00:55 Telewizoryñ terbiýä täsiri | |
TELEWIZORYÑ TERBIÝÄ TÄSIRI
Pedagogika we edep-terbiýe
Mundan 50-60 ýyl öñem iñ gymmatbaha goşumyz radiody. Jygyrdyly sesleriň arasyndan täzelikleri diñlesek bolanydy. Şol mahallar çagalar hem uzak günki oýnuň yadawlygyny atalarynyň ýa-da eneleriniň ýanynda oturyp, erteki diñläp sowardy. Ertekidäki gahrymanlaryň ýerine özüni goýardy, hyýal dünýäsinde patyşalaryň ýaşayan ülkesine giderdi, Kap dagyndan geçip, äpet döwler bilen söweş ederdi. Hemme zat hyýal dünýäsinde bolup geçerdi. Şol mahalky çagalar üçin iñ uly abraý ertekidäki gahrymanlaryň birine meñzedilmekdi. Ýyllar geçdi. Jygyrdyly radiolar - muzeýlerdäki tekjelere goýuldy, ýerine telewizor geldi. Diñe özüni oñarýanlaryň alyp bilýän bu enjamy ertekileriñ gahrymanlaryny gaýra tesdirdi. Ol diñe sesi däl, eýsem şekili-de getirýändigi üçin has-da özüne çekijidi. Ýyllar ony-da çalt köneltdi. Indi telewizor elýetmez haryt däl. Her öýde 2-3 telewizor bar. Beýle giň yaýran enjam, elbetde, hemmelerim islegini-de kanagatlandyrmalydy. Bu zerurlygy üpjün etmegiň aladasyny edýän adamlar ululara-da, çagalara-da niyetlenen multfilmleri, seriallary döretmäge başladylar. Indi çagalar atalarynyň ýanynda oturyp erteki diñlemeýärler, telewizorlaryň önünde çök düşüp multfilme tomaşa edýärler. Bu ýerde wakalary hyýalynda janlandyrmak gerek däl. Hemme zat mese-mälim görnüp dur. Bu gowy-la, ýöne ol multfilmleriň üsti bilen çagalara näme öwredilýär? Ine, meseläniň möhüm ýeri. Gynansak-da käbir daşary ýurt multfilmlerinde garakçylar, talaňçylar, zalymlar we zalymlyklar dabaralandyrylýar, hatda baş gahryman hökmünde öwülýär, hormat goýulýar. Bu ýalňyş propaganda çaganyň ak kagyz ýaly beýnisine şeýle güýçli täsir edýär, hatda onun hereketlerini, özüni alyp barşyny we dünýägaraýşyny hem üýtgediberýär. Uruşly wakalara köp tomaşa eden çaga dawa-jenjele adaty zat hökmünde garamaga başlaýar. Uzak günläp telewizora tomaşa eden çagalar hossarlarynyň mähir-muhabbetinden mahrum bolup, jemgyýetçilik durmuşyndan hem daşlaşýar. Ýogsa-da nädip bu ýagdaýyñ öñüni alyp bolarka? Ilki bilen milli gahrymanlary wasp edýän, milli medeniýeti öwredýän multfilmleri köpräk döretmeli. Ikinjiden-de çagalary ýaramaz endikleri ündeýän multfilmlerdir seriallardan goramaly. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||