17:09 TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI − 4 | |
TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI − 4
• Türkmen halk döredijiliginiň Garaşsyzlyk ýyllarynda neşir edilişi we öwrenilişi Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy durmuşyň ähli ugurlarynda täzelenişiň, ösüşiniň başyny başlady. Ýurduň, halkyň ykbalyna düýpli täsir eden, ösüşe tarap aň öwrülişigini üpjün eden bu beýik taryhy hadysa türkmen halk döredijiligini öwreniş ylmy üçin hem bagtly hem şöhratly taryhyň aýdyň ýoluny açdy. Garaşsyzlygyň ýigrimi ýylynyň içinde milli ruhly halk döredijiligini öwreniş ylmymyz ajaýyp üstünlikler gazandy. Türkmen halk döredijiligini öwreniş ylmynyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşini iki döwre − birinji hem ikinji onýyllyklar boýunça beýan etmek maksadalaýykdyr. Garaşsyzlygyň ilkinji on ýylynda öň öwrenilmedik, az öwrenilen ýa-da öwrenilmesi, çap edilmesi gadagan edilen birnäçe edebi-folklor eserlerimiz barada ylmy-barlag we neşir işleri ýaýbaňlandy. Bu babatda halk döredijiliginiň genji-hazynasy bolan «Gorkut ata» şadessany boýunça ýerine ýetirilen işleriň özi hem giňişleýin gürrüň edilmäge degişlidir. Entek ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolmanka, 1990-nji ýylda «Gorkut ata» şadessany neşir edilip, halka ýetirilýär. 1951-nji ýylda M. Kösäewiň çapa taýýarlan bu neşiri Garaşsyzlyk ýyllarynda üç gezek (1994, 1999, 2000) gaýtalanyp neşir edildi. Alymlar «Gorkut ata» şadessanynyň golýazmalaryny doly öwrenip, asyl nusgadaky bolşuny saklap neşir etmäge girişdiler. Filologiýa ylymlarynyň doktorlary A. Annanurow bilen T. Guzyçyýewiň şunuň ýaly neşiri 1995-nji ýylda «Kitaby dädem Gorkut» ady bilen neşir edilýär. Bu şadessanyň Drezden nusgasynyň ylmy tekstidir. Eposyň okyjylara, ylmy jemgiýetçilige ýetirilişi neşirden neşire kämilleşýär we has doly görnüşe eýe bolýar. 1997-nji ýylda «Kitaby dädem Gorkut we hekaýaty oguznamaýy Gazan beg we gaýry» diýip atlandyrylan şadessanyň iki nusgasyny öz içine alýan neşiri çap edildi. Ony filologiýa ylymlarynyň doktory A. Aşyrow taýýarlaýar. Bu neşire çenli şadessanyň Watikan nusgasy alymlaryň arasynda gürrüň edilse-de, türkmen jemgiýetçiligine tanyş däldi. Ýogsam, bu nusga XX asyryň 50-nji ýyllarynda ýüze çykarylypdyr. Ol A. Aşyrowyň tagalasy bilen ýurdumyza getirilýär. Şeýlelikde, şadessanyň öňki Drezden nusgasy bilen täze ele salnan Watikan nusgasynyň ylmy tekstleri taýýarlanyp neşir edilýär. Okyjylar şu neşiriň üsti bilen ilkinji gezek şadessanyň Watikan nusgasyny okap bildiler. 1999-njy ýylda Ankarada şadessanyň hemmetaraplaýyn kämil we doly neşiriň ýene biri «Gorkut ata» ady bilen çapdan çykýar. Bu kitabyň aýratyn ähmiýetli tarapy onda öň neşir edilen hem edilmedik nusgalaryň jemlenmegidir. Kitaby M. Kösäewiň neşiri, A. Aşyrowyň neşiri we A. Rahmanowyň toplan halk nusgalary we beýlekiler düzýär. Ondaky halk nusgalarynyň köpüsi okyjylara ilkinji gezek ýetirilýär, birnäçesi bolsa, öň gazet-žurnallarda bölekleýin görnüşde çap edilipdi. Şadessanyň ähli nusgalarynyň bir kitaba jemlenip çap edilmegi onuň neşir meselesinde gazanylan ýokary derejedir. «Gorkut atanyň» Ankara neşirinden soň, ol Türkmenistanda ýene iki gezek neşir edildi. Olaryň soňkusy Türkmenistanyň ýaşulularynyň 2001-nji ýylyň fewralynda geçen X maslahatyna gatnaşyjylara sowgat hökmünde berildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda «Gorkut atany» neşir etmekde gazanylan üstünlikler ony ylmy taýdan öwrenilmegine esas boldy. R. Rejebow, A. Bekmyradow, A, Gylyçdurdyýew, A. Aşyrow, A. Annanurow, G. Ballyýew, A. Rahmanow we beýleki birnäçe alymlar dürli döwürde «Gorkut atanyň» barlaglaryna degişli ylmy makalalar bilen metbugatda çykyş etdiler. R. Rejebow özüniň «Gadym türkmen edebiýaty» (1991) diýen kitabynda tutuş bir uly bölümi «Gorkut ata» şadessanyna bagyşlapdyr. A. Gylyçdurdyýewyň «Gorkut ata» (1990) atly kitapçasynda hem şadessanyň käbir meseleleri boýunça ylmy garaýyşlar beýan edilýär. P. Aýdogdyýew filosofik nukdaýnazardan «Türkmenleriň «Gorkut ata» eposynda halkyň dünýägaraýşynyň şöhlenelişi» (1995) diýen temada dissertassiýa işini hem ýazdy. 1999-njy ýylda Aşgabatda «Gorkut ata» kitabynyň 1500 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçildi. Şunuň netijesinde alymlaryň zehini hem ünsi täzeden «Gorkut ata» gönükdi. Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda «Gorkut ata – 1500 ýyl» at bilen geçirilen ylmy maslahatda şadessanyň barlaglaryna degişli edilen çykyşlaryň köplügi, gozgalýan meseleleriň dürliligi, täze pikirlere-gözleglere baýlygy, ylmy derňewleriň çuňlugy bu ugurdan netijeli işleriň alnyp barylýandygyny görkezdi. Şol ylmy maslahatda edilen çykyşlar toplanyp, «Gorkut ata – 1500» (1999) ady bilen makalalar ýygyndysy görnüşinde kitap edilip çykaryldy. Şol ýylyň sentýabr aýynda «Gorkut atanyň» 1500 ýyllygyna bagyşlanan ýene bir halkara ylmy maslahat bolup geçdi. Dünýäniň köp ýurtlaryndan bu ylmy maslahata gatnaşan alymlar türkmen halkynyň bu beýik taryhy-edebi ýadygärliginiň barlanmagyna we jikme-jik öwrenilmegine degişli özleriniň soňky ylmy işleri barada pikir alyşdylar. Bu halkara simpozium «Gorkut atanyň» häzire çenli dünýäniň gündogary öwreniji alymlarynyň arasynda aýratyn gyzyklanma döredýändigini görkezdi. Şadessanyň 1500 ýyllygy bellenilýän günlerinde moskwaly alym, türkmen edebiýatyny öwrenmekde köp işler bitiren Halyk Göroglynyň «Gorkut ata» baradaky ýazan düýpli işi – «Oguz gahrymançylyk eposy» türkmen diline terjime edilip, okyjylara ýetirildi. «Gorkut atanyň» 1500 ýyllygynyň bellenmegi gorkutşynaslygyň şanly taryhynda aýdyň sahypa boldy. Türkmen halk döredijiliginiň ýene bir ajaýyp eseri «Görogly» şadessany üçin hem Garaşsyzlyk şertleri aýdyň ýol açdy. 1996-njy ýylda «Görogly eposynyň 8 tomunyň neşir edilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynyň türkmen halk döredijiligini öwreniş ylmynyň taryhynda ajaýyp sahypa boldy. Ankarada neşir edilen bu tomluklara «Göroglynyň» otuz şahasy girýär. Olaryň köpüsi öň okyjylara nämälimdi. Dessanlaryň tekstleriniň türk we türkmen dillerinde berilmegi bolsa, şadessany tutuş türki dilli halklaryň okap bilmegine şert döredýär. Şadessanyň tekstini düzüji alymlar B. Mämmetýazow, Ş. Halmuhammedow, S. Ruzumbaýew, K. Seýitmyradow, A. Durdyýewa, A. Öräew, B. Welbaýramow köp nusgaly dessanlaryny çapa taýýarlamakda häzirki zaman dünýä folkloristikasynyň ylmy talaplaryndan ugur alypdyrlar. «Göroglynyň» şu neşiri barada wagtynda metbugatda birnäçe makalalar bilen çykyş edildi. Olardan B. Mämmetýazowyň «Halk eposynyň ajaýyp nusgasy» («Aşgabat» g., 1997, 28-nji ýanwar), A. Orazowyň «Görogly» eposynyň ylmy teksti» («Watan» g., 1997, 11-nji fewral), K. Nurbadowyň «Göroglynyň Görogly bolşy» («Türkmenistan» g., 1997, 4-nji mart), G. Geldiýewiň «Görogly – ak ýola düşdi» («Edebiýat we sungat» g., 1998, 26-njy noýabr) ýaly birnäçe makalalarda eposyň bu neşiriniň ähmiýeti aýdyňlaşdyrylýar. «Görogly» şadessanyny öwrenji belli alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor B. Mämetýazowyň 1992-nji ýylda neşir edilen «Туркменский героический эпос «Гёроглы» atly monografiýasy Garaşsyzlyk döwründe şadessany öwrenmekde edilen esasy işdir. Munda şadessanyň örän köp meseleleri barlag astyna alynýar. Rowaýatlaryň, hekaýatlaryň «Göroglynyň» türkmen nusgasyna esas bolmagy, şadessanyň türki halklaryň arasyndaky sýužetler bilen baglanyşygy, onuň žanr taýdan özboluşlylygy, şadessanda kyssa bilen şygryň çeperçilik aýratynlyklary, häzirki zamanda şadessanyň bagşylar tarapyndan aýdylyşy ýaly meseleleriň toplumy barlaga alynýar we ylmy netijelere gelinýär. Türkmen halk dessanlaryny neşir etmekde hem üstünlikler gazanyldy. Halk döredijiligini toplaýjy we öwreniji Ata Rahmanowyň taýýarlan «Şasenem-Garyp» (1992) diýlip atlandyrylan kitapda onuň özüniň toplan dessanyň ýedi sany nusgasy berilýär. «Şasenem-Garyp», «Aýsenem-Garyp», «Aý peri», «Helalaý-Garyp», «Baýsenem-Garyp», «Handan gyz» we «Uz peri» diýlen şol dessanlar ilkinji gezek okyjylara ýetirilýär. «Myraly hem Soltansöýün» 1992 dessany hem K. Borjakowa tarapyndan çapa taýýarlanyp neşir edilýär. «Türkmen halk dessanlary» (1993) atly iki tomlugyň birinji tomuna «Näzdepe», «Melike-Dilaram», «Helalaý-Garyp», «Kasym oglan» dessanlary girizilipdip. Olar alymlar A. Garryýewa, K. Berkeliýew, K. Seýitmyradow tarapyndan çapa taýýalanypdyr. «Ybraýym-Halyl», «Gülpam», «Hatamtaý», «Muhammethanapiýa» dessanlaryny öz içine alýan ikinji tomuny bolsa, A. Aşyrow bagşy Gurt Ýakubyň dilinden ýazyp alyp çapa taýýarlapdyr. Öň neşir edilmedik «Tulum hoja» (1993) dessany hem B. Weliýew tarapyndan çapa taýýarlanyp, okyjylara ýetirilýär. «Ymam Huseýin» (1995) dessany hem özbaşdak kitap edilip çykaryldy. A. Durdyýewanyň 1998-nji ýylda neşir eden «Asly-Kerem» dessany hem türkmen halk döredijiliginiň dessan baýlygyna goşant boldy. Halk döredijiliginiň beýleki görnüşleriniň hem toplanyp, neşir edilmegi dowam edýär. A. Öräýewiň «Yrymlar», B. Goçmyradowyň taýýarlan «Türkmen halk yrymlary» (1995), Ü. Esenowyň «Hazyna» (1995), S. Gujukowyň «Alkyşlar-dilegler sözlügi» (1997), A. Oraztaganowyň taýýarlan «Küşdepmeler» (1998), S. Arazkulyýewiň taýýarlan «Garagalpagystanly türkmenleriň pähim-paýhaslary» (1999) ýaly birnäçe kitaplar türkmen halkynyň pähiminiň durdänelerini özünde jemleýär. Bularyň arasynda yrymlar, alkyş-dilegler ýaly halk döredijiliginiň görnüşleriniň Garaşsyzlyk ýyllarynda öwrenilip we neşir edilip başlanandygyny bellemek gerek. Halk döredijilik eserleriniň neşir edilişi bilen birlikde, olaryň üstünde çuň ylmy-barlaglar hem alnyp barylýar. Amanmyrat Baýmyradowyň «Rowaýatlarda taryhy şahslar» (1992), Amanbaý Myradowyň «Ilaman bagşy hem-de onuň edebi-folklor mirasy», Akmuhammet Aşyrowyň «Könegüzer» (1992) ýaly kitaplarynda halk döredijiliginiň dürli ugurlary dogrusynda maglumat berilýär. Bularyň birinjisinde halk döredijiliginiň entek az öwrenilen rowaýat görnüşi, taryhy şahslaryň rowaýatlardaky edebi hem taryhy keşpleri barada gymmatly ylmy maglumatlar jemleýär. Soňkularda bolsa halk döredijiliginiň aýdym görnüşi, ony ýaýradyjylar bolan bagşylar hakynda ylmy hem çeper tärlerde gyzykly maglumatlar berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň filologik fakultetlerinde türkmen halk döredijiliginden ýörite ders geçilýär. Alymlar A. Baýmyradow bilen A. Hojagulyýew şu okuw dersi üçin «Türkmen halk döredijiligi. Hrestomatiýa» (I kitap – 1992, II kitap – 1994) atly ikitomlugy taýýarladylar. Garaşsyzlygyň ilkinji on ýyly türkmen halk döredijiligini öwrenişe uly üstünlikler getirdi. Halk döredijilik ylmynyň örüsi giňedi, milli ruha eýe boldy. Garaşsyz Türkmenistan XXI asyra syýasatda, ykdysadyýetde we medeni ugurlarda ýokary üstünlikler gazanmak bilen gadam basdy. Türkmen halk döredijiliginiň öwreniş ylmy hem XX asyryň birinji onýyllygynda ajaýyp üstünliklere eýe boldy. Gürrüňi edilýän döwürde halk döredijilik eserlerleriniň uly tapgyry neşir edilip halka ýetirildi. Şol halk döredijilik nusgalarynyň köpüsi ilkinji gezek neşir edildi, öňki neşirleriň üsti ýetirildi, olaryň üstünde alymlar tarapyndan düýpli ylmy barlaglar alnyp baryldy. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor G. Geldiýewiň toplap, çapa taýýarlan «Türkmen nakyllary we atalar sözi» (2004) ýygyndysy nakyllaryň we atalar sözüniň neşir edilişinde ähmiýetli işleriň biri boldy. Alymyň kitaba ýazan «Milli bitewiligiň taryhy möhüri» atly sözbaşysynda nakyllary we atalar sözüni öwrenmegiň meseleleri, olaryň taryhylyk we millilik jähetden gymmatlygy we beýleki ylmy meseleler barada pikir ýöredilýär. Bu neşire nakyllaryň we atalar sözüniň on iki müň töweregi girizilipdir (Kitapda: Türkmen nakyllary we atalar sözi. – Aşgabat, Ylym, 2004, 9 s.). «Türkmen halk nakyllary» (2005) atly ýene bir ýygyndynyň öňki neşirlerden tapawudy onda ýerleş¬di¬ri¬len nakyllaryň agramly böleginiň Türk¬me-nistanyň Milli golýazmalar institutynyň hazyna¬syn¬da saklanylýan nusgalardan saýlanyp-seçi¬lip alnandygydyr. Nakyllary çapa taýýarlan filologiýa ylymlarynyň kandidaty M. Çaryýew ýygynda ýazan «Paýhasyň dür däneleri» atly sözsoňy makalasynda nakyllaryň ylmy meseleleriniň üstünde durup geçýär we türkmen halkynyň nakyl baýlygy hakynda şeýle diýýär: «Biziň çaklamymyza görä, diňe golýazmalar hazy¬na¬myzdaky nakyllaryň sany 10-12 müňden geçýär. Bularyň üs¬tü¬ne kitap neşirlerindäki, gazet-žurnallardaky, şeýle hem gara¬gal¬pak, stawropol, eýran, owgan, kerkuk, türk türkmenleriniň nakyllaryny-da goşsaň, olaryň jemi sanynyň 20 müňden geç¬jek¬digi göze görnüp duran hakykat ahyry» (Kitapda: Türkmen halk nakyllary. – Aşgabat, Miras, 2005, 646 s.). «Türkmen şorta sözleri» (2004) atly kitaba Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda saklanýan, öňki neşirlere girmedik, halkymyzyň durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşykly, belli bir çeperçilik ähmiýetine eýe bolan şorta sözler girizilipdir. Ýygyndyny çapa taýýarlan O. Çaryýew sözsöňy makalasynda: «Ýyllar geçdigiçe şorta sözler mazmun taýdanam, çeperçilik aýratynlyklary taýdanam özgerýär» (Kitapda: Türkmen şorta sözleri. – Aşgabat, Miras, 2004, 117 s.) diýmek bilen, awtor şorta sözleri ýygyndyda ýerleşdirde, olary ýazylyp alnan wagtyna görä, seneleýin tertipde beripdir. Bu bolsa, halkyň aňynyň, döwrüň, jemgyýetiň ösüşini yzarlamakda, şorta sözleriň mazmun we çeperçilik taýdan kämilleşişine baha bermekde ähmiýetlidir. Ýygyndynyň ýene bir ähmiýetli tarapy, her bir şorta sözi kimiň aýdandygygy, kimiň haçan ýazyp alandygygy baradaky bellikleriň kitabyň ahyrynda ýerleşdirilmegidir. «Türkmen galalary hakynda rowaýatlar» (2004) atly folklor ýygyndysy medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň bir bölegi bolan türkmen galalary hakyndaky rowaýatlary öz içine alýar. Kitapda Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän altmyşa golaý taryhy gala barada rowaýat getirilipdir. Rowaýatyň kim tarapyndan, nireden, haýsy ýylda ýazylyp alnandygy we haýsy bukjada saklanýandygy çykgytda görkezilipdir. Rowaýatlary çapa taýýarlan B. Baýmyradow oňa «Rowaýata öwrülen galalar» ady bilen sözsöňy makalasyny ýazypdyr. «Asly-Kerem» (2004) türkmen halk dessany ozal neşir edilen ýygyndylary göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan ygtybarly golýazma we daşbasma nusgalary esasynda taýýarlanylýar. Ony çapa taýýarlan we «Çyn söýgüniň kyssasy» atly sözsöňy makalasyny ýazan filologiýa ylymlarynyň kandidaty A. Durdyýewadyr. Dessanyň 1943-nji, 1965-nji we 1998-nji ýyl¬lar¬daky neşirleri golýazmalar hazynasyndaky daşbasma nusgalarynyň esasynda taý¬ýar¬lanylyp, çap edilipdi. Bu neşirde bolsa dessanyň soňky tapylan iki sany golýazma nusgasy we dessana degişli aýry-aýry goşgulary özünde saklaýan bukjalardaky golýazmalar peýdalanylypdyr. Awtor sözsoňy makalasynda «Asly-Kerem» dessanynyň dessanyň mazmuny, onuň beýleki türkmen dessanlary bilen umumy we aýratyn taraplary barada durýar, türkmen aýdym-saz sungaty bilen baglanyşykly taraplaryny açyp görkezýär (Kitapda: Asly – Kerem. – Aşgabat, Miras, 2004, 98-120 s.). Ilkinji gezek okyjylara ýetirilen «Warka – Gülşa» (2005) dessanynyň neşirine onuň türkmen halkynyň arasynda bar bolan birnäçe nusgalary girizilipdir. Kitapdaky «Warka – Gülşa» dessanynyň ýazuwly nusgasy diýlip atlandyrylan birinji nusgasy Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň ha¬zynasynda saklanýan daşbasma nusgasy esasynda taýýarlanypdyr. Dessanyň bagşy nusgasy we halk agzeki nusgasy diýlip atlandyrylan nusgalar bolsa halk dilinden ýazylyp alnan tekstler esasynda taýýarlanylypdyr. Dessanyň nusgalaryny çapa taýýarlan N. Seýidow «Warka – Gülşa» dessany we onuň türkmen nusgalary» diýen sözsöňy makalasynda bu dessanyň ýordumynyň döreýşi, Gündogara, türkmen halkynyň arasyna ýaýraýşy barada gürrüň edýär (Kitapda: Warka – Gülşa. – Aşgabat, Miras, 2005, 129-149 s.). Halk döredijiliginiň hüwdüler, monjugatdylar, läleler görnüşlerini öz içine alýan «Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi» (2005) atly ýygynda Türkmenistanyň Milli gol¬ýazmalar insti¬tutynyň hazynasyndaky bukjalarda sakla¬nylýan hem-de çapa taýýarlaýjylaryň özleriniň halk arasyndan toplan nusgalary girizilipdir. Ony alymlar G.Ylýasowa bilen A. Durdyýewa çapa taýýarlapdyr. G. Ylýasowanyň ýazan «Dürler hazynasy – genji-känimiz» atly sözsöňy makalasynda halk döredijiliginiň kitaba giren görnüşleriniň žanr özboluşluklary, many-mazmuny, pikir-taglymy we beýleki meseleri barada söz açylýar (Kitapda: Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi. – Aşgabat, Miras, 2005, 389-398 s.). Türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşlerinden biri bo¬lan yrym-ynançlary öz içine alýan «Türkmen halk yrym-ynançlary» (2005) atly ýygyndy ilkinji ge¬zek doly görnüşde neşir edilýär. Ýygynda girizilen yrym-ynançlaryň köpüsi Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty¬nyň hazynasyndaky bukjalardan, şeýle hem metbugat sahypalarynda çap edilen yrymlardan saýlanyp alnypdyr. Yrym-ynançlaryň belli bir bölegi çapa taýýarlaýjynyň özüniň halk içinden ýygnanlarydyr. Kitaby çapa taýýarlan G. Ylýasowanyň «Gymmatly hazynanyň bir ülüşi» atly sözsoňy makalasynda yrymlaryň dürli meseleleri – döreýşi, gadymylygy, halk durmuşy bilen baglylygy, terbiýeçilik ähmiýeti barada söz açylýar, ylmy pikirler aýdylýar (Kitapda: Türkmen halk yrym-ynançlary. – Aşgabat, Miras, 2005, 206 s.). «Türkmen halk matallary» (2005) ýygyndysyny N. Seýidow çapa taýýarlap, oňa «Halk pähiminiň syrly hazynasy» ady bilen sözsöňy makalasyny ýazypdyr. Ýygyndy taýýarlananda, esasan, Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň halk döredijiligi bölüminiň gaznasynda saklanylýan bukjalardaky matallaryň ýazgylaryna we çapa taýýarlaýjynyň özüniň toplan nusgalaryna esaslanylypdyr. M. Öwlýägulyýewanyň çapa taýýarlan «Saýatly Hemra» dessany (2006) onuň öňki neşirlerinden tapawutlydyr. Dessanyň öňki neşirleri onuň daşbasma we bagşy nusgalaryna esaslanýan bolsa, bu neşir 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň edebi hazynasyna sowgat berlen golýazma (7764-nji bel¬gili bukja) esasynda çapa taýýarlanypdyr. M. Öwlýägulyýewa dessana ýazan «Aýdyma öwrülen söýgi» atly sözsöňy makalasynda dessanyň golýazmalar hazynasynda bar bolan nusgalary we okyjylara hödürlenýän şu nusga dogrusynda söz açýar. Olaryň mazmunynyň, beýan edilişiniň, aýdym-şygyrlarynyň we beýleki meseleleriň üstünde durup geçýär (Kitapda: Saýatly Hemra. – Aşgabat, Miras, 2006, 154-163 s.). «Türkmen halk ertekileri» (Durmuşy ertekiler) (2006) we «Türkmen halk ertekileri» (Jadyly ertekiler) (2006) atly iki kitapdan ybarat ýygyndyny filologiýa ylymlarynyň doktory Ş. Geldiýewa çapa taýýarlapdyr. Bu ýygyndylara girizilen ertekiler Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasyndaky iň kämil nusgalardan we öň neşir edilen käbir kitaplardan saýlanyp alnypdyr. Ş. Geldiýewanyň birinji kitaba ýazan «Paýhaslar ummany» atly sözsoňy makalasynda durmuşy ertekileriň özboluşlylygy, many-mazmuny, terbiýeçilik gymmaty barada söz açylýar (Kitapda: Türkmen halk ertekileri (Durmuşy ertekiler). – Aşgabat, Miras, 2006, 335-349 s.). Alym jadyly ertekileri öz içine alýan ýygynda ýazan «Jadyly dünýä syýahat» diýen sözsöňy makalasynda hem ertekileriň bu görnüşi hakynda degerli ylmy pikirler aýdýar (Kitapda: Türkmen halk ertekileri (Jadyly ertekiler). – Aşgabat, Miras, 2006, 371-379 s.). Türkmen halk ertekileriniň iň kämil nusgalaryny öz içine alýan «Türkmen halk ertekleri» (2007) atly tutumly kitap ertekileriň öňki neşirleriniň biri esasynda taýýarlanypdyr. Alym A. Baýmyradowyň kitaba ýazan «Ajaýyp hazyna» atly sözbaşy makalasynda türkmen ertekileriniň ylmy meseleleriniň üstünde durulýar (Kitapda: Türkmen halk ertekileri. – Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2007). Folklorçy Ümür Eseniň «Mirasnama» (2004) atly kitaby tutuşlygyna folklorçylyk häsiýetini saklaýar. Onda halkymyzyň gadymdan gelýän ekerançylyk, maldarçylyk we tebigaty gormak senetleriniň taryhy, däp-dessur ýörelgeleri beýan edilýär. Türkmeniň geçmiş mirasyna, tebigatyna degişli gyzykly hekaýatdyr rowaýatlar berilýär. Ençeme nakyllaryň, aýtgylaryň döreýiş taryhy yzarlanýar, manysy açylyp görkezilýär. Soňky ýyllarda alymlaryň gözlegleri, barlaglary netijesinde türkmen halkynyň irki edebi-folklor mirasyna degişli işleriň birnäçesi çap edildi. Olardan oguzlaryň dürli döwürlerdäki durmuşlaryndan habar berýän kyssalar toplumy bolan «Oguz dessanlaryny» görkezmek bolar. Olar nesilden nesle geçip, halkyň dilinde hem-de dürli ýazuw çeşmelerinde käbiri doly, käbiri bölek-büçek görnüşde saklanypdyr. «Ýaradylyş» («Dünýäniň ýaradylyşy»), «Döreýiş», «Alp Är Töňňe», «Oguz han», «Boz gurt», «Ergenekon» dessanlaryny we beýlekileri ilkinji gezek edebiýatçy alym K. Ataýew sözbaşy makalasy bilen okyjylara ýetirdi (Beýik Türkmenbaşy nesli» g., 2003, 11-23-nji oktýabr, 8-nji noýabr). Türkmenleriň Beýik Parfiýa şalygy döwründe, I asyrda dörän, wakalary gadymy Merwde bolup geçen «Wis we Ramin» poemasy hem türkmenleriň ata-babalary bolan parlara degişli gadymy edebi-çeper gymmatlykdyr. Bu eseriň döreýşi, mazmuny, soňra onuň başga dillere terjime edilişi, onuň esasynda Gündogarda we Ýewropada ençeme eserleriň döredilşi, eseriň alymlar tarapyndan öwrenilişi dogrusynda taryhçy alym J. Annaorazow «Parlaryň parlak poemasy» («Edebiýat we sungat» g., 2006, 28-nji iýul) atly makalasynda gyzykly maglumatlar berdi. Demirgazyk-günorta Hytaýdan tapylan «Yrk bitik» atly golýazma türkmen halkynyň gadymy edebi-folklor ýadygärligidir. Üstünden on iki asyr töweregi wagt geçiren bu gadymy eser hakynda dilçi alym K. Babaýewiň «Müň ýyllyk möhürli еdebiýat» («Edebiýat we sungat» g., 2005, 16-njy dekabr) diýen makalasy bilen birlikde, eseriň teksti hem okyjylara ýetirildi. Gadymy türkmen dilinde şygyr bilen ýazylan bu eser birnäçe hekaýatdan durup, olarda haýwanlaryň we guşlaryň durmuşy beýan edilýär. Şolaryň üsti bilen göçme manyda ynsan durmuşy görkezilip, ahlak-terbiýe baradaky pikirler öňe sürülýär. Mundan başga-da K. Babaýew Oguz-Orhon ýazgylary hakynda «Göktürkmen poemalary» atly makalalary we tekstleri taýýarlap okyjylara ýetirdi («Garagum» ž., 2008, №11; 2010, №8, №10). XVI asyryň ýazuw ýadygärligi bolan Muhammet Alynyň «Oguznama» nakyllar ýygyndysy barada A. Baýmyradow «Oguznama − dananama» atly sözbaşy makalasynda gymmatly maglumatlary berýär. Alym köne türkmen dilindäki bu folklor golýazmasyny çapa taýýarlap, okyjylara hödürledi («Garagum» ž., 2005, №1, №2, №3; 2011, №2, №4, №5, №6, №7, №8, №9, №10). 2000-nji ýyldan bäri türkmen folklorynyň ylmy taýdan öwrenilişi barada aýdylanda, bu ugurdan ylmy barlaglaryň çäkleri, temalary giňeldi, täze pikir-garaýyşlar öňe sürüldi, öň mälim bolmadyk maglumatlar ýüze çykaryldy. Folklory öwreniji alymlaryň, ylmy işgärleriň ylmy makalalary ýurdumyzyň metbugatynda, ylmy neşirlerde, ýörite ýygyndylarda yzygider çap edildi Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, akademik M. Söýegow türkmen folklorynyň taryhyna, ýazuwly folkloryň tekstlerine degişli birnäçe işleri ýazýar. Onuň «Deňizleriň we ummanlaryň aňyrsyndan еşidilýän ýaň ýa-da Görogly beg Türkmeniň XIX asyrda Angliýa we Amerika baryp ýeten namalary» diýen makalasynda 1807-1882-nji ýyllarda ýaşap geçen amerikan şahyry Henri Wladsworth Longfellowyň Ýewropa eden syýahatynda A. Hodzkonyň «Görogly» eposynyň bir nusgasy ýerleşdirilen kitabyny ele salandygyny hakynda maglumat berýär. Ondaky Göroglynyň namalaryndan güýçli täsirlenip, şahyryň «Gaçgak. Hodzkonyň kyssa görnüşindäki terjimesinden goşga geçirilen türkmen aýdymy» («Türkmen dili» g., 2005, 13-nji iýul) diýen at we düşündiriş bilen üç bölümden, 22 bentden ybarat eser ýazandygyny beýan edýär. Alym şu makalasynyň yzynda şol goşgynyň iňlis dilindäki asyl nusgasyny we onuň setirleriniň, bentleriniň döremegine sebäp bolup biläýjek türkmençe nusgasyny hem çap еtdiripdir. Alym Göktürkmenleriň daşa ýazylan folklor ýadygärligine degişli makalalaryň we tekstleriň birnäçesini taýýarlaýar. Bu ugurdan onuň «Göktürkmen döwletinden galan taryhy ýazgylar» («Türkmen dili» g., 2004, 12-nji maý), «Kültegin ýadygärligi» («Aşgabat» g., 2006, 7-9-14-16-njy dekabr) atly işleri metbugatda çap edilýär. «Mukaddes Ruhnama we gadymy döwürlerde hem-de irki orta asyrlarda folklor-edebiýat babatynda türkmen-hytaý gatnaşyklary» (Kitapda: Mukaddes Ruhnama − täze müňýyllygyň pelsepesi − Aşgabat, 2007), «Oguznamalaryň» dürli golýazmalarynda taryhy hakykatyň we çeper-folkloryň özara mynasybeti» (Kitapda: Национальный фольклор народов Центральный Азии и проблемы духовного обновления общества. Материалы международной научно-практической конференции. – Нукус, 2008) we beýleki birnäçe işler alymyň türkmen folklorynyň irki döwürlerdäki ýagdaýyna, beýleki halklaryň folklory bilen gatnaşyklaryna, ýazuwa geçiş we köpnusgalylyk meselelerine bagyşlanandyr. Alymyň «Milli edebiýatymyzda aşyk-magşuk dessanlary» (Kitapda: Beýik Galkynyş eýýamynyň batly gadamlary (makalalar ýygyndysy, dördünji kitap) − Aşgbat, Ylym, 2009) atly makalasynda bolsa, türkmen nusgawy edebiýatymyzyň sahypalarynda ýazuwly we folklor dessanlarymyzyň orny, olar barada ylmy maglumatlar berilýär. Alym makalalarynyň birinde («Türkmen dili» g., 2008, 30-njy iýul) VII asyrdaky göktürkmenleriň üç sany hanynyň dana geňeşçisi bolan Tonýukukyň Gorkut atanyň prototipi bolandygy baradaky pikiri orta atdy. Filologiýa ylymlarynyň doktory A. Baýmyradowyň türkmen halk döredijiligi barada ýazan köp sanly makalalarynyň arasynda «Türkmen halk kyssalary» atly makalalar toplumy aýratyn ähmiýete eýedir. Alymyň «Hyýalyýet – halk kyssasynyň gadymy nusgasy» («Türkmen dili» g., 2011, 9-njy fewral), «Efsana – özbaşdak çeper gymmatlyk» («Türkmen dili» g., 2011, 6-njy aprel), «Halk kyssalary» («Türkmen dili» g., 2011, 18-nji maý) atly makalalarynda türkmen halk döredijiliginiň döreýşiniň gözbaşlary, formirlenişi, ösüşi ýaly meseleler ylmy taýdan seljerilýär. Olar mazmun, forma, taryhy-ösüş jähetden toparlara bölünip görkezilýär, atlandyrylýar. Aýratynam, alymyň halk kyssasynyň gadymy nusgalary bolan hyýalyýetler (türkmen mifleri) baradaky beýanetmeleri türkmen halk döredjiligini öwreniş ylmynda ilkinji täze ylmy pikirlerdir. Mundan başga-da alymyň «Daşa ýazylan dana sözler» («Türkmen dili» g., 2002, 3-nji aprel), «Abusagyt Abylhaýryň döwründe türkmen folklorynyň taryhy» («Türkmen dili» g., 2007, 21-nji noýabr), «Parfiýa − çeper gymmatlygyň mesgeni» («Türkmen dili» g., 2008, 28-nji maý), «Türkmen folklorynda oguznamaçylyk däpleri» (Kitapda: Oguznama ýordumy – taryhy we medeni çeşme hökmünde. − Aşgabat, 2010), «Etniki taryh we türkmen folklory»( Kitapda: Türkmen halkynyň kemala gelmegi we dünýä medeniýetiniň ösüş taryhy. − Aşgabat, 2011) ýaly onlarça makalalarynda türkmen folklorynyň taryhy, häsiýetli aýtatynlyklary, ösüşi ýaly meseleleriň çözgütleri ylmy taýdan beýan edildi. Halk döredijiliginiň käbir möhüm meseleleri filologiýa ylymlarynyň doktory A. Mämmedowyň döwürleýin metbugatda çap edilen birnäçe makalalarynda öz beýanyny tapdy. Onuň «Edebi-taryhy eýýamlar we halk döredijiligi» («Türkmen dili» g., 2006, 14-nji iýun), «Oguz handan gaýdýan taryhylyk» («Türkmen dili» g., 2006, 8-nji noýabr), «Oguz han döwrüniň alamatlary» («Türkmen dili» g., 2006, 22-nji noýabr), «Magtymguly eýýamy we dessanlar» (Türkmen dili» g., 2007, 1-nji awgust), «Gadymy ynanç esaslary» («Türkmen dili» g., 2008, 23-nji ýanwar) diýen makalalarynda halk döredijiliginiň taryhylygy, onuň eýýamlar, döwürler boýunça ösüşi, häsiýetleri we beýleki gaýry alamatlary açylyp görkezildi. Alymyň «Halk döredijiliginde içki baglanyşyk» («Türkmen dili» g., 2007, 7-nji sentýabr), «Türkmen halk döredijiliginiň içki baglanyşyklary» («Türkmen dili» g., 2009, 4-nji mart, 15-nji aprel), «Halk döredijiliginiň içki baglanyşyklary» («Türkmen dili» g., 2009, 15-nji iýul), atly makalalarynda bolsa, halk döredijiliginiň dürli žanrlarynyň biri-birine bolan gatnaşyklary, baglanyşyklary öwrenildi. «Halk ertekileri we edebiýatda ertekiçilik hadysasy» («Mugallymlar gazeti» g., 2009, 15-nji maý) «Türkmen halk ertekileri» («Mugallymlar gazeti» g., 2011, 2-nji sentýabr, 7-nji sentýabr) diýen makalalary bolsa ertekileriň käbir meselelerine bagyşlandy. Filologiýa ylymlarynyň doktory Ş. Geldiýewanyň 30-40-njy ýyllarda türkmen folklor nusgalaryny toplan aýry-aýry folklor toplaýjylar Çary Garabekow, Muhammet Ataşow barada birnäçe makalalar ýazdy. Ol «Miras galan hazynalar» diýen makalasynda ilkinji folklor toplaýjylaryň mirasyny öwrenmegiň zerurlygy barada şeýle ýazýar: «Hazyna toplaýjylar we olaryň toplan edebi gymmatlyklary, ol gymmatlyklaryň öz gezeginde türkmen folkloryny, edebiýatyny baýlaşdyrmakdaky hyzmaty, ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine täsiri hakyndaky çeper ýatlamalar, makalalar häzirki döwürde-de zeruryňam zerury» («Garagum» ž., 2011, №1). Halk döredijiligininiň alkyş-dilegler, yrym-ynançlar ýaly görnüşleri ylmy taýdan söňky döwürlerde öwrenilip başlandy. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty G.Ylýasowanyň «Alkyş-dilegler, doga-töwirler halk döredijiliginiň bir görnüşidir» («Türkmenistanda ylym we tehnika» ž., 2001, № 1), «Yrymlar halk döredijiliginiň gadymy görnüşidir» («Türkmenistanda ylym we tehnika» ž., 2003, № 1), «Magtymgulynyň döredijiliginde halkyň yrym-ynançlarynyň, däp-dessurlarynyň beýany» (Kitapda: Beýik Galkynyş eýýamynyň batly gadamlary (makalalar ýygyndysy, bäşinji kitap) − Aşgbat, Ylym, 2010) atly makalalarynda halk paýhasynyň bu nusgalarynyň gadymylygy, mazmuny, gymmatlygy, olary halk döredijiliginiň bir görnüşi hökmünde öwrenmegiň zerurlygy dogrusynda gürrüň açylýar. Alymyň başga-da ençeme makalalarynda halk döredijilginiň dürli meseleleri öz beýany tapdy. Belli folklory toplaýjy we öwreniji Ata Rahmanow «Gatbar-gatbar taryh ýatyr...» («Garagum» ž., 2005, №1), «Owadan we Oguz han eposy» (Garagum» ž., 2009, №11, №.12) atly makalalarynda entek türkmen folklory öwreniş ylmynda gürrüňi edilmedik gadymy türkmen eposlary hakynda giňişleýin maglumatlar berdi. Makalalar beýan edilýän wakalaryň gadymylgy, barlanylýan meseleleriň ýaýrawynyň giňligi, maglumatlaryň, delilleriň, çaklamalaryň köplügi bilen tapawutlanýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Weliýewiň «Rowaýatlarda Salar Gazan» («Garagum» ž., 2011, №7) atly makalasynda hem şeýle häsiýet saklanýar. Alym gürrüňi edilýän meseleler baradaky alymlaryň barlaglaryny, gelen netijelerini seljermek we goldanmak bilen, Görkut atanyň, Salar Gazanyň taryhy, edebi-folklor keşpleri barada täze pikipler aýdýar. Ol M. Söýegowyň Oguz-Orhon ýazgylaryndaky üç sany göktürkmen hanynyň weziri bolup geçen Tonýukuk bilen Görkut atanyň bir şahsdygy baradaky pikirini dogry tapýar. K. Babaýew hem «Gorkut ata hem Tonýukuk» («Garagum» ž., 2011, №7) makalasynda bu iki şahsyň birdigi baradaky alymlaryň pikirlerini goldaýar we ygtybarly çeşmeler esasynda Tonýukukyň ömrüne, işlerine degişli gymmatly maglumatlary berýär. A. Durdyýewanyň «Göroglynyň» nusgalary» («Diýar» ž., 2010, №11), A. Garryýewanyň «Görogly» şadessanynyň dünýä dillerine terjime еdilişi barada» (Kitapda: Görogly ýordumy we Gündogar еdebiýaty. − Aşgabat, 2009), S. Mämmetnurowyň «Ozanlar» («Garagum» ž., 2008, №11), «Söýeg bagşy hem onuň halypalary» («Garagum» ž., 2011, №2), N. Seýidowyň «Türkmen halk döredijiligini öwreniş ylmy Garaşsyzlyk ýyllarynda» («Türkmenistanda ylym we tehnika» ž., 2001, № 8), «Halk aýtgylary halkyň çeper önümidir» («Garagum» ž., 2005, №8), G. Gummanowanyň «Halk döredijiligi halkyň çeper hazynasydyr» («Garagum» ž., 2005, №8), G. Nuryýewanyň «Täzeden ganatlanan gymmatly miras» («Garagum» ž., 2005, №8) we beýleki ençeme makalalarda halk döredijiliginiň dürli meseleleri barada söz açyldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň türkmen filologiýasy fakultetleriniň mugallymlary we talyplary üçin hem gollanmalardyr okuw kitaplary neşir edildi. Olardan Gurbandurdy Geldiýewiň «Türkmen şahyrana halk döredijiligi» (2003) kitaby mugallymlar üçin gollanma hökmünde ýazylypdyr. Kitapda halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň gadymylygy, özboluşlylygy, milliligi täzeçe edebi taglymat, milli ruh esasynda açylyp görkezilipdir. Hojamyrat Goçmyradowyň «Türkmen halk döredijiligi» (2010) atly okuw kitaby Beýik Galk ynyş eýýamynda talyplara ýokary hilli bilim bermek we kämil hünärmenleri taýýarlamak barada öňde goýlan wezipeleri amal etmek maksady bilen taýýarlanypdyr. Türkmen alymlary döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşyp, türkmen folklorynyň dürli meseleleri bilen bagly ylmy çykyşlar etdiler. «Mahmyt Kaşgarly türkologiýa ylmyny esaslandyryjydyr» (2008), «Medeni miras − dünýäniň medeni we ruhy galkynyşlarynyň taryhyny öwrenmegiň çeşmesi» (2008), «Seljuklar döwrüniň edebiýaty we medeniýeti» (2009), «Görogly ýordumy we Gündogar edebiýaty» (2009), «Oguznama ýordumy – taryhy we medeni çeşme hökmünde» (2010), «Türkmen halkynyň kemala gelmegi we dünýä medeniýetiniň ösüş taryhy» (2011) we beýleki birnäçe ylmy maslahatlaryň materiallaryny öz içine alýan kitaplarda türkmen folklorçy alymlarynyň ylmy çykyşlaryň ençemesi orun aldy. Bularyň hemmesi türkmen folklorynyň öwrenilişine önjeýli goşant boldy. Türkmen halk döredijiligininiň öwrenilişine degişli şu gürrüňlerden folklory öwreniş ylmymyzyň üçünji müňýyllygyň ikinji onýyllygyna üstünlikli gadam basandygyny görkezýär. Täze Galkynyş zamany türkmen folklory öwreniş ylmynyň öňünde täze gözýetimleri açdy. Halk döredijilik eserlerini toplamak, halka ýetirmek we ylmy taýdan öwrenmek işleri hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatynyň we edebi miras baradaky taglymatynyň esasynda alnyp barylýar. Nury SEÝIDOW, ylmy işgär. 11. 11. 2011 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |