02:59 Türkmeniň akgoýun toýy | |
TÜRKMENIÑ AKGOÝUN TOÝY
Edebi makalalar
Hoja Ahmet Ýasawynyň döredijiligi türki halklarynyň aýratynam, türkmeniň iň gowy adatyny-dessuryny edebi däbe öwrüp, dünýä ýaýramagyna badalga berdi. Ol türki dilinde yslam taglymatyny wagyz edende, araplardaky hemme yslam ýörelgelerini köre-körlük bilen gaýtalamandyr. Türki halklarynda ýerli däp-dessurdan kemala gelen ýörelgeler yslam däbi hökmünde ýüze çykypdyr. Mysal üçin, Muhammet pygamberiň Av hasabyndan alnanda, (Gün hasabyň bir ýyly 365 gün 5 sagat 48 minut 12 sekunt, Aý hasaby 354 gün 5sagat 45 minuda barabar. D.Ý.) ýaşan 63 ýaşyndan soňra, Hoja Ahmet Ýasawy pygamberiň ýaşyna beýik hormat edip, ýerastyna girip, galan ömrüni geçiripdir. Muhammet pygamberiň ýaşan ýaşyna hormat etmek türki halklarynyň arasynda Hoja Ahmet Ýasawydan gözbaş alyp gaýdýar. Mäneli ozan ýaşuly Meretmuhammet aganyň tassyklamagyna görä, Hoja Ahmet Ýasawy pygamber ýaşyna ýetip, ýerastyna girip, Muhammet pygamberiň ýaşan ömrüne çaksyz hormat edipdir. Yslam taryhynda Muhammet pygamberiň ýaşyna baryp, ýerastyna giren başga bir adam ýok ýa-da biz bilemzok. Hoja Ahmet Ýasawynyň Muhammet pygamberiň ýaşan ömrüne hormat etmegi bilen türki halklary bu däbi özleriniň halky däbine laýyklap alyp göteripdirler. Aýratynam bu däp türkmenleriň arasyna tiz ornapdyr. Türkmenler Aý hasabyndan 63, milady hasabyndan 62 ýaşynyň içinde pygamber ýaşyny ýaşadym diýip, gününe şükür edip, “Akgoýun toý” edipdir. Pygamber ýaşyny ýaşanyň hormatyna ak goýun soýlup, toý edilipdir. Pederlerimiz ak zat alnyňa ýagşy diýen pähime gulluk edipdirler. Pygamber ýaşyna ýeteniň hormatyna ak goýun soýulmagy şol adamyň Ýaradandan ýalkanyp, durmuşda aklyga çykmagyny aňladypdyr. Sebäbi 63 ýaşyna çenli adamzat ogul öýerip, gyzyny çykaryp agtyk-çowlukly bolýar. Garaz, ynsan şu dünýäde arzuwlan at-abraýynyň hem nesil dowamatynyň eýesi bolýar. Mahlasy, ynsan çarkandakly durmuşyň girdabyndan arassa (ak) bolup başyny alyp çykýar. Şonuň üçinem gününe şükür edip, aklyga çykan adamyň hormatyna ak goýun soýlup, toý edilýär .Akgoýun toýuň manysy ynsanyň şu gününe şükür edip, geljegine sabyr etmegidir. Meretmuhammet aganyň aýtmagyna görä, akgoýun ýaşyna ýeten adam geçmişini saldarlap, geljegine nazar aýlap, iman ýüküniň nämedigine akyl ýetirmeli. Akgoýun toý ynsanyň şu gününe şükürligi, Alla mekanyna döwletli-döwranly bolup gowuşmagy aňladýar. Munuň özi ynsanyň ölümiň öňünde müzzermezligine beýik mekdepdir. Meretmuhammet aga ýaly ozan ýaşulylaryň tassyklamagyna görä, Muhammet pygamberiň ýaşyna ýetip, şükranalyk edip, halky iýdirip, geçmişiňe nazar aýlap bar bolan döwletiňe (ogul, gyz, nesil dowamaty hem baýlyk bilelikde döwletdir) şükür edip durmuşyňy seljerip, günäňe toba edip, geljegiňe umyt bilen garamak Hoja Ahmet Ýasawynyň goýan edep mekdebidir. Bu edep mekdebi bu dünýäde eden işiňe şükranylyk bilen nazar aýlamak hem imanly bolup, yslam ynanjyna görä, hak durmuşyna (ölüme) özüňi taýynlamakdyr. Özem hemme dogan-garyndaşlar, dost-ýarlar, tanyş-bilişler pygamber ýaşyna ýeten adama iň oňat arzuwlary edip, onuň Ýaradandan ýalkanmagyny dileýärler. Türkmen akgoýun toýda hem köpüň dilegi köl bolar diýen pähime berk uýupdyr. Hakykatdanam, türkmeniň akgoýun toýy dürli däp-dessura baýdyr. Akgoýun toýda bu ýaşa ýeten adamyň gurbuna görä mal soýlupdyr. Mäne obasynda ýaşap geçen Berdinazar ahunyň (1908-1990 ý.) düşündirmegine görä, pygamber ýaşyna ýeten adamyň edýän akgoýun toýy adamzat üçin parzam, wajybam däl. Yslamdan söwatly bu ýaşulynyň aýtmagyna görä, akgoýun toýy ynsanyň gününe-nesil dowamatyna, halal eýe bolan baýlygyna şükür edip berýän toýudyr. Ol adam özüniň pygamber ýaşyna ýetip, şu dünýäde uzak ýaşany hem agyr döwlete eýe bolup, hakyky ak bagta ýetendigi üçin adamzadyň Ýaradana minnetdarlyk toýudyr. Şonuň üçin Berdinazar ahun: “Käbir ýerelerde akgoýun bermegi sadaka diýilse-de, ol toý sadakasydyr” diýipdir. Akgoýun toý pygamber ýaşyna ýeteniň gurbuna görä edilipdir. Eger köp mal soýlup, toý edilse, iň bolmanda, şol soýulýan mallaryň ilkinjisi akja semiz goýun bolupdyr. Hatda şol goýnuň derisi eýlenip, pygamber ýaşyna ýeteniň aşagyna düşek hökmünde berlipdir. Pygamber ýaşyna ýeteniň hormatyna soýlan malyň etinden iýmek, şol toýa gatnaşmak sogap hasaplanypdyr. Aýratynam, bagyr-böwreginden, kelle-aýagyndan dadyp, pygamber ýaşyna ýetene ýagşy dileg etmek hem özüňe-de şeýle toýuň bolmagyny arzuwlamak aňrybaş sogap, mertebe hasaplanypdyr. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, soýulýan mallaryň ilkinjisiniň ak bagta ýetmek manysynda akgoýun bolmagy halk köpçüliginde şert hasaplanypdyr, ýöne pygamber ýaşyna ýeten adamyň ak bagta ýetmek manysynda edýän akgoýun toý sadakasynyň mallarynyň reňkinde tapawut goýmagyň zerur däldigini öňe süren adamlaram (esasan, işan-mollalar şeýle pikirde bolupdyrlar) bolupdyr, olar pygamber ýaşyna ýeten adamyň gününe şükür edip, onuň toý sadakasyny bermegini oňlasalaram ilkinji soýuljak goýnuň reňkiniň ak bolmagyny şert hasaplamandyrlar. Emma halk köpçüligi ak bagta ýeten adamyň berýän toý sadakasynyň ilkinji malynyň ak goýun bolmagyny şert hasaplapdyrlar. Ynha, şol ak bagty aňladýan akgoýnuň hormatyna pygamber ýaşyna ýeteniň berýän toýuna akgoýun diýilýär. Pygamber ýaşyna ýeteniň rysgal-döwletine hem onuň ynanjyna görä, akgoýun toýda şeýle görnüşde mal soýupdyrlar. Çagalyk, ýaşlyk, orta ýaş hem garrylyk synaglaryndan sag-aman geçdim diýip, her ýaş aýratynlyga bir mal, jemi dört mal soýmak. Meretmuhammet aga kakasy Gurbansähet aganyň agzalan ynanja uýup, akgoýun toýunda dört mal soýandygyny gürrüň berdi. Tejenli ozan ýaşuly Kuly aga akgoýun toýunda bäş günlük pany dünýäniň her gününden sag-aman geçip, geçmişime toba, geljegime şükür edip, Alla ýoluna Muhammet pygamberiň hormatyna diýip, bäş mal toý sadaka beripdir. Mäneli Berdinazar ahunyň atasy Seýitnazar ahun akgoýun toý sadakasynda Allam ýedi dowzahdan özi gorasyn diýip ýedi mal (goýun) soýupdyr. Seýitnazar ahun ilkinji soýan akgoýnuny sekiz jennetden ýetirsin diýip soýupdyr. Mänede belli Şerip baý akgoýun toýunda her süňňüme bir mal diýip, on iki goýun soýupdyr. Akgoýun toýy diňe bir mal-ak goýun soýup toý etmek sada halk köpçüligiň içinde giňden ýaýrapdyr. Garaz, türkmeniň akgoýun toýunda anyk kesgitlenen mal soýmak däbi ýok. Ýöne mümkinçiligi bolan türkmen bir mal soýmaly welin, akgoýun toýy etmeli diýen däbi berk saklapdyr. Türkmeniň akgoýun toýunda dürli däp-dessurlaryň bardygynam bellemelidiris. Akgoýun toýunda nahar berilmezden öň, süýtli aş ýa süýtli tüwi bişirip bermek däbem bar ekeni. Häzirki günlerimizde hem akgoýun toýunda süýtli aş bermek däbini saklaýan adamlar az däl. Bu däbem pygamber ýaşyna ýeten adamyň aklyga çykmagy bilen bagly döräpdir. Bişirilen süýtli aşdan bir çemçe dadyp iýmegem ýörgünli däp, çaksyz sogap hasaplanypdyr. Käbir adamlar, aýratynam, dini hadymlar akgoýun sadakasy diýse-de, halk köpçüligi bu däbi akgoýun toýy hasaplapdyr. Şonuň üçin akgoýun toýunda aýdym aýtdyryp, at çapdyryp, altyngabak atdyryp, toý eden baýlaryň akgoýun toýuna adamlarymyz höwes bilen gatnaşypdyrlar. Akgoýun toýy çagalaryň galpak, sünnet, jaý, hatda öýleniş toýa goşup etmek däbem ýörgünlidir. Akgoýun toýy goşup etmegiň manysy beýleki toý sebäpkäriniňem atasy ýa akgoýun toý edýäniňki ýaly ak bagta ýetsin diýen arzuw bilen baglanyşyklydyr. Akgoýun toýy merhum ene-atasynyň, perzendiniň, ýakyn garyndaşynyň hormatyna berilýän uly Hudaýýoly sadakasyna goşup edýänlerem bar. Beýle ýagdaýda Hudaýýolynyň öňündäki ýa soňundaky günüň akgoýun toýdugy ýörite aýdylypdyr. Akgoýun toýy är-aýal bilelikde etmek däbem ýörgünlidir. Beýle toý edilse, är-aýalyň hersiniň hormatyna bir akgoýun soýulýar, soňra akgoýun toýy edýän är-aýal gurbuna görä mal soýýar. Akgoýun toýy pygamber ýaşyna ýetenden has soňrak etmek däbem ýörgünlidir. Umuman, türkmenler pygamber ýaşyna gaty uly hormat goýupdyrlar. Pygamber ýaşyna ýetmän dünýäden gaýdanlaryň ýaşyny ösdüripdirler, pygamber ýaşyndan uzak ýaşan merhumyň ýaşyny bolsa bir ýaş kemeldipdirler. Garaz, adamzat pygamberden az ýa-da köp ýaşasa-da, merhumyň ýaşyny pygamber ýaşyna golaýlatmak uly hormat hasaplanypdyr. Türkmeniň akgoýun toýy hakyndaky ylmy söhbetimizi jemläp aýdanymyzda türkmeniň bu toýy türkmen halkynyň däp-dessuryna laýyk täze dabaranyň emele gelendigini dünýä jar etdi. Özem akgoýun toýy, esasan, türkmene mahsus toý-baýramçylykdyr. Türkmenlerden täsirlenip, pederlerimiz bilen goňşy ýaşaýan türki halklarynyň belli bir toparynda hem bu dabaraly akgoýun toýy bellenipdir. Türkmeniň akgoýun toýy agzybirlik hem nesilleriň ula hormat, kiçä sylag bildirýän dabarasydyr. Bu toýda akgoýun toýny berýän adamyň hemme nesli bir ojagyň başyna ýygnalýar. Pygamber ýaşyna ýeten adamyň hemme dogan-garyndaşy, goňşy-golamy, tanyş-bilişi üýşürilýär. Köpçülik bolup, il-günüň, dogan-garyndaşlaryň abadanlygy, pygamber ýaşyna ýeteniň bagtyýarlygy, nesil dowamatlygy doga-dileg edilipdir, çyn ýürekden arzuwlanypdyr. Akgoýun toýda nätanyşlar tanşyp, hatda olaryň guda garyndaş bolanlaram ýa bolmasa, şol akgoýun toýda birek-biregi tanap, soňra dost-dogan bolup gatnaşanlaram az bolmandyr. Mahlasy, akgoýun toý ýiten hem täze gatnaşyklary ýola goýýan toý-dabarasy diýmäge-de doly esas bar. Tejenli köneden habarly Kuly aganyň maglumat bermegine görä, türkmende “Toýa garrama ýok” diýen pähim bar. Emma bu pähim akgoýun toýa degişli hasaplanmandyr, çünki akgoýun toý diňe bir adamyň toý baýramçylygyndan has ýokary derejä çykypdyr. Pygamber ýaşyna ýetip, nesil dowamatyny görüp, ak bagta çykmak her bir türkmeniň synmaz arzuwy bolupdyr. Şonuň üçin her bir türkmen aýdylan akgoýun toýa hökman barmaly, sebäbi “Köpüň dilegi köl bolar” diýlipdir. Akgoýun toý edýäne köpçülik bolup, oňat doga-dilegler edilende, size-de-bize-de nesip etsin diýip, bu toý dabarasyna ýygnanan märeke seslenipdir. Özüne edilen ýagşy arzuwlara jogap edip, pygamber ýaşyna ýetip, ak bagta çykan adam toýna gelen her bir adama “Saňa-da nesip etsin” diýipdir. Pygamber ýaşyna ýeten adamyň doga-dilegini almak bolsa sogap hasaplanypdyr. Ine, şol sebäpli akgoýun toýa gatnaşmagy her bir türkmen özüne mertebe hasaplapdyr. Pygamber ýaşyna ýeten adamyň günäden sapdygyna bolan ynam gaty berk bolupdyr. Şol sebäpli akgoýun toý edýänden doga-dileg, alkyş almak her bir türkmeniň ýürek-arzuwy bolupdyr. Türkmeniň belli ulamasy Ak işan: “Pygamber ýaşyna ýetmek bilen adam Allanyň özüne beren döwleti (döwlet –bu ýerde nesil dowamaty hem il içindäki mertebesi manysyndadyr. D.Ý.), baýlygy, iň esasam, uzak ömür bereni üçin Ýaradana mydama şükür etmelidigine düşünýär. Onuö şüküri, pespälligi nesil dowamatyna, galyberse-de il-güne nusga bolmalydyr.” diýip aýdar eken. Ak işan ata “Pygamber ýaşyna ýeten adam ak bagta çykmak bilen öz boýnuna uly jogapkärçiligiň düşýändigine hem düşünmelidir. Pygamber ýaşyna ýeten adamyň hemme nesil dowamatynyň hak, halk halar adamlar bolup ýetişmegi üçin uly derejede jogapkärçiligi bardyr.” diýip aýdan sözleri-de biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Aşgabat şäherinde ýaşan Berdimyrat ahun: “Pygamber ýaşyna ýeten adamyň Allaň beren rysgal-döwletine, uzak ömrüne şükür edip, geçmişine toba, geljegine umyt bilen garamagy pirimiz Hoja Ahmet Ýasawydan miras galandyr. Bu ýaşa ýeten adamyň gününe şükür edip, sadaka bermegi Ýaradanyň hoşuna geljek sogaply işdir. Ýöne pygamber ýaşyna ýeten adam nesil dowamatyna özi bilen bagly hemme tabşyryklary bermegi-de onuň borjudyr. Pygamber ýaşyna ýeten adamyň hemme adamzadyň ölümlidigine, onuň bu dünýäsinden-ol dünýäsiniň ýakyndygyna has oňat düşünýän günüdir. Şonuň üçin ynsan nesip eden bir güni hemme zadyny taşlap, diňe hak halar işlerini hem nesil dowamatyny miras goýup, amanadyny tabşyrýandygyna şol gün ymykly göz ýetirýär” diýipdir. Mäneli Berdinazar ahun “Pygamber ýaşyna ýeten adam yzynda dawa-jenjel boljak hiç bir zady goýmaly däldir. Ol özüniň maddy hem ruhy baýlygyny kime bermelidigini, mirasyny nähili galdyrýandygyny (dirika nesilleriniň arasynda tereke etmek, sowgadyny bagyşlamak. D.Ý.) gaty anyk etmelidir. Bu her bir ynsana Muhammet pygamberden galan wesýet, pirimiz Hoja Ahmet Ýasawydan edilen sargytdyr. Ýöne pygamber ýaşyna ýeten adam haýsydyr bir yrym bilen baglaman, gurbuna görä mal soýup akgoýun toý sadakasyny berse gowy bolardy” diýer eken. Şeýlelikde, pygamber ýaşyna ýeten adamyň boýnunda uly borjuň bardygynam unutmaly däldiris. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, halk içinden sowatly adamlaryň, ulamalaryň tassyklamagyna görä, pygamber ýaşyna ýeten adamyň halal gazanan maddy hem ruhy baýlygyny özi dirikä nesllerine paýlap bermegi Muhammet pygamberden galan wesýet, pirimiz Hoja Ahmet Ýasawydan galan sargyt hasaplanýar. Ýöne gynansagam, pygamber ýaşyna ýeten adamyň halal gazanan maddy hem ruhy baýlygyny dirikä nesilleriniň arasynda paýlamak däbi (tereke etmek.-dinde. D.Ý.) türkmenleriň arasynda doly ornaşmandyr. Munuň sebäbi türkmeniň aňrybaş dindar bolmandygyndan bolsa gerek. Ýöne gününe şükür edip, nesillerine oňat paýhasy ündemek pygamber ýaşyna ýeten adamyň diliniň senasy bolupdyr diýmäge doly esas bar. Pygamber ýaşyna ýeten adamyň elinden nämedir bir zat sowgat almak oňat däp hasaplanypdyr. Pygamber ýaşyna ýeten adam nesillerine, dogan-garyndaşyna mirasyny paýlap, sowgadyny beripdir. Garyndaşy bolmadyk gowy görýän adamlaryna bolsa pygamber ýaşyna ýeten adam teperrik hökmünde kiçijegem bolsa, örän gymmatly hasaplanýan sowgat beripdir. Pygamber ýaşyna ýeten adamyň teperrik diýip beren sowgadynyň nesilden-nesle geçenlerem az däl. Mysal üçin, häzirki zamanda hem Berdinazar ahun pygamber ýaşyna ýetende, meniň garry atama şu kündügi sowgat beripdir diýip, saklap ýören hojalyklaryň bardygyny gördük. Pygamber ýaşyna ýeten adam çaganyň başyny sypamasa, şol çaganyň ak bagta ýetmegine berlen ak pata diýlip düşünilipdir. Türkmeniň akgoýun toýy hakyndaky ylmy derňewlerimizi jemläp aýdanymyzda, bu toý pygamber ýaşyna ýeten adamyň gününe şükür edip, ak bagta çykmagydyr. Akgoýun toýy doganlyk-dostluk toý dabarasydyr, edep-terbiýe baýramydyr. Akgoýun toýy Hoja Ahmet Ýasawynyň pygamber ýaşyna ýetip, onuň hormatyna ýerastyna girip, eden beýik sylagyndan gözbaş alyp gaýdýar. Hoja Ahmet Ýasawynyň beýik edebinden gözbaş alyp gaýdan akgoýun toýunyň mongol basybalyjylaryň, hatda türkmeniň dagynyk zamanynda-da ýitmän, şu günlerimize gelip ýetmegi bu däbiň halkyň ruhy kalbyna doly siňenligidir. Beýik nemes şahyry hem filosofy Gýote “Halkyň ganyna siňen däpler ýüzlerçe, belki müňlerçe ýylyň dowamynda kemala gelip, ol däp halkyň ruhy gymmatlygyna öwrülýär. Her bir halkyň ruhy gymatlygyna öwrülen däpler şol halk ýok bolup gitmese ýitmeýär.” diýende mamladyr. Nemes filosofynyň bu aýdanlarynyň çirksiz dogrudygyny Hoja Ahmet Ýasawynyň pygamber ýaşyna bolan beýik hormatyndan gözbaş alyp gaýdan türkmeniň akgoýun toýunyň şu günlerimize gelip ýetmegi-de doly subut edýär. Mongol basybalyjylary zamanynda, asyl-ha, türkmen hupbatly geçmişinde hem halk hökmünde ganyna siňen däp-dessurlary ýitirmän, gaýtam zamanasyna görä ösdürip, şu günlerimize getiripdirler. Hoja Ahmet Ýasawynyň pygamber ýaşyna ýeten zamanlary XII asyryň ortalarydyr. Diýmek, Hoja Ahmet Ýasawynyň pygamber ýaşyna ýetip, oňa eden hormaty zamanyndan mongol basybalyjylarynyň türki halklaryny basyp alan döwrüniň arasy 70-80 ýyldan köp däl. Ynha, şu gysga aralykda pederlerimiz Hoja Ahmet Ýasawynyň Muhammet pygamberiň ýaşan ýaşyna goýan beýik hormatyny ganyna siňen däp-dessur hökmünde kabul edipdirler. Bu maglumat pederlerimiziň Hoja Ahmet Ýasawa gaty uly hormat goýandygynyň anyk subutnamasydyr. Munuňam üstesine, pederlerimiziň mukaddeslige bolan beýik hormatydyr. Sebäbi Muhammet pygamberiň ýaşan ömri ynsanyň şu dünýädäki eden işleriniň jemini jemlemegiň nusgalyk ýaşy hasaplanypdyr. Adamzada Ýaradanyň soňky kitabyny hem dinini getiren ynsanyň ýaşan ömründen uzak ýaşalan ýyllary pederlerimiz diňe hak işlere bagyşlamaly diýen Hoja Ahmet Ýasawydan gözbaş alyp gaýdýan beýik wesýete, pähime uýupdyrlar. Hoja Ahmet Ýasawy hiç bir hikmetinde Muhammet pygamberiň ömrüni ýaşan adam toý dabarasyny etmeli diýmändir. Ýöne Hoja Ahmet Ýasawy pygamber ýaşyna ýetip Muhammet pygambere bolan beýik hormatynyň hatyrasyna ýerastyna girip, galan ömrüni geçiripdir. Emma pederlerimiz Hoja Ahmet Ýasawynyň hemme işleriniň beýik Ýaradanyň eradasy bilen edilýändigine berk ynanyp, onuň pygamber ýaşyna goýan hormatyny beýik edep mekdebi hökmünde kabul edipdirler. Mäneli ozan ýaşuly Meretmuhammet aga Hoja Ahmet Ýasawynyň pygamber ýaşyna ýetip, ýerastyna girmezden öňürti uly sadaka berip, ilkinji Muhammet pygamberiň ýaşan ýaşynyň hormatyna halky naharlan ynsanyň hem Hoja Ahmet Ýasawy bolandygy hakynda gürrüň beripdi. Türkmenleriň akgoýun toýy bermek däbiniň pederlerimiziň öz ýaşulysyna hormat goýmak däbini has mukaddes derejä çykarandygyny ýörite bellemegimiz gerek. Sebäbi akgoýun toýny eden adamyň mundan gaýry ýaşajak ömrüni hak işe bagyşlajagyna pederlerimiz berk ynanypdyrlar. Şu ynanç bilenem ýaşulylaryň degerli maslahatlarynyň imanly-hak göterýän köňülden çykýandygyna uýupdyrlar. Hakdan tutulan işiň bolsa bitjegine şübhe edilmändir. Şol ýagşy niýetden ugur alybam türkmen ýaşulysyna uly hormat goýupdyr. Şeýlelikde, pederlerimiziň ýaşulylara hormat goýmak däbi Hoja Ahmet Ýasawynyň pygamber ýaşyna goýan beýik hormatyndan gözbaş alyp gaýdan türkmeniň akgoýun toýunda emele gelen dessurlar bilen utgaşyp has mukaddesleşipdir. Muhammet pygamberiň 63 ýaşap, şol ömründe beýik işler edendigini aýdyp, pygamber ýaşyna, onuň eden işine hormat goýýandygyny beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy-da birnäçe goşgularynda nygtapdyr. Magtymguly “Saçdy Muhammet” atly eserini bolsa Muhammet pygamberiň ömrüne, bu beýik ynsanyň eden işine bagyşlap, bu goşgusynyň soňuny Muhammediň 63 ýaşap aradan çykandygyny aýdyp jemlapdir. Pygamberiň 63 ýaşy Aý hasabyndan alnandyr. Bu hasap 354-355 günden ybarat bolup, Aý hasabynyň 34 ýyly milady hasabynyň 33 ýylyna deň gelýär. Magtymgulynyň 63 ýaşan Muhammet pygamberiň eden işlerini aýdyp, aýratynam onuň Magraja gidendigini nygtap beýan etmegi pygamber ýaşynyň ähmiýetini pederlerimiziň arasynda artdyrdy diýip ynam bilen aýdyp bileris. Magtymguly Pyragy “Saçdy Muhammet” atly eserinişeýle jemläpdir: Magtymguly, özge dini bozdular, Yklym-yklym, şäher-şäher gezdiler, Jepa çekip, yslam dinin düzdüler. Altmyş üç ýaşynda geçdi Muhammet. Pederlerimiz türkmen däp-dessuryna buýsanyp, özüniň 63 ýaşamagyny ak bagta çykmak diýip kabul edipdir. Bu mukaddes türkmen däbi bolsa beýik yslam alymy Hoja Ahmet Ýasawynyň Muhammet pygamberiň ömrüne goýan beýik hormatyndan gözbaş alyp gaýdýandygyny bellemelidiris. Diýmek, türkmeniň akgoýun toýy Hoja Ahmet Ýasawynyň ömür-döredijiliginden, has anygy, bu akyldaryň nusgalyk derejä ýetiren, onda-da edebi däbe ýugrup, türkmen dessuryna öwren beýik edebinden gözbaş alýar. Elbetde, türkmeniň akgoýun toýunyň her ýeriň aýratynlygyna, her bir döwre görä bellenýändigini hem unutmaly däldiris. Ýöne bir zat welin belli: Ýokarda hem öwran-öwran belleýşimiz ýaly, “Medinede –Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet” diýip beýik baha mynasyp bolan türkmeniň beýik akyldary, şahyry Hoja Ahmet Ýasawynyň ömür-döredijiliginden gözbaş alyp gaýdan türkmeniň akgoýun toýy dünýä nusgalyk däpleriň biridir. 2009 ý. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||