TÜRKMENISTANYÑ MUZEÝLERI / Aşgabat şäheri boýunça
■ Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniñ baş binasy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň binasyna hoş geldiňiz, onuň ekspozisiýasy Türkmenistanyň köpasyrlyk taryhyna bagyşlanan. Siz geçmiş dünýäsine gyzykly syýahat adip bilersiňiz,taryhy wakalary ýatlap, dürli döwürleriň asyl nusgalaryny görüp bilersiňiz.
Ekspozisiýa iki gatda ýerleşip,sekiz zaldan ybarat. Birinji gatyň tegelek giňişliginde hol ýerleşýär, onuň gummezi on alty sany ýarymsferalara bölünip ony 25 sany sütün saklaýar. Merkezdäki emele gelen atriumda döwlet nyşanlary: baýdak, gerb, şeýle-de Garaşsyzlyga, Bitaraplyga, baýdak, gimn we Konstitusiýa degişl resminamaly witrinalar ýerleşdirilen.
Birinjin zal Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanyp, şu ýyllaryň içinde durmuşa geçirilen üstünlikler görkezilýär. Ekskursion ugur boýunça ikinji gata galynýar we gadymy döwür bilen tanyşlyk başlanýar, ýagny, Türkmenistanyň esasy arheologiýa ýadygärliklerini görkezýän kartadan başlap “Gadymy döwür” zalda dowam edýär. Zal ynsan jemgyýetiniň taryhynyň başlanýan wagtyna we ýurdumyzyň çäginde ilkidurmuş adamlaryň göçüp gelmekleriniň ilkinji döwrüne, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde dörän ilkinji şäher we döwlet barada gürrüň berýär. Bu ýerde ýokarky paleolite (b.e. öň 60 müň ýyl) degişli bolan iri daşdan iş gurallary; pyçak ýasamak üçin içine salynýan gural hökmünde, şeýle-de mezolit döwürne (b. e.öň12 müň ýyl) degişli ok uçlary hökmünde ulanylýan ownuk daşdan iş gurallary; neolit döwrüne degişli – Jeýtun medeniýeti Merkezi Aziýanyň (b.e. 6 müň ýyl) ilkinji ekerançylyk medeniýetine degişli iş gurallary we lenta görnüşli gödek ýasalan deň ýakylmadyk, tolkun çyzyklar bilen bezelen, mineral reňkler ulanylan keramika gaplar; eneolit (b.e.öň 4 müň ýyl) döwrüne degişli küýzegärçilik çarhy ýasalan ýuka diwarly keramika gaplar; Altyndepe obasy bilen irki-şäher medeniýetine degişli möhürler, keramika we mesopotamiýadaky zikurrat görnüşli ybadathanaň nusgasy arkaly görkezilen. Zalyň uly bölegi biziň eyyamyzdan öňki 3-2 müňýyllyga degişli bolup Mary welaýatynyň Murgap derýasynyň gadymy akabasynda ýerleşýän Marguş ýurduna bagyşlanan. Bu ýerde şäherleriň, ybadathanalaryň, galalaryň, äpet uly arhitekturasy şeýle-de gadymy ussalaryň, keramikaçylaryň, zergärçileriň ussatlygy görkezilýär. Olar altyndan, pöwrizeden we hakykdan ýasalan ownuk esbaplary ussatlyk bilen ýasamaklygy başarypdyrlar. Altyn we kümüş gaplar nepisligi we inçeligi bilen göreni haýrana goýýar. Köpsanly kümüşden, bürünçden, daşdan ýasalyp mifiki sýužetler bilen bezelen möhürler we kosmetiki esbaplar görnüşi we ýasalyş usuly bilen göreni haýran edýär.
Antika zaly Beýik Parfiýa imperiýasynyň paýtagtlarynyň biri parfiýa patyşalarynyň rezidensiýasy we hazynasy bolan Köne Nusaý barada gürrüň berýär.
Zalda seýrek duş gelýän arhitektura esbaplary, kümüşden altyn çaýylan ownuk detallary inçeden işlenen Afinaň, Erotyň, bürgüdiň, grifonyň heýkeljikleri göreni haýran edýär. Muzeýiň esasy buýsanjy bolan ,şimaýyndan ýasalan, frizi grek mifologiýasyndan sahnalar bilen bezelen,ortaky bölegi ösümlik nagyşlar bilen, aşaky bölegi bolsa mifiki jandaryň şekili bilen tamamlanýan ritonlardyr. Gadymy döwürlerde olar gymmat baha daşlar we metallar bilen bezelipdir. Ritonlar nepis kesme usulda ýasalypdyr.
“Orta asyrlar” zallarynda seýrek duş gelýän b.e. V asyryna degişli – buddistik arhitekturasynyň bölekleri, heýkeljikler we surat bilen bezelen keramatly amfora sokyň içinde sanskritde ýazylan tekstler saklanýar. Şeýle-de bu ýerde arap dilinde ýazylan gaplar, syrçalanan keramika, altyn we kümüş orta asyrlar döwletlere degişli teňňeler görkezilen.
Ekskursiýa birinji gatda türkmen halysynyň gimni we buýsanjy bolan meýdany 266m² esasy nagşy guşly gölli äpet haly ýerleşen haly zalynda dowam edýär. Şeýle-de bu zalda XIX-XX asyrlara degişli nepis haly önümleri görkezilen.
Ekspozisiýany döwletmizde belli senelere we baýramçylyklara bagyşlanyp geçirilýän wagtlaýyn sergiler zaly tamamlaýar.
■ Türkmenistanyñ Prezidentiniñ muzeýi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi - bu Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň taryhy medeniýetiniň ösüşine altyn harplar bilen ýazylan ýene bir sahypasydyr. 2009-njy ýylda muzeýiň döredilmegi Türkmenistanyň bitarap we täze özgertmeler zamanasynda mümkin bolup, ýurdumyzyň lideri ýokary medeniýetli, öz halkynyň taryhyna we däplerine hormat goýýan, ýurdumyzy halkara arenasyna çykarmaklyga çalyşýan adam - bu Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Bina gireniňde şahsy nyşanlar: döwlet Baýdagy, Gerb we Garaşsyz,Bitarap döwletiň Prezidentiniň ştandarty, garaşsyzlygyň ruhy duýulýar.
Muzeý üç gatdan ybarat bolup, olaryň ikisi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wezipä belleneli bäri döwletiň ösüş taryhy aýdyň görünýär. Üçünji gatda administratiw otaglar ýerleşýär.
Muzeýiň ekspozisiýasy 10 bölümden durýar we ekspozisiýa bilen tanyşlyk Türkmenistanyň kartasyndan başlanýar. Türkmenistanyň syýasy kartasy –özüniň 448,1 müň kw km çäkleri, Köpetdag gerşleri, Garagum çöli we suw resurslary bilen, özüniň administratiw bölünen 5 sebiti bilen, tebigy baýlyklary we daşary ýurt goňşulary bilen ýurdumyzyň ajaýyp görnüşi bolup durýar. Ekspozisiýanyň ilkinji witrinalarynda şu gün muzeýiň iň gymmatly esbaby hasaplanýan türkmeniň gadymy däbiniň alamaty ,halk lideriniň dabaraly gutlanylyşy inagurasiýanyň resmi däbine giren – ak keçe ak ýola we gowy işlere ak pata berýär. Prezidente berlen saçak bolsa ýurdumyzyň bolçulygy we üpjünçiligi, ok-ýaýly serdesse bolsa halkyň birligini we jebisligini görkezýär.
2007-nji ýylyň 11 fewralynda Türkmenistanda hakyky halk häkimiýetiniň baýramçylygy, türkmeniň milli demokratiýasy tassyklanan Prezident saýlawlary geçdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine geçininden soň köpsanly täze binalar açyp, ýaşaýyş jaýlary, administratiw edaralaryň, seýilgähleriň we mekdepleriň gurluşygynyň düýbi tutuldy.
Zallar Prezidentiň durmuşy we işi bilen bagly fotosuratlar we fotopannolar bilen bezelip, olar täze nesillermiziň audiowizual tehnikasynyň kömegi bilen ýurdumyzda bilim, ylym, medeniýet, sosial durmuş we dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklar yzarlanyp utgaşyp gidýär.
Türkmenistanyň halkyndan daşary ýurt raýatlaryndan, kompaniýalardan we firmalardan, şeýle-de köpsanly daşary ýurt döwlet işgärleriniň eden sowgatlary ýurdumyzyň ösüşi we dabaralanmagy bilen bagly çeper bezelen kompozisiýany tamamlaýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ülkäniş öwreniş we tebigat muzeýi 2009 ýylyň 18 maýynda açyldy. Üç gatly bina muzeýiň baş binasyna birigýär. Muzeýiň birinji gatynda Türkmenistanyň tebigatyna bagyşlanan ekspozisiýa, ikinji gatda bolsa türkmen halkynyň etnografiýasy bölümi ýerleşýär.
Ülkäni öwreniş we tebigat bölümi on bir bölümçeden durýar. Birinji bölümde ýer ýüzüniň döremegi we ýer ýüzünde adamyň ösüşi ,Türkmenistanyň çäginden tapylan gadymy organizmleriň yzlary görkezilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň günorta- gündogarda tapylan dinozawrlaryň ýeketäk yzlaryny (ýaşy 150 mln ýyla golaý), Günbatar Köpetdagda ýerleşýän (ýaşy 2,5 mln ýyl) dünýäde ýeketäk gadymy Arwana düýesiniň yzlaryny, Türkmenistan çäginde 100-200 ýyl mundan öň ýaşap geçen Tokaý piliniň äňi dişi bilen bilelikde bölegi we Haraz piliniň aşaky äň dişini görmek bolýar.
Muzeýiň ikinji bölümi Türkmenistanyň fizika-geografiki häsiýeti bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde howa kartasy we suw basseýnleriň kartasy, toprak monoliti we Türmenistanyň gazylyp alynýan baýlyklary görkezilen.
Üçünji bölümden onunja çenli muzeýi görmäge gelýänler Türkmenistanyň sebitleri bilen tanyşýar. Syýahat Köýten daglaryndaky karstly Garlyk gowaklaryndan, çuň suwly Ketteköl derýasy we başgalardan tanyşlyk başlanýar. Ýurdumyzyň Demirgazygy “Gaplaňgyr” we “Sarygamyş” derýasyndan onuň haýwanat we ösümlik dünýäsi dioramalarynda görkezilýär. Türkmenistanyň günortasynda ajaýyp ýer 1914-nji ýylda döredilen gulanlary goramak baradaky adybir goraghana we Bathyz goraghanasy döredildi. Bu bölümde tebigy ýadygärlikler bilen tanyşdyrýan ajaýyp diorama: “Ýeroýlanduz” derýasy we ýabany ösýän pisse tokaýlygy bar. Şu ýerde mör-möjekleriň we möý görnüşlileriň ýygyndysy ýerleşýär.
Köpetdaglaryna iň uly diorama bagyşlanan. Ol ýerde dagda bar bolan ösümlik we haýwanat dünýäsi görkezilen: bezuar geçisi, aýrak, Alynky aziýaň alajagaplaňy, samyr, goňur aýy, möjek we dazzarkel, garçygaý, käkilik ýaly guşlar bar.
Türkmenistanyň 80% Garagum çöli tutýar. Bu landşafta bagyşlanan dioramada: jeren, garagulak, garsak, towşan, zemzem, gum pişigi, togdary ýalylar görkezilen.
Tebigat bölüminiň iň gymmatly eksponatlarynyň biri hem “Amyderýa” dioramasynda görkezilen Turan gaplaňydyr.
Türkmenistanda möwsümleýin uçup gidýän köp sanly guşlaryň ugry tundra ýaşaýjylarynyň, demirgazyk deňizleriň, derýalaryň, kölleriň, tokaýlaryň we çölleriň ýolunda ýatyr. Muzeýiň ekspozisiýasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň 109 görnüşi görkezilen.
Ekspozisiýa tebigaty goramaklyga bagyşlanan we Türkmenistan biolog-alymlarynyň portretleri ýerleşdirilen witrinalar bilen tamamlanýar.
Etnografiýa bölüminde türkmen halkynyň däp-dessurlary giňişleýin açylyp, durmuş esbaplary, milli egin-eşikle, senetler, söweş ýaraglary, saz gurallary, kümüş şaý-sepler görkezilen.
Ekspozisiýa türkmenleriň durmuşynyň gözbaşy bolup duran gadymy taryhy maglumatlar esasynda döreýär. Şu maksat bilen ekspozisiýanyň başynda özüne mahsus bolan häsiýetli alamatlary bilen ösen medeniýetiň iň irki döwri görkezilen. Bu gadymy taryhy ýadygärlik b.e.öňki 3 m.ý.degişli bolup Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Jeýtun medeniýetidir.
Türkmenistanyň çäginde ilkinji şäher bürünç asyra degişli bolan Altyndepe diýip hasap edilýär. Şu ýerde öz başlangyjyny oba hojalyk, senetçilik we sungatdan alyp gaýdýar. Gadymy dünýä bölümini b.e.öňki 2 müň ýyllyga degişli taryhy ýadygärlik – Marguş döwleti tamamlaýar.
Türkmen ýigitleri hemişe ussatlyk bilen ýaraga erk etmekligi başarypdyrlar we batyrlykda tapawutlanypdyrlar Muzeýiň ekspozisiýasynda XVIII – XIX asyrlara degişli galkan, naýza, sowut, polatdan gylyçlar, pyçaklar, şeýle-de söweşlerde ulanylan ot açýan ýaraglar görkezilen.
Oturymly taýpalaryň ekerançylyk bilen meşgullanandyklaryna bagyşlanan diorama Köpetdagyň eteklerinde ekişden öňki orak döwrüni görkezýär. Şu ýerde we aýratyn witrinalarda oba hojalygynda ulanylan iş gurallary we esbaplar görkezilen.
Künjiden we pagta çigidinden ösümlik ýagyny öndürmeklik giňden ýaýrapdyr, şonuň üçin öý haýwanlarynyň – düýe we eşegiň güýji bilen işledilýän juwaz ulanylypdyr.
Türkmen halky üçin suwuň belli bahasy bolmandyr. Oba ýaşulylary guýy we käriz gazmaly ýerleri dogry aýdyp bilipdirler. Witrinanyň birinde ýörite guýy gazmak üçin esbaplar gözkezilen. Amyderýanyň töwereginiň ýaşaýjylary ekin-meýdanlary suwarmak üçin dürli suw desgalary ulanypdyrlar: jykyrlar we depme nowalar, olaryň kömegi bilen derýanyň suwy ekinleriň derejesine galypdyr. Ekspozisiýada olar hakyky ululygynda görkezilen.
■ Türkmenistanyň etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýi
Kaspiniň töwereginiň ýaşaýjylarynyň esasy işi, aýratyn dioramada görkezilen balykçylykdyr.
Çarwa taýpalary maldarçylyk we balyk tutmak bilen meşgulanypdyrlar. Witrinalarda gapanlar, seçme, başga esbaplar we aw iti bolan tazy,awçy laçyn barada maglumatlar bar.
Ekspozisiýada toýundan milli çörek bişirilýän şu günler hem ulanylýan hakyky tamdyr görkezilen. Baýramçylyk äheňde bezelen – ak öý ünsi özüne çekýär. Bu ýerde haly esbaplary bolan – gap-gaç salmak üçin ulanylýan torba; egin – eşik salynýan – çuwal; maşgalada keramatly hasaplanýan – akja ýüp; üçekden asylýan – ümür duman we düşek halylar görkezilen.
Türkmen halky toý edende özüniň taryhy taýdan dörän däp-dessurlary bar. Bu barada ekspozisiýadaky iň uly we owadan diorama gürrüň berýär.
At türkmen üçin maşgala agzasy ýalydyr. Muzeýiň ekspozisiýasyny türkmeniň buýsanjy ahalteke aty bezäp, onda at üçin niýetlenen kümüş şaý-sepleri görmek bolýar.
Türkmen halky Ýüpek ýoly döwründen bäri ýüpekçilik bilen meşgullanypdyr, ýöne türkmen gelin-gyzlarynyň dokan matalary beýleki halklaryň matalaryna meýzemän, esasy milli öwüşgini bilen tapawutlanypdyr.
Halyçylyk – öz başyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ýönekeý gurallaryň – keser, darak we synny kömegi bilen tükmen gelin – gyzlary saryja goýunyň ýüňünden dokap hakyky sungat esrini döredipdirler we şu güne çenli hem döredip gelýärler.
Kümüşden altyn çaýylyp ýarym gymmatbaha daşlar bilen bezelen milli şaý-sepler reňkleriň utgaşmasy we nepisligi bilen tapawutlanýar. Şaý – sepleri diňe aýal-gyzlar däl, eýsem erkek adamlar hem dakynypdyrlar.
Ekspozisiýanyň dowamy demirçilik, küýzegärçilik we ädikçilik senetleri dowam edýär. Witrinalarda XIX asyra degişli gymmat baha polatdan pyçaklar we gylyçlar goýulan.
Bäş welaýatlara degişli aýal-gyzlaryň, çagalaryň we erkek adamlaryň egin-eşikleri öz dürlüligi, öwüşgini we ulanyşy bilen haýran edýär. Witrinalaryň köpüsi şolara bagyşlanan. Ekspozisiýa milli saz gurallaryň – dutar, gyjak, gyrgy tüýdük, dilli tüýdük bilen tamamlanýar.
■ Türkmenistanyñ Garaşsyzlyk muzeýi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Garaşsyzlyk” şahamçasy döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp salnan binada ýerleşýär. Bu muzeýiň ekspozisiýasy iki gatdan ybarat. Birinji gatda Türkmenistan Garaşsyzlygyny alaly bäri ýurdumyzyň ösüşi barada we şu güne çenli ýurdumyzyň ykdysady we syýasy gatnaşyklary, şeýle-de diýarymyzyň welaýatlary barada maglumat berilýär. Ikinji gatda Türkmenistanyň taryhy beýan edilýär. Bu ýerde taryhy şahsyýetler barada giňişleýin maglumat berilýär. Ýörite kartalaryň kömegi bilen türkmenleriň döreden dürli döwletleri, olaryň geografik ýerleşişi barada gürrüň berilýär. Şeýle-de türkmen klassik edebiýaty uly orun tutýar. Muzeýde gadymy we häzirki zaman şaý-sepler, şeýle-de gadymy altyn we kümüş teňňeler sergilenýär. Muzeý esbaplary özünde halkyň durmuşyny we medeniýetini jemläp, wajyp taryhy çeşmesi bolup durýar.
Muzeýiň maksady türkmen halkyna degişli sungat eserlerini, taryhy we medeni gymmatlyklary ýygnamak, olary öwrenmek, goramak we halka ýetirmek üçin oňaýly şertler döretmekden ybaratdyr.
Esbaplaryň esasy bölegi Garaşsyzlyk döwründe toplanyldy. Olaryň hemmesi Türkmenistanyň taryhy, milli medeniýeti, ykdysadyýeti we Watanymyzyň gülläp ösmegi bilen özara baglanyşyklydyr.
Muzeýde ýerleşdirilen gymmatly esbaplar wajyp taryhy çeşme bolup, Türkmenistanyň durmuşyna we medeniýetine, onuň gazanan üstünliklerine ýagtylyk saçýar. Muzeýiň sergi zallary gadymy we häzirki zamanyň arasyndaky arabaglanyşygy, nesilden-nesle geçýän medeniýetiň we sungatyň däp-dessurlary, dünýä medeniýetinde tutýan orny barada gürrüň berýär.
■ Türkmenistanyñ Bitaraplyk muzeýi
2011-nji ýylyň 12 dekabrynda Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 16 ýyllygyna bagyşlap hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Bitaraplyk” şahamçasy açyldy. 1995 ýylyň 12 dekabry taryhy sene bolup şu binanyň özboluşly arhitektura gurluşyna girýär. Bu binanyň beýikligi 95 metr.Bitaraplyk binanyň umumy diametri 100m, beýikligi 1,8m, pýedestalyň üstünde gurlan köp basgançakly bina üç aýagyň görnüşini berip, 3 sany äpet sütüniň üstünde ýerleşýär. Sütünler altyn öwüşginli şekiller bilen bezelen. Bu şekiller Türkmenistanyň taryhyndan, gadymy döwürlerinden başlap diýarymyzyň Bitaraplygyny alaly bäridir. Bu ýerde milletimiziň urugbaşysy Oguz han Türkmen we onuň alty ogullary şekillendirilen. Bitaraplyk muzeýi birinji gatda ýerleşdirilen. Ol üç bölümden ybarat. Birinji bölüm – Türkmenistan – demokratk, aýratyn hukukly döwlerdir; ikinji – Bitarap Türkmenistan; üçünji – daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklar, täze Galkynyş we özgertmeler döwri.
Muzeý gymmatlyklary biziň döwletimiziň içerki we daşarky syýasaty we täze Galkynyş döwrüniň şöhratly wakalary barada gürrüň berýär. Witrinadaky esbaplar, türkmen Bitaraplygynyň diňe sebitiň howpsuzlygy we durnuklylygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem bütin dünýäde parahatçylygy berkidiji bolup hyzmat edýär we adamzat özara bähbitli hyzmatdaşlyklygyna gönükdirilen gatnaşyklaryň ösmegine ýardam edýär. Birinji zalyň baş diwarynyň merkezinde Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň suraty ýerleşdirilen.
Şeýle-de bu ýerde garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistanyň nyşanlary bolup durýan Döwlet baýdagy, Döwlet gerbi, Döwlet senasy ýerleşýär. Baýdak, Greb we Gimn kanun esasynda laýyklykda goralýar.
Muzeýiň zallary suwuk kristall interaktiw ekranlar bilen üpjün edilen. Olarda binanyň özi we ekspozisiýa barada üç dilde türkmen, iňlis we rus dillerinde maglumat salnan.
■ Türkmenistanyñ Galkynyş muzeýi
Türkmenistanyň Konstitusiýasy biziň beýik döwletimiziň ynamdar hukuk esasy bolup biziň halkymyzyň asyrlar boýy öz ýüreginde arzuw eden Galkynyş, ylalaşyk, gumanizm, akýüreklilik, azatlyk, watançylyk we döwletiň demokratik gurlyşy, birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Bitaraplyk esasy ýaly düşünjeleri özünde jemleýär.
Alty zallardan we häzirki zaman interaktiw enjamlary bilen abzallaşdyrylan muzeýde özüniň baý medeni mirasy we belli şaýsyýetlere baý bolan türkmen halkynyň gadymy taryhy bilen tanyşmak bolýar.
Birinji zal türkmen döwletiniň Konstitusiýasynyň we Garaşsyz Bitarap Türkneistanyň taryhyna bagyşlanan. Zalyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň suraty ýerleşdirilen. Portretiň iki gapdalynda Prezidentiň döwlet gerbiniň we ştandartynyň şekilleri ýerleşdirilen. Aýratyn pýedestalda biziň döwletimiziň esasy kanunlaryň kodeksleri görkezilip, ýörite witrinalarda biziň Prezidentimiz tarapndan 2008 ýylyň 26 sentýabrynda gol çeken Türkmenistanyň Konstitusiýanyň kanuny “Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizmek baradaky”, şeýle-de 1990 ýylyň 22 awgustynda Türkmenistanyň garaşsyzlygy baradaky deklarasiýasy görkezilen.
Ikinji zalda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, biziň döwletimiziň kanun çykaryjy ykrarnamalary,Türkmenistanyň taryhy barada gürrüň berýän dürli ýyllarda çap edilen neşirler görkezilen.
Beýleki bölümlerde Türkmenistanyň Döwlet Gimni, Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alnan aýratyn sitatalar we mukaddes Kasam görkezilen. Bu zalyň esasy aýratynlygy – täze interaktiw tehnologiýalaryň esasynda elktron kitaphananyň döredilmegidir.
Eliň hereketi bilen gerekli kitaby saýlap okap bolýar. Kitaplar baradaky maglumat üç dillerde: türkmen, iňlis we rus dillerinde görkezilen.
Muzeýiň üçünji zaly halk hojalygyna we Milli ykdysadyýetiň wajyp pudaklaryna bagyşlanan. Dördünji zalda ýörüte stendiň synlamyň ýüzünde Türkmenistanyň Prezidentiniň pähimleri görkezilen. Şeýle-de bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Bermuhamedowyň ylmy gazananlary, sylaglary we sowgatlary sanap geçilen we görkezilen. Dürli senelere bagyşlanan ýadygärlik we ýubileý pullar özüne ünsüni çekýär.
Bäşinji zalda etnografiýa esbaplary görkezilen. Gadymy golýazma kitaplar, milli egin-eşikler, şaý-sepler, täsir saz gurallary asyrlardan geçip tomaşaçyny gadymyýete alyp gidýär.
Altynjy zalda başlangyjyny şöhratly Oguzhandan alyp gaýdýan taryh barada gürrüň berilýär. Bu ýerde sensorly displeýiň kömegi bilen türkmen halkynyň urug başysynyň döredijiligi dürli wagtlarda biziň ata-babalarmyzyň döreden döwletleri baradaky maglumatlar alyp bolýar. Eksponatlaryň içinde häzirki Türkmenistanyň kartasy hem bar. Onda bütin dünýä meşhur bolan taryhy – medeni ýadygärlikleriň ýerleşýär ýeri aýratyn görkezilen. Şeýle-de bu ýerde arheologiýa gazuw – agtaryş işleri döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tapylan tapyndylar goýulan.
Türkmenistanyň Galkynyş monumenti biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny ýaýradyp, ýagty geljegmize tarap ynamly öňe barýandygymyza şaýatlyk edýär.
© TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI.
Taryhy makalalar