23:02 Türkmenistanyñ muzeýleriniñ taryhy | |
TÜRKMENISTANYÑ MUZEÝLERINIÑ TARYHY Türkmenistanda ilkinji muzeý toplamasy 1894-nji ýylda ýygnalyp başlandy. Eýýäm şol ýyllarda ol esbaplar türkmen halkynyň taryhyna, arheologiýasyna, etnografiýasyna, tebigatyna we şekillendiriş sungatyna degişlidi. 1897-nji ýylda taryhy wakalaryň esasynda Gökdepe muzeýi hereket edip başlady. 1899-njy ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda resmi ýagdaýda Zakaspiý oblastynyň muzeýiniň açylyş dabarasy boldy. 1902-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda ýörite jemgyýetçilik kitaphanasynyň muzeýiniň we muzeý jaýynyň gurluşygy başlandy, 1904-nji ýylda bolsa onuň dabaraly açylyşy boldy. 1919-njy ýyla çenli bu muzeý Zakaspiý welaýat muzeýi diýip atlandyrylýardy. 1927-nji ýylda Ülkäni öwreniş muzeýinde şekillendiriş sungaty bölümi açyldy. 1938-nji ýylda Şekillendiriş sungaty muzeýi döredildi. 1951-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy döredilip, Ülkäni öwreniş muzeýi onuň hataryna girdi. 1963-nji ýylda Ülkäni öwreniş muzeýi Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň düzümine girdi. 1985-nji ýylda Taryh muzeýiniň, Ülkäni öwreniş muzeýiniň we “Rewolýusiýa göreşijileri” adyndaky memorial muzeýiniň birleşdirilmegi netijesinde Türkmenistanyň Döwlet birleşen Taryh we etnografiýa muzeýi döredildi. Muzeý Zakaspiý oblastynyň öňki Hökümetiniň jaýynda ýerleşipdir. ■ Türkmenistanyň Garaşsyzlyk döwrüniň muzeýleri 1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň № 3479 kararyna laýyklykda, öň hereket eden Türkmenistanyň Taryh we etnografiýa muzeýi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi birigip Türkmenistanyň Milli muzeýi döredildi. 1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň dabaraly açylyşy boldy. 2005-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi açyldy. 2007-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Ilkinji Prezidentiniň muzeýi açyldy. Muzeý işini kämilleşdirmeklige esasy üns berip, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň muzeýleriniň taryhyny öwrenmekligi maksat edindi. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda 2009-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Milli muzeýine Türkmenistanyň Baş milli muzeýi diýen at dakyldy. 2009-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň, 2009-njy ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň dabaraly açylyşy boldy. 2008-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary boýunça Balkanabat, Mary, Türkmenabat şäherlerinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriň binalarynyň gurluşygy barada, 2009-njy ýylyň 31-nji iýulynda bolsa Daşoguz şäherinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binasynyň gurluşygyny başlamak barada karar çykaryldy. ■ Muzeýler öz gapylaryny myhmanlar üçin: Mary şäherinde 2010-njy ýylyň 15-nji fewralynda; Muzeýleriň gurluşygyny dünýäniň belli gurluşyk kompaniýalary amala aşyrdy, ekspozisiýasy bolsa Türkmenistanyň muzeýleriniň esasy usulyýet merkezi bolup durýan, Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň işjeň ýardam bermegi netijesinde amala aşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinden, Türkmenistanyň Medeniýet Ministirliginň garamagyndaky edralaryň işini kämilleşdirmek hakynda çykaran № 12981 karary esasynda, Türkmenistanyň Baş Milli Muzeýi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň düzümine girizilip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet Muzeýi diýlip atlandyryldy. Şol günden başlap öňki Döwlet medeniýet merkeziniň Prezident Muzeýiniň adyny üýtgedip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ilkinji Prezidenti bölümi diýlip atlandyryldy. © TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |