17:41 Türkiýäniñ ýer yranmalar taryhy | |
TÜRKIÝÄNIÑ ÝER YRANMALAR TARYHY
Taryhy makalalar
Türkiýede XV asyrdan bäri ýigrimiden gowrak 7 balldan geçen güýçli ýer yranmalary bolup geçdi. Türkiýäniñ ýerleşen ýerinde XV asyrdan bäri dürli döwürlerde 7 ball we ondanam uly magnitudada 25 gezek ýer yrandy. Seýsmiki taýdan örän hereketli ýurt bolan Türkiýe Ýewraziýa-Arabystan-Afrika çatrygynda ýerleşýär. Türkiýe çäkleri Demirgazyk Anadoly, Gündogar Anadoly, Günbatar Anadoly jaýryk (razlom) halkalarynyñ kesişýän seýsmiki guşagynda oturýar. Hünärmenler "Türkiýäniñ ilatynyñ 60%-a golaýynyñ hereket edýän we zyýan berip biljek seýsmiki zonalaryñ üstünde oturandygyny" aýdýar. Şol sebäpli-de, Türkiýedäki binalaryñ şäher gurluşyk maksatnamasynyñ çäginde sarsgyna çydamly gurmak göz öñüne tutulýar. "Anadolu Ajansi" habarlar gullugynyñ işgäriniñ taýýarlan maglumatlaryna görä, hünärmenler beýikligi 7 gat we şondan ýokary gatly jaýlary ýer köp yranýan ýerlerde gurmak howply. Şunuñ bilen baglanyşykly 1509-njy ýylyñ 10-njy sentýabrynda Stambul ýer yranmasy (7.2 ball), 1653-nji ýylyb 23-nji fewralynda Gündogar Izmir ýer yranmasy (7.5 ball), 1668-nji ýylyñ 17-nji awgustynda Anadoly ýer yranmasy (8 ball), 1688-nji ýylyñ 10-njy iýulybda Izmir ýer yranmasy (7 ball), 1881-nji ýylyñ 3-nji aprelinde Sakyz adasy ýer yranmasy (7.3 ball), 1894-nji ýylyñ 10-njy iýulynda Stambuk ýer yranmasy (7 ball) bolup geçdi. 1900-1939-njy ýyllar aralagynda bolsa, 1912-nji ýylyñ 9-njy awgustynda Mürefte ýer yranmasy (7.3 ball), 1919-njy ýylyñ 18-nji noýabrynda Aýwalyk ýer yranmasy (7 ball), 1930-njy ýylyñ 7-nji maýynda Hakkari ýer yranmasy emele geldi. 1939-2018-nji ýyllar aralygynda Erzinjan, Erbaa, Ladik, Gerede, Ýenije, Fethiýe, Abant, Manýas, Gediz, Muradiýe, Izmit, Düzje, Wan ýer yranmalary bolup geçdi. 1939-2018-nji ýyllar aralygynda 7 balldan geçýän jemi 14 ýer yranmasy bolup geçdi. Ilkinji bilen 1939-njy ýyyñ 27-nji dekabryndaky Erzinjan ýer yranmasynda (7.9 ball) 33 müñe golaý adam öldi, 100 müñ adam ýaralandy, 116 müñe golaý jaý ýykyldy. Erzinjan ýer yranmasy dünýä boýunça bolup geçen iñ uly ýer yranmalarynyñ biri hasaplanýar. Bu ýer yranmasy Türkiýäniñ çäklerinde bolup geçen iñ uly sarsgyndy. Şu ýer yranmasy bilen birlikde ilkinji gezek Demirgazyk Anadoly jaýryk (razlom) halkasynyñ bardygy añşyryldy we Türkiýede seýsmiki meseleleriñ üstünde durlup başlandy. Tokat Erbaada 1942-nji ýylda bolan ýer yranmasynda (7 ball) 3 müñ adam gurban boldy. Samsunyñ Ladik etrabynyñ golaýynda 1943-nji ýylyñ 26-njy noýabrynda bolup geçen ýer yranmasynda (7.2 ball) 4 müñ adam gurban boldy, müñlerçe adam ýaralandy, jaýlaryñ 75%-i ýykyldy. Bolu Geredede 1944-nji ýylda (7.5 ball), Çanakkale Ýenijede 1953-nji ýylda (7.2 ball), Mugla Fethiýede we Bolu Abantda 1957-nji ýylda (7.1 ball), Manýasda 1964-nji ýylda (7 ball) ýer yranmalary bolup geçdi. • Türkiýäniñ taryhynyñ iñ uly ýer yranmasynyñ biri - Warto Muşuñ Warto etrabynda 1966-njy ýylyñ 19-njy awgustynda güýçli ýer yranmasy (6.9 ball) bolup geçdi. Bu ýer yranmasy ýurduñ taryhynda uly ýitgilere getiren tebigy betbagtlyklaryñ biri hökmünde ýatlanýar. Şol ýylyñ dowamynda Wartoda iki gezek ýer titredi. Birinjisi 7-nji martda 14 adamyñ ölümi we 75 adamyñ ýaralanmagy, ikinjisi bolsa 19 awgustda 2 müñ 394 adamyñ ölümi we 1500-e golaý adamyñam ýaralanmagy bilen soñlandy. Has soñra 1967-nji ýylda Mudurnuda (7.2 ball, 1970-nji ýylda Gedizde (7.2 ball) ýer titredi. • Muradiýe ýer yranmasy Wanyñ Muradiýe etrabynda 1976-njy ýylyñ 24-nji noýabrynda bolan ýer yranmasynda (7.5 ball) aradan çykanlaryñ yzy bilen -17 gradusa ýeten añzakly sowuk zerarly doñup ölenleriñem hetdi-hasaby bolmady. Sebitiñ 1939-njy ýyldaky Erzinjan ýer titremesinden soñ iñ güýçli ýer titremesi hökmünde hasaba alynan Muradiýe ýer yranmasynda 3 müñ 840 adam gurban boldy, 500-e golaý adam ýaralandy, 10 müñ bina zaýalandy. • 45 sekunt dowam eden Göljük ýer yranmasy Kojaeli Göljükde 1999-njy ýylyñ 17-nji awgustyndaky ýer yranmasynda (7.4 ball) köp möçberde adam we mal pidalary boldy. 45 sekunt çemesi dowam eden we Türkiýäniñ ýer yranma taryhynda "iñ uly ýer titremesi" hökmünde hasaba alynan Göljük ýer yranmasy tutuş Marmara sebitiniñ, ýagny, Ankaradan Izmire çenli aralykda duýuldy. Ýykgynçylykly sarsgyn Kojaeli, Göljük, Düzje, Sakarýa, Stambul, Ýalowa welaýatlarynda köp sanly adam we mal pidalaryna getirdi. Resmi maglumatlar 17 müñ 118 adamyñ ölendigini, 25 müñe golaý adamyñam ýaralanandygyny mälim etdi. Ýer yranmasyndan iñ köp zyýan çeken Kojaelide 9 müñ 477 adam gurban boldy, 9 müñ 881 adamam ýaralandy. • 7,2 ball magnitudaly Düzje ýer yranmasy Düzjede 1999-njy ýylyñ 12-nji noýabrynda bolan ýer yranmasy (7.2 ball) 30 sekuntlap dowam etdi. Birnäçe welaýata täsirini ýetiren ýer yranmasy Ukrainadanam bildirdi. Şol ýer yranmasynda 894 adam gurban boldy, 2 müñ 679 adam ýaralandy, müñlerçe adam öýsüz galdy. Düzjäniñ Tebigy betbagtçylyk we gyssagly ýagdaý müdirliginiñ berýän maglumatlaryna görä, 1999-njy ýyldaky ýer yranmalarynda Düzje boýunça 16 müñ 666 ýaşaýyş jaýy, 3 müñ 837 edara binasy zaýalandy, 10 müñ 968 ýaşaýyş jaýy bilen 2 müñ 573 edara binasyna orta derejeli, 13 müñ 70 ýaşaýyş jaýy bilen 1606 edara binasyna bolsa ýeñil derejeli şikes ýetendigi anyklandy. • 25 sekunt dowam eden Wan ýer yranmasy Episentri Wan welaýatynyñ Tabanly etrabynda bolan 2011-nji ýylyñ 23-nji oktýabrynda bolan ýer yranmasy (7.2 ball) 25 sekunt dowam etdi we 601 adam öldi. Halas ediş işlerine ýurduñ içinden 140 topar 4 müñ 418 adam bilen gatnaşdy. Daşary ýurtlardanam 10 ýurt 12 topar bilen olara kömek berdi. Wan 2011-nji ýylyñ 9-njy noýabrynda sagat 21:23-de uly ýer yranmasy (5.6 ball) boldy. Episentri Edremit welaýatynda bolan ýer yranmasynda iki otel bilen birlikde 25 bina ýykyldy. Umuman aýdanda, Türkiýäniñ ýerleşen ýerinde XV asyrdan bäri dürli döwürlerde 7 balla ýeten we geçen yranmalarynyñ 25-i bolup geçdi. Türkiýe iñ soñky gezek 2023-nji ýylyñ 6-njy fewralynda Kahramanmaraşda bolup geçen iki ýer yranmasy (7,7 we 7,6 ball) bilen sarsdy. @ Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |