21:26

TürkmeNNama

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 614 | Добавил: Moderator | Теги: Isgender Mälik | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Narcissus  
1589
Tema arassa bir dünýägaraýyş bolany üçin ýagşy, emma köp zady gaty nädogry garaýyş. Ilki bilen, beýle ýazgylara adamlaryň ynanyp bilmegi üçin, makalanyň akademiki tarapy bolmaly, ýagny çeşme bolmaly. Sebäbi "eýder-beýder" diýlip, öňe sürülýän zatlaryň her birine degişli, şonuň şeýledigini tassyklaýan bir çeşme bolmaly.

Ikinji bilen, tema durşy bilen umumylaşdyrmalardan ybarat. Emma umumy garaýyşlaryň aglabasy anyk dogryny görkezmezlik bilen, öz milli-medeniýetimize, taryhymyza degişli meselede beýle umumylaşdyrmalary ulanmaklyk meniň pikirimçe dogry zat däl. Meselem, men "aýal maşgalalar zehinsizdir" diýsem, bu sözlem uçdantutma ýalňyş bolar. Makalada hem "türkmen halky gaty gödek halk" diýip, we ş.m ýüzlenmeleri ulanypdyr, oýun edibem bolsa edil beýle netije çykaryp gürlemek, meniň pikirimçe dogry däl.

Diňe türkmen halky köp zatlary özüne-öz milliligine laýyklykda üýtgetmedi, ýa-da din bilen baglanyşykly zatlaram diňe türkmenler üýtgetmedi. Bu dünýäde ähli halklar üçin ýörgünli bolan zat. Mysal üçin, şuwagt araplaryň ynanýan ynanjy bilen türkleriň ynanýan ynanjy arasynda dag ýaly tapawut bar. Araplaryň ýa-da arap ýurtlaryň aglabasy aýallara kän hormat goýmaýan bolsalar, türkleriň aglabasy aýallara sylag-hormat goýýar, şol sebäpli olary "zyna etdiň, daşlaň" diýip, öldürenoklar. Emma araplaryň köp döwleti şerigat bilen dolandyrylýandygy üçin, daşlamak, zyna edeni gamçylamak, el kesmek, saçyňy görkezmezlik ýaly zatlar, mundan daşary äriň diýeninden çykmazlyk, onuň jynsy islegini islän wagty kanagatlandyrmak ýaly ýene birtopar patriarhal maşgala düzgünleri bar. Şeýle-de Türküstanda özbeklerde we ş.m käbir halklarda aýallaryň köçä çykmagy, ýüzüni açmagy gadagan bolup durka, türkmenlerde ýüzini görkezmek, nätanyş adamlar bilen gürleşmek ýaly zatlar erkin.

Arassa aýal bolmaýanlaryň saçy kesilmegi welin, gaty uly gürrüň, şol sebäpli muňa degişli hökmany suratda taryhda bu wakanyň bolup geçen halatynda bellige giren çeşmesi bolmaly. Men aýallar bilen baglanyşykly käbir zatlary okadym, emma okanlarymda beýle zatlara gabat gelmedim. Eger gabat gelen kişi bar bolsa, "şu ýerde şeýle ýazylan" diýip görkezse, gaty hoşal bolardym. We türkmenleriň (aýallara beýleki milletlerden beter hormat goýýanam bolsa) dini meselede kän erkin hereket edendir öýdemok. Netijede Eýran şaýy mezhebini saýlany üçin olardan adam ogurlap bilýärdiler, emma Owganystandan adam ogurlanlarynda olara sögüp, gul edip satyp bilenokdylar. Sebäbi olar başga mezhebe degişlidi. Şeýle zatlara köp gabat gelip bolýar.

0
2 Garadag  
128
Aýallar meselesinde awtor çaklama urupdyr öýdýän. Ya-da bu onuñ biraz sagdyn dâl fantaziýasy?!

0
3 kungfuu  
1292
Bu zatlardan @baharaliyewanyň habary barmyka? ))

0
4 GG  
1637
Şeýle-de Türküstanda özbeklerde we ş.m käbir halklarda aýallaryň köçä çykmagy, ýüzüni açmagy gadagan bolup durka, türkmenlerde ýüzüni görkezmek, nätanyş adamlar bilen gürleşmek ýaly zatlar erkin.
Türküstan nirekä?! Eger Türkiýe bolsa, onda ýokardaky sözlemiň birinji bölegi ýewropalaşan Türkiýe gyzlaryna hem degişlimikä?!
GG.

0
5 Narcissus  
1589
Türküstan Merkezi Aziýany öz içine alýar we taryhda şol ýerlerde esasanam türkler ýaşandygy üçin "Türküstan" diýip agzalýar. Gündogar Türküstan we günbatar Türküstan bardyr, gündogar şuwagt Hytaýyň çäginde (Hytaýyň günbatar tarapy gündogar Türküstandyr), günbatar Türküstan bolsa şuwagt bizi we biziň töweregimizdäki döwletleri öz içine alýar, ol döwürler bolsa hanlyklar bardy. XVI asyryň başynda Türküstanda merkezi syýasy bir häkimiýet çagşandan soň, bölek-bölek syýasy güýçler döräp başlaýar, bularam hanlyklar. Bu döwre (400 ýyl ýaly wagt) "hanlyklar döwri" diýilýär, olaram bilşimiz ýaly Buhara (iň güýçlisi) emirligi, Hywa hanlygy, Kokand (1710) hanlygy we Türkmen hanlyklary degişli. Bularyň hemmesine-de "Türküstan hanlyklary" diýilýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]