23:43 Tümlük | |
TÜMLÜK
Goşgular
![]() Eje, men özümi gorap bilmedim, Ýalanlardan Başarmadym uzak tutup kalbymy Meni söýen bolanlardan. Ýekeligme hemra tapmak isledim, Gursagymy ýardy nätanyş duýgy. Ýüregim ömründe ilkinji gezek Gozganyş duýdy. Doldurmak isledim kemçiliklerim, Del biriniň söze bürän mährine. Ynanmak isledim Dona bürenmedik çyplaň ähdine. Gözde nem ýene-de ýalňyz gursagyň, Bar pişesi beýnim bilen dalaşmak. Agyrdy ýat didä bakyp umytly Mähre garaşmak. Ynanasym geldi eje, şeýlebir, Bagtyň özi hut gapyma gelenne. Awusyny gizlär eken adamzat, Göz-görtele köz basýanyn bilende. Mähirsiz durmuşyň biwepalygnyň, Hasabyny ýene sorap bilmedim. Bagyşla, ejejan, duýguçyl gyzyň, Özümi tümlükden gorap bilmedim. Annabeg AÝMAKOWA. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |