03:11 Toprak | |
TOPRAK
Goşgular
Gadymy Anteýiň aýagyn diräp, Gyssanan çagynda güýç alan ýeri, Süňňüm seniň bilen mäkäm badaşan, Nämäni tutaýyn senden ileri. Oýarýarsyň säher bilen ukudan, Daň jemalyn ýüze sylmak ýagşy-la! Gülleriň gözüňi deşip barýandyr, Maýsalaň ezilýär bahar ýagşyna. Egni gök begresli tekiz meýdanlaň Ak bagtym ýalydyr ak atyzlaryň. Alyslar ýagtylýar geljegim ýaly, Gol bulap çagyrýar ogul-gyzlaryň. Maýa botlan düzler gitmez gözümden, Göbek ganym siňen guba çägeler, Seniň şöhratyňa des-deň şägirtdir, Ak saçly atalar, gyzmaç agalar. Tylla güýzüň ýüzi ýaly nurana, Pähimdar Keýmiriň hatap galasy. Daraýy sährama giňden düşelen, Ýüz ýaşly mamamyň dokan palasy. Ýüz ýaşly sazaklar gülländir patrap, ýigdelendir ýüz müň ýaşan Garagum. Äpet güneş ýylgyryp dur depäde, Salyhatly çölüm, hazynaly hum. Akar suw buz eder mele synaňy, Otly ýalyn öper çypar tomusda. Güýzde eçilersiň, Ýatyber gyşda Ak garyň astynda elwan öwüsse. Göwnüm diýýä ýaşaýarkaň dünýäde, Ýer ýaly agras bol, ýer dek ýerlegin. Beýik zat hakynda gürlegin beýik, Agras zat hakynda agras gürlegin. Saňa dil ýetiren ömür ýalkanmaz, Durmuş derýa bolsa, toprak sakadyr. Namysym, paýhasym, bu gadymy Ýer Hemme nesil üçin birdir, Ýekedir. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |