20:28 Türkmeniñ ahwaly -2 (makalanyñ dowamy) | |
Soňky sözümizi subut etmek üçin, Türkmenistanyň çäginlerde ýaşan, gadymy ýerli taýpalaryň ykbalyny göni çyzyk boýunça yzarlalyň. Şu göni çyzyk türkmen halkynyň gelip çykyşyny yzarlamakda kömek edip biljek birinji liniýadyr. Bu liniýa wertikal – ýagny dik görnüşdedir. Onuň bir ujy şu topraga sanjylýar we ösende dik ösýär. Ol liniýanyň süňňüni daş asyrynyň eýkumenleri, ondan soň gadymy änewliler, göksüýrüliler, öküzler, bärräk gaýtsaň ariler, ondan bärräkde parfiýalylar, girkaniýalylr, margianalylar, dahlar, massagetler, alanlar, aslar, saklar düzýär.
Taryhy makalalar
Soňky sanalan taýpalar başda ýatlap geçişimiz ýaly, biziň eýýamymyzyň başlarynda şu topraga ara;aşyp ugran “türki halklar” bilen garyşyp başlapdyrlar. Ine, hut şol täze dörän etnos hem, VI-VIII asyrlarda, “türk” sözi we türki sreda dünýä ýaýrap ugrandan soň, entek oguzlar bu topraga lükgeleýin gelmezden kän öň, parsy dilli goňşy halklar tarapyndan “türkmen” /ýagny, türk-man, türk adamy, türke meňzeş/ diýlip atlandyrylyp başlapdyr. Biz “türkmen” adynyň başda “türk” ady bilen Orta hem Kiçi Aziýa has ir aralaşan oguz taýpalaryna ýewropa halklary tarapyndan dakylan bolaýmagynyň ahmaldygyny hem çaklaýarys. Çünki, “türkmen” /tokoman, tokMan/ sözi olarda-da edil, pars dilindäki ýaly, “türk adamy” diýen Manyny aňladýar. Imrindiriji ýerem olar hatda özlerinem hut şol formada atlandyrýarlar. Ýagny, frenşman-fransuz adamy, englişman – iňlis adamy we ş.m. eger-de köplük sanda gelse “Man” däl-de, “men” goşulýar. Ýagny, tokMan – türkmenler. “Men” sözi nemeslerde-de “adam” diýen Manyny aňladýar. Türkmrnlerde: görk:men – görkli adam. Eder: men – edenli adam, pal:man – pal bakýan adam we ş.m. Bu meňzeşlikleriň gadymy ariý medeniýetiniň dürli halklara eden täsiriniň netijesi bolmagam mümkin, ýöne, bu ýerde gürrüň “türkmen” sözüniň haçan dörändigi barada barýar. Şu ýerde başga bir ýagdaýy hem ýüzugra belläp geçmek gerek. Ýagny, taryhçy Ibn Hordadbeg Uýgurystan barada maglumat berip barşyna şeýle diýýär: “...Tokuz oguz hany 12 derwezeli uly şäherde ýaşaýar, halky maniheýçilige uýýar.” Eger-de bireýýäm türk adyny alan “tokuz oguzlar” maniheýçilige uýýan bolsalar, onda “türkman” ýagny, maniheýçilige uýýan türkiler, diýen ady başda şolaryň alan bolmaklary we oguzlar bu ýere lükgeleýin gelmezden has ir aralaşan “türkmenleriňem” hakykatdan-da, hut şolar bolup, “türkmen” adyny hem bu ýere hut şolaryň özleri bilen getiren bolmaklary-da gaty bir bolup bilmejek ýagdaý däl. “Türkmen” adynyň oguzlar bu ýere lükgeleýin gelmezden kän öň şu toprakda dörändigini subut edip biljek maglumatlar welin sanardan kän. Mysal üçin, IXa. Taryhçysy al. Ýakuby: “Türkmenleriň obasam ýok, galasam. Olar türkileriň çüý deregine çig ham ulanyp, üstüni keçe bilen basyrýan gapyrgaly çadyrlarynda ýaşaýarlar” diýýär. Bu maglumatyň biziň üçin gymmatly ýeri türkmenleriň galasyzdygy ýa gara öýlerde güzeran görendikleri däl-de, şu maglumaty beren adamyň IX asyrda ýaşap geçenligi. Eger-de IX asyrda “türkmen” sözi taryhçylar tarapyndan bir halkyň ady hökmünde agzalan bolsa, oguzlaram bu ýere IX–X asyrlarda gelip ugran bolsalar, onda türkmen halkynyň halk hökmünde oguzar bu ýere lükgeleýin gelmezden has ir kemala gelendigine, “türkmen” sözüniňem kän öň, şu topr akda ýüze çykandygyna ynanasyň gelip dur. “Türkmen” sözüniň gelip çykyşynyň XIV asyr taryhçysy Mahmyt Kaşgarly tarapyndan Aleksandr Makedonskiniň boýnuna atylmagy welin düýbünden ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr. Çünki, Aleksandr Makedonskiý bu topraga entek “türk” sözi dünýä inmezindenem takmynan sekiz ýüz ýyl öň (miladydan öňki 329–328ýý) gelipdi. Şeýlelikde, biz “türkmen” sözüniň şu toprakda dörändigi baradaky wersiýa gol ýapýarys we öňküje liniýamyzy dowam etdirýäris. Şol liniýa, ýagny, türkmen liniýasy IX–X asyrlarda şu toprakga aralaşan ikinji liniýa bilen – oguz liniýasy bilen tapyşýar. Oguz liniýasyny biz başky bölümde yzarladyk. Bu liniýa gorizontal-frontal ýagdaýda durýar we onuň aňyrky ujy Hytaý, Mongol giňişliklerine, häzirki Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň ýaýlakly sähralyklaryna siňip gidýär. Ýöne biz ýaňy bir ýerde IX asyrda bu ýere lükgeleleýin gelen oguzlaryň hem bir wagtlar şu ýerden giden “öküzler-turlar” bolaýmagynyň mümkindigini ýaňzydypdyk. Şeýle bolsa onda oguz liniýasynyň aňyrky ujy hem asyrlaryň asty bilen, ýeriň pessi bilen müňedekläp gelip, şu toprakdan dürterip çykýar we bärki ujy bilen tapyşyp äpet halkany – ellipsi emele getirýär. Ol halka dik ösüp oturan ýerli türkmen liniýasyna iki gat towlam görnüşinde çyrmaşýar. Şondan soň bu iki liniýa äpet uly sütüne öwrülýär. Bir zamanlar ady-abraýy äleme dolan, Oguz han dek ärleriň öňünde gylyç geren, Beýik Hytaý diwarlarynyň eteklerinde gyşlap, mongol sähralyklarynda ýazlan, Talasdyr Selenganyň seleň sähralyklarynda gyz söýüp, Toli derýasynda inini päklän, Syr suwunyň aşak akymlarynda goýun kökerip, Aral degrelerinde at segreden, Amy derýanyň üsti bilen agras, mähnet bir tolkun dek türkmen topragyna - gadymy mekanyna, ata-watanyna aralaşan oguz ili ine, şeýdip, edil Garagumyň ürgün çägelerine siňen dek, ýap-ýaňyja türkmen adyny alan gadymky Watandaşlarynyň – türkmen halkynyň süňňüne siňýär. Emma olar gadymy türkiler ýaly ýerli halkyň boýnuna öz atlaryny dakyp bilmändirler. Gaýtam görlüp-eşidilmedik çaltlykda özleri türkmenleşip başlapdyrlar.”Türkmen” adyny alypdyrlar. Daňdanakanyň ýanynda Soltan Mesgudyň garşysyna bolan söweşi beýan edýän taryhçylaram eýýäm “türkmen” sözüni “oguz” sözünden ileri tutup ýazýarlar. Soltan Mesgudy agdaran oguzlaryň doly türkmenleşendiklerini Baýhakanyň indiki setirlerindenem aňmak bolýar. “...Masudyň tertip-düzgüni oňly bilmeýän goşunlary çym-pytrak boldular. Soltanyň lagerini taşladylar, netijede olaryň ähli baýlyklary türkmenlere galdy”. Baýhaky 1040-njy ýylda, Daňdanakan söweşi bolmanan öňem Horasanyň Merw, Nusaý, Sarahs, Ferawa ýaly uly şäherleriniň türkmenleriň garamagynda bolandygyny aýdýar. Ýu. Ýakubowskiý hem özüniň: “XI asyrda Seljuklar hereketi we türkmenler” atly işinde, taryhçy Baýhakanyň şu sözlerini getirýär: 1035-nji ýylda türkmenler – seljuklar gönendiler. Dehistandan başlap tä, Nusaýa çenli bolan aralyk olaryň eline geçdi. 1037-nji ýylyň başynda türkmenleriň “gyzyl” hem-de “ýagmyr” tireleriniň we balhankuhlaryň ýerli, syýasy işlere gatyşyp, döwlet işine zeper ýetirýändikleri barada Reýden habar geldi. Nyşapuryň häkimleri boýun egýändikleri barada türkmenleriň baş, harby serkerdesi Togrul bege habar berdiler...” Türkmen alymy Ata Jykyýew hem özüniň agzalan işinde köp-köp degerli delilleri orta atmak bilen: “XI asyryň birinji ýarymynda Türkmenistanyň häzirki çäginlerinde türkmenler esasy halk hökmünde tanalypdyrlar diýmäge doly esas bar” diýip belleýär. Oguz kabylalaryndan çykan serkerdeleriň hemmesiniňem şondan soň özlerini “türkmen” diýip atlandyrmaklary hem üns bererlik faktdyr. Ýeke bir serkerdeler däl, kaýy, baýat, kynyk, ýazyr, salyr, garkyn, eýmir ýaly gadymy oguz taýpalaram özlerini şondan soň türkmen taýpalary diýip atlandyrypdyrlar. Olar Kiçi aziýa baranlarynda hem hut şol at bilen barypdyrlar. Taryh oguzlaryň soňky şöhratyny türkmenleriň adyna ýazdy diýmegimiziň düýp sebäbi ine, şudur. Ýöne, biz muny göçme Manyda aýtdyk. Çünki, oguzlar bilen türkmenleri barybir aýry-aýrylykda göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol döwür olar taryhy sahnada bir halk hökmünde çykyş edip ýördüler. Olar özleriniň täze atlaryna guwanýardylar, begenýärdiler, buýsanýardylar. Emma edil adamzat ýaly her bit halkyň, döwletiň, olaryň atlarynyň hem dogup-döreýiş, kemala geliş, ýok bolup gidiş möwrüti bolýar. Beýik seljuklar imperiýasyny guran türkmenler hem heňňamyň şol ýowuz şertinden sowlup bilmediler. Mongol çozuşy seljuklaryň Kiçi Aziýada guran döwletini, Horezm şalygyny syndyrdy. Türkmenleriň Orta Aziýada galan böleginiň Kiçi Aziýanyň giden garyndaşlary bolan aragatnaşygyny gowşatdy. XVI asyrda Eýranda güýçli Sefewiler döwletiniň döremegi bolsa olaryň arasyny ymykly kesdi. Şeýlelikde, öň bile ösüp gelýän bir halkyň dilem, medeniýetem, edebiýatam, sungatam aýratynlykda ösdi. Biri-birinden daşlaşdy. Türkmenistanyň Orsyýede birikdirilmegi netijesinde, esasanam sowet häkimiýeti ýyllary içinde Türkiýedäki türkmen doganlarymyz bilen aragatnaşyk etmeklik egrilik hasap edildi. Aragatnaşyk diňe üýtgedip gurmak döwründen soň, hususan-da özbaşdaklykdan soň ýola goýuldy. *** Türkmenistanyň çäklerinde ýaşap ýören häzirki türkmenler XIV asyrlarda kemala gelidir diýen düşünje barada hem iki agyz söz aýtsak kem bolmany. Şu agzalan döwürden bärki möwriti alsaň ol pikir belli bir derejede dogrudyr. Çünki ol döwür ýokarda belläp geçişimiz ýaly oguz-türkmen oýnagy bolan Türkmenistanyň mongol basybalyjylary tarapyndan talaňa salnyp, Horezm şalygynyň ýykylan, Günbatara giden garyndaşlary bilen gatnaşygy azalyp, türkmen halkynyň Garagum çölünde janserek bolup, janhowluna dumly-duşa pytran döwri. Ýurduň öňem kän bir syýasy durmuşa goşulmadyk, ysgynsyz böleklere we taryhcylary[ kinava bilen avdy\lary valy, “ýataklara” galan döwri. Olar indi täzeden ýygnanmaly, ösmeli, önmeli, örňemeli, köpelmeli, döwlet gurmaly. Bu döwür barada Ata Jykyýew şeýle ýazýar: “...Tükeniksiz göç-gonlar zerarly dyr-pytrak bolan türkmen taýpalarynyň etniki taýdan garyşmak prosesi bolup geçdi we XIV–XVI asyrlarda täze halkyýet emele geldi. Maddy we ruhy medeniýeti, däp-dessury üýtgedi. Netijede giçki Orta asyrlar döwründe şu halkyýetiň içinde hatda, başky süýrükelleliler jynsyna meňzemeklik hadysasynyň başlanyndygy hem göze ildi” . Alym bu ýerde Kiçi Aziýa edilen syýasy harby ýörüşlere we mongol çozuşy döwründe dürli taraplara: – Ruma, Yraga, Şama ylgar eden bosgunlara goşulman ýa göçere ýagdaýy bolman ýurtda galan türkmen – oguz taýpalarynyň özara, soňraky garyşmalaryny göz öňüne tutan bolsa gerek. Onuň gözüne ilen esasy zadam şol döwür türkmenleriň kelleçanaklarynyň başky kaddyna – däh-massagetler döwründäki süýrikellelilik keşbine gelip başlandygydyr. Ýöne, IX–X asyrlarda Türkmenisana akym bolup gelen oguzlaryň we olardanam has ir aralaşan hem-de ýerli halklar bilen garyşyp türkmen adyny alan “türki” halklarynda hem müňlerçe ýyllardan soň ata-watanlaryna dolanyp gelen “öküzler” bolaýmagynyň ahmaldygy baradaky çaklamamyza daýansak, onda XIV–XVI asyrlarda türkmenleriň kelleçanaklarynyň ýene-de başky kaddyna gelmeginde, süýrikellelilik gelip ugramagynda esasy roly ýene-de oguz taýpalary oýnan bolsalar gerek, diýmäge hukuk gazanýarys. Özem bu prosses çak edilişi ýaly XIV–XVI asyrlardan soň däl-de, has irräk, IX–XI asyrlarda, bu topraga oguzlar lükgeleýin aralaşandan soň başlan bolmaly. Ýerli halklaryň “türkmen” adyny almagyna sebäp bolan, mongoloidleşmek prosesi bolsa has irräk, iki eýýämyň örküjinde, şu eýýämyň başlarynda, bu ýere mongolod keşpli türki halkyýetleriň aralaşyp ugran döwürleri başlan bolmaly. Türkmenleriň hiç haçanam edil, agyz dolduryp aýdar ýaly mongoloidleşmändigini biz ýokarda-da ýaňzytdyk.. bu bolsa öňi bilen oguzlaryň – öküzleriň ýewropid halk bolandyklary bilen baglydyr. Asly oguz bolan türkmen, türk, azerbaýjan, gagauz halklarynyň öňde-soňda ýewropoid jynsa degişli bolandyklaryny taryhyň gatynda, has beterem türk hanlygy döwründe oguzlary çalajada saýgarmaýan L.N. Gumilew hem belläp geçýär. Ol bu barada şeýle ýazýar: “...Şeýlelikde hiç haçan türk hanlygyna girmedik halklaram “türk” adyny aldylar. Mysal üçin: türkmenler, osmanlylar, azerbaýjanlar. Olar hatda mongolid hem däldiler.” Biziň üçin bu sitatanyň iň gymmatly ýeri soňky jümledir. Çünki, alym bu ýerde şol üç halka derek – “oguzlar” diýmekden erjellik bilen boýun gaçyrýan hem bolsa, baryp-ha VI– VIII asyrlar barada gürrüň edýär. Olaryň şol döwür mongoloid halk bolmandyklaryny tassyklaýar. Diýmek, XIV –XVI asyrlarda, şu toprakda täze bir halkyýeti emele getiren türkmen taýpalarynyň içinde süýrükellelileriň ýagny, ýewripoid jynsly türkmenleriň köpelip ugramagy käbir türkmen taýpalarynyň aslyny dahlardan, massagetlerden alyp gaýdanlygy ýa türkmen teninden oguz we gadymy türki geneologiýanyň öz-özünden sykylyp aýrylandygy sebäpli däl-de, öňde belläp geçişimiz ýaly, ata-watanlaryna dolanyp gelen oguzlaryň /öküzleriň-turlary[-txrkileri[/ ýüz keşpleriniň we kelleçanaklarynyň şol bir wagtky, entek bu topragy terk edip gitmedik döwürlerindäki keşbini ýitirmän alyp gelendikleri sebäplidir. Özleri lükgeleýin (XIV–XVI aa.) gelmezden öň ýerli halklaryň endamyna kem-käs siňdirilen mongoloid keşbi türkmenleriň teninden sykyp aýyranam hut şolardyr. Galyberse-de, bu prosesde goňşy Eýran, Owgan halklarynyň, arap dikmeleriniň galyndylarynyň, alamançylyk belasynyň esli wagtlap kiçi Aziýasy, Ermenistan, Gürjüstan, Azerbaýjan ýurtlary bilen bolan aragatnaşyklaryň görnükli rol oýnandygyny hem ret edip bolmaz. Azerbaýjan, Gürjüstan, Ermenistan ýaly ýurtlardan gyz almak däbi hatda türkmen dessanlarynyň baş temasyna öwrülipdir. Bezirgenlik täjirlik bilen Müsüre, Yraga, Şama gatnalypdyr. Garyndaşlyk açylypdyr. Gyz alnypdyr, gyz berilipdir. Şonuň üçin bu meselede hem asyrlarboýy bolup geçen öwrülişiklere, göç-gonlara, garyşyp-gatylmalara göz ýummak bolmaz. Eýsem, Türkmenistanyň häzirki çäginde ýaşaýan türkmenleriň esasan, asly dah-massaget taýpalaryndan hasap edilýän türkmenlerden durýandygyny, aňyrsy oguzlardan hasap edilýän taýpalaryň bolsa örän az sanlydyklaryny näme bilen düşündirmek bolar? Bu hadysany alymlaryň düýpgöter başgaça düşündirmeklerem mümkin. Ýöne, biziň pikirimizçe bu ýagdaý IX–X aa. bu ýere gelen we türkmen adyny alan oguz taýpalarynyň mundan buýanky harby ýörişleri we migrasiýa döwri öz taýpadaş serdarlarynyň yzyna düşüp, iňňän köp mukdarda daşary ýurtlara gidendikleri bilen bagly bolsa gerek. Çünki, seljuklar we ondan öňki hem-de soňky döwürler köp-köp beglikleri, emirlikleri düzenem aňyrsy oguzlardan bolan türkmen tavpalarydyr. Mysal üçin, oguzyň iň irki kabylalarynyň biri salyrlaryň garaman taýpasy kiçi Aziýada garamanlar döwletini, beýleki bir bölegi bolsa Eýranyň Fars welaýatynda Salgurylar döwletini gurupdyrlar. Baharlylar Azerbaýjanda Garagoýunlylar döwletini esaslandyrypdyrlar. Baýandyr türkmenleri bolsa şol ýerde Akgoýunlylar dinastiýasyny döredipdirler. Mongollar döwri Jelaleddinden öýkeläp giden Halac serdary Aýbek, Demirgazyk Hindistanda Delini paýtagt edinip Halajylar döwletini berkarar edipdir. Kaýy /gökleňleriň ata-babalary/ tiresiden bolan Ärtogrul Gazy ogly Osman beg bolsa, Rumda Osman imperiýasyny ödredipdir. XVI asyrda Babyr tarapyndan Hindistanda gurlan mogol döwletini birnäçe ýyllap garagoýunly tiresiniň baharly kabylasyndan bolan Baýram Han dolandyrypdyr. Türkmeniň awşar taýpasyndan bolan Nedir şa bolsa, XVIII asyrda Eýranda patyşalyk edipdir we Owganystan, Hindistan ýaly uly ýurtlara azm edipdir. Oguzlaryň kynyk taýpasyndan çykan seljuklar dinastiýasynyň doly sanawyny bilerin diýseňiz bolsa “Ýaşlyk” žurnalynyň 1993-nji ýyldaky 6-njy sanyna serediň. Asly oguz bolan türkmen taýpalarynyň bu görünýänjeleri bolsa olaryň ýa-ha dürli sebäplere görä gidibilmän galanlary ýa-da yzlaryna gaýdyp gelen ujypsyzja bölekleri bolmaly. Mysal üçin, Baýandyr han döwründe Salyr Ogurjygyň (Ugurjyk, Ükürjik) baştutanlygynda bir bölek salyryň Yrakdan gaýdyp Balkan sebitlerinde ornaşandyklary baradaky maglumata Abyl Gazyda-da, Reşid-ed-dinde-de duşmak bolýar. XIV–XVI asyrlarda täze etapdaky türkmen halkyýetiniň emele gelmeginde şol döwür Günbatar hem Demirgazyk Türkmenistanda – Balkan daglarynyň çäklerinde, Etrek, Gürgen derýalaryna çenli deňiz kenarlarynda dörän salyr taýpalar bileleşigi, olaryň demirgazygyragynda emele gelen Çowdur taýpalar bileleşigi hem uly rol aýnapdyr. Sarygamyş kenarlarynda we Uzboýda bolsa, “Üç il” taýpalary ýaşapdyrlar. /Alili, Hydyr ili, Gara ýoly, düýeçi/. Salyr bileleşigine asly oguzlardan bolan salyrlar, ärsarylar, saryklar we asly dah-massaget taýpalaryndan hasap edilýän teke, ýomut taýpalary hem-de olara goşulan burkaz, düýeçi ýaly az sanly taýpalar giripdir. Şol döwre çenli garkyn, eski, saýat ýaly gadymy oguz tire-taýpalarynyň böleklerini özünde jemläp, özbaşdak taýpa bolmaga ýetişen, emma asly salyr bolan ärsarylaryň Ärsarybabanyň ýolbaşçylygynda salyrlardan bölünip çykmagy bolsa, salyrlary güýçden gaçyrýar. Bu ýagdaýdan peýdalanan çowdurlar olary o mekandan gysyp çykarýarlar. Salyrlaryň esasy böleginiň Maňgyşlakdan gitmegi bilen salyr soýuzy dargaýar. Şondan soň salyrlar Amyderýanyň orta akymlaryna barýarlar we şol ýerde ikä – Amyderýa we Murgap salyrlaryna bölünýärler. Soňky salyrlar birneme soňrak Sarahsa göçüp barýarlar. Salyr aýallarynyň ýaňy-ýakynlaram: Maňgyşlagyň maňlary, Maňrap geler ýanyňa... diýip hüwdi aýdýandyklaryny ýaşulylar biz ýaşkak gürrüň berýärdiler. Uly we Kiçi Balkanda galan tekeler we ýomutlar teke-ýomut soýuzyny döredýärler. Emma bu bileleşik uzaga çekmeýär. Halkyň, mal-garanyň köpelmegi, Balkanda we Maňgyşlakda suwuň, öri meýdanlaryň ýetmezçilik etmegi zerarly XVII–XVIII aa. Tekelerem teke-ýomut soýuzyndan bölünip günorta-gündogara süýşýärler. Ilki Köpetdag eteklerinde, ondan soň Tejen, soň Murgap derýalarynyň boýlarynda ornaşýarlar. Ýeke galan ýomutlar bolsa Hywa bilen Etrek – Gürgen aralygyndaky giňişlige ýaýrapdyrlar. Olaram edil tekeler ýaly şol döwrüň iň güýçli hem söweşjeň taýpasy hökmünde taryha giripdirler. Şu iki taýpanyň ikisem uzak ýyllaryň dowamynda Eýran, Hywa baknaçylygyna garşy gaýduwsyz göreşler alyp barypdyrlar. Agzalyp geçilen türkmen taýpalary asyrlaryň dowamynda, Beýik Garagumyň gazanynda täzeden gaýnapdyrlar, bişipdirler, şirelerini biri biriniň içine-de, daşyna-da aýrylmaz derejede siňdiripdirler. Aralaryndan sogrulyp Ruma, Yraga, Şama, Eýrana, Owganystana, Hytaýa we başgada dürli ýurtlara giden ganybir garyndaşlaryndan genetiki taýdanam ruhy, medeni, dil, keşp taýdanam assa-ýuwaş daşlaşypdyrlar. Şonuň üçinem, Türkmenistanda ýaşaýan häzirki türkmenleriň taryham, etnografiýasam, etniki gurluşam daşary ýurtlara aşan türkmenlerden hakykatdan-da tapawutlydyr we şu halk agzalyp geçilen taryhy möwrütde formirlenipdir diýmeklik gaty bir nädogry hem däldir. Çünki, bu ýerde Kiçi Aziýa, Hindistana, Hytaýa, Yraga, Şama we dünýäniň beýleki künjeklerine ýaýran türkmenler däl-de, hut şu toprakda galyp, täzeden özbaşdak kemala gelen şu günki türkmenler göz öňüne tutulýar. Häzirki türkmenleriň täze bir etniki halk hökmünde agzalan döwürde kemala gelendigini tassyklamak olary umumy kökden üzňe göz öňüne getirmek üçin däl-de, çym-pytrak bolan äpet halkyň her bir bölegini öz ykbaly boýunça, takdyryň gerdişine görä, möwritme-möwrüt, ýurtma-ýurt öwrenmek ideýasynyň öňe süren nukdaý nazarydyr. *** Şeýlelikde külli türkmen taryhyny öwrenmek üçin ony bir sütünden aýrylýan iki liniýa boýunça, esasan aşakdaky ýaly edip bölmeli. Tükrmen halkynyň kemala geliş ýoly. Birinji sütün – Binýat 1. Türkmenistanyň çäginde daş asyrynyň eýkumenleri /gadymy ýaşaýjylary/. Ýaşan ýerleri: Günorta – Günbatar Türkmenistan, Häzirki Hazar, Balkan etraplary. Gadymy Uzboý, Jebel. Kärleri: Awçylyk, balykçylyk. /miladydan öňki X– XV müňýyllyklar/ 2. Eýkumenleriň Günbatara We Gündogara migrirlenmegi. /Göç-Gon/ Türkmenistanyň çäginde eýkumenlerden Emele geln Ilkinji etnoslar: Eýran dilli, Hindi-Ýewropa keşpli sarmatlar we Irranlar. (Eýranlylar) 3. Gadymyýetde häzirki Türkmenisanyň çäginde ýaşan halkyýetler: Änewliler, Göksüýrililer, öküzler, hapyzlar, kelleliler. Mekanlary: Änew Öküz derýasynyň boýy. /Soňky atlary: Oks, Oh, Ak, Akes, Ari, Gerirut, Tejen/, Jeýtun, Namazga, Garadepe, Altyndepe, Pessejikdepe, Gäwers... /Miladydan öňki IV–VI müňýyllyk/ Şu ýerde sütün ikä bölünýär Türkkmen liniýasy /Вертикаль/ Oguz liniýasy /Горизоеталь – Фронталь, Эллипс/ 4. Göksüýrilileriň bir böleginiň Mesopotamiýa /soň şulara şumerler-sümerler diýlipdir/, ikinji böleginiň Amyderýanyň orta akymlaryna gitmegi /m.ö IV müňýyllyk/. Üçünji böleginiň Murgabyň aşak akymynda Kellelide ornaşyp Marguş ülkesini emele getirmegi. /m. ö III müňýyllyk/ Dördünji toparyň häzirki Tejen-Sarahs ýolunyň ugrundaky Hapyzda. miladydan öňki III müňýyllygyň bütin dowamynda ýaşap, ol ýerden Owganystana, Bulujystana, ondan aňryk Demirgazyk Hindistana aşmagy /m. ö II müňýyllygyň başlary/. Kellelide 1,5 müň ýyl oturan göksüýrilileriňem olaryň yzyndan Hindistana gitmegi. 4. Häzirki Tejen, Sarahs, Mäne, Çäçe etraplarynda oturan öküzleriň – Mongolystana, häzirki Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň territoriýalaryna, Sibire, Merkezi Aziýa, Altaý ülkelerine gitmegi. /Migrasiýa/ 5. Öň Merkezi Aziýanyň Gündogar böleginde, Dunaý basseýninde, Gara deňziň, Hazar deňziniň demirgazygyndaky giň sährada ýaşap, m. ö II müňýyllygyň ortalarynda üç bölege – gündogara, günorta, günarta-gündogara bölünen hindiýewropa keşpli halklaryň üçünji böleginiň bir ülüşiniň Günorta Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagy we Demirgazyk Hyratdan başlap tä, Sarahs etraplaryna çenli, häzirki Tejen derýasynyň boýunda ornaşmaklary. Göksüýrülilerden, öküzlerden galan hapyzlylar, kelleliler we beýleki ýerli taýpalar bilen, göksüýrilileriň Owganystan topragynda ýerleşip galan bölekleri bilen garyşmaklary hem-de özlerini ari/arýa/ diýip atlandyrmaklary, Arileriň häzirki Sarahs, Tejen, Mäne, Çäçe töwereklerine ýaýramagy, Öküz derýasynyň Ariý derýasy diýip ýerli halklaryň “ariler” diýlip, ýurduň bolsa Areýa diýlip atlandyrylmagy. m. ö I müňýyllygyň birinji ýarymynda Areýanyň, Eýran, Margiana, Baktriýa, Parfiýa medeniýetiniň ösmegine täsir etmegi. Arileriň, göksüýrilileriň giden ugry bilen Demirgazyk Hindistana aşmaklary. Ol ýeriň paýtagty Şrawasti bolan, Koşala döwletini gurmaklary. /m. ö VI–IV aa. Ondan soň Owganystanyň, Eýranyň, Balkan daglarynyň üsti bilen häzirki Germaniýa baryp, ol ýerde nemes halkyny emele getirmekleri. 5. Öküzler – oguzlar mongol sähralyklarynda, Hytaý serhetlerinde, Altaý, Sibir ülkelerinde, Oguz han, Oguz hanyň Demirgazyk Hindistana, Owganystana ondan soň Eýrana, Ruma, Şama, Müsüre, Frank ýurtlaryna azm etmegi. Oguzlaryň “tümlük ýurduna” barmaklary. /Страна мраков/ /m. ö II – IV müňýyllyklar/. Oguz hanyň ogullary. Agtyklary. Olaryň uzak wagtlap patyşalyk sürmegi. 6. Dürli döwürlerde, göksüýrililerden, änewlilerden, arilerden galyp özara garyşyp emele gelen täze etnosyň özlerinden soňky şu ýerde ýaşan taýpalar: - parlar, girkanlar, alanlar, aslar, saklar, sarmatlar, dahlar, massagetler, margianalylar bilen garyşmaklary. /miladydan öňki I müňýyllyk./ 6. Oguz döwletiniň dargamagy. Bejeneleriň, uýgurlaryň, kaňlylaryň, garlyklaryň, gypjaklaryň, gyrgyzlaryň özbaşdak halklara öwrülmegi. 7. Turan Eýran – Ahemieniler döwletiniň golastynda /miladydan öňki VI a./ Türkmenistanyň çäklerine hionitleriň we eftalitleriň aralaşmagy /miladydan öňkiIV–V aa./ Grek-Makadon imperiýasy. /miladydan öňkiIV a./ Selewkitler. Grek-Baktriýa döwleti. Parfiýa döwleti. 7. Oguzlar hun, sýanbi, žužan, kuşan, eftalit döw-letleri döwründe. /m. öIII. M. ö III aa./ 8. “Türk taýpalarynyň /öküzleriň-oguzlaryň/ käbir bölekleriniň türkmen topragynda peýda bolmaklary we ýerli halklar bilen garyşmaklary. Iki eýýamyň örküji we ondanam has irräk Türkmen topragy, Eýran Sasanylar döwle-tiniň düzüminde III a. “Türki” sreda we “türk” ady dünýä ýaýrandan soň goňşy parsy dilli halklar tarapyndan Türkmen topragyndaky täze etnosa “türkmen” /türk-Man, ýagny, türke meňzeş/ diýen adyň dakylmagy. Şeýlelikde, gönezliginde ýokarky bogunlardaky agzalan halklaryň hemmesiniňem ýokundysy bolan türkmen halkyýetiniň emele gelmegi. /III-VI aa./ 8. “Tu-kýu” Han Aşina. “Türk” halkyýetiniň emele gelmegi. /III a./ Beýik Türk hanlygynyň döremegi. /VI-VIII aa./ Türkütler. Gök türkiler. /Şulara goşulan oguzlar gök oguzlardyr. “Üç oguz”, “dokuz oguz”. 9. VIIa. Türkmen topragynda arap basybalyjylarynyň peýda bolmagy. Yslam Abu Müslimiň araplara garşy gozgalaňy /VIIIa./ 9. Türk hanlygy ikinji gezek synandan soň /VIII a./ oguzlaryň Gündogar Türküstan bilen Wolga /Itil/ derýasynyň aralygynda ýaşamaklary. Amyderýa, Syr derýa boýlaryna Aral basseýnine, Gazgurt, Garajyk daglaryna tarap süýşmekleri. Täze oguz döwletiniň gurulmagy. Düýeli Kaýy. Ynal Ýaby han. Gorkut ata. Salyr Gazan. (IX–Xaa.) Mälik şa bozuklygy /X asyr/ Günorta Türkmenistana tarap hereketiň başlanmagy. 10.Türkmen halkynyň üstüne gadymy babadaşlarynyň – öküzleriň – oguzlaryň gelmegi we olar bilen garyşmagy. 10.Öküzleriň oguzlaryň 3-5 müň ýyldan soň Türkmenistana, Ata-Watanlaryna gaýdyp gelmekleri. /IX–XI aa./ Şu ýerde iki liniýa birleşýär we ýene-de başky ýaly bir sütüne öwrülýär. 11. Türkmenistanda oguz komponentli, ikinji tapgyrdaky türkmen halkynyň emele gelmegi. /IX–XI aa./ 12. Kaýy türkmnleriniň başda durmagyndaky Gaznawylar döwleti. Seljuklar. Gaznawylaryň synmagy. Kynyk taýpasynyň başda durmagyndaky Seljuk-türkmen döwleti. Seljuklaryň ruhy atasy Abu-Sahyt Mähneýi/ /Mäne baba./ Seljuklaryň kiçi Aziýa /Ruma/ azm etmekleri. Oguzlaryň-türkmenleriň esasy böleginiň kiçi Aziýa gitmekleri. Günbatar hem-de gündogar Beýik Seljuklar döwletiniň emele gelmegi. /XI a./ Şu ýerde ýene sütün ikä bölünýär we mundan bu ýana biz olary ikä bölünen bir halk hökmünde, aýratynlykda yzarlamaly bolýarys. Türkmenistan. Kiçi Aziýa. /Rum/ 13. Günbatar Seljuklar döwleti bilen aranyň kesilmegi. Gündogar Seljuklar döwletiniň synmagy. /1157 a./ Horezm şalygy. 13. Kiçi Aziýadaky Beýik Seljuklar döwleti. Emirlikler. Türkmenleriň haç göterijilere garşy göreşleri. Wizan-tiýanyň imperatory Roman IV Diogeniň Alp Arslana ýesir düşmegi. /1071 ý./ Türkmenleriň Yragy, Siriýany, Ýemeni, Ermenistany, Gruziýany, Azerbaýjany basyp almaklary. Malazgirt söweşi. 14. Türkmenistan mongol zulmy döwründe. Horezmiň synmagy. Muhammet şa. Jelaleddin. /XIII a./ 14. Mongollaryň Kiçi Aziýa aralaşmagy. Seljuklar döwletiniň çagşamagy. /XIII a./ 15. Balkan, Maňgyşlak, Üstýurt, Sarygamyş, Salyr taýpalarynyň birleşigi. /salyr, saryk, ärsary, teke ýomut, burkuz./ Çowdur taýpalar birleşigi. /abdal, igdir, çowdur, bozajy, burunjyk, gökleň, arabaçy, garkyn/ Teke – ýomut birleşigi. /XIV–XVI aa./ 15. Osman imperiýasynyň döremegi. /1299 ý./ Türkmenleriň osmanly adyny almagy. Olara ýewropalylar tarapyndan “ottomanlar” diýen adyň berilmegi. /Ottoman döwleti./ 16. Türkmen halkynyň döwlet gurmaklyga meýli. Nurberdi han, Gowşut han. Türkmenistany Orsyýediň basyp almagy. Gazawat urşy. Gödepe söweşi. /XIX a./ 16. Rum türkmenleriniň türkilere öwrülmegi. Oguz adynyň bütinleý ýitmegi. 17. Türkmenistan SSSR-iň düzüminde /kommunistik sistema. 1917-1991 ý/ 17. Osman döwletiniň Türkiýe Respublikasyna öwrülmegi. Kemal Atatürk. Reforma. /1924 ý./ Osmanlylaryň-türkmenleriň resmi taýdan “türkiler” diýlip yglan edilmegi. 18. SSSR-iň dargamagy. /1991 ý./ Türkmenistan özbaşdak halda. Türkiýe bilen gatnaşygyň açylmagy. 18. Türkmenistan bilen gatnaşygyň ýola goýulmagy. Elbetde biziň bu tablisamyz takmyndyr. Ony has taraşlamak, syntgylamak, ösdürmek, giňeltmek, köp-köp takyklyklar girizmek, belki-de käbir bogunlaryny büs-bütin söküp aýyrmak, goşmak gerekdir. Galyberse-de Yrak, Siriýa, Owgan türkmenleriniň, Hytaý türkmenleriniň, Azerbaýjan türkmenleriniň, Krym, Astrahan, Stawrapol türkmenleriniň, Özbegistandaky, Täjigistandaky, Garagalpagystandaky we başgada ençeme ýurtlardaky türkmenleriň taryhyny hem şeýdip, aýry-aýrylykda, sütünler, liniýalar boýunça migrasion we jugrafiki ýagdaýlaryna görä möwritlere bölüp süýekme-süýek, bogunma-bogun öwrenmeli bolar. Gadymy eýkumenleriň oguzlaryň, türkileriň, irki türkmenleriň, parfiýalylaryň, dahlaryň, saklaryň, massagetleriň, gadymy änewlileriň, arileriň, göksüýrilileriň, hapyzlylaryň taryhynam şol usul boýunça öwrenmeli bolar. Has dogrusy türkmen halkynyň we Türkmenistanyň taryhyny öwrenmek üçin ýörite institut döretmeli bolar. Şeýdip öz taryhymyzy ilik-düwme, jikme-jik öwrenibersek, dünýäniň çar künjüne ýaýran türkmenleriň geçmişde dürli halklar bilen kä galtaşyp, kä aýrylyşyp, kä ýene-de ýaňadan goşulyp, täze-täze düzümleri emele getirip, yzyndan ýene-de ägirt uly güýç bilen dumly-duşa ýaýrandyklaryna, käbir garyndaş taýpalaryň ýüzlerçe, müňlerçe ýyllap biri-birlerinden jyda düşüp, hatda köklerini hem unudyp, başga-başga halklar bilen badaşyp, käte düýbünden başga-başga halklara öwrülip gidendiklerine, aslyňy öz adyňy döremezdenem öňki haýsydyr bir gadymy halka gös-göni dahylly etjek bolmaklygyň düýpgöter ýalňyşdygyna hasam aýdyň göz ýetireris. Şonuň üçinem, ýene bir gezek tekrarlap aýdýarys: Islendik halkyň taryhyny jugrafik taýdan ýerleşiş, göçüş-gonuş /migrasiýa/ tertiplerine görä, hronologiki taýdan möwrütlere bölüp öwrenmesek, hiç haçanam ylmy hakykatyň üstünden baryp bilmeris. Çünki, “oguz”, “tur” “türk”, “türkmen”, “şumer”, “ari” diýen ýaly halkyýet atlarynyň gelip çykyş tertibini, taryhyny, dörän we ýok bolup giden mütdetini takyk bilmesek, “oguz” (tur) bilen “türkmen” adyny has irkiräk döwürlerde hem bile tutmagymyz we çykgynsyz güne düşmegimiz mümkin. Irki eýýamlar bilen biziň aramyzda nijembir möwrütler, nijembir öwrülşikler, garyşyp-gatyşmalar ýatandyr. Nijembir ýitip gitmrklik we täzeden döremeklik bolup geçendir. Göwrämize telim ýola gol bitip, te lim ýola-da ýitendir. Özümize dahylly halklaryň iň gadymylaryny hasaba alyp, aralykdakylary görmezlige salsak, gatbar-gatbar bolup duran tenimizdäki käbir gatlaklaryň göwnüne degdigimiz bolar. Türkmenistanyň gadymy halky süýri kelleli bolupdyr diýip türkmenleriň aslyny gös-göni parfiýalylara, margianalylara, girkanlara, dahlara, massagetlere, aslara, alanlara degişli edýän alymlar, şu agzalan halkyýetlerden öň şu çäkde öküzleriň, arileriň soň mesopotamiýa girip şumerlere öwrülen änewlileriň, göksüýrilileriň ýaşandyklary, olaryň käbir bölekleriniň hususan-da öküzleriň soň gaýdyp gelendikleri, käbirleriniň bolsa asylha gitmändikleri süýrikellelileriň hem hut şolar bolaýmagynyň mümkindigi barada hiç bolmanda indiden soň bir köpräk oýlanaýsalar kem bolmany. Hususan-da “öküzler, turlar” barada. Ýokarky shemadaky oguz liniýasyna daş asyrynyň eýkumenlerini, arileri, şumerleri, göksüýrilileri, hapyzlylary bijebaşy edip goşmagymyz hem, özümiziň şu pikirimize garşy gidýändigimiz üçin ýa-da şol gadymy halklary türkmenleriň gös-göni ata-babalary saýmak isleýändigimiz üçin däl-de, irki möwrütlerde, hersiniň hut şol wagtky ýaşan ýerine hakykatdanam şol halklaryň ganyndan öz ganymyza garyndaşlyk ganynyň geçendigine ynanýandygymyz, islendik halkyň taryhyny möwrütlere bölüp öwrenmek prinsipine uýýandygymyz üçindir. Biziň üçin gymmatly ýeri şu toprakdan örňän halklaryň bir ýerlere baryp “arilere”, “sumerlere” ýa-da düýbünden başga-başga halkyýetlere öwrülendikleri däl-de, şol halklaryň hemmesiniň büs-bütin göçüp gitmändigi, gitmän galanlarynyň ganyndan ganymyza gan geçendigidir. Biz şol agzalan gadymy halklaryň ganynyň şu günki türkmenden özge-de ençeme halklaryň köpüsiniň ganynda bardygyna çuňňur ynanýarys we türkmen halky şol gadymy halklaryň ýeke-täk, gös-göni mirasdüşeri däldir, ol öz ady döremezden owalky halklaryň näçesine dahylly bolsa-da, köp-köp halklar bilen bilelikde, gytaklaýyn, belli bir derejede, galtaşmak boýunça dahyllydyr diýen pozisiýamyzda berk durýarys. Nemesleriňem, hindileriňem, eýranlylaryňam, owganlylaryňam, Çiwilihine gulak assaň ruslaryňam arilere degişlidigi göz-görtele görnüp durka “diňe men aridirin” diýip gygyryp durmaklygyň gelşiksizdigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şumerler barada hem şeýle. Gadymy ari, şumer, hindi, nemes, eýran, arap, iňlis, rus, ermeni, gürji we käbir amerikan indeýleriniň, köp sanly sibir halklarynyň dillerinde türki sözleriň duş gelmegi, onuňam hut türkmen diline golaý bolmagy olaryň hemmesiniň aslynyň türkmendigi üçin däl-de gadymyýetde türkmenleriňem köp halklar bilen bilelikde köp-köp gadymy halklara dahylly bolandyklary üçindir. Asyl-ha külli adamzadyň aslynyň henize bu güne çenli hiç kime mälim bolmadyk haýsydyr bir gadymy halka degişlidigi, haýsydyr bir öwrümde barymyzyň atamyzyňam, enemiziňem birdigi, birwagtlar hemmämiziňem bir dilde sözländigimiz, bir gowakda ýaşandygymyz bir ojagyň başyndan örňändigimiz üçindir. Eýsemde bolsa nämüçindir şu günki halklaryň köpüsi öz aslyny arilere ýa –da şumerlere dahylly etjek bolup dyrjaşýarkalar? Ýa şolara dahylly bolmak derejemikä? Ýa bu zatlar olaryň gadymylygyny bütin dünýäde ykrar edilendigi üçin şeýlemikä? Ýa “ari” sözüniň “arassa” diýen Manyny aňladýandygy, gadymy şumer sungadynyň şu günki günem bütin dünýäni aňk edýändigi, olaryň baryp-ha birmahallar güýçli döwlet gurup bilendikleri üçinmikä? Biziň pikirimizçe bu ýerde-de aslyňa ymtylmak duýgusy öz hökmüni ýöredýän bolsa gerek. Asly bir adamzat özi-de duýmanan öz gözbaşyna serpilmek duýgusy bilen joşýan bolmaly. Ýöne, bu ýerde aşa sabyrlylyk, sypaýylyk we agraslyk zerur. Ýagny, her kim öz taryhyny öwrenende, beýan edende, halkynyň gelip çykyşyny yzarlanda, syýasy öwrülşiklere ser salanda, seljerende edende, nebsi ejizlikden, badyhowalykdan we gabanjaňlykdan daşda durmalydyr. Has takygy her kim öz taryhyny umumyadamzat taryhyndan fonundan üzňe göz öňüne getirmeli däldir we öz hakyna kaýyl bolmalydyr. Bolsa-bolmasa haýsydyr bir halka diňe özüňi degişli etjek bolmakdan, taryhyň iň görnükli ýerlerini ýolup alyp bolsa-bolmasa öz teniňe ýelmejek bolmakdan meşhur şahsyýetlerine bolsa-bolmasa eýe çykjak bolmakdan öz haýryňa çapyp iliň taryhyny ýoýup görkezjek bolmakdan ägä bolunmalydyr. Töwerek-daşda başga halklaryňam barlygy, olaryňam edil, düýn-öňňün ýerden dürterip çykaýmandyklary unudylmaly däldir. Halkyň pesi ýa beýgi ýokdur. Hemmesi deňdir. Diňe ykballary dürli-dürlüdir. Ýok ýerden dörän ýa-da bir mahallar zarbyndan zemini titredip, soňam bütinleý ýok bolup giden halklaryň hetdi-hasaby ýokdur, gahrymanlary, taryhlary. Watan hakynda aýdylanda bolsa, müňýyllap bir egne oturan topragyny ata-watany hasap etmäge ylym islendik halka ygtyýar berýär. /awtohton/. Biribardan başga hiç kimiň hususyýetçiligine girmeýän goja zeminiň belli bir böleginde dürli döwürde dürli halklaryň mesgen tutmagy mümkin. Ýokarda belleýşimiz ýaly, haýsydyr bir halkyň haýsydyr bir toprakda döräp, başga bir toprakda ýok bolup gitmegem mümkin. Şonuň üçinem nesibesi dartyp üstünden müň ýyl döwnän topragyny özüniň watany saýmaga islendik halkyň haky bardyr. Şol bir halk şondan soň başga bir ýere baryp şol toprakda hem müň ýyllap mesgen tutsa, onda onuň şol topragy hem asly mekany saýmaga haky bardyr. Men öz ganymda gatanjynyň bardygyny inkär etmesem-de, gelip çykyşym boýunça özümi gös-göni ari saýyp bilmen. Emma bir wagtlar Hyratdan başlap tä, häzirki Tejen derýasynyň aýaklaryna çenli bolan aralygy: – Badhyz belenliklerini, Sarahs, Tejen sähralyklaryny, Mäne-Çäçe düzlüklerini we şu günki Türkmenistanyň başga-daköp-köp ýerlerini öz içine alan ARIÝA – meniňem ýurdumdyr, watanymdyr. Çünki, ykbalyň gerdişine görä, üstünde haçan, kim döwnän hem bolsa şu günki gün şol toprak TÜRKMENISTAN! Üstünde maňlaý derini saçyp, ýörenem MEN! Türkmen! Ýeke men däl, ýer ýüzünde kim özüni ari hasap edýän bolsa, şolaram çekinmän şu topragy ata-babalarynyň ir zamanlardaky watany saýyp bilerler. Ýöne, ençeme asyr bäri kök urup oturan topraklaryndan welin ýüz öwrüp bilmezler. Çünki, ol ýer bir eýýäm olaryň öz ata-watanlaryna öwrüldi. Emma bize olaryň hiç haýsynyňam eteginden aslyşmak bolmaz. Garyndaşlyk gözläp bolar, ýöne gös-göni ata-babaň ýa çagaň saýyp bolmaz. Çünki, bir öwrümde arilere, ýene bir öwrümde hunlara, türkilere, ondan bärde dahlara, massagetlere we beýlekilere ýanaberer ýaly türkmenler atasy näbelli ogullardan däldirler. Onuň atasy oguzdyr. Ýagny, taryhyň gatyna öz adyny altyn harplar bilen ýazan gadymy öküzlerdir. Turlardyr. Öküzler – turlar bolsa arilerdenem, şumerlerdenem, türkilerdenem, hunlardanam has irki halkdyr. Türkmen başda şondan şaha ýarandyr we soň ýene-de edil, teniň-tene bitişi ýaly şonuň şahasyna sapylandyr. Ara düşen aýralyk ýarasy bolsa bireýýäm bitendir we türkmen bu gün atasynyň ornunda oturandyr. Taryhyň gatynda teni bilen öz tenine galtaşan halklaryň – arileriň, şumerleriň, skandinawiýa halklarynyň nesilleri bilen garyndaşdygyny welin birjikde inkär edýän däldir. Biz taryha emr edip bilemizok. Pelegiň gerşine görä bir topragyň üstünden telim halklar gelip geçýär. Ýurduň ady üýtgeýär. Täze-täze halkyýetler emele gelýär. Wagtyň geçmegi bilen olaram göçýärler, gonýarlar. Emma WATAN–WATANLYGYNA, TOPRAK – TOPRAKLYGYNA galýar. Ol göçmeýärem, gonmaýaram. Edil mährem ene ýaly öz “däli” ogullaryny bir goly bilen uzadyp, beýleki eli bilenem garşylap dur. Ony özüň bilen äkidibem bolanok, arkaňa alyp getiribem bolanok. Ol baky! Ol yrylmaz! Türkiler häzirki Kiçi Aziýany Ene Watan, Orta Aziýany bosa Ata Watan hasaplaýarlar. Bu elbetde şeýle. Ýöne, müň ýyl bäri oturan şol topraklaryny hem Ata Watan saýmaga olaryň doly sratda haklary bardyr. Müň ýyl bäri şu ýerde oturyp türkmenleşen oguz taýpalarynyňam şu topragy Ata Watanlary saýmaga hukuklary bardyr. Has içgin yzarlasaň welin, ähli oguzlaryň – türkmenleriň, türkleriň, azerbaýjanlaryň, gagauzlaryň bir wagtky mesgenleri, mekanlary bir döwürde hakykatdanam Mongolystandyr. Talasdyr, Selegandyr, Ötüken, Orhon, Ýeniseý derýalarynyň boýudyr. Soňrak Aral baýseeýni, Syr suwy we Amy derýa aralygydyr. Ondan aňryny yzarlasaň ýene şu toprakdyr. Ýene bir öwrüm etseň asly mekanyňy düýbünden başga-başga ýerlerden gözlemeli bolmagyňam mümkindir. Bu meseläni diňe müňýyllyklar çözýändir. Ony has aýdyňlaşdyryp biljek zat bolsa, müňýyllyklara, ýüzýyllyklara, jugrafiki ýagdaýlara, halkyň göç-gon hereketlerine, oturşyn görä bölüp-bölüp öwrenmek usulydyr. Alanlaryň şu günki osetinleriň ata-babalarydygyny, içimizde “par” diýen ujypsyzja taýpanyň bar bolany bilenem bütin türkmen halkynyň parfiýalylar bolup bilmejekdigini, sakar tirämiziň bolany bilen bütinleý saklar däldigimizi, Çary Ýazlyýew, Ödek Ödekow ýaly görnükli türkmen alymlarymyz teke, ýomut taýpalarynyňam ata-babalaryny gadymy oguzlaryň, türkileriň, gök türkileriň içinden gözläp ýörkäler olara dah-massaget taýpalarynyň ýa-da sarmatlaryň gös-göni dowamydyr diýmekligiň birneme howlukmaçlyk bolaýmagynyň ahmaldygyny hem aňymyzyň bir ýerinde saklasak kem bolmany. Gepiň gerdişine görä, geliň, ýokarky ady agzalan alymlaryň sergin pikirleri bilen tanşyp göreliň. Mysal üçin, Ödek Ödekow, türkmeniň teke taýpasy öz adyny dag goçundan, ýagny, tekeden alandyr diýip çaklaýar we öz pikirini gadymy “tu-kýu” sözüniň “türküt” diýip däl-de, teke, “gök türk” sözüniň bolsa “gök teke” diýip terjime edilmelidigi bilen hem-de goç buýnuz şekilini bezeg hökmünde ulanmaklygyň türkmen taýpalarynda ýörgünli bolandygy bilen düşündirýär. Gönümel bolmasa-da, onuňky bilen çalymdaş pikiri Moskwaly alym G.P.Wasilýewa hem aýdýar. Ol şeýle diýýär: “...Geçirilen barlaglar, şeýle-de biziň etnografiki maglumatlarymyz Köpetdagyň demirgazyk eňňitlerindäki käbir uly bolmadyk taýpalary – änewlileri, mürçelileri, nohurlylary oguzlara çenli ýaşan türki taýpalaryň nesilleri diýip hasap etmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ählisinde türkmen taýpalaryna mahsus bolmadyk birnäçe özboluşly häsiýetler bolupdyr: meselem, olar haly dokamandyrlar”. Elbetde, bu ýerde jedelleşere zat kän. Iň bärkisi Sumbarda mundan 3,5 müň ýyl ozal haly dokalandygyny N. Gulla biziň şu makalamyzyň golýazmasyny okan döwründe habar berdi. Şeýle maglumatlaryň başga-da kändigine ynanýarys. Ýöne, gaty daşlaşMankak, Ödek Ödekowyň teke türkmenleri baradaky pikirine dolanyp geleliň. Bu ýerde-de öňi bilen bir zady aýdyňlaşdyrmak gerek. Ýagny, eger-de teke türkmenleriniň aslyny öňki ýaly dah-massaget taýpalaryna degişli etsek, onda olary hakykatdanam ýewropoid keşpli süýrikellelileriň hataryna goşmaly bolýarys we mongoloid keşplidikleri şübhesiz bolan türkütlere ýa türkilere degişli etmäge, G. P. Wasilewanyň, Ödek Ödekowyň arkasynda durmaga bizde hiç hili tutaryk galmaýar. Bu antropologiýanyň kadalaryna ters gelýär. Eger-de gadymy türkütlere ýa-da türkilere degişli etsek, onda olar göz-görtele mongoloid bolýarlar we köp alymlaryň şu çaka çenli hut antropologik barlaglara esaslanyp olary dahlara, massagetlere degişli edendikleri puja çykarylýar. Şonuň üçinem, biziň pikirimizçe, teke türkmenleriniň aslyny türkütlerdenem, dahlardan ýa massagetlerdenem däl-de, edil beýleki türkmen taýpalarynyňky ýaly, oguzlaryň içinden gözlemeli. Olar ýerli hasap edilmeli bolaýanlygynda-da, oguzlaryň irki kökleri bolan öküzleriň-turlaryň şu ýerde galan şahalary bolmaly. Çünki, öküzler – oguzlar hiç haçanam şu toprakdan aralaryny bütinleý üzmändirler. Talas, Saýram, Altaý ülkelerinde, Aral degrelerinde, Hytaý serhetlerinde, Sibirde, Mongolystan sähralyklarynda bolmak bilen olar Rum, Şam Frank, Müsür ýurtlaryna tarap o ýan, bu ýan birsyhly ylgar edipdirler we atlarynyň altyn nally toýnaklary bilen şu topragy birsyhly ýumşadyp durupdyrlar. Özlerinden soň şu topraga gelip geçen we şu ýerde asyrlarboýy ýaşan ýerli halklaryň goşluşyp garyşyp etniki tarapdan kemala gelmeklerine birsyhly goşant goşup durupdyrlar. Olar gelenlerinde-de ýat ýere däl-de, Ata-Watanlaryny küýsäp, watandaşlaryny, babadaşlaryny gözläp gelipdirler. Bir taýpanyň başga bir taýpanyň içine siňmegi, ýa başga bir taýpanyň içinden dömüp çykmagy ýaly hadsalar bolsa islendik halkyň etnografiki taryhynda, şol sanda oguz-türkmen halkynyň taryhynda-da barmak basyp sanardan kän. Teke türkmenleriniň nesil Şejerelerini hem hut şu nukdaý nazardan yzarlamaga ýol salgy berýän çeşmeler ýok däl. Mysal üçin Abyl Gazy özüniň agzalan işinde teke, saryk, ärsary taýpalarynyň, hyzyr, burkaz iliniň Balkan /Abulhan/ daglarynda oturylýan döwri salyrlardan bölünip çykandygyny aýdýar. Bu pikiri türk alymy Faruk Sumer hem özüniň meşhur “Oguzlar – Türkmenler” atly işinde tassyklaýar. Türkmen alymy Ç. Ýazlyýew tekeleriň uly toparynyň baryp-ha seljuk basybalyşyklaryna gatnaşandyklaryny we Horezm, Sarahs etraplaryndan Kiçi Aziýa göçüp gidip Anadoly welaýatynda mekan tutandyklaryny, şol ýerde “teke ili” begligini döredendiklerini habar berýär. Ol Türkiýeli we Orsyýetli türkmenşynaslaryň pikirlerine salgylanyp, XV asyryň ortalaryndan başlap tekeleriň “ýörükleriň“ (ýörükler ýöregirler – gadymy oguz taýpalarynyň biri) düzümine goşulandyklaryny, olaryň düzüminde häzirem tekeli, gara tekeli, sary tekeli, syçmaz, bagşy ýaly tire bölümleriniň bardygyny belleýär. Şeýle hem ol tekeleriň bir böleginiň Anadolydan XV asyryň ikinji ýarymynda yzlaryna dolanan bolmaklarynyň mümkindigini nygtaýar. Ata Jykyýew bolsa: “...Türk dilindäki taryhy çeşmelerde we işlerde XIII– XIV asyrlarda Anadolyda agalyk süren Garaman ogullary /Garaman Sarahs salyrlarynyň iň uly bölegi. A. J./, türkmen aşiretleri, türkmen begleri, türkmen emirleri, teke aşireti, teke begleri, teke ili, teke kowumy, igdir, karaman we ş.m. maglumatlara häli-şindi duşýarsyň” diýip ýazýar. Şeýle hem ol 1879-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda iňlis Korollygynyň jugrafiýa jemgyýetiniň mejlisinde Roulinsonyň eden dokladyna salgylanyp, III asyryň soňlarynda ýuçjiler tarapyndan Amyderýanyň aňyrsyndan bärik, Hazar deňziniň kenarlaryna tarap gysylan we soň-soňlar Nusaý bilen Dehistan aralygynda ýaşan “dage” /hytaýça tagiýa-tahua/ taýpasynyň adyny belli bir netijä gelmese-de, häzirki teke türkmenleriniň ady bilen ýüzugra degşirip geçýär. Şol “dage” taýpasynyň dahlardyr ýa däldigini çözmek, elbetde, ylmyň işi, ýöne, şolar “dahlar” bolup, teke türkmenleri hut şolardan gelip çykan bolaýanlygynda-da, geliş ugurlaryny yzarlasaň, yz oguzlaryň gadymy mekanlaryna tarap alyp barýar. Şujagaz mysallaryň özem teke türkmenleriniň gadymy oguz taýpalaryna degişli edilmelidigi baradaky pikirimize goltgy berýär. A. Roslýakow ýaly käbir alymlaryň ýomut türkmenlerini sarmatlara degişli etjek bolmaklary hem iňňän jedelli meseledir. Bu barada biz Çary Ýazlyýewiň agzalan makalasynda düýbünden başgaça maglumatlara duş geýäris. Ol Hytaý goşuny üçin düzülen, “garaşly hanlyklaryň tagmalary” diýen sanawda ýomut atlarynyň VII–VIII asyrlarda Merkezi Aziýada iň gowy atlar hökmxnde görkezilendigini belleýär. Alymyň aýmagyna görä, şol sanawda ýomut etnonimi “ýuýý-mäý-hun” görnüşinde ýazylyp, hunlaryň ýomut tiresi diýen Manyny aňladypdyr. Elbetde, muňa gutarnykly pikir hökmünde garap bolmaz. Ata Jykyýewiň Salyr Gazan barada ýomutlaryň arasyndan ýazyp alan rowaýatynda salyrlaryň, saryklaryň, ärsarylaryň, tekeleriň, ýomutlaryň ganybir garyndaşdyklary, dogandyklary nygtalýar. Bu bolsa ýomut türkmenleriniňem gelip çykyşlary boýunça oguz türkmenleriniň hatayna goşmaklyga mümkinçilik döredýär. Dogry, bu rowaýat ýokarky agzalan taýpalary özüne birikdirip, iki asyr dowam eden XIV-XVI salyr taýpalar bileleşiginiň täsiri bilen ýüze çykan bolmagam mümkin, ýöne, her niçik hem bolsa suw hem öň akan ýerine tarap akarmyş. Halklar, taýpalar, uçuglar hem hemişe garyndaşlyk ganyny yzarlaşmak arkaly birleşýärler. Biz salyr taýpalar birligem tötänden ýa diňe syýasy bähbitler arkaly däl-de, doganlyk küýsegi arkaly dörändir diýip pikir edýäris. Her hal Ö.Ödekow, Ç. Ýazlyýew ýaly henize-bu güne çenli türkmen etnografiýa ylmynda aýdylmadyk batyrgaý pikirleri orta atmaklarynyň özi-de uly ädimdir. Guwançly we gutlamaly zatdyr. Tekeler, ýomutlar ýaly şu günki gün öňe çykan we san taýdan iň köp bolan türkmen taýpalarynyň şu çaka çenli gelip çykyşy boýunça beýleki taýpalardan aýry edilip görkeziljek bolşy, hiç kimiň günäsini götermäýin welin, megerem, türkmen halkynyň agzyny alardyp, agaýana höküm sürmek üçin, olary ruhy we şejere taýdan golaýlaşdyrmazlyk we birleşdirmezlik üçin, kolonial düzgüniň we ondan soňky sisteManyň syýasatlaşdyrylan ylmy tarapyndan oýlanyň tapylan zat bolsa gerek. Umuman sözümizi jemläp aýtsak, oguz liniýasy türkmen liniýasy bilen, türkmen liniýasy oguz liniýasy bilen tapyşýança örän uzak we çylşyrymly ýol geçdi. Şonuň üçinem, jylawyň ujuny gutarnykly ele almak juda kyndyr. Belki, mümkinem däldir. Türkmeniň ýeke bir teni däl, tutuş taryham gat-gatdyr. Bir gatyna el ýetirdim diýseň, aňyrda ýene bir gatlak garalyp ýatandyr. Ol gatlagam dürli şahalardan, şahalar ýapraklardan, ýapraklar inçejik damarlardan ybaratdyr. Şol inçejik damarlaryň syzýan nemleri bolsa, dürli kökleriň içinden geçip gelýändir. Şol köklerem öz gezeginde ýene sansyz-sajaksyz gotazjyklara, çylgymlara bölünýändir. Asyrlaryň jümmüşine, taryhyň çuňluklaryna aralaşdygyňsaýy halklar biri-birine golaýlaşýandyr. Haýsy halkyň gelip çykyşyny yzarlasaňam, onuň geneologiýasyndan başga bir halkyň gatanjyny tapmak mümkindir we her döwre baranyňda onuň düzüminden haýsydyr bir komponenti aýryp, başga bir komponenti goşup gidip oturmalydyr. Dünýäde hiç bir zadyň absolýut derejede arassa bolmaýşy ýaly hiç bir halk hem absolýut derejede arassa däldir. Adamzat taryhy dürli erişlerden, argaçlardan ybarat, heniz dokalyp gutarylmadyk äpet halydyr. Iň bir gadymy hasap edilýän halkyňam taryhy belli bir döwürden bäri gaýdýandyr. Aňyrsy başgadyr. Taryhyň garaňkyrap duran jümmüşine el sokup, düýpsüz ummanlary sermeläp, ser-sepil bolup ýörendigimizem hut şonuň üçindir. Göwrämiziň gylla ýarysy bolup duran oguzlaryň ata mekany başda Turan, soň Selenga, Talas we Orhon, Ýeniseý derýalarynyň boýy bolsa, onda şol ýerler biziňem asly mekanymyzdyr. Göwrämiziň beýleki ýarysy bolan gadymy ýerli halklar – parfiýalylar, margianalylar, girkanlar, dahlar, massagetler, saklar şu toprakdan dömüp çykan bolsalar, biziňem kökümiziň ep-esli bölegi şu toprakdan nem syzýandyr. Iki göwre bir syna öwrülenden soň ony bölüp bolmaz. Şol iki göwre öňem bir atanyň bilinden syzyp çykan bolsa-ha asylam. Şonuň üçinem, türkmen halkynyň gelip çykyş taryhy iňňän seresaplylyk bilen, taryhy, taryhy lingwistikany, jugrafiýany, antropologiýany, arheologiýany öz içine alýan kompleksleýin ylmy barlaglar arkaly öwrenilmelidir. Çünki oguzlar bu ýere gelmezden öň, ýagny, mundan müň ýyl ozal şu toprakda oturan gadymy türkmenler IX-XI asyrlarda bu ýere lükgeleýin gelen oguzlara belli bir derejede dahylsyz edip bilerler, emma bu günki türkmenler özlerini olardan aýratynlykda göz öňüne-de getirip bilmezler. Mundan iki müň ýyl öň, ýagny, şu topraga gadymy “türki” halklar aralaşmananam öň bu ýerde ýaşap ýören dahlary, massagetleri, parfiýalylary, margianalylary, alanlary, aslary, sarmatlary turzup: sen türkmen diýseň ýürekleri ýarylar. Emma bu günki türkmen welin öz ganynda şol halklaryň garyndysynyň bardygyny inkär etmez. Ýöne biziň tutýan maksadymyz – şol gadymy halkyýetlere bizden başgada köp-köp halklaryň dahyllydygyny inkär etmezlikdir. Şol halklar bilen aňrymyzyň, kökümiziň, ata-babalarymyzyň birdigini, bir ojagyň başyndan örňäpdigimizi ykrar etmeklikdir. Bu günki gün türkmen öz ganynda az-u-köp arap, owgan, eýran, mongol, gazak, özbek ganynyň bardygynam, sowet häkimiýeti ýyllary içinde öz ganyna uly mukdarda bolmasa-da rus, ukrain, ermeni, azerbaýjan we başga-da birnäçe doganlyk halklarnyň ganlarynyň gatylandygynam inkär edip bolmaz. Şeýle bir hakykat bar: Ýagny, atany, enäni perzent saýlap almaýar. Türkmen halky hem aslynyň kimdigini özi saýlamandyr. Ol birinden gan, birinden dil, birinden keşp alyp tebigy ýollar arkaly dogulypdyr, ösüpdir, kemala gelipdir, şöhrat gazanypdyr, özüni dünýä tanadypdyr. Türkmenistanyň çäginde galyp, şu günki güne ýeten türkmenler bolsa, görlüp-eşidilmedik azaplara döz gelmek bilen türkmen halkynyň adynam, Türkmenistan atly Watanynam ýer ýüzünden ýitirmän şu güne ýetiripdir. Ata, Ene welin nirede bolsa-da – Atadyr, Enedir: Watan – nirede bolsa-da Watandyr! Ol ikisini bölmegem, bölüşmegem nädogrudyr. Aslyýetinde biziň barymyzyň Watanymyz asman giňişliginiň içinde ýüzüp ýören ýalňyz gämi –goja zemindir: Öýümiz gök asmanyň astydyr! Tylla tas tugumyz, mele toprak mesgenimizdir. Atamyz – Adam ata, enemiz – How enedir. Şolar bilen aralykda bolsa, çal dumana duwlanyp agyr heňňam aňyrsyna göz ýetirmesi kyn bolan çylşyrymly gözlegler, sargylt syrlar ýatandyr. Biziň borjumyz ana, şol gözlegler arkaly aňymyz bilen mümkingadar kökümize, birek-birege golaýlaşmakdyr. Bu zemin üzre biz nirä göçsek-de, nirede gonsak-da hiç birimiziňem şu togalak şardan düşüp gitjek ýerimiz ýok. «Ýaşlyk»–«Юность»žurnaly, 1993., niýabr; 1994., fewral. Hun döwletiniň sýanbiler tarapyndan syndyrylmagy III asyryň başlaryna degişli bolup durýar we şondan soň hunlar dört bölege bölünýärler. Birinji bölek : has gaýduwsyzlary – häzirki Gazagystabyň sähralyklarynyň üsti bilen Ural hem Wolga derýalarynyň aralygyna tarap gidýärler we şol ýerde urglar hem-de sarmatlar bilen garyşýarlar. Ine, şulary hem Aziýada galan hunlardan tarawutlylykda “gunlar” diýip atlandyrýarlar. Ikinji bölek: az güýçli hunlar – Tarbagataýda otnaşýarlar we Ýedisuwy /Semireçe/ eýeleýärler. Üçünji bölek: Beýik Hytaý diwarynyň iki tarapynda mesgen tutupdyrlar. /Şänsi, Ordos, Alaşan/ Olar bilen UMMAN SÄHRA arlykda bolsa, sýanbiler ýerleşýän ekeni. L.N.Gumilew. “Хунны –в Китае” Изд-во «Наука» М., 1974 г./ L.N.Gumilew. «Древние тюрки» Изд-во «Наука» М., 1967 г. /Mundan bu ýana bu iş “Дp.т.” diýip görkeziljekdir/ V a. “türk” ady bilen dünýä arenasyna çykan bu täze halkyýet 546-658-nji ýyllarda. Birinji – Gündogar Türk hanlygyny döredipdirler. /Türkütler/. 678-747-nji ýyllarda bolsa, ikinji – Günbatar Türk hanlygyny döredipdirler. Asmana, ýagny, göge uýýandyklary üçin olara “gök türkler” diýipdirler. Olaryň soňky ykballary ine, şeýleräk bolupdyr: 756-njy ýylda, Ikinji Türk hanlygy ýykylandan dokuz ýyl soň, türkleriň bir bölegi-hä türk hanlygyny ýykan uýgurlara goşulýarlar, Hytaýyň serhet ýakasynda galan türkler bolsa, Tan dinastiýasynyň imperatoryna garşy gozgalaň turzan hytaýlylara goşulýarlar we şolar bilen birlikde kül-peýekun bolýarlar. Şeýdibem, turwbaşda “türk” adyny alan hakyky türkler ýer ýüzünden gutarnykly ýok bolýarlar. L.N.Gumilew. “Дp.т.” Rahman Rejepow. “Gadym türkmen edebiýaty” aşg. “Ylym” 1191 ý. Orhon-Ýeniseý we talas ýadygärlikleriniň diliniň häzirki zaman türkmen diline iňňän golaýdygyna, sintaksisine we fonetikasyna juda ýakyndygyna, “Othon-ýeniseý” ýazuw ýadygärlikleriniň öwrenilişi” atly makalasynda gazak alymy Guboýdolla Aýdarow hem tassyklaýar. /Seret: “Edebiýat we Sungat” 20. 07.1984 ý./ Gadymy türkileriň häzirki türkmen dilinden sähelçe arhlarak gürländiklerini, şonuň üçinem gadymy türki dili öwrenenlerinde deňeşdirme üçin hut türkmen diliniň şiwelerini ulanandyklaryny O. Süleýmanow, W. Sewortýan, A. M. Şerbak ýaly görnükli alymlar hem tassyklaýar. Ata Jykyýew. “Orta asyrlarda türkmen halkynyň kemala gelişi we gelip çykyşy barada oçerkler” Aşgabat. “Türkmenistan” 1991 ý. /Mundan bu ýana bu iş “oçerkler” diýlip görkeziljekdir../ Fazlalah Reşid-ad-Din. Дом Бируни. 1991 г./ Sözbaşy. 10 s/ В. А. Годлевский. «Государство Селджуков Малой Азии». Изд-во «восточный литературы» М., 1960 г. Гл.III стр.70. Şeýdaýy. Aşgabat. “Ylym” 1978 ý. 33 sa. Türkmen halkynyň gelip çykyşy, dünýä ýaýraýyş we onuň döwletiniň taryhynyň problemalary baradaky halkara ylmy konferensiýanyň dokladlarynyň we habarlarynyň tezisler” Aşgabat. “Ruh” neşirýaty. 1193 ý. 45 sah. /Mundan buýana bu iş: “Konferensiýanyň tezisleri” diýlip atlandyryljakdyr./ “Konferensiýanyň tezisleri” Begmyrat Gereý. “Sumerler /şumerler/ hem gadymy Änew medeniýeti” 105 sah. “Öküz” – Häzirki tejen derýasy. Tejen derýasyny taryhyň atasy hasap edilýän Gerodotyň “Akes” diýip atlandyrmagy hem şu derýany gadymy adynyň hakykatdanam “öküz” bolandygyna güwä geçýär. Çünki, “öküzler” gidenlerinden soň derýa dürli döwürlerde dürlüçe: ýagny, Oh, Ohs, Oks görnüşlerinde aýdylypdyr. “Akes” sözem görşüňiz ýaly şol sözler bilen owazdaşdyr we zandynda “öküz” sözi ýatandyr. Bu üýtgeşmeler diňe ýerli diliň dürli halklar tarapyndan urga sezewar edilen döwürleri bilen baglydyr. Gepiň gerdişine görä aýtsak, biz Tejen derýasynyň boýunda oturan gadymy Sarahs şäheriniň adyny hem hut, şol derýanyň ady bilen baglydyr öýdýäris. Çünki, gadym döwrüň taryhçysy Ptolomeý, Sarahsy – Siraken diýip atlandyrýar. Bu bolsa “Sir” hem-de “Aken” sözlerinden ybarat goşma sözdür. “Aken-Akes” sözüniň ýoýlan örnüşidir. Onuň öňündäki “Sir” sözi bolsa parsça doýgun, daşgyn diýen ýaly manylara eýedir. Diýmek, Siraken, Sirakes – daşgynly, joşgunly Akes derýasy ýagny, Öküz derýasy diýen manyny berýär. Indi bolsa diňläň: Siraken-Sirakes-Sirohs-Sarahs. Gadym döwürlerde çarwa halklaryň özlerini ýakasynda oturan derýalarynyň atlaryna görä atlandyrandyklaryny XIX asyryň baş larynda ýaşap geçen ors gündogarşynasy, milleti boýunça burýat bolan Dörž Banzarow hem belläp geçipdir. Mysal üçin: saljar – salj derýasynyň, olhonutlar – olhon derýasynyň adyny alypdyrlar. /Kutabek Täjibaýew. “Mongollar nirede ýaşapdyrlar, nämüçi olara mongol diýýärler” “Aziýa” gazeti. Nobýabr 1998 ý. 7 sah./ Oguz – ügüz – üňüz sözüniň umumanam derýa boýy bilen baglanyşyklydygyny, “Gadymy türkler” atly kitabynda L.N.Gumilew hem agzap geçýär. Ol V-VI asyrlarda Altaýda köp taýpalardan emele gelen türkütleriň Hytaýdaky Sary deňziň boýundan örňäp gaýdandyklaryny, özleriniňem şol ýerli “ýaşyl oguz” diýip atlandyrandyklaryny belleýär. Şolaryňam öküz derýasynyň boýundan giden öküzlerdigini, edil Amyderýa baryp oňa öňki derýalarynyň adyny dakyşlary ýaly, Sary deňze-de “Ýaşyl oguz” adyny dakandyklaryny güman etmezlik mümkin däl. “Konferensiýanyň tezisleri” Nazar Gulla. “Türkmenleriň gözüş-gonuş hem ýaýraýyş /migrasiýa/ meselesi”. 65 sah. Nazar Gullanyň agzalan makalasy. K. Nurmhammedow. “Salyr etnosynyň türkmen iliniň döreýşinde tutýan orny” /Sarahsyň 2500 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahatyň çykyşlaryň gysgaça mazmuny. Aşgabat. 199 2 ý. 7sah./ Abyl-Gazyda Ýeňli beg. /Seret: Abyl – Gazy . Şerejeýi teräkime. Aşgabat. “ylym” neşirýaty. 1992 ý. 88 sah. Syr derýanyň goşulmadyk oguzlary göenüýetmezçilik bilen “sähraýy ýataklar” diýip atlandyrypdyrlar. /Fazlallah Reşideddin “Oguznama”. Şükürowyň sözbaşysy . 4 sah./ Ata Jykyýew. Agzalan işi. L.N.Gumilew. “Дp.т.”/ L.N.Gumilew. şu işinde has irki zamanlarda Gündogar Aziýada diňlinler we Diler atly iki sany ýewropoid halklaryň ýaşandygyny habar berýär. Diler Hytaý serhetlerinde diňlinler bolsa Sibirde ýaşapdrlar. Olar ýewropoid, hatda “aksowult saçly” bolupdyrlar. Hytaýlylar dileri hem Diňlinlerdir öýdüpdirler. Şeýle hem olar Saýan daglaryna “Diňlin daglary” diýer ekenler. Dileriň b.e.ö. VII a. Hytaý tekizligine çozup girendiklerini, b.e.ö. II a. Başlap Hytaýlylaryň olary Merkezi Aziýanyň birnäçe halklarynyň ata-babalary diýip tanandyklaryny Täjigistanly alym I. W.Pýankow hem özüniň “Skif-Sibir medeni umumylygyna taryhy jähtden garaýyş” atly makalasynda ýazýar. “Konferensiýanyň tezisleri” 37 sah Ýöne onuň Dileri mongoloid hasap edýär. “Aksowult saçly diňlinleriň bolsa asla bolandyklaryna-da ynanmaýar. Bu elbetde, onuň öz işi. Ýöne, biziň pikirimizçe şl döwürde, şol etraplarda ýaşa “Di” hem-de “Ýuäçji” taýpalarynyň birleşip, türkmeniň meşhur “Düýeji” taýpasyny emele getiren bolaýmagynyň ahmaldygy barada hem oýlanylyp görüläýse kem bolmazmyka diýýäs. “Konferensiýanyň tezisleri”. Nazar Gulla. Agzalan makalasy. “Ýaşlyk” žurnaly. 1993-nji ýylyň 6-njy sany. “Türkmen-seljuk taýpalary. Hronologiýasy. Terjimesi A. Orazlyýew bilen M. Mämmedowyňky. Redaktory Ýazmyrat Mämmedi. 27 sah. Ata Jykyýe. Agzalan işi. “Konferensiýanyň tezisleri”. A. Ö. Ödekow. “Türkmenleriň teke taýpasynyň döreýşi hakynda” 45 sah. “Konferensiýanyň tezisleri” . G. P. Wasilýewa. “Etnografiýanyň maglumatlary boýunça türkmenleriň döreýşiniň esasy etaplary”. 58 sah. “Konferensiýanyň tezisleri”. Ata Jykyýew. “Türkmenistanyň territoriýasynda bolup geçen migrasion prosesler hakynda” 77 sah. Ata Jykyýew. “Oçerkler” 301 sah. Şol ýerde 213 sah. Şol ýerde 213 sah. Juma Hudaýguly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |