15:26

Tolstoý watansöýüjilige garşy

Filosofiýa
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 600 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Lew Tolstoý | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Filosofiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 myhman  
732
ilki bilen watansöýüjilik näme? şony kesgitlemeli. onuň üçinem watan näme? şony bilmeli.

meňem bular barada bir bulam-bujar pikirim bar. bärik ýazmaýyn. 1. bulaşyk pikirler 2. gaty uzyn bolar

esasy zat watansöýüjiligiň käbir öýdülýän zat (syýasat ýaly) däldigini bilýänmikäm diýýän. milletparazlygam watansöýüjilik dälmikä diýýän.

şu makalada tolstoý watansöýüjiligi milletparazlyk ýaly edibem goýupdyr.

ynanç bilen bagly zatlar bilen hemme kişi ylalaşman biler. bu tebigy ýagdaý. özüm yslam dinine ynananym üçin, adamlaram Alla Tagala dürli milletlere bölenine ynananym üçin Kuran Kerimde näme diýilýänine göz aýladym

يَٓا اَيُّهَا النَّاسُ اِنَّا خَلَقْنَاكُمْ مِنْ ذَكَرٍ وَاُنْثٰى وَجَعَلْنَاكُمْ شُعُوباً وَقَـبَٓائِلَ لِتَعَارَفُواۜ اِنَّ اَكْرَمَكُمْ عِنْدَ اللّٰهِ اَتْقٰيكُمْۜ اِنَّ اللّٰهَ عَل۪يمٌ خَب۪يرٌ

Şüphesiz sizi bir erkek ile bir dişiden yarattık, tanışasınız diye sizi kavim ve kabilelere ayırdık, Allah katında en değerli olanınız O’na itaatsizlikten en fazla sakınanınızdır. Allah her şeyi hakkıyla bilmektedir, her şeyden haberdardır

Hujurat süresi 13-nji aýat.

terjime etmäge ýürek ýok.

bulam näme diýmek bolýa

sizi millet-millet ýaratmagym, beýlekilere gyýa bakmagyňyz üçin däl, pes görmegiňiz üçin däl, duşmançylyk etmegiňiz üçin däl...

diýen ýalyrak manylarda bolýa diýip düşünýän.

0
2 myhman  
732
okadym @Haweran. ol ýerde-de bir topar wariantlar hödürlenipdir "haýsyny saýlasaňyz saýlaýyň" diýen ýaly. gyzykly maglumatlar bar. köp ýeri bilen ylalaşýan. her ylalaşan ýerimde-de kellämde käbir soraglar döreýä. :-)

indi öz pikiriňi aýt. hz. Bilalyň watany Mekkemi Habaşystanmy?

meň-ä şuwagt kelläme gum dykylan ýaly.

0
3 atayewabagul83  
688
Terjimäni düzetmeli ýerleri bar

0
4 myhman  
732
ö-öň biri Magtymgulynyň şu

gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
watany terk edip, gidiji bolma!
özüňden egsik bir gaýry namardyň
hyzmatynda gulluk ediji bolma!


setirlerine şeýleräk düşündiriş beripdi. diýdi:

ol "gel, köňlüm" diýip öz ruhuna ýüzlenýä. ruhuň watanam jennet bolmaly. "namart" diýýänem şu dünýä bolmaly. oň özünden egsikdiginiň sebäbi ruh - baky zat, dünýä - pany zat bolany üçin. ýagny magtymguly özüne "dünýäň hyzmatynda bolman, ahyrýetiň aladasyny et" diýjek bolýa.

pikirini has ynandyryjy etmek üçinem goşgyň soňky bendini mysal getirýä

magtymguly, köňülde köpdür armany,
tapmady akybet derde dermany,
ýetişer bir güni taňry permany,
ruzy-şeb gaflatda ýatyjy bolma.

bu bir biriniň pikiri.

"özüň şoň aýdýanlary bilen ylalaşýaňmy?" diýip sorasaňyz, belli bir jogabym ýok.

Atajan Taganyň essesindäki Magtymguly bilen bagly makalalary okansyňyz. men ony okamakamam şolar ýaly zatlary eşidipdim. onsoň näme diýjegiňem bilip bolanok.

opşom, çylşyrymly, ynjyk meseleler-dä.

0
5 guljancharyberdiyewa  
472
"Sizin ( koloniyalashdyrma urushlary alyp baryanlara) yüzüñize tutup, goren yeriñizi gyrana bermekde ulanyan 'watansöyüjiligiñiz' meñ üçin watansöyüjilik däl, onyñyz öz egoñyza dakan euphemismiñiz " diyya öydyän

0
6 Sergezzan  
707
Haýsy ülkäniň gidişini bilmek isleseňiz, şol yerdaki adamlaryň ölşüne syn ediň. - Alber Kamyu
statiskalara göra türki döwletlerde ýürek-damar we nerwi keselden ölyanlerin sany boyunca ilkinji yerdemiş.

0
7 Nusay  
Haweran elektron poctana hat oklandyryn!

0
8 beg  
Tolstoý şu zatlary aýdyp bileni üçin hormata mynasyp. Çeşme: "Исповедь" kitaby bolmaly. Doly terjime edilen bolsa paýlaşaýyň. Din baradaky pikirlerem okanyňa degýärdi.

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
Tolstoy öz döwründäki welikorus "watansöýüjiliginiň" perde arkasyndaky şowunizmdigini dogry nygtapdyr. Ol meniň bilýänlerimden imperialist bolmadyk ýeke-täk uly rus ýazyjysy. Puşkin, Lermontow, Dostoýewskiý... hemmesi fanatic imperialistlerdi. Puşkin - beýik şahyr, emma rus patyşasynyň basybalyjylykly syýasatyny gaty gyzmalyk bilen goldaýardy. Polşany, Finlýandiýany Russiýanyň topraklary hasaplaýardy, Ukraina, Moldowa, Krym barada gürrüň ýok. Taryh onuň garaýşynyň puçdugyny görkezdi, emma häzirem diri bolsa "русский мир" üçin ähli uruşlary we jenaýatlary goldajakdygyna şübhe ýok. Bu onuň "watançylygynyň" aýrylmaz tarapy. Şonuň ýaly fonda Tolstoýyň danalygy we beýikligi hasam aýdyň görünýä.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]