TOWANA
Adamsy pahyr dünýeden gaýdansoñ, alty çagasy bilen galan Annasoltan eje, küreksiz gaýykly akmaz kölüñ içinde galyp, kenardan dalda gözleýän ýaly, umytly gözlerini uzaklara dikip otyrdy.
Birdenem ol kimdir biri bilen dert egsişip gürleşýän ýaly:
- Hawa, hawa. Ot üstüne ot boldy. Erte güneşi çoýmasa, öýle güneş neýlesin, uruş sözünde galan ýürek odym öçmänkä ýene ot guýuldy.
- Eý Biribar Huda, özüñ gowy bilýänsiñ-dä. Ene atamyñ mährinden ganmak nesip etmedi. Ýeri, muña näme diýeýin?! Hiç zada ýaraman ärim dulumda ýatsa-da kaýyldym ahyryn. Nä şükürligem-ä etmändim.
Bularyñ gowy häsiýetli ardana, ala sygyrlary mañlaýlaryna süýt-gatyga mätäç etmeýärdi (sagylýan wagty ota-da güýmenmän sagdyryp duran häsiýetli sygyra ,,ardana" sygyr diýilýär).
Gün-güzeranlarynyñ ýukalygynyñ sepini bildirmän ýyla bir göleläp durdy. "Ozalam-a ýyndam atdy welin, gamçam urulaýdy" - diýleni boldy.
Bir gün, emgege sebäp bolan sygyrlary sürüden dolanyp gelmedi. Ogullarynyñ birini çopanyñka habara ugradyp, özem gijäñ içinde köçäñ itlerini örüzip giç ýassynlar zordan özüni öýe atyp, gyşaran ýerinde çaý çörekden bizar çagalary bilen uklap galdylar. Ertesi irden umyt bazary saýyp, sygyrlañ sürä gitmek üçin ýygnanýan ýerine geldi. Uç çykmady. Çopan hem sürüni kömekçilerine tabşyryp sygryñ gözlegine çykdy. Her halda bendäñ bereni dadymlyk-da bolsa birbada goñşy okaralar bulary süýtsiz-ä goýmady.
Sygry welin, alan ogry, gören Tañry boldy. Ondan bäri üç aý geçdi. Habar-hatyr bolmady. Obalarynda barjamly, mally adamlaryñ sagyp içerine göleli sygyryny hödür edenlerem boldy.
Annasoltan eje:
- Amanat jan üstüne amanat maly nädip saklaýyn - diýip almady.
Süri örüden gelen çagy köçeden geçip barýan sygyrlary çagalary bilen garşylap, geçip gidensoñ öýe girip, ýene-de her güni ýyla dönen iki aýy geçirdiler.
Bir günem agşam şamlyk iýip otyrkalar salam berip, çopan adam işikden geldi.Ejem;
- Amanmysyñ, hä, çopan ýüwüriji, senmi! Ýagşy ýigit aş üstüne geçiñ ýokary - diýenden, oglanlaryñ ulusy ýer berip töre geçirdi. Owalam müýnli halyna näme diýjeginem bilmän, görkezilen ýere geçip, öñünde goýlan unaşly şakäseden birki çemçe içdi. Tagam iýlip, çopana aýat-töwir etdirip, gap çanaklary ýygnalansoñ özüni rastlan çopan:
- Annasoltan eje, meñ-ä siz bilen maslahat edeýin diýip geldim!
-Gelen döwlet ýüwüriji, aýdyp oturyñ!
- Aýtsam, şol sygyrly mesele böwrüme ünji bolup dur. Indi onuñ tapylmadygy boldy. Çagalarym bilen geñeşip, şol sygryñyzyñ öwezini dolmakçy bolduk.
Ertir mal bazaryna baryp, halan göleli sygryñy sagyp görüp alyñ. Bahasy bilenem işiñiz bolmasyn. Özüm tölärin.
Çopanyñ bu kararyna garaşmadyk Annasoltan eje ýüzüni, ýere bakyp owasy gözýaşdan dolan gözlerini zordan gizläp:
- Çopan ýüwüriji! - diýdi-de sandyrap çykan sesini pessaýladyp:
- Tölegli gürrüñi goýalyñ. Ýatakda ölüp çykan malymyzam boldy. Nesibesi aýrylaşsa çäre bolmaz. Çopan:
- Beý diýmäweriñ! Özümem ýetim ulalamsoñ bu zatlara aklym çatýar. Bäş aýlap iýenim inime siñmedi. Menem arkaýyn bolaryn. Meñ malym ýiten eken-dä, bolýa diýäýiñ!
Annasoltan ejäñ gözüniñ öñünde uruşdan gaýdyp gelmedik iki sany "garasy garadagym", biri uzyn beýlekisi kelteräk çynar boýly, yrgaý ýaly çeýe, iner güýjine giren doganjyklarynyñ, "Sag bol jigimjan, bizi gaýgy etmäñ, basym geleris" - diýen sözleri,çopañyñ soñky sözlerini eşitdirmän basyp alypdy.Çopanyñ ýene nämeler diýenin-ä bilenokdy weli, onuñ dymyp oturansoñ razy bolandyr öýdüp:
- Onda men-ä turaýjak - diýip, ýerinden gozganany hem şoldy welin, aýgytly karara gelen Annasoltan eje:
- Saklan, çopan ýüwüriji! Sen meniñ bir soragyma jogap ber. Onsoñ men siziñ maslahatyñyza geleýin. Çopan:
- Gulak asýan, ýeññe!
- Aýtsam, sygrymyñ sürüden dolanyp gelmeýşi ýaly, çynar boýly iki doganym uruşdan dolanyp gelmedi. Men şolary kime töletmeli, hä?!
Üstünden dag opurulyp gaýdan ýaly, çopan iki dyzyna çöküp, lompa oturanyny duýman galdy. Bu okgunly sözdenem beter, Annasoltan ejäniñ gara geýnenotlukly keşbi ony hasam aljyratdy. Ozalam çöpi köze degip duran biçäre enäni özi diýip, özi köşeşäýmese, gorkudan gözlerini tegeläp duran çagajyklarydyr çopanyñ edip biljek çäreleri ýokdy.Onuñ:
- "Pylan ýurtda jaýlanypdyr" diýen habaryny alybam idelmedik doganjyklarymdan sygyr idegli boldymy indi?! Ýok, ýok. "Gor biter, gor ýiter" diýlip, ýöne ýere aýdylmaz-a janam - diýen sözüne, ozalam ýarym göwün çopanyñ ses edip aglasy geldi. Ejeleriniñ bolşuna gözlerini tegeläp duran çagalara nebsi agyryp çykyp gitdi.
Annasoltan eje çopanyñ gideninem duýman ahyry köşeşip, çagalarynyñ ýerini salyp, körpe gyzjagazynybagryna basyp uklap galdylar.
Ertesi ir bilen namazyny okap daş çykanam şoldy welin:
- Salamälik, Ejegyzyñ ejesi - diýip, çopanyñ aýaly geläýdi. (Oba gelinleri onuñ körpe gyzynyñ adyny tutup Ejegyzyñ ejesi diýýärdiler.)
- Amanmy Hajat, geleweriñ!
- Geleniñ bar bol-a! O näme üçin çopan ýüwürijiñi agladyp goýberipsiñiz?! Dünýe malyny bereñde-de doganyñ ornuny tutmaz. "Ykbal bilen uruş etmäñ" diýip, atam pahyr otursa-tursa aýdar ýörerdi. Seniñ o tutjak bolýan hakykatyñ çagalaryñ agzyna çalar ýaly aş gatygyñ ornuny tutmaz.
"Mertlerçe utmany başaran utulmany-da başarmalydyr. Şuny şo gelne aýdyñ" diýip, obañ mollasy çopan ýüwürijiñe sargap goýberipdir. Siziñ ýanyñyzdan gaýdyp geldi-de, maslahat soraýyn diýip, molla agañ ýanyna baryp geldi. Ýör geýin. Sähetlije gün alyp geleli!
Annasoltan ejä molla aga aýtdy diýensoñlar aýdara diýere zat galmandy. Ol agraslyk bilen uludan demini aldy-da:
- Hormatyñyza Alla ýalkasyn, azara galmañ! Alla hor etmesin! - diýdi-de, öz işi bilen bolyberdi.
Şol gün ikindin ara eşegini otdan ýükläp öýüne gelse, öñki sygyrynyñ dañylýan ýüpüne ýaşajyk göleli sygyr dañylgy durdy...
Aşyr Salyh Ogly.
Hekaýalar