08:34 Ynsanyñ ruhy-ahlak dünýäsiniñ sazlaşygy | |
YNSANYŇ RUHY-AHLAK DÜNÝÄSINIŇ SAZLAŞYGY
Psihologiýa
Ruhy-ahlak meselelerinde ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, umuman, türkmen halkynyň mentalitetini goldanyp milli aýratynlyklarymyza çuňňur hormat goýmak hem-de durmuşda ynsanyň ruhy-ahlak sazlaşygyny gazanmak biziň hemmämiziñ borjumuzdyr. Belli edebi-taryhy çeşmelerde, publisistik eserlerde «ruh» we «ahlak» düşünjeleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Biz olara esaslanyp, seljerilýän aňlatmalar bilen bagly käbir şahsy garaýyşlarymyzy beýan etmäge çalyşmakçy. Ruh şahsyýetiň akyl, aň ýetiriş aýratynlyklaryna görä döreýän içki duýgulary, oý-pikirleri, filosofik garaýyşlarydyr. Şolaryň kömegi bilen ol dünýäde bolup geçýän zatlara göz ýetirip, olara özüçe baha berip bilýär. Ahlak şahsyýetiň jemgyýetde (maşgalada, mekdepde, işde, jemgyýetçilik ýerlerinde we dürli çärelerde) özüni nähili alyp barmalydygyny (barmaly däldigini) kesgitleýän, halkyň aglaba köpçüligi tarapyndan umumylykda ykrar edilen jemgyýetçilik garaýyşlarydyr. Adamyň ruhy we ahlagy durmuşda dowamly gatnaşykda bolýar. Şahsyýetiň ahlak edebi onuň ruhy gözýetiminiň täsiri bilen ýüze çykýar. Şoňa görä-de, olaryň hemişe sazlaşykda hereket etmeklerini gazanmak jemgyýetiň öňünde durýan möhüm wezipe hasaplanýar. Bu gatnaşykda ruh we ahlak bir-birine amal edilmeginde we kämilleşmeginde ýardam bermeli. Ir döwürlerden bäri halkymyz «Arassaçylyk saglygyň girewidir» ýa-da «Saglygyň gadyryny hassa bolmazdan öňinçä bilgin» diýen ýaly parasatly pähimlere uýup gelipdir. Şonuň üçin hem adamyň özüniň bedenini tämiz saklamagy adaty zerurlyk bolup durýar. Çünki gigiýenanyň talaplary berjaý edilmese, adam keselläp bilýär. Ol onuň üçin rahatlyk, maddy we wagt babatda asla ýaramsyz ýagdaýdyr. Edil şonuň ýaly-da, adam her gün kalbynam tämizläp durmaly, ony kir-kirşene basdyrmaly däl, elmydama bu barada alada edip gezmeli. Eger-de arassaçylygyň kadalarynyň bozulmagy adamyň bedeniniň kesellemegine getirip bilýän bolsa, kalbyňy arassalap durmazlyk adamy ruhy taýdan göýdük edýär, ony pes hem pis häsiýetli, gylyksyz adama öwürýär. Bu keselleriň ikinjisi has agyr hasaplanýar, bejergisi-de ezýetli hem-de dowamly bolýar. Bedeniň näsaglygy adamyň özüne we bellibir derejede ýakynlaryna zelelini ýetirip bilýän bolsa, kalby ýaramaz adam bütin jemgyýet üçin howpludyr. Çünki şeýle adamlarda iň ýaramaz häsiýetler jemlenýär (işýakmazlyk, ýaltalyk, ýalançylyk, göriplik we ş.m.). Ruhy tämiz adam bedeninem arassa saklamaga çalyşýar. Sebäbi adamyň ruhy dünýäsi onuň gylyk-häsiýetiniň, edep-ekramynyň, başgaça aýdylanda, ahlagynyň kemala gelmegine düýpli täsirini ýetirýär. Kämil ahlakly adam arassaçylygyň we gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegi özüniň, şeýle hem maşgala agzalarynyň ahlak borjy hökmünde kabul edýär hem-de onuň göwnejaý ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklaýar. Içki dünýäňi tämiz saklamak juda kyn wezipe. Ýüz-gözüňe, bedeniňe serenjam berseň, onuň netijesini özüňem görüp bilýäň, töweregiňdäkilerem, ýöne adamyň kalbynyň päkizelik derejesini onuň özünden başga bilip biljek ýok. Beýleki adamlaryň bu hakykata göz ýetirmekleri üçin uzak döwür, hatda ýyllar gerek bolýar, kähalatlarda muňa ömrem ýetenok. Ýöne ýerden ýörgünli pähimlerde «Adam alasy içinde» ýa-da «Daşy — jäjek, içi — möjek» diýilmeýär. K.Gurbannepesow şu zeýilli adamlar babatda şeýle setirleri döredipdir: Daşyndan seretseň — durşuna edep, Sözi-de, ýüzi-de giden bir mekdep. Bir minut içine girip bolsady — Tapmazdyň dünýäde şondan biedep. Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, adamlary ahlak häsiýeti boýunça üç topara bölüp bolýar: aýdýany bilen edýäni deň gelmeýän adamlar; aýdýany bilen edýänini il ýüzüne deň getirip bilýän adamlar; aýdýany bilen edýäni deň gelýän adamlar. Başdaky iki topara degişli adamlaryň ruhy dünýäsiniň çüýrükligi hemmä düşnükli bolmaly. Olaryň birinjisiniň kimdigi äýneksizem görnüp durandyr, ikinjisiniň hakyky ýüzi wagtyň geçmegi bilen aýan bolýar. Her kim şu zeýilli adamlardan gaça durmaga çalyşýar. Soňky topara degişli edilýänler kalby arassa, il-gününe ýürekden yhlas görkezip gulluk edýän ynsanlardyr. Görşümiz ýaly, adamyň gylyk-häsiýeti, ýagny ahlagy onuň kalbyndan gözbaş alýar. Diýmek, durmuşda adamyň ahlagyna baha bermek üçin, onuň aýdýany bilen edýäniniň deň gelmegi ýeterlik däl eken, islendik hereket ynsanyň päk kalbyndan gaýtmaly. Şeýlelikde, adamyň ruhy dünýäsi onuň ahlak keşbiniň binýady bolup durýar. «Kämil ruh — sagdyn beden» diýen ýörgünli pähim hem şundan gelip çykan bolmaly. Aýdylanlary jemlänimizde, şahsyýetiň ahlak medeniýetiniň onuň ruhy gözýetiminiň täsiri bilen ýüze çykýandygynyň şaýady bolýarys. Bu ýerde adamyň ahlagynyň onuň ruhuna edýän özboluşly täsirini hem synlamak bolýar. Ynsanyň ruhy päkliginiň, ilki bilen, onuň ahlak kämilliginiň dereje görkezijisine baglydygyny bellemek gerek. Çünki ynsanyň kalp tämizligini, şol sanda, onuň ahlagy üpjün edýär, bu täsir oňyn (pozitiw), şonuň ýalam ýaramaz (negatiw) häsiýetlem bolup biler. Şu gatnaşykda adamyň ahlak garaýyşlary onuň ruhuny kemala getirýän serişde hem mehanizm bolup çykyş edýär. Ruhy ynanç-ygtykatlar, öz gezeginde, adamyň ahlak edebiniň üsti bilen durmuşa geçýär. Elbetde, ruh kämilligini gazanmak diňe bir adamyň ahlagyna bagly däl. Ruhy dünýäsini baýatmak üçin ynsan birsyhly bilim-sowadyny köpugurly artdyryp durmaly, durmuşda bolup geçýän ýagdaýlary yzygiderli seljerip, umumylaşdyryp, olardan dogry netijeleri çykarmagy başarmaly. Durmuş tejribesi toplananda, diňe bir şahsyýetiň öz ömür ýoly däl-de, eýsem, özgeleriň hem ynsan gatnaşyklaryndaky säwlikleri göz öňünde tutulmaly. Başgaça aýdylanda, adam ruhy kämillige ýetjek bolsa, onda ol kitaplary irginsiz okamany, yhlasly zähmet çekmäni we durmuşy mekdep hökmünde kabul etmäni endik edinmeli, bulary häsiýetine öwürjek bolmaly. Şeýlelikde, ynsan öz ruhuny kämil ýagdaýa getirip, gözel ahlak medeniýetine eýe bolup biler. Ruhy dünýäsi baý we ýokary ahlakly adamlary terbiýelemek, ýagny jemgyýetde, ilkinji nobatda hem, ýaşlarda kämil ruhy-ahlak garaýşyny kemala getirmek her bir döwürde möhüm hasaplanypdyr we bu wezipe şu günlerde hem döwlet syýasatynda öz wajyplygyny ýitirmän gelýär. Kalp päkligi hem-de ahlak kämilligi adamdan, ilkinji nobatda, taýsyz erkliligi talap edýär. Adamyň öz hereketlerine erk edip bilmegi onuň adamkärçiliginiň, ynsanperwerliginiň, adyllygynyň, umuman, ruhy-ahlak medeniýetiniň esasy görkezijisi bolup durýar. Adamda erki terbiýelemek, megerem, çözgüdi iň kyn we bimöçber gaýraty, başarjaňlygy hem tutanýerliligi talap edýän mesele bolmaly. Erkliligiň alamatlary kän (özüňe buýrup bilmek, kynçylyklardan gaçmazlyk, gaýduwsyz bolmak we ş.m.). Erkliligiň iň esasy alamatam özüňe berk ynamyň bolmagynda. Sussupeslik etmek, ejizlige ýüz urmak adamyň ynamyny gowşadýan, goýan maksatlaryndan el götermäge çenli eltip bilýän närselerdir. Şoňa görä-de, ynsan hiç bir ýagdaýda hem göwnüçökgünlige ýol bermeli däldir. Adamyň özüne bolan ynamy, adatça, onuň şahsy jogapkärçilik duýgusynyň hasabyna ýüze çykýar. Şeýle adam özüniň we maşgala agzalarynyň geljegi barada çynlakaý alada edýän ynsan bolýar. Adamyň şahsy jogapkärçiligi onuň yhlasly zähmeti bilen utgaşanda, ynsanyň ýeňip bilmejek kynçylygy we döz gelip bilmejek kösençligi ýokdur. Tutanýerli zähmetiň täsiri bilen adamyň hereketleri aýdyň many-mazmuna eýe bolup, görnetin netijeler mese-mälim duýlup başlanýar. Netijede, şahsyýetiň özüne bolan ynamy bekeýär, onda her bir işe has-da hyjuwly, gaýduwsyz, paýhasly ýapyşmak endikleri kemala gelip ugraýar. Durmuşda şahsy erksizligiň oňlanylmaýan görnüşde ýüze çykmalarynyň mysallary kän: çilim çekmek, nas ulanmak, spirtli içgileri içmek we ş.m. Erksiz adam diňe bir özüne däl, eýsem, maşgala agzalary hem-de jemgyýet üçin birgiden oňaýsyzlyklary döredýär. Mysal üçin, çilimkeşiň öz daş-töweregindäkileriň saglygyna ýetirýän zyýany barada hemmämiz bilýäris. Nas ulanmaklyk arassaçylygyň we şahsy gigiýenanyň talaplaryna garşy gelýär hem-de medeniýetsizligiň iň gelşiksiz görnüşde ýüze çykmalarynyň biri hasaplanýar. Spirtli içgileri içýän şahsyýetiň jemgyýete ýetirýän zyýany sanardan köp bolsa gerek, iň gynançly ýeri-de, durmuşda serhoş haldaky adam dürli jenaýatlaryň sebäpkäri bolup bilýär. Şu zeýilli hereketler jemgyýetçilik tarapyndan ýazgarylmaga degişlidir. Görşümiz ýaly, erksizlik ýaramaz häsiýet, özi-de adamda jemgyýetçilik tarapyndan ýazgarylýan ýene-de birgiden häsiýetleriň ýaýramagyna hem esas bolýar. Adamda ýaramaz häsiýetler, aslynda, näme sebäpden ýüze çykýarka? Aglaba ýagdaýda ýaman gylyk-häsiýet gözbaşyny betnebislikden, göriplikdir bahyllykdan alyp gaýdýar. Betnebislige ýol bermezlik islendik görnüşde ýüze çykýan şu günüňe (aýdalyň, sen baý bol ýa garyp, sagat bol ýa kesel), halal rysgalyňa kaýyl bolmaklygy, ýagny nebis torbaňy öňüňe atmazlygy aňladýar. Elbetde, ahlaksyz we bikanun ýollar bilen gün-güzeranyňy gowulandyryp bolar, ýöne bu zatlaryň soňunyň nirä direýändigi hemmämiz üçin aýandyr. Ýene-de bir hakykata biziň anyk göz ýetirmegimiz gerek: durmuşyňdan nalanyň, zeýreneniň bilen, seniň peýdaňa üýtgejek zat ýokdur. Bagtyýar durmuşa ýetmek üçin adam dowamly ýagdaýda halal, yhlasly zähmet çekip gezmeli. Göriplikdir bahyllyk «Diňe meniň bir özüm bagtly, gözel durmuşda ýaşamaly» diýen filosofiýa eýermekdir. Bu ýagdaý adamlaryň bir-birine bolan hormat-sylagyny pese düşürýär, jemgyýetiň agzybirligini gowşadýar. Şeýle bir durmuşy mysalyň üstünde pikirlenip göreliň. Bir ýigit iki dosty bilen şatlygyny paýlaşýar: «Dostlar meni juda abraýly hem jogapkärli wezipä hödürleýärler». Dostlarynyň biri: «Tüweleme, bolaýypdyr. Sen kämil bilim aldyň, baý tejribe topladyň, sen hemme babatda şol wezipä mynasyp» diýýär, ikinjisi bolsa: «Men-ä razylaşmazdym, jogapkärçiligi örän uly» diýip, gaşlaryny çytýar. Ýigidiň soňky dostuňyň göriplikdir bahyllyk edýän bolmagy gaty ähtimaldyr. Ýokarda seljerilen ýaramaz häsiýetler ynsanda ol diňe öz şahsy bähbidine kowalaşanda emele gelýär. Jemgyýetçilik bähbidini inkär edýän adamlar kanagatsyz, ynsapsyz, harsydünýä, açgöz bolýarlar. Onsoňam bu adamlarda, wagtyň geçmegi bilen, jemgyýete, hatda ýakynlaryna bolan rehim-şepagat duýgularam ýitýär. Şahsy bähbide kowalaşýanyň küýi-pikiri maddy baýlyk toplamak, keýpi-sapada ýaşamak, wagtyny hoş geçirmekdir. Ýöne beýle «bagt» çäklije döwürde hözirini berýändir. Durmuşdan munuň anyk mysallaryny siz hökman görensiňiz ýa-da eşidensiňiz. Şeýle adamlaryň jemgyýetde abraýy juda pesdir, ömür ýolunda üýtgeşik bir gazanýan üstünliklerem ýokdur. Eždatlarymyzyň «Maly giden garyp däl, abraýy giden garyp» diýip döreden akylyna bu adamlar asla uýmaýarlar. Jemgyýetçilik bähbidini araýan adamyň esasy maksady Watanyna, il-gününe, jemgyýete peýda getirmek, alkyş almak, sogap gazanmak bolup durýar. Şonuň üçinem ol ilat arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Onuň durmuş ýoly turuwbaşdan aýdyň hem ýagty bolup görünýär. Berk maşgala gurmakda, söýýän kärine eýe bolmakda, ygtybarly dostlary edinmekde şeýle adamda mümkinçilikler ýeterlik bolýar. Jemgyýetçilik bähbidine gulluk edýän adamlar türkmen jemgyýetiniň ähli ugurlarynda mynasyp şahsyýetler bolup ýetişýärler. Şahsy we jemgyýetçilik bähbitleriniň telekeçilik işini amala aşyrmak bilen bagly ýüze çykmasynyň käbir aýratynlyklaryna üns berip göreliň. Şu ugurda nähili maksatlar öňe sürlüp bilner: diňe men gazanmaly (baýamaly); menem gazanmaly (baýamaly), kärdeşlerimem; kärdeşlerim gazanmaly (baýamaly), menem. Birinji goýlan maksat ähli halatda şahsy bähbidini araýan telekeçä mahsus. Ikinji maksada eýerýän telekeçi: «Maňa-da bolsun, beýlekilere-de» diýýär. Diýmek, ol jemgyýetçilik bähbidinem ünsden düşürenok. Elbetde, bu goldanylmaly we taryp edilmeli ahlak häsiýeti bolup durýar. Eger-de telekeçi: «Ilki ilime, soňra maňa bolsun» diýen asylly başlangyçdan ugur alsa, onda bu maksat adamkärçiligiň, ahlak kämilliginiň iň ýokary derejesi hasaplanardy. Şeýle adamyň içki dünýäsi edil dury asman kimin ap-aýdyň bolup, onuň ahlagy bilen doly sazlaşykda hereket ederdi. Şeýle ynamly pikiri öňe sürmäge könelerimiziň döreden çuň manyly filosofik ähmiýetli taglymaty esas berýär: «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn». Ata-babalarymyz: «Ýekäň çaňy çykmazam» diýipdirler. Her bir telekeçiniň işiniň ýol almagy beýleki telekeçileriňem üstünlikli zähmet çekmeklerine gönüden-göni baglydyr. Döwletiň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagy ähli telekeçileriň netijeli işlemeklerini talap edýär. Diňe şeýle şertlerde telekeçilik ösüp bilýär we ýurt özgerýär. Umuman, şahsy we jemgyýetçilik bähbitleriniň sazlaşygyny gazanmak üçin, mydama jemgyýetçilik bähbidi öňde goýulmaly. Aýdylanlar bilen bagly «çäk» diýen düşünjäni seljerip göreliň. Arassa, halal ýaşamak, ýagny şahsy bähbit diýip çapyp ýörmezlik üçin, adam islendik zadyň çägini bilmeli, lükgeligi bilen nebsine boýun bolup ýörmeli däl. Adatça, şahsy bähbidini araýan adamyň söz baýlygynda «çäk» diýen düşünje bolmaýar. Aslynda, ynsanyň ömür ýoly çäkli dälmi?! Adam doglup, dünýäden ötinçä, birnäçe çäkli menzilleri geçmeli bolýar (okaýar, zähmet çekýär, maşgala gurýar, ahyrynda dynç alşa çykýar). Çäkli ýaşaýyş filosofiýasynyň many-mazmuny nämede? Adam anyk mümkinçiliklerine görä ýaşamaga endik edinmeli. Onuň isleglerem mümkinçilikleriniň çäginde bolmaly. Bikanun hereketleri etmekden ýa-da ahlaksyz hereketlere ýol bermekden saklanmagam islegleriňi çäklendirmekdir, nebsiňe haý diýmekdir. Durmuş hakykaty göwün islegleriňi bellibir çäklerde meýilleşdirmegiňi hem-de amal etmegiňi talap edýär. Umuman, her bir meselede ýa işde çäk bolmaly. Aýdalyň, perzendiňi ýa-da ata-eneňi çakdanaşa gowy görmeklik adamy hökman çäkden çykarýar. Şeýle halatlarda ata-eneler çagasyny tarhandökerlige iterýärler, ata-enesine has aşa, çensiz-çaksyz hossarlyk edýän ogul bolsa beýleki maşgala agzalaryny kemsidýän adama öwrülýär. Adam her bir başlangyjynda onuň çägini bilmeli, hemme tarapyny ölçermeli, hereketlerini ahlagyň we hukugyň kadalary bilen sazlamany başarmaly. Parasatly ynsan nebsine buýurmany, hyjuwyna erk etmäni, az iýmäni, az geplemäni, az ýatmany hem-de şu zeýilli adaty çäklendirmelere uýgunlaşyp ýaşamany endik edinmeli we olary häsiýetine öwürjek bolmaly. Galyberse-de, adam hiç bir ýagdaýda hem ruhdan düşmejek bolmaly. Adamyň başyny alyp durýan zat ýok, ýagşam geçýär, ýamanam. Bu iki ýagdaý adamda gezekleşip gaýtalanyp durýar. Ýagşy pursatlar ömür ýoluňda uzagrak dowam edýän bolsa, onda bagtyň çüwdügi. Ýöne her bir kynçylygyň, kösençligiň aňyrsynda ýeňilligiň, başgaça aýdylanda, üstünligiň ýatandygynam unutmaly däl. Kynçylyk görmän, kösenmän, kimdir biriniň ýardamy bilen üstünlige ýetilende, bu dereje uzak saklanmaýar, sebäbi adam ýeten üstünligi üçin hiç zat «tölemänsoň», (azap çekmedi, der dökmedi, yhlas görkezmedi) onuň tagamyny, gadyr-gymmatyny duýup bilenok, şahsy jogapkärçiligine düşünenok. Görşümiz ýaly, parh edene kynçylykdyr kösençlik edil howa ýaly derkardyr. Siziň her biriňize ata-babalarymyzyň miras galdyran milli gymmatlyklaryny ygtybarly goramak we gündelik durmuşymyzda olardan netijeli peýdalanmak bilen bagly döreden taglymatlaryny goldanyp, ruhy-ahlak dünýäňizi has-da gözelleşdirmekde we sazlaşdyrmakda rowaçlyklary arzuw edýäris! Taganmyrat GOÇYÝEW, hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |