TOBA!
Eşidýänim näme, görýänim näme,
Bir çak sürüp geçen döwranym näme?
Biparh bolupdyryn, bir daş hamala,
Sowurýanym näme ýeser şemala?
Ömrüm bolaýmasyn? Ýa pul-aýlykmy,
Beglikmi, şalykmy, mülkmi, baýlykmy?
Kanagatmy, şepagatmy, takatmy,
Gorkumy, ýa howsalamy, rahatmy?
Wyždanymmy, ynsabymmy, rysgymmy,
Haýyrmy-yhsanmy, şermi-sarsgynmy?
Begenjimmi, gynanjymmy, gussamy,
Ojakdamy odummy ýa tüssämmi?
Harpygymy harmandaky çäjimiñ,
Göwherimi ýa başymyñ täjiniñ?
Ýaýdanjañlygymmy ýa-da müýnümmi,
Şu günümmi, ertirimmi, düýnümmi?
Tapyp bilmän babalarmyñ yzyny,
Garaz, sowrup, ýörün özüm-özümi!
▶ GAZALDAN BÖLEK
Gahar edýän bar bolsa, saña aşyk ýürekdir,
Gahar etme şygryma, özgelere gerekdir.
"Melek!" diýsem, "Men!" diýip owsun atma, beýgelme,
Diýmän yşkyñ jepasyn beýgelmek biderekdir.
Suw ýa iýmit bolmasa, ýaşap bolmaz ahweti,
Hak söýginiñ özi-de misli suwdur, çörekdir.
Söýülýänin bilmeýän, bilip çäre kylmaýan,
Söýýäniñe degmeýän bulaşyk bir kerepdir.
Düşmezinden öñürti bilip goý yşk deñzine,
Çyn söýgi çyn söýgini halas edýän kürekdir.
Ahmet MÄMMEDOW.
Goşgular