10:02 Tihonow we Türkmenistan | |
TIHONOW WE TÜRKMENISTAN
Edebi makalalar
1. RUS ÝAZYJYLARY WE TÜRKMEN ÝIGIDI «Şadyýan starşiý milisioner Nury biziñ öňümizden dogumlylyk bilen atyny sürüp barýardy. Onuň gyzylymtyl-sary papagyna gysdyrylan bägül güne ýanan gulagynyň deňesinde ykjaýardy. – Nury, sürdükmi? – diýip, biz gygyrýarys. «Sürdükmi?» diýmek çapmagy aňladýar. Nury at çapmagy gowy görýär, ýöne atynam aýaýar. Onuň aty birsalym giň-giň ädimläp ýöränsoň, öňňürdikläp başlaýar. Biziň ýabylarymyz ýoly tutup gidip barýar, her belentligiň öň ýanynda-da ylgawlaryny batlandyrýarlar. Ahyry olar adaty ýorgalamasyna geçýärler. Dag ýoda- laryna öňden öwrenişmedik atlar ilki basjak ýerlerini toýnaklary bilen kakyp görýärler. Biziňkiler welin dag atlary bolansoňlar, ikirjiňlenmän okdurylyp barýarlar...». Bu setirleri men sowet edebiýatynyň klassygy Nikolaý Tihonowyň «Nury» diýlip atlandyrylan dokumental hekaýasyndan aldym. Nikolaý Tihonowyň bu hekaýasyny 1930-njy ýylda Türkmenistana gelip gidensoň ýazanlygyndan okyjylar habarly bolsalar gerek. Şol ýyl rus ýazyjylaryndan düzülen ilkinji zarpçy brigada gadymy Lebap boýlaryna, uç-gyraksyz Uzboýa... garaz, bagtly durmuş ugrunda göreşe galkynan güneşli ülkämiziň giňişliklerine atly, düýeli syýahata çykypdylar. Olaryň maksady türkmen kärdeşlerine döredijilik hemaýatyny bermekden hem-de güneşli ülkede gören-eşiden has dogrusy, täze durmuş gurýan türkmen hakykaty hakynda bile bir uly kitap ýazmakdan ybaratdy. Emma olaryň sanly günleriň içinde şaýat bolan wakalary bir kitaba sygmandy. Alty ýazyjynyň hersi uly bir kitap ýazypdy. Alty kitap. Olary okadygyňsaýy elden düşüresiň gelenok. Bu kitaplardaky wakalar seni bagtly durmuş ugrunda göreşýän türkmen daýhanlary bilen, ilkinji aktiwist aýal-gyzlar bilen... duşuşdyrýar. Mahlasy, sen şol galagoply döwür bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Soňundanam «Rus ýazyjylarynyň duşuşan, gürrüňdeş bolan adamlarynyň soňky ykballary, olaryň sonky göreş we durmuş ýollary nähili bolduka ? » diýip, çuň oýa batýarsyň. Nikolaý Tihonow bilen Wladimir Lugowskoý şol döwürde Garrygaladan Aýderä çenli aralygy atly geçipdir. Olar, birnäçe günläp Magtymguly-Pyragynyň dogduk diýaryna aýlanypdyrlar. Dag ýollary bilen ençeme kilometr ýol söken rus ýazyjylary Türkmenistanyň bu täsin tebigatly künjegini haýran galmak bilen synlapdyrlar. Olar bu ýerde bolanlarynda gören-eşiden wakalaryny jikme-jigi bilen bloknotlaryna bellik edipdirler. Bulary biz soňra olaryň bu ýerler hakynda ýazan ýol ýazgylaryndanam, goşgularyndanam anyk bilýäris. Bu eserlerde olar döwrüň şol wagtky ruhuny ussatlyk bilen bermegi başarypdyrlar... Eýsem-de bolsa, Tihonowyň ýokarda agzalan hekaýasynda gürrüňi edilýän Nury kimkä? Raýonyň starşiý milisioneri Nury Seýitgulyýew özüniň wäşiligi, alçaklygy, ýönekeýligi bilen Leningraddan hem-de Moskwadan gelen ýazyjylar Tihonowa hem-de Lugowskoýa özüni aldyrypdy. Olar birnäçe günläp bile bolýarlar. Nury olaryň öňüne düşüp, myhmanlary Arpaekileniň üsti bilen Aýderä alyp barýar. Gaýdyşyn bolsa birtopar obada düşleýärler. Arabatada ýarym gün bolup, oba adamlary bilen çaý başynda gürrüňdeş bolýarlar. Nury myhmanlaryň özüne berýän sowallaryna başardygyndan rusça jogap bermäge çalyşýar. Ol ýolda her hili wäşi gürrüň tapyp, ýoldaşlaryny gulüşdirýär. Bir gezegem ol şäherden gelen bir adamy obalaryň birine äkidýär. Uzakly gün atyň üstünde oturyp ýadan şäherli adam ýolboýy zeýrenipdip. «Näme üçin bu ýere gelmäge razylyk berdimkäm? » diýip, öz-özüne gargynypdyr. Agşam ýatar wagty bolsa olar bir ýerde düşleýärler. Nury ertir turup seretse, ol adam ýok eken. Asyl ol kellesine ýorgan büräp, yzyna – Garrygala tarap uzakly gün pyýada ýöräp gitse nätjek! Tihonow we Lugowskoý türkmen ýigidi Nurynyň berýän gürrüňlerini hezil edip diňleýärler. Bu eserler Beýik Oktýabrdan soň rus ýazyjylary tarapyndan türkmen durmuşyndan ýazylan ilkinji eserler bolupdy. 1980-nji nylda «Türkmenistan» neşirýaty W. Lugowskoýyň Türkmenistan hakyndaky goşgularyny özbaşyna kitap edip türkmen dilinde çapdan çykardy. Kitaba sözbaşyny Bahar Gurbansähedowa ýazypdyr. Ol Lugowskoýyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary dogrusynda gyzykly gürrüň berýär. Meniň şu ýerde Wladimir Lugowskoýyň Nury milisioner hakynda ýazan goşgusyndan bir bent getiresim gelýär. Sumbaryň kenary – Nohur obasy, Güne ýanyp duran bir mawy diýar. Derýa kenaryndan, göwni galkynyp, Milisioner Nury at çapyp barýar. Nury 1928-nji ýylda Garrygala milisiýa işine meýletinlik bilen gelipdi. Onuň şol döwürde örän jogapkärli işe baş goşmagy tötänden däldi. Baryp-ha oglan ýyllaryndan bäri çopançylyk eden Nury öz obadaşlarynyň köpüsi ýaly, Sowet häkimiýetini gujak açyp garşylapdy. – Ýadyma düşýär. 1924-nji ýylda meni, ýene-de birnäçe oglany Aşgabada pedtehnikuma okuwa alyp gaýdypdylar. Biz her gezek oba kanikula baranymyzda, Nury (ol bizden 5—10 ýaş uludy) ilki bilen ýanymyza gelerdi. Aşgabat hakda, o ýerdäki täzelikler hakda birin-birin soraşardy. Soňam deň-duş obadaş oglanlara garap: «Şulardan görelde alyň! Okamaga gidiň! » diýip durany edil şu wagtam gulagymda ýaňlanýan ýaly bolup dur–diýip, meniň gürrüňdeşim, respublikan ähmiýetli personal pensioner Öwez Orazow aýdýar. –Soňam men oňa Kalininiň Aşgabada gelşini, onuň dabaraly garşylanyşyny gürrüň beripdim. Şonda men ak ýüzli, mawy gözleri gülüp duran pälwan sypat adamyň bilesigelijiligine haýran galypdym – diýip, ol gürrüňini dowam etdirýär. Bir gezegem şeýle waka bolupdyr. 1923-nji ýa-da 1924-nji ýylyň ortalary bolsa gerek. «Könekesir obasynyň üstüne duşman bandasy çozjakmyş» diýen howsalaly habar gelip gowşupdy. Bu habary eşidip, obada eli ýarag tutan adamlaryň bary bir ýere ýygnanypdy. Aýallar, çagalar bolsa obanyň gaýrasynda dag jülgesine tarap äkidilipdi. Oba adamlaryny aýaga galdyranlaryň birem Nurudy. Ol serhetçiler bilen ýakyn gatnaşykdady. Nury olara goşulyp duşman bandasyny ýok etmage-de ençeme gezek gatnaşypdy. Ol diýseň mergen ekeni. Onuň kakasy Seýitguly hem mergen adyny ýöne ýere götermändnr. Seýitguly mergen obada uly at-abraýdan peýdalanýardy. Ol biçak zehmetsöýer adamdy. Öz çagalaryna-da halal zähmet bilen eklenmegi ündeýärdi. Nury Seýitgulyýew raýonda nlkinji milisiýa işgärleriniň biridi. Sädi Gulbaba, Durdy Hoja, Baýramdurdy Jora, Jelil Abaly, Çary Baly, Çary Gödek, Döwlet Gurbangeldi, Sapar Saparly, Täçmyrat Hajy we ýene-de birnäçe ýigit onuň bilen milisiýada bile işläpdi. Indi olaryň köpüsi bu gün biziň aramyzda ýok. Ýöne olaryň işlerini biz hiç haçan ýatdan çykarmaly däldiris. – Nury biziň obadaşymyzdy. Gaty edenli ýigitdi. Arman, ömri gysga ekeni–diýip, ýokary Sumbarda ilkinji komsomollaryň biri Annamuhammet Annahan aýdýar (onuň il arasyndaky ýörgünli ady Komsomol). Haýyp, onuň ömri gysga bolupdy. ...1931-nji ýylyň alabaharydy. Howa bir görseň-ä açylyp, ýakyp-ýandyryp barýardy. Bir görseňem, ýüzüni çytyp, asmany gara bulut gaplaýardy. Gök gümmürdäp, ýyldyrym çakýardy. Ilki bada çisňäp başlan ýagşyň yzy guýçli çabga ýazypdy. Adatça, şeýle günlerde Sumbar derýasynyň joşmagy gaty ähtimaldy. Bu şeýle-de bolupdy. Dag depelerinden inip gelýän suw silleri öňünde näme bolsa opuryp gelýärdi. Sil çeniň-çakyň däldi. Sumbardan geçmeg-ä beýlede dursun, bütin raýonda aragatnaşyk kesilipdi. Her edip-hesip edip, silden adamlary pidasyz çykarmalydy. Emma garaşylman durka, bolmasyz iş bolupdy. Suw sili göz açyp-ýumasy salymyň içinde kenaryny opuryp-opuryp gidýärdi. Gujagy çagaly aýalyň çirkin sesini eşiden Nury atdan böküp düşüpdi-de, özüni suwa urupdy. Suw ýaly çaga-da, ene-de halas edilipdi. Adamlar bu iş üçin milisioner ýigidi alkyşlapdylar. Ýöne weli şol wakadan soň, Nurynyň saglygynyň ugry bolmandy. Silde tapynan keseli ony uzak wagt geçmänem düşege baglapdy.... Sada göwünli, pespäl, arzuwçyl Nury milisionere biziň şu günki bagtly durmuşymyzy görmek miýesser etmedi. Ýöne onuň neberesi bu gün bagtly durmuşyň eýesi. Agtygy Meret we onuň çagalary häzir Nebitdag şäherinde ýaşaýarlar. Olaryň gül ýaly durmuşlary bar. Nurynyň dogany Baýrammyrat Seýitgulyýew häzir Aşgabatda ýaşaýar. Ol TSSR Ýokary we ýörite orta bilim ministriniň orunbasary bolup işleýär. Başga bir doganynyň ogly, taryh ylymlarynyň kandndaty Annamyrat Sähetmyradow M. Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde studentlere bilim terbiýe berýär. Tihonowyň we Lugowskoýyň wasp eden Nury milisioneri gysga ömründe beýik Leniniň ideýalaryny durmuşa geçirmekde görelde görkezdi, iň soňky demi- ne çeňli öz işine wepaly boldy. Beýle adamlar bolsa hiç haçan ölmeýär. Olar biziň işlerimizde, ýüreklerimizde ýaşamaklaryny dowam etdirýärler. «...Agşam al-elwan güllernň arasynda gezim edip ýörşüne, Nury birden bize ýüzlenýär: –Bu gün gitme, ertire garaş. Men saňa gamçy getirip bereýin. Özem nähili gamçy diýsene, ýöne seredip sygyryp oturarsyň. Ýöne ýoldaşym ikimiziň garaşmaga wagtymyz ýokdy. –Ýene bir ýyldan geleris, Nury. Sen uly naçalnik borsuň, ine, şonda bir araba gamçy ýygnarys. –Bir arabamy?—diýip, ol çaga ýaly göwnühoş aýdýar. –Meskewe, Leningrada gidýäsmi? –Hawa, hawa, Moskwa, Leningrada gidýäs! –Bilýäňmi näme, ol ýere barsaň, ätiýaçdan Garrygalada Nury atly biri bar diýip aýt, özem görmegeý Nury diý, şoh Nury diý, özüniňem ýigrimi bäş ýaşy, aýaly hemem bir ogly bar diýip aýt. –Hökman aýdarys, Nury! Arkaýyn bol. Muny biz hökman aýdarys. Ýene bnr ýyldan geleris! Ýöne ýene bir ýyldan starşiý milisioner Nurynyň Sumbar çaýynda sil suwundan çagaly enäni halas edip, özüniň wepat boljakdygyny dostlaşan rus ýazyjylary näbilsin ahyryn! 2. DOST NAZARYNY EGLÄN ÜLKE Nikolaý Tihonowyň ady Türkmenistan bilen berk baglanyşyklydyr. Ol 1926-njy yylda Türkmenistana gelýär. Şol döwürden başlabam bu güneşli ülke onuň döredijiliginde belli yz galdyrýar. Nikolaý Tihonow bu syýahatyň netijesinde «Birýuza polkownigi» atly hekaýasyny ýazýar. Hekaýa bada-bat okyjylaryň arasynda gyzgyn goldaw tapýar. Hekaýanyň ýazylanyna elli bäş ýyldan gowrak wagt geçenem bolsa, ol ýaşamagyny dowam etdirýär. Leningraddan gelen ýaş ýazyjyda Köpetdagyň täsin tebigaty üýtgeşik täsir galdyrýar. Ol täze durmuş ugrunda göreşýän adamlaryň ýaşaýşy bilen tanyş bolýar. Olaryň edim-gylymlary, hatda geýnişlerine çenli onuň nazaryndan sypmaýar. Ine ol dagyň etegindäki derýajygyň boýunda oturyp, ýoldaşy bilen pyşbagany suwa goýberýär, ol çykyp gidýär. Bu birnäçe gezek gaýtalanýar. Ine bu waka-da ýazyjynyň ýokarda ady agzalan hekaýasyny ýazmagyna sebäp bolýar. Birýuza nolkownigi kim ?! Ýazyjy onuň bilen dag eteginde, ýaňky derýajygyň boýunda tanyşýar. Bu adam patyşa goşunynyň öňki ofiseri. Ol ýeke ýaşamagy ha- laýan goja, özi hem geplemezek adam. Emma, şeýle-de bolsa, ýazyjy ony gürletmegiň ugruny tapýar. Ol özüniň geçmişi hakynda şeýle diýýär: «1917-nji ýylda eline ýarag alan halk meniň şäherdäki öýüme taryhy taýdan adalatly döküldi». Bu goja dag eteginde ýagyş ölçeýji bolup işleýän ekeni. Özem ýerli gazetler bilen aragatnaşyk saklap, dürli habarlar bilen çykyş edip durýar. Ýazyjy polkownigi mazaly öwrenýär. N.Tihonow hekaýanyň sýužeti üçinem birnäçe aýlap oýlanyp gezýär. Ahyrsoňy hemme zady gowy oýlap-ölçerenden soňra galama ýapyşýar. Hekaýa dört günde ýazylýar. Emma awtor muny gutarnykly boldum edäýenok. Hekaýada gürrüňi edilýän käbir wakalary ynandyryjy we gyzykly suratlandyrmak üçin, ony üç-dört gezek täzeden işläp, täzeden göçürýär. Ýazyjy gojanyň Kuropatkin familiýasyny Fazançaýew, wakalaryň bolup geçýän ýeri bolan Pöwrize jülgesini hem Birýuza diýip üýtgedýär. Ýazyjy hekaýasyny ilki ortasyndan başlaýar. Soňam ahyrky bölegini ýazýar. Ondan soň bolsa hekaýanyň başky bölegi ýazylýar. Hekaýa çap edilýär. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, okyjylar hekaýany halaýarlar. Doganlyk respublikalaryň maşgalasynda täze durmuş gurýan türkmen ülkesinden getiren sýužetiniň ýerine düşenligine ýazyjy-da az begenmeýär. N. Tihonow hekaýa çap edileninden soňra özi bilen bolan bir wakany ýatlaýar. «Bir ýola meniň öýüme bir ýaş ýigit geldi. Bu alçak, özem alym adam, birnäçe wagtlap çölde bolup gelen ekeni. Ol: –Eseriňizi okadym, onda-da nähili okamak! Polkownigi nireden tananyňyzy bilemok welin, şol rotmistr–serhetçini-hä bolşy-bolşy ýaly eseriňize geçiräýipsiňiz. Muny hemmelerem bilýä–diýdi. – O nähili? – diýip, men soradym. Bu asyl mümkin däl ahbeti... Men ony, häki, özümden tosladym. Myhman keýp edip güldi: – Aý goýuň-a, toslaýşyňyzy! Men onuň bile Büzmeýinde düýe-de satyn aldym. Şonda ol maňa «Gözümi gyrpsam-a onda bolmadygydyr, eger-de jübimden otluçöp çykaraýsam, arkaýyn satyn alyber, düýäň gowulygydyr» diýip aýtdy. Onuň bilen iki aýlap çölde guýuma-guýy aýlandyk. Sizem maňa ony tosladym diýýäňiz. Kime diýseňizem, muny maňa bir diýmäň. Rewko-da Pöwrizede ýaşaýar, özüniňem mellegi bar. Diýmek, onam toslapsyňyz-da? – Eýsem bulaň ýaşap ýörenliginden habarly bolup çykýan-da men... – Ony özüňiz gowy bilýänsiňiz, ýöne olar diri adamlar, özlerem adresli-zatly, isleseňiz hat ýazyň, ýogsa-da, olaň özleri size hat ýazarlar...» Gürrüňi edilýän goja özi hakdaky hekaýany okadymyka? Okapdyr. Özem bada-bat Tihonowa hat ýazýar. Ol hatynda hekaýanyň bir bölegini ýerli gazetde okandygyny hem-de öz durmuş taryhy bilen tanyşmak üçin hekaýany doly ibermegini ýazyjydan gaýta-gaýta haýyş edipdir. N.Tihonow hekaýany ibermek bilen, onuň ýanyna goşmaça hat hem ýazýar. Ol ýazyjylyk işinde eser döredilende ulanylýan bir topar edebi tärler hakynda goja düşündirip ýazýar. Emma ýazyjy ondan ikilenç ýola hat almaýar. Şeýle-de bolsa ykbal olary ikinji gezek duşurýar. Bu hakda ýazyjynyň özi şeýle diýýär: «Men ony şu ýylyň (1930-njy ýyl, A.Ç.) baharynda Bagyr obasynyň golaýynda gördüm. Eşegiň üstünde oturan bu adam portfelini goltugynyň aşagyna berk gysypdyr. Ol täze ýazan habaryny alyp «Türkmenskaýa iskranyň» redaksiýasyna barýardy. Meni, megerem, görmedi öýdýän, seretmän, deňimden geçip gitdi. Eger-de onuň maňa nazary düşen bolsa, belki, eşegi bilen üstüme hüjüme geçerdi, belki-de, kim bilýär, gündogarla mahsus bolan seniň garaşmaýan bir zadyňy oklap goýbermegi-de mümkindi». Bu gezek Nikolaý Tihonow rus ýazyjylarynyň brigadasynyň hatarynda Türkmenistan hökümetiniň çagyrmagy boýunça güneşli ülkämize gelipdi. Ol bu ýerde dörän täsirlerden soň «Çarwadarlar» atly oçerkler kitabyny döredýär. Türkmen temasyna degişli goşgularyň ençemesini ýazýar. Şeýle hem ol şol döwürde Türkmenistanyň durmuşyndan söhbet açýan göwrümli bir roman döretmegiň planyny-da çeken ekeni. Ýazyjy Türkmenistanda bolan döwründe gören-eşiden zatlarynyň birini-de sypdyrmazlyga çalyşýar. Oçerk yzyna oçerk döreýär. Ol her bir oçerkiniň düşnükli we gyzykly bolmagy uçin çalyşýar. Ýazyjy türkmen aýallarynyň batyrgaý göreşleri| hakynda-da oçerklerinde ýazýardy. Onuň täze durmuşyň duşmanlary tarapyndan gynalyp öldürilen Annaje- mal Hydyr gyzy hakyndaky ýazgysyny şu günem tolgunyp okaýarsyň. N.Tihonow Aýdere jülgesinde bolanda, onuň gözelligine baş egýär, bu gözel jülge hakynda ýazyjy yzly-yzyna oçerk döredýär. Şeýle hem Aýderäniň tapylgysyz hazynadygyny, onuň baýlyklaryny goramalydygy hakda çynlakaý teklipleri orta atýar. Ol öz oçerkleriniň birinde bu hakda şeýle ýazýar: «Ajymtyk badam ýagynyň müňlerçe kilogramyny biz her ýyl daşary ýurtdan getirýäris. Aýderede oň iki mün düýp badam agajynyň bardygyndan bolsa biz bihabar bolmaga çemeli. Onuň diňe başky bäş kilometr meýdanyndan on tonna badam ýygnalypdyr. Deräniň özi bolsa tutuş ýigrimi bäş kilometr meýdana uzalyp gidýär. Azap çekip gazanan altyn pulumyza Ýewropadan iki ýüz mün kilogram efir ýagy getirildi. Bu ýerde bolsa yns-jynssyz derelerde efir ýagyny berýän sumbul ýaly agaçlar ummysyz ýeri tutup ýatyr. Ýene bir gyzykly mysaly aýdaýyn. Bir ýüz elli tonna grek hozuny edinesiňiz gelýärmi? Onda-da nähili hoz! ... Daşary ýurda çykaryp boljak hoz, krakos diýilýän hozuň iň gowy sortundan. Miwesiniň her biriniň ululygy bäş santimetr. Onuň gabygynyň ýukalygy amerikan sortundanam, fransuz sortundanam pes oturanok. Aýderä baryň, ondaky üç obanyň mallaryny dereden kowuň, agaçlaryň çapylmagyny gadagan edin. Şonda siz ýaňky bir ýüz elli tonnany edinersiňiz. Büýem – hoz ýygnalyşyny artdyrmak üçin hiç hili tagalla edilmedik wagtynda. Tagalla edäýseňiz-ä hasam köp hoz ýygnap bilersiňiz. Arçalara çyrmaşyp giden ýabany üzümleriň hasylyny sorta bölüp ýygnap bilseňiz, çakyryň naharhana sortlarynyň iň gowularyny edinersiňiz. Ýatdan çykaraňkyrlanan bu ajaýyp dereden üç tonna üzümi arkaýyn ýygyp boljak. Ummasyz ýeri tutup ýatan türkmen böwürslenine näme diýjek? Bu taýda ony hnç kim idänogam, ýygnanogam. Ýabany armytlaram, narlaram munda bar. Nar diňe iýmek üçin däl, eýsem reňk hem gaýry önümleri öndürmäge ýaramly gabygy üçinem ýygnanyňa müň esse degýär ahyryn. Bu deräniň ähli baýlygyny sanap çykmak asla mümkin däl!» Ussat ýazyjynyň eserlerinde biz doganlyk dostlugyň rus ýazyjysy tarapyndan ýene bir gezek äşgär edilen beýanyny görýäris. 3. ANNAJEMAL HYDYR GYZYNYŇ BAGTY Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda türkmen aktiwist aýal-gyzlary bolan Ene Kulyýewa, Şasoltan Garajaýewa we başga-da birnäçeleriň atlary tutulanda, Annajemal Hydyr gyzynyň göreşli ömür ýoly bada-bat ýadyňa düşýär. Gökdepäniň «Ýaňgala» obasyndan bolan bu merdana aýal hakynda türkmen ýazyjy-şahyrlary goşgudyr aýdym döretdiler. Baryp-ha ýarym asyr wagt mundan öň türkmen ülkesine gelen rus ýazyjysy Nikolaý Tihonowa türkmeniň merdana gyzy Annajemalyň edermenligi we onuň täze durmuşyň duşmanlary tarapyndan gynalyp öldürilişi hakda tolguna-tolguna gürrüň beripdiler. Türkmen aýal-gyzlarynyň täze durmuşa ynamly gadam basyşlaryny öz gözleri bilen gören Nikolaý Titonow bu waka barada seslenmän durup bilmedi. Ol «An- najemal hakyndaky ýatlama elmydama ýaşamalydyr. Bu hakda bütin Soýuzymyz bilmelidir» diýipdi. Ine, indi ýazylanyna ýarym asyrdan gowrak wagt geçenem bolsa, onuň «Annajemalyň ölümi» atly ýazgysyny tolgunman okamak mümkin däl. Ol ilkinji bolup Annajemal hakynda rus okyjylaryna habar beripdi. Annajemal Aşgabatda türkmen aýal-gyzlarynyň ilkinji gurultaýynda jorasy Ene Kulyýewanyň joşgunly sözüni diňläpdi. Bu sözler ony täze durmuşa tarap ganatlandyrypdy. Gurultaýdan soň bolsa onlarça joralary ýaly Annajemal hem aýal-gyzlaryň arasynda iş geçirip başlapdy. Täze durmuşyň duşmanlary Annajemal hakda hyşy-wyşy gürrüň edýärdiler. Ony «kapyr» diýip atlandyrýardylar. Olaryň pikiriçe ol dilden çykypdy, adata ikilik edipdi. Ýok, aýallar Annajemaldan gaçmandylar. Olar gaýtam, ony özlerine howandar tutunypdylar. Emma Annajemalyň bu geçirýän işleri obadaky işan-mollalarda, baýlarda gahar-gazap döredýärdi. Olar bir amatly pursat gözleýärdiler. Ol hakda her hili töhmetçilikli gybatlary ýaýradýardylar. Aýal doganynyň adamsy Köçelini, öz süýtdeş erkek doganyny onuň üstüne küşgürýärler. Emma bu haýbatlar Annaje- maly öz tutan maksadyndan birjik-de yza tesdirmeýärdi. Muňa duşmanlar bolmajysy bolupdy. ...Annajemalyň gyzy Kiçi gara öýüň içindäki bedräniň şakyrdysyna oýanypdy. Öýüň bir tarapky serpigi açylypdy. Onuň içine düşýän Aýyň şöhlesine gara sakgally Oraz Weliniň ýüz keşbi mese-mälim bildirýärdi. Öýe giren adamlaryň biri gyzjagazyň ýeňsesinden ebşitläp tutup, onuň maňlaýyny ganadypdy. Kiçiniň ýüz-gözünden gan akýardi, şonuň üçinem nämeleriň bolýanlygyny oňly saýgaranokdy. Kiçiniňki ýaly, doganynyň hem ýüz-gözünden gan syrygýardy. Ol heniz kiçijik bolansoň, nämäniň-nämedigine düşünenokdy. Diňe agyra çydaman aglaýardy. Annajemalyň nähak gany ýerde ýatmady. Ganhorlar ele salyndy. ...Meniň gürrüňdeşim ýaşy ýetmişe ser uran garrydy. Ol bu ýaşda köp wakalaryň şaýady bolupdy. Ol uruş döwrüniň horluklaryny hem gerdeninde çekip- dir. Açlygam görüpdir, horlugam. Ol şonda-da hiç zatdan heder etmändir. Bu garry aýal şol wakalar hakynda gürrün berende, görlen horluklar barada köp bir syr bildirmejek bolýar. Emma... Emma çagalyk ýyllarynda bolup geçen şol aýylganç gijedäki waka barada soralanda weli, onuň gözleri nemlenýär, damagy dolýar-da, birsellem sesini çykarman oturýar. Onuň öz mähriban ejesiniň agysyny sessiz aglaýandygy mese-mälim duýdurýardy. Bu aýal şo-ol gulpaklyja Kiçidi. Ol häzir Aşgabatda ýaşaýar. Annajemal Hydyr gyzynyn ogly Daýhan okady, öwrendi. Ol köp ýyllar dürli jogapkärli wezipelerde işledi. Ol ýazyjylyk işini hem üstünlikli dowam edýär. Häzir bu iki doganyň bagtly maşgalasy bar. Eýsem-de bolsa, Annajemal Hydyr gyzy şeýle durmuş ugrunda öz janyny pida edipdi ahbetin. Awgust, 1982 ý. # Allaýar Çüriýew. “Ýürek ýatlamasy” atly kitabyndan. 1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |