20:24 Türkmeniñ ahwaly -1 | |
Türkmeniň ahwaly
Taryhy makalalar
Golýazmany okap, degerli masla-hatlary berendikleri üçin alymlar Ýazgylyç Orazgylyjowa, Ata Jykyýewe, Nazar Gulla çyn ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Awtordan Ýandakdan pes, dagdan belent Boldy türkmeniň ahwaly...” Şeýdaýy “Gol biter, gol ýiter...” Türkmen halk nakyly Türkmen halkynyň gelip çykyşy barada alymlar dürli-dürli pikirler ýöredýärler. Mysal üçin XIX asyr alymy N. A. Aristow, akademik W. W. Bartold, tü rkmen edebiýatçysy Rahman Rejepow dagy we beýlekiler türkmenleriň ata-babalarynyň oguzlardygyny, asly mekanlarynyň bolsa häzirki Mongolystanyň, Gyrgysystanyň çäginde ýerleşýän Talas, Selenga töwerekleridigini, Orhan-Ýeniseý derýalarynyň boýlarydygyny nygtasa, professor Nazar Gulla we onuň ylmy şägirdi (aspiranty) Begmyrat Gereý (Germeniýa) dagy türkmenleriň aňyrsy has irki halklara – arilere we şumerlere hem dahylly bolaýmagynyň ahmaldygy barada pikir ýöredýärler. Orta Aziýa halklarynyň etnografiýasyny we arheologiýasyny öwrenmekde uly işler bitiren S. N. Tolstow bolsa, türkmenleriň ata-babalary Syr derýanyň aşak akymlarynda ýaşapdyrlar diýen düşünjä eýeripdir. XV asyr pars taryhçysy Mirhond, XV asyr taryhçysy Reşediddin dagy hem “türkmen” sözem, türkmen halkam oguzlar häzirki Türkmenistanyň çäklerine gelenlerinden soň döräpdir diýen pikirde bolupdyrlar. Pakystanly alym A. H. Dani türkmen taryhy esasan seljuklar zamanyndan başlanýandyr diýse, alymlaryň başga bir topary häzirki türkmen halky halk hökmünde XVI asyrlarda kemala gelipdir diýen düşünjä gol ýapýar. Biziň aňrymyzy has irki halkyýetlere – mundan otuz müň ýyl ozal Alýaskanyň üsti bilen Amerika kontinentine aşan halklara – häzirki indeýlere dahylly etjek bolup ýörenlerem bar. Emma soňky wagtlarda käbir türkmen alymlary düýbünden başga pikiri öňe sürdüler. Olardan Marat Durdyýew türkmenleriň aňyrsynyň arilere, şumerlere-hä däl, eýsem oguzlara-da doly derejede dahylly däldigini, şol sebäpdenem türkmen halkynyň gadymy mekanyny Talasdan, Selengadan, Altaýdan ýa Sibirden däl-de, hut şu toprakdan, köküni bolsa dah, massaget, alan, as, girkan, margian, parfian ýaly gadymy, eýran dilli ýerli halkyýetleriň kökünden gözlemelidigini tüýs ýürekden syzdyrsa, görnükli etnograf Ata Jykyýew onuň pikirini umuman goldaýar, emma türkmen halkynyň kemala gelmeginde oguzlaryň ikinji derejeli rol oýnandygy baradaky pikir bilen welin ylalaşmaýar. Garaz, pikir, garaýyş kän. Emma bu howply hadysa däldir. Gaýtam gowudyr. Çünki näbelli meseleler elmydama-da jedelli çekeleşikler, gözlegler arkaly çözülýändir. Eýsem bu çaklamalaryň haýsysy dogruka? Muňa çürt-kesik jogap bermek kyn. Ýöne, gürrüňlerine goşulýandygymyz üçin alymlardan ötünç soramak bilen, her-hal öz bildigimizi aýdyp geçmekligi ýüregimize düwdük. Taryh hronologiki yzygiderliligi gowy görýär. Şonuň üçinem biz şu çaka çenli dowam edip gelen: Oguzlar gadymy türki taýpalardan gelip çykypdyr, diýen düşünjäni ýüzugra ret edip, oguzlary gadymy türki taýpalardan has irki zamanlara geçirýäris. Şeýlede bolsa oguzlar barada “Oguznamadan” başgsa göze dürtülip duran taryhy çeşmäniň ýokdugyna görä, oguz taryhyny türkiler taryhynyň üsti bilen aýlap almaga mejbur bolýarys. Türkiler barada gürrüň etmek üçin bolsa, hökmany suratda hunlaryň, gunlaryň taryhyna ýüzlenmeli. Eýsem hunlar kim? Hunlar – dürli taýpalardan emele gelip, moladydan öňki II asyrda kuwwatly döwlet guran gadymy halkyýetdir. Şol dwürler olar hytaý bilen ýanaşyk ýatan giň sährada ýaşapdyrlar. Meşhur türkişynas L. N. Gumilew bu sährany – umman sähra (welikaýa step) diýip atlandyrýar. Onuň ýazmagyna görä, Umman sahra diýseň sowuk hem-de gurak bolupdyr. Emma şeýle ýowuz şertlerde ýaşandyklaryna garamanan hunlar Aziýany özüne bakna etmek üçin dört asyrlap yzygiderli hüjüm eden Han dinastiýasynyň güýjüni birsyhly yza serpikdiripdirler we tutuş Ýewraziýa kontinentini Hytaý agressiýasyndan gorapdyrlar. Miladydan öňki 133–93 ýyllarda bolsa olar Hytaýa garşy resmi döwlet hökmünde uruş alyp barypdyrlar. Uruş halky surnukdyrypdyr. Esasanam halkyň öňe çykan ogullary heläk bolupdyrlar. Çünki, olar elmydama söweşiň öň hatarynda bolupdyrlar. Öz halkyna azatlyk äberipdirlerem emma agyr ýitgilerden aýňalmak kyn bolupdyr. Taryhy mütdet bilen deňeşdireniňde onçakly uzaga çekmedik Hun döwleti I asyrda ýene-de kuwwatlanyp başlapdyr. Şeýlede bolsa batyrlygy, edermenligi bilen Hytaý ýaly güýçli döwlete garşy durmaga, gozgalaň turzup, özbaşdaklygyny gazanyp, döwlet gurmaga gaýraty çatan hunlaryň öz döreden döwletlerini saklamaga ukyplary ýetmändir. L.A. Gumilewiň ýazmagyna görä, täze imperiýanyň döwlet gurluşyny olar hytaýlylardan göçürip alypdyrlar. Köşkdäki tertip-düzgünler, ýöredilýän dessurlar Han monarhiýasynyň düzgünlerine kybapdaş bolupdyr. Köp asyrlyk ruhy medeniýeti, döwleti edara ediş endikleri bolmadyk hunlar zoraýakdan siwilizasiýalaşdyrylan warwarlara öwrüipdirler. Serkerdeleriň häkimlik söýüjiligi, tekepbirligi we gedemligi, esgerleriň biweçligi ýaňy bir aýaga galyp barýan hun döwletiniň lagşamagyna getiripdir. Üstesine, käbir toparlarda göz-görtele Hytaýa ýan bermek meýli döräpdir. Netijede, hunlar bilen hytaýlylaryň etniki taýdan garyşmak prosesi başlanypdyr. Emma hun döwletini – döwlet hökmünde gutarnykly derbi-dagyn eden hytaýlylar däl-de, häzir ýok bolup giden, ýöne taryhda “sýanbi” ady bilen belli, Umman sährada hemişe hunlar bilen bäsleşip gelen söweşjeň halkdyr. Has irkiräk döwürde olary: “Sarbi, Sarwi, Sirwi...” diýip atlandyrýan ekenler . Sýanbiler hem edil hunlar ýaly Hytaý medeniýetiniň täsirine düşüpdirler. Hunlaryňky ýaly hatda çarwa medeniýeti hem bolmadyk sýanbileri täsirlenme belasy hasam erbet ýagdaýa salypdyr. III asyrda Umman sährada emele gelen elhenç gurakçylyk bolsa olary Hytaýyň demirgazyk düzlüklerine tarap süýşmäge mejbur edipdir. Şol ýerde olar aborigenler bilen tükeniksiz tutluşyga giripdirler. Öň birek-birekden üzňe ýaşan, kökleri bir bolmadyk bu iki halkyň ikisem tas gyrlyp gutarara gelipdir. Netijede, sýanbili Tufa Fan Ni 439-njy ýylda öz taýpasynyň uly bolmadyk bölegini Gobi sährasynyň demirgazyk degrelerine tarap alyp gidipdir. Başga bir sýanbili Aşyna bolsa, bäş ýüz öýlüden ybarat göçüň öňüne düşüp, Altaýyň günorta eňňitlerine aralaşypdyr. Onuň şol, “bäş ýüz” öýlüsi hunlaryň we sýanbileriň hytaýlylardan basyp alan dürli taýpalarynyň garyşmagyndan emele gelen topar ekeni. Şu gaçgak toparlaryň ikisem orta asyrlarda iki sany güýçli döwletiň – Tibet imperiýasynyň hem-de beýik Türk hanlygynyň döremegine sebäp bolupdyr. Hytaýlylar Aşynanyň golastyndakylara: Tu-kýu” diýipdirler. Alym T. Pello bu sözi “türk-ýut” /türküt/ diýip terjime edipdir. L. N. Gumilew hem “türk” adyny alan soňky türkilerden tapawutlandyrmak üçin, öz işnde olary “türkütler” diýip atlandyrýar. “Türk” diýmek hytaýça “güýçli”, “çydamly” diýen düşünjäni aňladypdyr. Onuň yzyndaky “üt” goşulmasy bolsa mongol dilinden geçipdir we köplük Manysyny beripdir. Türkütleriň serdary han Aşynanyň ady bolsa – möjek diýen Mana eýe bolupdyr. Mongol dilinde “şono”, “çino” görnüşinde aýdylypdyr. Öňüne goşulan “A” bolsa Hytaý diliniň goşulmasy bolup durýar we goşulan sözüni has hormatly edip görkezýär. Şeýlelikde, Aşyna – akylly möjek diýmekdir. Araplar bu sözi “şane” görnüşinde ýazypdyrlar. Hytaý awtorlary “türk hany” we “möjek” sözüni sinonim hasaplapdyrlar. Diýmek, “türk” sözi Aşynanyň “bäş ýüz öýlüsi” taryhy arena çykandan soň, has takygy Ý asyrda şolaryň ady hökmünde ýüze çykypdyr. Ýöne, olar şol wagt entek öz sýanbi dillerinde, ýagny gadymy mongol dilinde gepleýän ekenler. Aşynanyň ornaşan ýerinde gelip çykyşlary boýunça hunlardan bolan, soň “türki dil” adyny alan dilde gepleýän, “L.N.Gumilewiň aýtmagyna görä, Sary deňziň boýundan örňän gaýdan dürli taýpalar ýaşaýan ekeni. Aşynanyň “bäş ýüz öýlüsi”, ýagny türkütler , ana şol ýerli aborigenler bilen garyşypdyrlar we ýüz ýyl geçip-geçmänkä hytaýlylar tarapyndan özlerine dakylan “tu-kýu”/türküt, türk/ adyny olaryňam boýunlaryna atypdyrlar. Emma olara juda azdyklary üçin özlerem ýerli halkyň dilini kabul edip alypdyrlar. Görşümiz ýaly, asly hytaýlylardan, hunlardan, sýanbilerden bolan Aşynaňkylar öz atlaryny, asly hunlardan bolan aborigenler bolsa öz dillerini orta goýup, täze bir halkyýeti – türk halkyýetini emele getiripdirler. Şol döwürler Altaýdan uzak Günbatarda oguzlaryň, kanlylaryň (ganlylaryň), bejeneleriň eýýäm özbaşdak halk hökmünde ýaşap ýörendiklerini saňa ýetirmek, hormatly okyjy, bizi esasy maksadymyza – oguzlaryň türkütlere görä has gadymy halkdygy, asyl-ha şolardan gelip çykmandyklary gaýtam olaryň gözbaşynda durandyklary baradaky söhbedimize golaýlaşdyrýar. Bejeneler, kanlylar kimin käbir kabylalary hem şol döwürde aýratyn halk hökmünde ýaşap ýören bolsalar, onda oguzlaryň özleriniň “türkütlerden nijembir asyr öň kemala gelendiklerini indi özüňiz göz öňüne getiriberiň. Şeýle bolsa onda orta asyr taryhçysy Mahmyt Kaşgarly tarapyndan orta atylan: “oguzlar türki kabylalaryň biridir” diýen düşünje nireden peýda bolduka? Bu – biziň pikirimizçe şeýleräk bolmaly. Ýagny, täze dörän türki kowum şol döwür dumly-duşa iňňän çalt ýaýrapdyr. Orhon-Ýeniseý türkileriniň gol ýaýradan meýdany Gündogarda demirgazyk Hytaýdan başlap, Günbatarda Wizantiýa çenli, Demirgazykda Manusin çöketliginden başlap Týan-Şan daglaryna çenli baryp ýetipdir. Şol döwürde türkilere goşulan halklaryň ählisine keseki ýurtly syýahatçylar we taryhçylar tarapyndan “türkiler” diýlipdir. Araplar Sogduananyň demirgazygyndan başlap Orta hem Merkezi Aziýanyň ähli çarwalaryny haýsy dilde gepleýändiklerine garamanan “türkiler” diýip atlandyrypdyrlar. Şondan soň türki dil olaryňam umumy, özbaşdak diline öwrü;ipdir. Türki sredanyň ýer ýüzüne hakykatdanam iňňän çalt ýaýrandygy barada W.W.Bartold şeýle ýazýar: “Ähli türkiler eýýäm VI asyrda Wizantiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň serhetlerinde bir adam ýaly hereket edýärdiler. Soň türki dil adyny alan gadymy dilde has irki döwürden bäri gepläp gelýän oguzlaryňam şol uly gurluşdan çetde durmandyklaryny güMan etmek kyn däl”. Taryhy çeşmelere, Orhon-Ýeniseý-Talas ýazgylaryna göz aýlanyňda, türki sredanyň içinde oguzlaryň esasanam “üç oguz”, “dokuz oguz” bölümleri göze ilýär. Şonuň üçinem, iň bolmanda oguzlaryň şu bölekleriniň beýik Türk hanlygyna girendiklerine ynanmak mümkin. Oguzlaryň “dokuz oguz”, “üç oguz” bölümleriniň hakykatdanam Beýik Türk hanlygyna girendikleri baradaky maglumata L. N. Gumilewiň “Gadymy türkiler” atly işinde hem duş gelmek bolýar. Ýöne ol muny: “Dokuz oguz – dokuz sany taýpa bileleşigini emele getiren uýgurlardyr, “üç oguz” – üç sany taýpa birleşigini emele getiren garlyklardyr” diýip, düýbünden ters düşündirýär. Türk hanlarynyň hormatyna ýazylan ýazgylardaky duş gelýän “oguz” sözüne hem ol oguz halkynyň ady hökmünde däl-de, “taýpa” Manysyny berýän “budun” söz aňlatmasy hökmünde garaýar we ol iki sözüň aratapawudyny şeýleräk düşündirýär: ýagny, türkiler tarapyndan boýun egdirilen uýgurlar türkileriň öz içinden çykan taýpa däl-de, olara goşulan il bolup durýar, şonuň üçinem olar türkilere budun /il/ bolýarlar, emma özleriniň içki düzgün-nyzamlaryny, özboluşlylygyny saklandyklary üçin “oguz” bolmaklygy bes etmeýärler” diýýär. Bilge hanyň: “dokuz oguz halky meniň öz halkymdy” diýen meşhur sözüne hem ol: “dokuz oguz halky maňa bakna ildi” diýen Manyda garaýar. Edebiýatçy Rahman Rejepow bolsa hut, şol sözi üçin Bilge hany oguz hasap edýär. Ol 747-nji ýylda ikinji Türk hanlygyny ýykan Moýun Çory hem köp alymlaryň çak edişi ýaly uýgur hasap etmeýär. Gaýtam tersine, oguz hasap edýär we döwlet başyna Moýun Çoryň geçmegini türk hanlygynyň syndygy däl-de, dowam etdirildigi diýip düşündirýär. Delil hökmünde Moýun Çoruň hut öz sözlerinden şu aşakdakylary mysal getirýär: “Wernuwşis ostanowilsýa lagerem, a ýa sobral i soedinil moý sobstwennyý narod “dewýat oguzow”. Rahman Rejepow türki hanlaryň köpüsiniň oguzdygyny, atlarynyňam türkmen atlarydygyny öwran-öwran nygtaýar. Ol Ýe. Malowa salgylanyp Othon ýazgylarynyň dilini hem oguz dili hasap edýär . Oguzlaryň hakykatdanam türk hanlygyndan çetde durmandyklaryny Tonýukuk hormatyna ýazylan ýazgydaky: “Türk Bilge kagan türk syr budunyg oguz budunyg içigi oldur” /Türk hany Bilge kagan türk syr halkyny we oguz halkyny beýgeldip otyr/ diýen sözler hem subut edýär. Ýöne şu ýerdäki “oguz budunyg” diýen söze aýratyn üns beriň. Eger-de L. N. Gumilewiň aýdyşy ýaly oguz sözi hem “budun” ýaly “taýpa” Manysyny aňladýan bolsa, onda şol iki söz şu ýerde reňkdeş gelýär we ikisem “taýpa”, diýen manyny berýär. Netijede bir söz iki gezek gaýtalanýar. Biziň pikirimizçe bu ýerde “oguz” sözi halkyň ady manysynda, “budun” bolsa “halk”, “il” Manysynda gelýär. Ýagny, “oguz halky”, “oguz ili”. Diýmek, türk hanlygynyň içinde türkütler bilen oguz ili hem deň derejede hereket edýär. Türk hany Bilge kagan oguz ilinem türk halky bilen deň-derejede görýär. Ikisinem deň beýgledýär. “Oguz” sözüniň “taýpa” manysynda gelýändigi baradaky söhbetiniň soňuny L. N. Gumilew şeýleräk jemleýär: “Şeýlelikde “oguz” sözi başda “taýpalar” Manyny aňladyp, soň etniki ada öwrülipdir. Soňabaka “budun” sözi kimin o-da öz ähmiýetini ýitiripdir we türkmenleriň legendar nesilbaşysy Oguz hanyň adyna öwrülipdir”, Iň geň ýerem, oguzlaryň türkilerden uzak günbatarda aýratyn halk hökmünde ýaşap ýörendiklerini hut özüniň salgy berýändigine garamanan L. N. Gumilewiň oguzlaram, Oguz hanam türk hanlygynyň içinden, täzeden howaýy ýerden döretjek bolup ýörmesidir. L. N. Zgumilewiň bu pikirini hormalty alymymyz A. Jykyýew hem goldaýar . Ol muny gadymy türki çeşmelerde “oguz” sözüniň has at hökmünde duşmaýandygy bilen delillendirýär. “Oguz” sözüniň başda has at bolup, soňam giden bir halkyň adyna öwrülendigini köre hasa edip duran subutnamalary tapmak elbetde kyndyr. Belki-de ol subutnamalar gadymy hytaý ýazgylarynda, Oguz hanyň azm eden ýurtlarynyň kitaphanalarynda bize garaşyp ýatandyr, belki-de ol subutnamalar oguz iliniň iňňän gadymylygy hem-de dogup-dörän çarwa halk ekendigi zerarly hiç hili ýazga geçmän, diňe meşhur “Oguznamanyň” üsti bilen dilden-dile geçip gelendir. Çünki, şol eposda Oguz hanyň ýörüşleri jugrafiki taýdan diýseň takyklyk bilen görkezilýär. Eposda seljuklar döwri Oguz hanyň adyna ýöňkelendir, diýip pikir etmegem mümkin däl. Çünki, Oguz hanyň Demirgazyk Hytaý, Tibet, Hindistan kimin azm eden ýurtlary seljuklaryň giden ugrundan düýpgöter ters tarapda. Ýeňsede. Oguz han döwrüni iňňän gadym eýýämlaryň gatyndan gözlemelidigini Abyl-Gazam salgy berip otyr. Ol Oguz hany mundan bäş müň üç ýüz ýyl öň ýaşap geçen eýran şasy Keýumers bilen döwürdeş edip görkezýär. Siňe syn etseň Reşideddinem Oguz taryhyny miladydan öňki VIII asyra degişli edýär. Bu-da hele-müçe möhlet däl. Folklarçy Ata Rahmanow bolsa Oguz hanyň ýaşyny alty – ýedi müň ýyla ýetirýär. /Şu barada professor Nazar Gullanyň pikirini biz yzda aýdarys./ Oguz hanyň taryhy şahsyýet bolandygyny türki halklaryň eponim, ýagny dünýä arenasyna öz serkerdeleriniň ady bilen çykyş dessury boýunçada aňlamak mümkin. Mysal üçin: seljuklar, osmanlylar, gypjaklar we ş.m. Türk, oguz taryhy bu dessuryň çöwre ýüzünem bilýär. Ýagny alp ärleriň öz halkynyň, taýpasynyň adyny alan wagtlaram az däl. Salyr Gazan, Bükdüz Aman, Garadäli gökleň, Oraz Salyr we ş.m. Öküzleriň, oguzlaryň öňüne çykan Oguz hanyňam şu çöwre dessur boýunça öz halkynyň adyny alan bolmagy mümkin. Öküzler barada biz yzda gürrüň ederis. Ýöne, şol döwürler, ýagny, mundan alty müň ýyl ozal köphudaýlylyk döwri bolup, her halkyň, her taýpanyň öz totomy, sejde edýän haýwany bolupdyr. Şol iňňän irki dessuryň galdyran yzyny türkmen taýpalarynyň tire atlarynda henizem görmek bolýar. Mysal üçin: Tilki, öküz, haýwan, gulançy we ş.m. Öküzler – öküze uýupdyrlar. Muny alymlar öküzleriň asly mekany bolan Altyn depeden tapylan, altyndan guýlan öküz kellesiniň şekli arkaly tassyklaýarlar. Şeýlelikde, soň oguza öwrülen “öküz” adynyň oguz halkyna-da, oguz serdary Oguz hanyň adyna-da öz totomlary arkaly geçipdir diýip çaklamak mümkin. Ýöne, Oguznamada oguzlaryň totomy çal möjek. Uly ýörüşler mahaly öňüne düşüp Oguz hana ýol görkezýänem şol. Bu bolsa eýýäm olaryň mongol, hytaý serhetlerine aralaşyp, ýerli halklaryň täsiri bilen mazaly assimilleşen oguz ozanlarynyň öz hanlaryny täze düşünje boýunça täzeçe taryplandyklarynyň alamatydyr. Çünki, oguzlar bilen goňşulykda ýaşan we täsirini ýetiren gadymy türkütler – ene möjegi we hun şazadasyny, mongollar /sýanbiler/ - ene suguny we möjegi, telesler – möjegi we hun şanyýunynyň gyzyny öz nesilbaşylary hasap edipdirler. Çal möjek ýa-da gök böri soňabaka “türk” adyny alan ähli halklaryň totamyna öwrüldipdir. Her hal Oguz hanyň taryhy şahsyýetdigine, Oguznamanyň hem taryhy çeşmedigine şübhelenmek bolmaz. Oguznamanyň taryhy çeşmedigine “Gorkut ata”, “Görogly” eposy we beýleki halk dessanlaryna garanda beýan ediliş usulynyň dokumental informasion äheňdeligem, jugrafiki ýerleriň, toponomiki atlaryň iňňän takyklyk bilen tewsir edilýändigem, çeper eserlere mahsus bolan goşgy bilen beýan etmeklik, gahryManlaryň içki dünýäsine aralaşmak, obraz bermek ýaly tärleriň gaty bir göze ilmeýändigi hem delil bolup biler. /Biz Reşideddiniň Oguznamasyny we Pariž wariantyny göz öňüne tutýarys/. Oguznama taryhy çeşme hökmünde garamalydygyny azerbaýjan alymy R.M. Şükürowa hem belleýär. N. Bernştam bolsa, “Oguznamada” Gündogarda bolup geçen bäş sany taryhy döwrüň beýanynyň bardygyny belläpdir. 1. Patriarhal gatnaşygyň emele gelmegi. 2. Synpy gatnaşygyň emele gelmegi. 3. Gunlar döwri. 4. Modeniň Oguz han bilen kybaplaşdyrylmagy. 5. Türk zamany. /V–VIIIaa./ 6. Bejeneler – komanlar. /IX–XIIaa./ Görşüňiz ýaly “Oguznama” bir arka tarapdan ýa bäri-bärde döredilen eser däl. Onda gunlar, hunlar döwründenem öňki ýaşap geçen halkyýetleriň ruhy, ömürleriniň öwüşgini bar. Onsoňam dilden-dile geçýän her bir esere dürli döwrüň ruhy siňýär. Bu – ýurtda syýasy ýagdaýlaryň üýtgemegi, ýurduň elden gitmegi ýa başga ýurtlara aşylmagy bilen bagly bolýar. Her döwrüň rawylary rowaýat edenlerinde aýdan rowaýatlaryny ýurdy edara edijiniň ýa-da agalyk ediji synpyň talabyna, şol döwrüň syýasatyna görä üýtgedýär. Ýöne, her niçik hem bolsa eseriň başky sudury saklanýar. Bu ýagdaý ýeke bir Oguznamada däl, “gorkut atada”, “Görogluda” hem şeýledir. Biziň üçin iň gymmatlysy welin, eseriň başky sudurydyr. Şeýlelikde, “oguz” sözi “taýpa” Manysynam aňlatmaýar, türk hanlygynyň içinde döräp, soň oguz halkyna, ondan soňam Oguz hanyň adyna hem öwrülmeýär. “Dokuz oguz”, “üç oguz” sözi bolsa, türk hanlygynyň içindäki oguz taýpalarynyň birleşigini aňladýar. Şeýle aňlatma türk hanl;ygyna giren beýleki halklaryň mysalynda hem gabat gelýär. Mysal çýin: “otuz tatarlar”, “tokuz tatarlar”. Eýse şu ýerde “tatar” sözem “taýpa” Manysynda gelýärmikä? Ýok! Bu asla beýle däl! “Otuz tatarlar” Hytaý ýazgylarynda “şiwäý” diýlip atlandyrylýar. Bu bolsa gadymy “sýanbi” sözüniň ýoýlan görnüşidir. Sýanbiler bolsa bilşiňiz ýaly halk. Diýmek, “otuz tatarlar” sözi halky aňladýar. “dokuz oguz”, “üç oguz” sözüne hem hut şol terzde garamak gerek. / “Ýedi oguz” görnüşinde duşýan ýeri hem bar/ “Dokuz oguzlaryň” hut oguz taýpa bileleşigidigini, onuňam hut türk hanlygyna girendigini akademik W. A. Gordlewskiý hem belläp geçýär. Ol şeýle ýazýar: “...Oguzy – odna iz tureskiýih/ “týurkskih” bolmaly. J. H./ plemen, o nih upominaet orhonskiýe nadpisi ÝIIIw. Oni delilis na dewýat rodow /”tokuz-oguz”/, sifra “dewýat” goworit o bolşoý wnutrenneý znaçimosti etogo plemeni .” Käbir çeşmelerde dokuz oguzlaryň oguz massasyndan aýratyn görünýändiginem olaryň türk sredasyna aýratynlykda we has ykjam aralaşan bolmaklarynyň mümkindigi baradaky pikirimizi tassyklaýar. Mysal üçin, IX a. taryhçy Ibn Hordadbeg türki dilli halklaryň jugrafiki taýdan ýerleşişi barada şeýle ýazýar: “Страна турок тугуз огузов – самая обширная из тюркских стран. Граничит она с Сином, ат-Туббатом и Карлуками, /затем идут/ кимаки, ...гузы /ал-гуза/, чигили /ал-джигир/... Görşüňiz ýaly şu ýerde “dokuz oguzlar” bilen “guzlaryň” /oguzlaryň/ arasynda serhet bar. Üstesine-de “dokuz oguzlar” şu ýerde beýleki oguzlardan aýratynlykda “dokuz oguz türkileri” diýlip görkezilýär. Şujagaz faktyň özem oguzlaryň hemmesi bolmasa-da, “dokuz oguz”, “üç oguz” ýaly uly bölekleriniň edil bejeneler - /песенеглер/, ganlylar kimin özbaşdak bölege öwrülendiklerine, syýasy taýdandan türkileşendiklerine şaýatlyk edýär. Dokuz oguzlaryň umumy massadan aýratyn görünýän ýeri arap jugrafiýaçysy Ibn-Hawkalýanyň “al-Guziýa” atly eserinde hem göze ilýär. Ol IX-X asyrlarda oguz türkmenleri Mawerrannahryň aňyrsynda, Syr derýanyň aşak akymynda ýaşardylar, olardan gündogar tarapda garlyklar, olardan gündogarda, ýagny, Ýedisuwda (Семиречье) bolsa “tokuz oguz” taýpalary ýaşaýardylar diýip ýazýar. Gepiň gysgasy “dokuz oguzlar-a uýgurlar däldir, “Üç oguzlaram” garlyklar däldir. Şeýdaýynyň: “uýgur diýip eşitmiş oguzlary” diýen gyjytly setirlerem öňde-soňda şol iki halky taryhyň gatynda garjaşdyrýanlara gahar edilip ýazylan bolsa gerek . Dokuz oguzlaryň türk hanlygynyň esasy bölegini düzendigi baradaky subutnamany Kültegin hormatyna bagyşlanan kiçi ýazgydan hem getirmek boljak. Şol ýerde Bilge Kagan şeýle diýýär: “Dokuz oguz begleri, buduny bu sözümi ýagşyja eşidip, üýnümi aňlaň!” Kültegin hormatyna bagyşlanan uly ýazgydan mysal: “Türk oguz begleri budun esidiň!...” Ine, orta asyr taryhçysy Mahmyt Kaşgarly tarapyndan orta atylan, “oguzlar türki kabyladyr” diýen ýalňyş düşünjäniň döremegine sebäp bolan ýagdaý megerem şudur. Ýagny, oguzlaryň “dokuz oguzlar”, “üç oguzlar” böleginiň türki sreda has golaý durup, has göze ilerlik türkileşenligidir. “Dokuz oguzlar”, “üç oguzlar” barada bes! Indi oguzlaryň umumy böleginden habar alalyň. Oguzlaryň galan böleklerem türki dünýäden daşda durandyrlar diýip bolmaz. Ýöne, olar baradaky gürrüňi Günorta Türkmenistanyň ilatynyň baryp-ha miladydan öňki II müňýyllykda, Murgap deltasynyň, Amyderýanyň orta akymlarynyň üsti bilen Günorta Sibire we demirgazyk Hytaýa aşandyklary we II-ÝI asyrlarda yzlaryna dolanyp başlandyklary baradaky pikiriň hem bardygy bilen başlaýsak kem bolmazmyka diýýäris. Bu barada türkmen alymy Ö. A. Ödekow “Türkmenleriň teke taýpasynyň adynyň döreýşi hakynda” atly makalasynda habar berýär? Şular ýaly bir pikiri Germaniýaly alym Begmyrat Gereý hem öňe sürýär . Ol gadymy şumerleri hem miladydan öňki IV müňýyllykda şu ýerden ýagny, Änewden Mesopotamiýa giden hasap edýär. Onuň ylmy halypasy professor Nazar Gulla bolsa Mesopotamiýa baryp Şumerler adyny alan şol halky Änewliler däl-de, Öküz derýasynyň boýunda oturan Gök süýrrülileriň bir bölegi bolaýmasyn diýen pikiri öňe sürýär. Ol sözüniň dowamynda Göksüýrülileriň Mesopotamiýa gitmän galan başga bir böleginiň bol suwly Amyderýanyň orta akymyna – Horezm topragyna barandyklaryny we ol derýa öňki öz derýalarynyň – Öküz derýasynyň adyny, ýurda bolsa, “Horezm” diýip, öňki ýurtlarynyň – Horasanyň adyny dakanlaryny aýdýar. (Hor – Gün diýmek bolup, Horasan, Horezm, Güneş ýurdy diýen Manyny aňladdypdyr). Üçünji topar demirgazyk – Gündogara süýşüp, Murgabyň gadymy ugrunyň aşak akymynda häzirki Kellelide ornaşypdyr. Dördünji topar gadymy Hapyzda (Tejen – Sarahs ýolunda) miladydan öňki III müňýyllygyň dowamynda ýaşapdyrlar we derýa goly guransoň ol ýerden Owganystana, soňam Bulujystana, miladydan öňki II müňýyllygyň başlarynda bolsa demirgazyk Hindistana aşypdyrlar. Miladydan öňki II müňýyllygyň ortalarynda olaryň bir ýarym müň ýyllap Kellelide – Marguş ülkesinde ýaşan toparlarynyň uly bir bölegi kowumdaşlarynyň yzy bilen Demirgazyk Hindistana gidipdirler. Bu ýerde ol ýere baranlar özlerini “ariler” diýip atlandyrypdyrlar /ary – arassa diýmekdir/. Şol toparlar soňra Owganystanyň, Eýranyň, Balkan ýurtlarynyň üsti bilen geçip, häzirki Germaniýada nemes milletini emele getiripdirler. Nazar Gulla özüniň bu maglumatlaryny nemes şekillendiirş sungatynyň, dürli nagyşlarynyň Änew, Göksüýri, Altyndepe, ylaýta-da Kelleli medeniýetine degişli önümlere meňzeşligi, nemes-türkmen dillerindäki umumylyklar bilen delillendirýär. Ol türkmeniň legendar nesilbaşylarynyň biri Oguz hanyň adynyňam hut, Öküz sözünden bolup, dört müň ýyl mundan ozal häzirki Kaka, Tejen, Sarahs etraplarynda, Öküz derýasynyň boýunda ýaşap öküze uýan ata-babalarymyzdan bölünip gidip, häzirki Gazagyztan, Gyrgyzystan, Mongolystan ülkelerinde mesgen tutan halkyýetiň içinden çykan taryhy şahsyýetdir diýip çaklaýar . Onuň pikiriçe Oguz han şol ýerden häzirki Özbegistanyň, Owganystanyň üsti bilen Demirgazyk Hindistana, ondan gelen soň Eýrana, Şama, Müsüre ýöriş edipdir. Miladydan öňk iII hem-de I müňýyllyklaryň sepgidinde hem biziň ildeşlerimiziň belli-belli toparlary Eýrana, Kiçi Aziýa, arap ýurtlaryna tarap gidipdirler. Nazar Gulla alym Şerbakowyň işine salgylanyp, birnäçe Skandinawiýa halklarynyň ata-babalarynyň hem häzirki Aşgabat, Gäwers, Nusaý töwereklerinden gidendiklerini habar berýär . Agzalan halkyýetleriň häzirki Türkmenistanyň çäklerini terk eden döwürleri, bu ýerde dahlar, massagetler, saklar, aslar, alanlar, girkanlar, margianalylar, parfiýalylar ýaşapdyrlar. Köp alymlaryň çak edişlerine görä, olar eýran dilli, ýewropid halklar bolupdyrlar. Täze taglymaty öňe sürýän alymlaram ine, hut şu halklary türkmenleriň gönüden-göüi ata-babalarydyr öýdýärler we türkmen halkynyň kemala geliş prosesinde oguzlara gelmişek roluny berjek bolýarlar. Olaryň pikiriçe, ýokarda ady tutulan ýerli halklar iki eýýamyň örküjinde şu topraga aralaşan türki halklar bilen garyşyp, “türkmen” halkyny emele getiripdirler. IX–X aa. bu ýere lükgeleýin gelen oguzlar bolsa olara garyndy hökmünde goşulypdyrlar. Bu, hakykatdanam şeýledir. Ýöne, öküzler, göksüýrililer, änewliler ýaly has irki ýerli taýpalaryň miladydan öňki IV, III,II müňýyllyklarda dürli taraplara – Sibir, Altaý, Mongolystan, Hytaý sebitlerine gidendiklerini miladydan öňki II-III a. bolsa yzlaryna dolanyp başlandyklaryny biz öňde aýtdyk. Şonuň üçinem iki eýýamyň örküjinde şu topraga aralaşyp ugran we ýerli halklar bilen garyşyp başlan türkiler” hem, belki bir zamanlar şu toprakdan giden we IX-XI asyrlarda ata-watanlaryny küýsäp, lükgeleýin yzlaryna dolanan öküzleriň-oguzlaryň Türkmenistana aralaşan has irkiräk bölekleridir? Biziň bu pikirimize delil bolup biläýjek mysallar bar. Mysal üçin, türkmen alymy K. Nurmuhammedow asly oguz bolan we türkmen halkynyň kemela gelmeginde görnükli rol oýnan salyrlaryň baryp-ha ÝII asyrda Sarahsda oturandyklary baradaky maglumata arap çeşmelerinde duşmak bolýandygyny habar berýär. Şeýle hem ol VIII asyrda Mary etraplaryna syýahat eden Dinawere salgylanyp, şol ýerde gara guzlaryň we çarwa guzlaryň ýaşandygyny belleýär. Onsoňam Eýran dilli, ýerli hasap edilýän halklaryňam esasan şol gadym döwürde şu ýerden giden halklaryň – öküzleriň, göksüýrilileriň, änewlileriň galyndylary bolmagynyň ahmaldygyny-da unutmalyň. Muny şol halklaryň taryha taýpa atlary bilen däl-de, öz oturan ýer-ýurt atlary bilen ýagny, margianalylar, horasanlylar, kaňlylar diýen ýaly atlar bilen girendikleri hem tassyklaýar. Bu meselede alymlary biziň şu pikirimize garşy goýjak zat – şondan soň, ýagny, iki asyryň örküjinde bu topraga “türki” halklar aralaşyp başlandan soň, ýerli halkyň kelleçanagynyň ýasylaşyp başlandygy baradaky habarlardyr. Olar munuň üçin öňi bilen Al-Masudynyň: “...oни /огузы ж.х./ самые храбрые из тюрок, самые маленькие из них ростом и у них самые маленькие глаза” diýen sözlerini tutaryk edinýärler. Ýöne, ylym üçin irki alymlaryň ýazyp giden zatlarynyň ählisini gutarnykly tutaryk edinmek dogry däldir. Çünki, birinjiden-ä Al-Masudynyň göreni oguzlaryň “üç oguzlar”, “dokuz oguzlar” ýaly, türki sreda has golaý durup, haýsydyr bir mongoloidleşen, ýa-da oguzlara goşulyp, oguz adyny alan genetiki däl-de syýasy taýdan türkileşen mongolsypatly türkiler bolmagy mümkin. Ikinjidenem, orta asyr taryhçylary gözi bilen gören, gulagy bilen eşiden zatlaryny hiç bir ylmy derňewsiz, tankydy nukdaý-nazar bilen garamanan şol durşuna, informasiýa hökmünde beýan edipdirler. Olar hatda rowaýatlara-da ylmy badalga hökmünde daýanypdyrlar. Şonuň üçinem bir zat barada olaryň hersi bir dürli maglumat berýär. Mysal üçin, “halaçlar”, “gypjaklar” barada Abyl-Gazyda bir hili, Oguznamanyň Pariž milli kitaphanasyndan tapylan nusgasynda ýene bir hili, Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany Lugat At-Türk” kitabynda bolsa düýbünden başga hili maglumat berilýär. Taryhy çeşmelere tankydy göz bilen garamalydygyny Mahmyt Kaşgarlynyň agzalan işindäki: “Oguz-türk taýpalarynyň (“kabyla”) biri türkmenlerdir” diýen meşhur sözlerini hem, ysal hökmünde getirmek bolar. Bu ýerde birinjiden-ä oguz-türk (tur-k) sözüniň aslynyň birdigini bir halkdygyny Mahmyt Kaşgarly üýni bilen aňlamaýar. Ikinjidenem türkmenler oguz taýpasy dl-de, öň olardan bölünip özbaşdak kemala gelen we taryhyň gerdişine görä ýene-de oňa goşulan halk. Oguzyň içinde “türkmen taýpasy” ýa-da türkmeniň içinde “oguz taýpasy” diýen zat ýok. Soň ol bir ýerde: “türkmenler guzlardyr” diýýär-de, eýýäm özüniň başky pikirine garşy çykýar we hakykata golaýlaşýar. Desbi- dähelem “türkmen” adynyň gelip çykyşy baradaky rowaýata başlamak bilen, bu halkyň gelip çykyş esasyny hiç bir esassyz halaçlara direýär. Orta asyr we ondan-da irki taryhy çeşmelere iňňän seresaply çemeleşmelidigine, “türkmen” sözüniň gelip çykyşy barada çeşmeleriň hersinde bir hili düşündirilýändigi hem şaýatlyk edýär. Öň köp-köp alymlaryň işlerinde öwran-öwran getirilendigi sebäpli şol wersiýalary şu ýerde hem getirmekden saklanýarys. Tanyşmak islän adam ol wersiýalary biziň şu makalamyzdaky salgylanan awtorlarymyzyň işlerinden tapyp bilerler. Mahlasy, oguzlaryň ýasy kelleli, kiçijik we gyýak gözli, mongoloid keşpdäki halklar bolandygy baradaky ylmy nukdaý nazarlara tankydy göz bilen garamak gerek. Çünki, ala-böle oguz taýpalarynyň türki sredadan serpilip gaýdyp, müňýyllyklardan soň ata-watanlaryna dolanyp gelendikleri alymlary çuň oýlandyrmalydyr. Asly oguz bolan häzirki türk, türkmen, azerbaýjan gagauz halklarynyň beýleki türki halklaryň içinde ala-böle ýewropoid keşpli görünýändigiklerem, bu hadysanyň edil, ýere, ýurda, suwa ýa howa dartyp şeýle bolaýan däldigem oýlandyrmalydyr. Indi bolsa, esasy gürrüňimizi dowam etdireliň. Diýmek, ýerli halklaryň türki” halklar bilen garyşyp, türkmen halkynyň kemala geliş prosesiniň ilkinji etaparyny başdan geçiren döwründe, oguzlar bu uly “gurluşdan” hem çetde durmandyrlar diýmäge-de olary gelmişek ýa-da mongolid saýmazlyga esas ýok däl. Şu ýerde biziň mongol, gypjak sähralyklarynda, Aral töwereklerinde, Ýedisuwda, Türküstanda, Altaýda, Sibirde, Hytaýda, häzirki Gazagystanyň, Özbegistanyň çäginlerde oturan dürli-dürli türki halklaryň hem, sergezdançylykda geçiren müňýyllyklarynyň dowamynda öküzlerden-oguzlardan sypyrylyp galan aýry-aýry şahalar bolaýmagynyň mümkindigi baradaky çaklamany hem orta atasymyz gelýär. Sözümizi delillendirmek üçin gazaklaryň, özbekleriň, garagalpaklaryň, başgurtlaryň birwagtlar gypjak soýuzyna girendiklerini, gypjaklaryň bolsa has irki bejenelerdigini mysal getirip bileris. Bejeneler /печенеглер/ bolsa, bilşiňiz ýaly oguz kabylasydyr. Gyrgyzlaryň oguz hasap edilýändigini bolsa inkär edýän ýok. Mysal üçin, Ata Jykyýew gyrgyzlaryň Altaýda türkmenler bilen goňşy ýaşan döwürlerine degişli ýygnan rowaýatlaryna salgylanyp şeýle ýazýar: “Gyrgyzlar birmahallar Altaýda ýaşapdyrlar. Şol wagt olaryň hany Kirgizkan ekeni. Nesilbaşylaryna bolsa, Uguzkan diýer ekenler”. Şu ýerde Kirgizkanyň – Gyrgyz han, Uguzkanyň – Oguz handygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Ýöne, gyrgyzlar mongol sredasyna düşüp, mongolidleşen oguzlardyr. Umuman, türkmen halkynyň kemala gelmeginde oguzlaryň esasy rol oýnandyklary jedelsizdir. Olaryň hunlardanam, gunlardanam, türkütlerdenem, gök türkilerdenem has irki halkdygy, kem-käs garylyp-gatyşmaklygy nazara almanymyzda, agzalan halklaryň olara genetiki taýdan hiç hili dahyllarynyň ýokdugy, “türk” adynyňam türk hanlygy döwründe syýasy taýdan däl-de edil “oguz” sözi ýaly, turubaşdan boýunlaryna dakylandygy, özleriniňem asyl-ha mongoloid däl-de, öň ýewropoid bolandyklary, şu toprakdan tapylýan süýri kelleçanaklarynyňam hut şolaryň ata-babalary bolan öküzlere degişlidigi, ýerli halk hasap edilýän parfiýalylaryň, margianalylaryň, dahlaryň, massagetleriň hem asmandan düşen däl-de hut şolardan bölünip galan halklardygy, özleriniňem asyl-ha eýran dilli däl-de, gadymy oguz dilli halklar bolandygy gaty ähtimaldyr. Ýöne, olaryň belli bir döwürde syýasy sebäplere görä, Eýran dilini döwlet dili hökmünde kabul eden bolmaklary ýa şol dilde gürlän bolmaklary mümkin. Şeýlelikde öküzleriň – oguzaryň turlaryň-türkleriň bäş müň ýyldan soň öz başky keşplerini ýitirmän yzlaryna dolanyp gelendikleri, özleriniňem ýat bir ýere däl-de, ata-watanlaryna, Turana gadymky watandaşlarynyň arasyna gelendikleri, asyl-ha hiç haçanam ata-watan bilen aralarynyň üzülmändigi baradaky meseläniň mundan bu ýana has hem aýdyňlaşjakdygy hakdyr. Oguz taryhyny öňi bilen “Oguznamadan” gözlemelidigem, “Oguznama” ynanmalydygam hakdyr. Ýöne, ýene bir hakykat bardyr. O-da biziň pikirimizçe, Aşynalar dinastiýasynyň Türk hanlygyny döredip ýören döwürleri oguzlaryň öz başky şöhratlaryny paýawlap, Oguz hanyň guran ägirt uly döwletini ýitirip, özbaşdak döwletsiz, o ýan, bu ýan urnup, seljuklar döwründe gazanjak şöhratlary bilen, Oguz han döwründäki gazanan şöhratlarynyň arasyndaky boşlukda gaýyp ýören döwürleri bolmaly. Özlerini türk hanlygynyň içine urmaklaram hut şol sebäpli bolmaly. Türk hanlygy döwründe görnükli rol oýnan oguzlar ol hanlyk synandan soň ýene-de urnup başlaýarlar. Aral sebitlerine, Amyderýa, Syr derýa aralygyna süýşýärler. Iç oguz, daş oguz begliklerini emele getirýärler. Salyr Gazan, Gorkut ata, Ynal Ýawy han, Düýeli Kaýy ýaly ärler ikinji gezek oguz döwletini dikeldýarler. Emma bu-da uzaga gidenok. Netijede oguzlar ýene-de ynjalyksyzlanyp ugraýarlar. Çünki, olary bir tarapdan-a geçen beýik günlere bolan küýseg erkine goýanok, beýleki tarapdan bolsa agzalalyk alyp barýar. Birnäçe taýpalar oguz ýadrosyndan bölünip aýrylýarlar. Bejeneler bilen salyrlar barlyşyksyz ýagy bolýarlar. Özara uruşlar, duşmançylyk güýçlenýär. Göç... gon... tozgunçylyk... Olaryň bu bolup ýörüşleri iň soňky deminde urunýan hassany ýadyňa salýar. Ahyram XI asyrda Aly hanyň ogly Mälikşanyň bozuklyga baş urup, Abul Gazynyň aýdyşy ýaly, “öý başyna bir garahan” bolnan döwri, oguz ili ymykly dagaýar. Eýmir, düker, igdir, çowdur, garkyn, salyr, agar taýpalarynyň ep-esli bölegi Maňgyşlaga, ýene bir bölegi Hasar daglaryna, okly, kökli, soltanly ili Abulhan daglaryna, Ýazyr ili Horasana – Durun etraplaryna gidýär Horasanyň üsti bilen Yraga, Farsa tarap göç eýleýär. Diňe hiç ýana gitmän, Syr hem-de Amyderýa aralygynda galan we Günorta Türkmenistan sary hereket edip ugran oguzlaryň içinden dörän Seljuk beglerine oguzlaryň öçüp barýan şöhratyny gaýtadan dikeltmek başardýar. Ýöne, ol şöhraty taryh bireýýäm oguzlaryň däl-de olaryň mirasdüşerleri bolan türkmenleriň adyna ýazdy. Juma Hudaýguly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |