ÜSTÜNLIKLERIÑ GÖZBAŞY
■ Sözbaşy
Durmuş hakyndaky pelsepelerden belli bolşy ýaly, ynsanyň wyždany, şeýle hem ony ters ýollara ugrukdyrmakda tagalla baryny edýän betpäl meýilleri adam bilen üznüksiz gatnaşykda bolýar. Özleri-de bir-birini garşydaş hökmünde duýup, her bir pursatda bäsleşip gezýärler, hersi-de adama öz diýenini etdirmäge synanyşýar. Käbir adam wyždany bilen dostlaşmaga çalyşsa, ýene birleri özüniň betpäl meýillerine gulluk edýär. Adamyň alyp barşy, ynsan gatnaşyklaryny gurnaýşy hem şoňa göräräk bolýar. Betpäl meýillerini özüne hemsaýa tutýan adamyň aýdanlary we hereketleri ýürekden gaýtman, kiçi dilden bärde-de bolup biler. Bu galplygy her kes duýmazam. Şu zeýilli adamlara «Daşy — jäjek, içi — möjek» diýilýär. Ruhy dünýäňi päklemezden, kämil ahlak sypatlaryna eýe bolup bolmaýar. Diýmek, arassa-halal ýaşamagyň, il-günüňe peýdaly adam bolup ýetişmegiň, şol sanda, kynçylyklar bilen göreşmegiň hem esasy şerti içki dünýäňi päk saklamakdadyr. Ilkinji nobatda hem adamyň her bir işde aýdýanynyň we edýäniniň deň gelmegidir hem-de onuň kalbyndan gaýtmagydyr.
Adam ömri gysga diýselerem, ol manyly ömür sürmek üçin ýeterlikdir. Onuň gysga ýa-da uzak görünmegi her bir şahsyýetiň özüne bagly. Umuman, anyk maksatlar ugrunda göreşmedik adam ömri çalt geçýär, kynçylyklardan üstün çykyp, arzyly hyýallara ýetmäge bagyşlanan ömür bolsa uzak dowam edýär. Şu şertlerde adam özüni bagtyýar duýýar. Ynsan ömrüniň şatlyk-şagalaňda geçirilen bir güni ýyla barabar, gaýgy-gamda geçirilen bir ýyly — güne. Biz siziň her biriňize uzak ömür sürmekligi arzuw edýäris…
● Kynçylyk adam üçin oňaýsyz ýagdaýmy ýa-da zerurlyk?
Adamyň dem alýan howasy, içýän suwy, iýýän tagamlary bolmasa, aýy-güni aýlanyp, tebigatyň pasyllary hem kadaly ýagdaýda çalşyp durmasa, onuň ýaşaýşyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Kynçylyklaram edil howa we beýleki barlyklar ýaly, adam üçin juda zerur gerek zatdyr. Bir danadan bagt näme diýip soranlarynda, ol: «Bagtsyzlykdan üstün çykmakdyr» diýip jogap beripdir. Başgaça aýdylanda, bagt diýeniň bagtsyzlygyň girdabyndan azat bolmak üçin kynçylyklar bilen göreşmek diýmekdir.
Kynçylyk ynsanyň ömür ýolunda duşýan dürli päsgelçiliklerdir. Elbetde, ululy-kiçili kynçylyklary başyndan geçirmeýän adam ýokdur. Kynçylyklaryň her hili durmuş pursatlary bilen bagly yzygiderli döräp durmagy tebigy ýagdaýdyr. Şeýle hem kynçylygyň sebäpkäri şahsyýetiň özi-de bolup biler ýa-da başga birleri, ýagny oňa göriplikdir bahylçylyk edýänler.
Durmuşyň süýjüsiniň bolşy ýaly, ajysam bardyr. Bir dana pikirde dogry aýdylyşyna görä: «Hakyky deňizçi asuda ýagdaýdaky suwda däl-de, apy-tupanly deňizde bolup bolýar». Kämil ahlakly adam kynçylykda ugurtapyjylygy bilen akylly-başly netije çykarmaga, pursady elden bermän herekete girmäge, töwekgelçilik etmäge, jogapkärçiligi üstüne almaga ukyply bolýar. Diňe şu şertlerde adamyň ruhy we ahlak dünýäsi düýpli özgerýär, kämilleşýär hem-de dürli synaglardan üstünlikli geçmäni başarýar. Şu garaýşy elmydama ýol-ýörelge edinip gelen ata-babalarymyz: «Dag başyna gyş düşmän bolmaz, ýigit başyna — iş» diýipdirler. Şonuň üçin hem kynçylyklar adamyň üstüne gonan bagt guşlary kimin görülmelidir. Bular adama ömür ýolunda arzuwly sepgitlere ýetmek üçin berlen mümkinçiliklerdir, maňlaýyň daş ýarmagydyr.
Ynsan ömrüniň her döwrüniň özüne mahsus kynçylyklary bolýar. Olaryň hiçisinde hem kynçylyksyz bagtyýar durmuşa ýetilmeýär. Çünki adam arzuw-maksatsyz ýaşap bilmeýär, oňa ýetmek üçin bolsa ol hökman bellibir kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýar. Maksat uly boldugyça, kynçylyklar hem şonçarak göwrümli bolýar. Aýdalyň, işiniň hakyky ussady hasaplanýan hünärmen çykmak üçin, esli wagt çaý-naharyňy sowatmaly, gijäňi gündiz edip irginsiz zähmet çekmeli. Kynçylyklar her bir ynsanyň ýokary adamkärçilikli şahsyýet bolup ýetişmegine ýol açýar.
Netije: Kynçylyklar adam ykbalyna mahsus zatdyr. Ynsan şahsy durmuşynda kynçylyklary ýeňip geçmän, herki işde sabyr-takat, erk we gujur-gaýrat görkezmän, arzuwly ýaşaýşa ýetip bilmez. Şoňa görä-de, kynçylyklar adam ömrüniň aýrylmaz bölegi hasaplanmaly.
■ II. Her bir dörän kynçylygy her kes ýeňip bilermi?
Ýokarda beýan edilenlerden görnüşi ýaly, kynçylyklar her hili ýagdaýlar bilen bagly ýüze çykyp bilýär. Köplenç halatlarda olar adamyň meýilleşdirýän şahsy maksatlaryndan gelip çykýar. Diýmek, meseläniň oňyn çözgüdi her bir ynsanyň durmuş maksatlaryny dogry kesgitlemegine bagly bolup durýar. «Adam edenini adam eder» diýen durmuş pelsepesini zemin ýaşaýşynyň ähli pursatlary babatda ulanmak dogry däldir. Her bir şahsyýetiň kosmonawt, tanymal alym, sportda dünýäniň çempiony, meşhur ýazyjy, halkyň söýgüli artisti, ilhalar syýasatçy bolup biljegi düşnüklidir. Bu derejelere ýetmek üçin, gara zähmetiňden ötri, tebigatyň diňe seniň üçin eçilen aýratyn ukyplary bolmaly. Durmuşda kynçylyklary ýeňip geçip, köp üstünliklere ýetip bolar. Ýöne her bir ynsanyň öz mümkinçilikleriniň çägini bilmegi gerek. Hasyl bolmajak maksady arzuw etmekden netije ýokdur, gülkä galmagyň, abraýdan düşmegiň gaty ähtimaldyr.
Aýdylanlardan diňe aýratyn ukyply adamlar bagtly bolup biler diýen netije gelip çykmaýar. Her kim öz ukypdyr başarnyklarynyň çäginde bagtyýar durmuşda ýaşamaga çalyşmaly.
Zemin ýaşaýşynda her adamyň öz uçuş zolagy bolýar. Onuň serhetlerini esassyz bozmaklyk dürli oňaýsyz ýagdaýlaryň döremegine getirýär. Her bir adam maksatlaryny öz uçuş zolagynyň çäklerinde dogry kesgitlemäniň hem-de şolardan gelip çykýan kynçylyklary ýeňip geçmäniň hötdesinden gelmäge çalyşmaly. Magtymguly atamyzyň deňeşdirme äheňde nesihat edip giden şu dana sözleri biziň üçin sapak bolmalydyr: «Diýseler: «Atlan-ha atlan!» // Süňk çenäp iýr arda syrtlan».
Netije: Adam meýil edýän maksadyna doly göz ýetirmän we mümkinçiliklerine dogry baha bermän, ýagny «Ýedi ölçäp bir kesmän», tarp ýerden özüne netijesiz, emeli kynçylyklary döretmejek bolmaly. Her bir ynsan wagtyny bisarpa tutman, başaraýjak işleriniň päsgelçiliklerini ýeňmegiň aladalary bilen ýaşamaly.
■ III. Kynçylyga düşen özüni nähili alyp barmaly?
Ilki bilen, adam:
► Kynçylyga takat edip, onuň garşysyna hökman göreşäýmeli, başgaça bolanda ýeňliş gutulgysyzdyr. Şonuň üçin hem adam başyna düşen her bir ýagdaýa şükür edip, sabyr bilenem kynçylyklar bilen göreşmäge taýýar bolmalydyr. Pähimleriň birinde: «Adamyň başyna bir kyn iş düşende, ol sabyr edip bilmese, bir kynçylygy iki kynçylyga öwrülýändir» diýilýär. Könelerimizem: «Ajy günleri süýjä öwürýän sabyrdyr» diýipdirler.
Şükürli bolmak kanagatly bolmakdyr, betnebislige ýol bermezden, şu günki günüňe we rysgalyňa berilýänine kaýyl bolup gezmekdir. Sabyrly bolmak diýmek ykbalyňda duş gelýän kynçylyklara mertlerçe döz gelip, gowulyklara garaşmakdyr. Seýdi şahyr aýtmyşlaýyn: «Sabyr bilen biten işler düz bolar».
► Kynçylykdan çykmak bilen bagly göz öňünde tutýan işlerini, wajyplygyna we ähmiýetine görä, dogry meýilleşdirmäni başarmaly. Ikinji derejeli meseleler adamyny has wajyp işlerinden goýmaly däldir. Başgaça aýdylanda, ynsan köpe kowalaşyp azdan galmajak bolmaly. Umuman, adam ömrüniň bütin dowamynda, onuň ululy-kiçili her bir duralgasynda, her täze başlanýan gününde, hepdesinde, aýynda, ýylynda amal etmeli işlerini deslapdan meýilleşdirmäni endik edinmeli.
► Wagtyny tygşytly ulanmaly, ugruna düşen halatynda ertir etmeli işlerini şu gün etjek bolmaly. Wagtyň tygşytly harçlanylmagy, her işiň öz wagtynda amal edilmegi adam ömrüniň soňky tapgyrlaryna hemmetaraplaýyn oňyn täsir edýär, ähli arzuwly maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berýär. Wagty tygşytly ulanmazlyk ömrüňi bimany ýaşamakdyr. Onsoňam bu ýagdaý seniň durmuş ýoluňda birgiden şowsuzlyklaryň we betbagtçylyklaryň sebäbi hem bolup biler. Ýene-de, kynçylyklaryň geçmegi üçinem wagt gerek. Atalar pähiminde: «Ejir emi — wagt» diýip, juda ýerlikli aýdylýar.
Amal etmeli işleriniň dogrudygyna, adalatlydygyna, ahlagyň we kanunyň çygryndadygyna aýdyň göz ýetiren halatynda, töwekgel hereket etmeli. Aýdylanlara ynam bolanda, adam hökman töwekgelçilik edäýmeli, özi-de maksadyma ýetermikäm diýip, asla ikirjiňlenmeli däl. Seýdi şahyryň aýdyşy ýaly: «Töwekgeliň gyşy mydam ýaz bolar» diýen ynam bilen işe girişmeli. Könelerimiziň dana pähiminde ýöne ýerden «Işi töwekgel bitirer» diýlen däldir.
► Jogapkärçiligi üstüne almany başarmaly. Her bir ynsan öz edýän hereketleri üçin täk özi jogap bermelidigine düşünmeli. Jemgyýetiň şahsyýete bildirýän esasy talaby hem onuň öz borçlaryny kemsiz ýerine ýetirmegidir, ýagny ahlagyň hem-de kanunyň kadalarynyň öňündäki jogapkärçiligini duýup ýaşamagydyr, özgeler (jemgyýet. döwlet, şahsyýet) üçin her gün peýdaly işleri berjaý etmegidir.
Netije: Adam kynçylyklary döşüni galkan kimin gerip garşy almaly we olardan üstün çykan halatynda, özüni has belent üstünliklere alyp barýan ýagşy arzuw-hyýallaryň açary bolan täze kynçylyklaryň gözlegine girişmeli.
■ IV. Kynçylyga düşen özüni nähili alyp barmaly däl?
Ilkinji nobatda, adam:
► Düşen ýagdaýyna başgalary günäli bilmeli däl. Şeýle garaýyş bilen ýaşamak hiç haçan adamy kyn gününden çykarmaz, maksadyna hem ýetirmez. Munuň özi namartlykdan nyşan bolup, jemgyýetçilik tarapyndan hiç bir halatda oňlanylmaz. Ata-babalarymyz hem «Mert özünden görer, namart — ýoldaşyndan» diýip, şeýle häsiýetli adamlary ýazgarypdyrlar.
► Durmuşyndan nägileligini her ädimde ýüze çykaryp durmaly däl. Munuň özi netijesiz pişedir. Adam elmydama şüküranalyk bilen ýagşy arzuwda ýaşamaly we maksadyna ýetmek üçin elmydama hereketde bolmaly. Başlan işi ugrukmadymy, ýolundan azaşdymy, «Zeleli ýok» diýip, şowsuzlyga uçran ynsan ugurtapyjylygy bilen başga ýodadyr ýollary gözlemeli. Könelerimiziň döreden nakyllarynyň birinde: «Üstünlikde şowlulygyň, kynçylykda şowsuzlygyň hemişelik däldigini unutma!» diýip, dogry sargyt edilýär.
► Bolup geçen zatlara ökünip ýörmeli däl. Adamyň goýberen ýalňyşlyklary, elden gideren mümkinçilikleri babatda ahmyr çekeni bilen üýtgejek zat ýokdur. Geçeni geçdi bilmeli hem-de geçmişi geljek üçin sapak edinmäge çalyşmaly, ýagny durmuşy mekdep hökmünde kabul etmeli. Başgaça aýdylanda, her bir duş gelýän kynçylykdan özi üçin degerli sapak almaly. Atalar pähiminde hem: «Ötene ökünme, gelenden çekinme» ýa-da «Öteni sözlinçäň, täzäni gözle» diýilýär.
► Hiç bir ýagdaýda bahana gözlemeli däl. Bahana bukulmak kynçylykdan ýeňleniňi boýun almakdyr, arzuw-hyýalyňdan el çekmekdir. Danalarymyz aýtmyşlaýyn: «Ölümden başgasynyň alajy bardyr». Käbir adamlar, saglyk ýagdaýyny, maddy mümkinçilikleriniň çäkliligini we başga-da ş.m. dürli zatlary bahana etmek bilen, özüni we töweregindäkileri köşeşdirjek bolýarlar. Bu bolsa, hakykatyn-da, özüňi we ýakynlaryňy aldamakdyr. Şu zeýilli häsiýet ýalta adamlara mahsusdyr. Ýalta adam bolsa, iş etmegiň deregine, elmydama bahana gözläp gününi geçirýär ýa-da ugruny tapsa, şol işi başgalaryň üstüne atmaga çalyşýar.
► Iň pes gününde-de ruhubelent bolup ýaşamaly, ýagny hiç bir ýagdaýda hem ah çekip, bikär alada galmaly däl. «Müň gaýgy bir iş bitirmez» diýen pähimi ata-babalarymyz ýöne ýerden döreden däldir. Aladalar adamyny dogry ýoldan sowýar, ýagşy arzuwlar barada pikir etmäge goýmaýar. Ynsan üçin iň ygtybarlysy her bir kyn gününde sussupeslige ýol bermezden, «Ýykylan göreşden doýmaz» etmeli. Durmuşda ejiz adamyny goldajak tapylmaz. Netijesiz aladalary unudyp, gündelik özüň, maşgalaň we jemgyýet üçin görnetin peýdaly zatlaryň pikirini etmeli.
Netije: Danalarymyz: «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýipdirler. Adam kyn gününde akyl-paýhasyna daýanmaly, tejribeli halypalaryndan maslahat soramaly, şeýdibem, her bir çylşyrymly pursatdan oňyn çykalga tapjak bolmaly, ýöne hiç bir ýagdaýda göwnüçökgünlige ýol bermeli däl.
■ V. Kynçylykdan üstün çykmak adama näme berýär?
Esasan, ol:
► Arzuw-maksatlaryna ýetýär, şeýlelikde, wagtyny hoş geçirýär, bagtyýar durmuşda ýaşaýar, jemgyýetiň hormatly we mynasyp agzasyna öwrülýär.
► Durmuşa has çuňňur düşünip başlaýar, şonuň üçinem ir kämil çykýar, adamlar bilen mähirli gatnaşyk saklaýar, rehim-şepagatly bolýar, hemişe il-gününe peýda getirmäge çalyşýar.
► Dogry we adalatly hereket edýär, şeýle-de, onuň umumy jogapkärçilik duýgusy güýçlenýär hem-de gözýetimi we dünýägaraýşy has-da giňeýär.
► Maşgalanyň we jemgyýetiň öňündäki borçlaryny has-da talabalaýyk ýerine ýetirip başlaýar, abraý-mertebe diýip ýaşaýar.
► Işdeş ýoldaşlaryna, dost-ýarlaryna, goňşularyna, jemgyýetçilik tertip-düzgünine parhly garaýşy we hormat-sylagy has-da ýokarlanýar.
► Her bir pursatda özüne erk etmäni öwrenýär we ynamy güýçlenýär, her halatda has maksada okgunly hereket etmelidigine göz ýetirýär, onuň gujur-gaýraty artýar hem-de öňdengörüjilik we ugurtapyjylyk ukyplary kämilleşýär.
► Islendik meselede paýhasyna daýanýar, ýalňyşlyklara ýol bermezlige çalyşýar, dürli oňaýsyz ýagdaýlardan özbaşdak baş alyp çykmaga ukyply bolýar.
► Durmuşda her bir ýeňşiň, üstünligiň zähmetdedigine, ýagny oňa kynçylyklary ýeňip geçmegiň netijesinde ýetilýändigine düşünýär, şoňa görä hem wagtyny tygşytly ulanyp ýaşaýar.
Netije: Her bir ynsan «Zähmet soňy — rehnet» diýlenine aýdyň aň ýetirip, kynçylyklaryň adamyny üstünliklere, ösüşe, kämillige alyp barýandygyna düşünýär. Kynçylyklara döz gelenler, ýokarda agzalanlardan başga-da, birgiden kämil ahlak sypatlaryna eýe bolýarlar we päsgelçiliklerden gorkýan adamlar üçin görelde mekdebine öwrülýärler.
■ VI. Kynçylyk bilen göreşmeýän ýa-da bu işi ýakynlarynyň üstüne atýan adam nähili güne düşüp biler?
Wagtynda kynçylyklar bilen göreşmekden gaça duran adamlar soňra ökünýärler. Bu adamlar ýaşaýyş ýörelgelerini üýtgetmeli diýen netijä geläýen halatynda hem, adatça, olar üçin indi giç, çünki «Soňky tüýkülik sakgal ezmez» diýenleri bolýar. Şeýdip, dünýäden ahmyrly öten ynsanlar barada olaryň ýakynlary, dost-ýarlary, tanyş-bilişleri üçin gaýgyly ýatlamalar galýar we anyk durmuş pursatlary uzak döwürleriň dowamynda aňlarynda saklanýar.
Erksizligi, ejizligi jemgyýetçiligiň oňlamajagy hemmä düşnükli hakykat. Ynsan üçin şu ýagdaýdan ýeke çykalga bar, ol hem öz döwründe kynçylyklar bilen çynlakaý göreşip gezmek hem-de özüň barada ýagşy at galdyrjak bolmak. Maddy zatlar wagtyň geçmegi bilen ýok bolup gidýär, ýöne adamyň eden ýagşylyklary, sogap işleri, nusgalyk gylyk-häsiýeti barada ýatlamalar welin, köpleriň aňynda we kalbynda ömürlik orun tutýar.
Kynçylyklardan gaçýan adam üçin iň ygtybarly gaçybatalga onuň ýakynlarydyr. Gynansak-da, hiç bir zat ynsanyň başyny alyp duranok, şol sanda seniň üçin ýeňil eklenjiň çeşmesi bolan adamlaryň ömürlerem çäklidir. Ata-babalarymyzyň dana pähiminde: «Ötmez ömür bolmaz, dönmez — döwür» diýilýär. Kynçylyga sezewar bolmadyk, ýagny elmydama ata-enesiniň ýa-da beýleki ýakynlarynyň ganatynyň astynda bolan adam üçin ýönekeýje durmuş synagy-da çykgynsyz ýagdaý bolup görünýär, ony ejiz güne salýar.
Dogry, käbir kynçylyklary özbaşdak çözmäge her ynsan her bir pursatda taýyn bolman biler. Şu ýagdaýda adam hökman ýakynlarynyň ýa-da dost-ýarlarynyň ýardamyna, goldawyna, maslahatyna mätäçdir. Şeýle-de bolsa, kynçylyklary gutarnykly ýeňip geçmeli her halatda ýene-de her bir şahsyýetiň özi bolýar.
Netije: Ynsan zemin ýaşaýşyndan soňra adynyň ýagşylykda tutulmagyny we ýatlanylmagyny isleýän bolsa, onda ömrüniň bütin dowamynda duş gelýän kynçylyklar bilen göreşip gezmeli, geljekki ykbalynyň nähili ýol bilen dowam etjekdiginiň diňe özüne baglydygyna düşünmeli.
■ Sözsoňy
Adam kynçylyklara öňünde dörän howp-hatar, çykgynsyz ýagdaý, zabt edip alyp bolmajak gala diýip düşünmeli däl. Kynçylyklar gelip-geçip duran adaty durmuş pursatlary hökmünde kabul edilmeli. Kämil ahlakly ynsan olaryň öňünde hemişe ruhubelentligini saklap, hiç bir ýagdaýda hem ejizlemeýär. Şeýdibem, ýaşaýşynda birgiden arzuwly üstünliklere ýetip bilýär. Aýratyn-da, şu hakykata ýaşlaryň turuwbaşdan düşünmekleri olar üçin geljekde özbaşdak manyly ömür sürmekleri, abraýly zähmet çekmekleri hem-de berk maşgala gurmaklary, şeýle-de, durmuşyň çylşyrymly ýol-ýodalarynda büdremezden, täze sepgitlere ýetmekleri üçin wajypdyr.
Her bir şahsyýetiň kynçylyga döz gelmegi hem-de üstünlige ýetmegi diňe onuň özüne bagly bolup durýar. Ata-babalarymyzyň döreden pähimlerinde: «Üstünlikde özgä, kynçylykda özüňe sygyn!» ýa-da «Ah» et, «wah» et, öz işiňi özüň et» diýip aýdylýar. Kynçylyklar bilen göreşmäge ýaşlykdan uýgunlaşan adam soňam özüne erk edip ýaşamany başarýar. Ýaşlykdan özünde erkli bolmany terbiýelemek dowamly ýagdaýda ýüze çykyp duran halatynda, ol endige öwrülýär, ahyrynda hem adamyň häsiýetine ymykly ornaşýar.
Gynansak-da, tebigatyň kadasy şeýle, bu dünýä myhman bolup gelen iru-giç hökman ondan gaýtmaly. Eždatlarymyz aýtmyşlaýyn: «Dünýä bir merduwandyr, biri müner, biri düşer». Eziz adamlar, ýaşyňyzyň soňunda «Manysyz ömür sürdük» diýip gynanmaly bolmazlyga çalşyň! Munuň üçin her bir ynsan ruhubelentlik bilen ahlaksyz hem bikanun hereketlerden daşda durup, duş gelýän kynçylyklar bilen gaýduwsyz göreşmeli hem-de olardan hökman üstün çykjak bolmaly. Aňsat bolmadyk bu tutluşykda size ak ýol hem-de abraý getirjek ýeňişleri arzuw edýäris.
Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlaryň kondidaty, dosent.
Filosofiýa