereketleri bilen bagly olaryň ataeneleriniň hukuk jogapkärçiliginiň üstünde hem durup geçmek gerek. Çagalarynyň administratiw hukuk bozulmalaryna ýol berendigi üçin, olaryň ene-atalarynyň garşysyna TAK-yň 176-njy maddasynyň talaplaryna laýyklykda käbir administratiw çäreler ulanylyp bilner. “Kiçi ýaşly çagalar öz hereketleri bilen başga şahslara zyýan ýetiren ýagdaýynda olar oňa jogap bermelimi?” diýen soraga TRK-niň1029-njy maddasynda şeýle jogap berilýär: On ýaşyna ýetmedik çaga başga şahslara ýetiren zyýany üçin özi jogapkärçilik çekmeýär. On ýaşyny dolduran çaga, eger zyýan ýetiren wagtynda öz hereketiniň (eden işiniň) ähmiýetine akyl ýetirip bilmedik bolsa, ol hem özüniň başga şahsa ýetiren zyýany üçin jogapkärçilik çekmeýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ata-enesi ýa-da oňa gözegçilik etmäge jogapkär adamlar kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň bikanun hereketleri bilen bagly başga şahsa ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar. Gözegçilik etmäge jogapkär adamlar zyýanyň öňüni alyp bilmedik halatlarynda jogapkärçilik aradan aýrylýar. Şeýlelikde, çaganyň hereketleri bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga çaganyň ata-enesi ýa-da oňa gözegçilik etmäge jogapkär adamlar borçly bolup durýarlar. Ýokarda getirilen mysallarda görkezilen edepsiz hereketler üçin (öpüşip ýa-da elleşip salamlaşmak, gyzyň elinden ýa-da saçyndan tutmak, kilçik sözleri aýtmak) diňe ahlak jogapkärçiligi barada gürrüň gidip biler. Aýratyn halatlarda bu hereketleriň käbiri bilen bagly administratiw jogapkärçiligi-de döräp biler. TAK-yň 168-nji maddasyna laýyklykda, haçan-da jemgyýetçilik ýerlerinde paýyş sözler aýdylsa, raýatlara göwnedegijilikli azar berilse, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini we raýatyň rahatlygyny bozýan şoňa meňzeş beýleki hereketlere ýol berilse, bu hereketler ownuk huligançylyk hasaplanylýar. Ownuk huligançylyk üçin raýatlara iň pes zähmet hakynyň 0,2 möçberinden bir möçberine çenli jerime salnyp ýa-da gazanjynyň ýigrimi göterimini tutup galyp, olar bir aýdan iki aýa çenli düzediş işlerinde işledilip bilner. Eger işiň ýagdaýlaryna görä, düzgüni bozujynyň şahsyýeti nazara alnanda bu çäreleriň ulanylmagy ýeterlik däl diýlip hasap edilen halatynda, günäkär on bäş gije-gündize çenli administratiw taýdan tussag edilip bilner. Taganmyrat GOÇYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |