19:21 Terrakota urşujylarynyñ täsin syry | |
TERRAKOTA GOŞUNY WE TERRAKOTA URŞUJYLARYNYÑ TÄSIN SYRY
Geň-taňsy wakalar
Arañyzda dünýä belli aktýorlar Brendan Freýzeriñ we Jet Liniñ oýnaýan "Mumyýa-3: Aždarha hökümdarynyñ gubury" ("Мумия: Гробница императора драконов") we belli aktrisa Anželina Žoliniñ oýnaýan "Lara Kroft: Mazar talañçysy-2. Durmuşyñ dörän ýeri" ("Лара Крофт: расхитительница гробниц-2. Колыбель жизни") kinofilmlerine tomaşa etmedigiñiz az-az bolsa gerek. Ady agzalan kinofilmlerde, syrly terrakota urşujylaryndan söz açylýandyr. Terrakota urşujylary barada mundan başga-da 1989-njy ýylda Hytaýyñ düşüren "Terrakota urşujylary" çeper kinofilmi, 2004-nji ýylda Awstraliýanyñ düşüren "Terrakota urşujylarynyñ syry" ("Mystery of the Disorderly Warriors") dokumental filmi bardyr. ■ Ýeri, bu terrakota urşujylary kim bolupdyr? Geliñ, bu baradaky käbir maglumatlara ser salalyñ. 1974-nji ýylyñ 29-njy martynda Lintong diýen ýerde guýy gazmaga synanşan daýhanlar tarapyndan bir bitewi Hytaý imperiýasyny döreden Çin Şihuangyñ terrakota goşunynyñ tötänleýin üstünden baryldy. Şol wagta çenli gadymy Hytaý taryhyna degişli ujypsyz maglumatlar bardy we Hytaý taryhy hakynda düýbünden başga hili pikirler ýöredilýärdi. Tapylan terrakota goşuny Gadymy Hytaý taryhy hakynda şol wagta çenli ähli bilinýän maglumatlary täzeden gözden geçirmäge mejbur etdi. Gürrüñi edilýän dört uly garymda jemi 8 müñ urşujynyñ, 520 atyñ we altyn-kümüş şaý-sepler bilen bezelen 150 saýlama atyñ heýkeli, 130 söweş arabasy, mundan başga-da jemi 600 çukur we mazar orta çykaryldy. Urşujylar gündogardan geljek ýörişlere garşy şol döwrüñ harby nyzamyna we strategiýasyna laýyklykda imperatoryñ guburynyñ 1,6 km gündogar tarapynda ýerleşdirilipdir. Imperatoryñ gubury 56 km-lik meýdanda ýerleşip, ol dünýäniñ iñ uly gubury hasaplanýar. Gubur kompleksiniñ diñe bir korpusynyñ ululygy Manhetten adasynyñ ululygyna deñ. Çin Şihuang (başky ady In Çžen) b.e.öñ 246-njy ýylda 13 ýaşynda tagta çykan ýylyndan başlap tä ol aradan çykýança, tegelek 37 ýyl dowam eden guburyñ gurluşygynda jemi 700 müñ işçiniñ işländigi çak edilýär. Öz hökümdarlyk edýän ýurdy bilen birlikde 200 ýyllap özara uruş ýagdaýynda bolan ýedi sany hytaý patyşalygyny (Weý, Zhao, Ýen we başgalar) bir bitewi döwlete - Çin döwletine birikdiren Çin Şihuang Çin nesilşalygyny döredip, özüni ýeke-täk imperator diýip yglan edipdir. Adyndan hem belli bolşy ýaly, Hytaýyñ beýleki ady bolan Çin (Çyn ýa-da Çyn-Maçyn) hem hut imperator Çiniñ ady bilen baglanyşyklydyr. Uruşda ýesir düşenleri öldürendigine, öz tabynlygyna girizen welaýatlaryñ taryhy çeşmelerini, kitaplary ýakdyrandygyna we özüniñ edýän gabahat işlerini tankyt etmäge synanyşýanlary rehimsizlik bilen gyrandygyna garamazan Çin Şihuangyñ ýöreden döwlet syýasatynyñ oñyn taraplary-da bolupdyr. Ol ýurtdaky dürli etniki kowumlary birleşdirip, bir bitewi döwlete tabyn etmegi başarypdyr, biri-birinden tapawutly dilleri, urp-adatlary we şuña meñzeş başga aýratynlyklary zorlukly ýok etmegiñ hasabyna, hemmeler üçin deñ kada-kanunlary, ýeke-täk ýazuw dilini, ýeke-täk pul birligini we ölçeg birliklerini ýola goýupdyr. Ýurtda ýol we köpri gurluşyklaryna üns beren imperator Çin Gündogardaky türki halklardan goranmak maksady bilen Hytaýyñ iñ uzyn diwary hökmünde bilinýän Hytaý diwarynyñ hem gurluşygyna başlapdyr. Ähli zalymlara mahsus ölümden gorkma duýgusy Çin Şihuangda çaksyz güýçli bolupdyr. Ol ebedilik ýaşaryn diýen umyt bilen rowaýatlarda arzuwy edilýän "Aby-Haýat" dirilik suwuny tapmak üçin elinden gelenini edipdir. Ölmezligiñ çäresini gözleýän Çin Şihuang munuñ üçin alys ýurtlara ilçi yzyna ilçi ugradypdyr. Gadymy patyşalaryñ we alymlaryñ kükürtli simap içip 10 müñ ýyl ýaşandygyna ynanyp, içýän şerabyna simap goşup içer eken. Imperator alhimikler tarapyndan özüne baky ömür bagyş etjekdigi wada berilen simaply suwlary aşa köp ulanýandygy sebäpli, elli ýaşynda ýurduñ gündogar welaýatyna ýörişe çykanda aradan çykypdyr. B.e.öñ asyrda ýaşan taryhçy Syma Syýan Çin Şihuangyñ mazarynyñ daş-töweregi simap akýan dereler bilen gurşalandygyny habar berýär. Gubur kompleksiniñ töwereginde simabyñ köplügi bu maglumatyñ dogrulygyna güwä geçýär. Sian gubur kompleksine giriş ýolunyñ ugrunda öz-özünden atylýan mehaniki peýkamlar ýerleşdirilendigini hem aýdýar. Mäşeli ýaýlar (arbaletler) biziñ döwrümizden iki müñ ýyldan hem gowrak wagt öñ hytaýlylaryñ ýaraglarynyñ nähili derejede ösendigine şaýatlyk edýär. Sekiz müñ terrakota urşujysynyñ heýkelleriniñ syry üç ölçegli kompýuter tehnologiýasynyñ kömegi bilen çözüldi. Geñ galaýmaly, heýkeller heýkeltaraşlaryñ toslanyp tapan zady däl, olar hut imperatoryñ esgerleriniñ gönüden-göni göçürme nusgasy! Boýlary 183-95 sm aralygynda üýtgäp durýan dürli-dürli heýkel esgerleriñ her biriniñ aýry-aýry ýüz keşbi bar. Ilkibaşda heýkelleriñ ýüz keşbindäki dürli mimikalaryñ we ýüz şekilleriñ hakyky urşujylaryñ asyl keşbine meñzeş ýasalandygyna göz ýetirilip durlanam bolsa, biri-birinden aýry 8 müñ sany nusganyñ taýýarlanmagy mümkin däl ýalydy. Üç ölçegli kompýuter tehnologiýasyny we täze döredilen algoritm ýazuwyny ulanan ýörite hünärmenler 8 müñ heýkeliñ başga synalary beýlede dursun, hatda gulak gurluşynyñam biri-birine meñzemeýändigini anykladylar. Heýkelleriñ arasynda dürli etniki topara girýän adamlaryñ ýüz keşbiniñ gabat gelýändigini aýdýan alymlaryñ pikirine görä, heýkel urşujylar imperatoryñ goşunynyñ bire-bir göçürme nusgasydyr. Syrlar bilen gurşalan bu goşun çem gelen ýerde başly-barat gömülmändir. Dürli harby atlary we wezipeleri eýelän harby gullukçylar döwrüniñ iñ ösen söweşjeñ nyzamyna we taktikasyna laýyklanan, söweşe girmäge taýýar görnüşde jaýlanypdyr. Goşun ýaý atyjy birliklerden, öñden, ortadan we yzdan hereket edýän ganatlardan, ýagny kömekçi goşun bölümlerinden düzülipdir. Garymlaryñ birinde imperatoryñ dabaraly çäreler üçin ulanýan ýörite goşun birligi nyzam bilen goýlupdyr. Bu äpet gubur kompleksini gurduran we özüniñ ýerasty goşunyny düzen imperator gurluşykda işlän işçileriñ ählisini ýakdyrandygy ýa-da özi jaýlananda öldürdendigi çaklanylýar. Imperator Çin şeýtmek bilen gubur kompleksiniñ içindäki syrlaryñ aýan bolmazlygyny, şol bir wagtyñ özünde öldürilen işçileriñ o dünýäde-de özüne hyzmat etmegini islän bolarly. Äpet mazar üçin Şiandan iki sagatlyk daşlykda ýerleşýän bu ýeriñ saýlanyp alynmagyna bolsa, imperatoryñ Li Şan dagynyñ etegini Feng Şui pelsepesine görä iñ mynasyp ýer hasaplanlygy sebäp bolandyr diýip çaklanylýar. Imperatoryñ öz gubury kompleksiñ iñ depesinde - ýerden 115 metr belentlikde we 36 metr çuñlukda ýerleşýär. Ol terrakota goşunynyñ özüni o dünýäde gorajakdygyna, hatda bu dünýäde ýok edilensoñ, o dünýäde-de oña garşy uruşjak duşman goşunlaryna garşy söweşjekdigine ynanypdyr. Gubur kompleksiniñ töwereginde tapylýan köpçülikleýin mazarlarda jaýlanan adamlaryñ süñkleri muny doly tassyklaýar. Guburlaryñ içinden tapylýan her dürli guşlaryñ, haýwanlaryñ, atlaryñ süñküniñ bolmagy gubur kompleksiniñ diñe terrakota urşujylaryndan ybarat däldigini görkezýär. Olaryñ arasynda dürli wezipedäki emeldarlar, senetkärler, sazandalar, tansçylar hem bar. Imperator Çin müñlerçe adamy diriligine ýere gömdüripdir. Bişen palçykdan ýa-da toýundan ýasalan heýkel urşujylar häzir dünýäniñ sekizinji täsinligi hasaplanýar. Nyzama düzülen heýkel goşuny synlanyñda kalbyña gorky aralaşmazlygy mümkin däl. Heýkeller häzir şeýle gorkunç görünýän bolsa, öz döwründe - mundan 2.200 ýyl öñ nähili bolduka diýen sorag orta çykýar. Pikir edilşi ýalam bolupdyr. Wagtynda dürli reñklere boýalan heýkel urşujylar hakyky ýarag bilen ýaraglandyrlypdyr. Olaryñ ýanyndan tapylan ýaraglaryñ agaç bölegi birwagt çüýräp gidenem bolsa, biziñ günlerimize çenli gelip ýeten metal bölekleri muny doly tassyklaýar. Terrakota goşuny muzeýiniñ müdiri Çao Weý arheologiki barlaglaryñ bäş ugur boýunça häzirem gyzgalañly dowam edýändigini aýdýar. Terrakota urşujylarynyñ syryny doly açmak üçin London uniwersitetiniñ alymlary we Terrakota goşuny muzeýiniñ işgärleri uly işleri alyp barýarlar. # Internet maglumatlary we BBC-niñ "Terrakota urşujylarynyñ täze syrlary" dokumental filmi esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||