22:06 Türkmenler we Günorta-Günbatar (Owganystanyñ) halklary | |
TÜRKMENLER WE GÜNORTA-GÜNBATAR AZIÝANYÑ (OWGANYSTANYÑ) HALKLARY
Taryhy makalalar
Arheologlar has gadymy döwürde Günorta we Günorta-Gündogar Türkmenistanyñ we Demirgazyk Owganystanyñ çäklerinde biri-birine garyndaş taýpalaryñ ýaşandygyny birwagt subut etdiler(1). Esasan hem iki ýurduñ arasynda berk gatnaşyk bürünç döwründe (b.e.ö.II müñýyllykda) ýola goýulýar, şonda ''Baktriýa-Margiana arheologik toplum'' (BMAT) emele gelýär. Käbir alymlar bu medeniýetiñ eýelerini Gündogar Eýrandan gelip çykan hasaplaýarlar(2). Başga bir has ýaýran nukdaýnazara görä, ýerli günorta türkmenistanly taýpalar eneolit döwründe (b.e.ö. III müñýyllyk) Murgap derýasynyñ jülgesinden süýşüp, ýokary siwilizasiýany döredijiler bolupdyrlar, ol bolsa öz gezeginde bürünç eýýamynda Owganystanyñ etraplaryna (Baktriýanyñ geljekki ýadrosy) ýaýrapdyr(3). Arheolog A.Ý.Şetenko Owganystandaky b.e.ö. III-II müñýyllykdaky keramiki materiallarda türkmenleriñ nagyşlamak stiliniñ elementlerini ýüze çykarýar(4). Alymlar ilatlarynyñ gelip çykyşy bir bolan gadymy Marguş we Bakrtiýa ýurtlarynyñ ekerançylyk medeniýetleriniñ berk taryhy-medeni gatnaşyklarynyñ bolandygyny belleýärler(5). Gündogarşynas B.G.Gafurow Günorta Türkmenistanyñ çäginden Owganystana göçmekleri barada aýdyp, şeýle diýýär: ''...Elbetde, Merkezi Aziýa sebitiniñ çäginde Owganystanyñ, Eýranyñ, Orta Aziýanyñ ilaty bilen has berk aragatnaşykda bolupdyrlar. Bu gatnaşyklar özara bolup, şu çägiñ dürli şäherlerinden we obalaryndan tapylan köp sanly tapyndylar bilen subut edilendir''(6). Antik eýýamyndaky ýagdaý üýtgemändir diýen ýaly, iki tarapda hem garyndaş halklar ㅡ parslar, saklar, dahlar, alanlar-aslar, soñrak kuşanlar, eftalitler (abdallar), gadymy türküler ýaşapdyrlar. Şol bir wagtda Merkezi, Günorta we Günbatar Aziýanyñ ähli welaýatlary bir söwda arteriýasy ㅡ Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly bolupdyr. Bu medeniýetleriñ, dinleriñ, ussa önümçiliginiñ biri-birine işjeñ garyşmagynyñ döwri bolupdyr. B.e.ö. II asyrdan başlap, Owganystanyñ welaýatlary Parfiýa imperiýasynyñ düzümine girýär, emma birnäçe wagtdan soñ, kuşan patyşasy Gujula Kadfiz Parfiýa (hytaýça Ansi) bilen bäsleşip, Kabuly (hytaýça Gaofu) boýun egdirýär(7). Beýik Kuşanlar döwleti döwründe (b.e.ö. I. a. ㅡ b.e.ö.V a. başy) Owganystanyñ çägine köp sanly türki dilli taýpalar göçüp barýar. Abdallaryñ b.e.ö. hereketi Kuşanlar döwletiniñ güýçden gaçmagyna we Eftalit döwletiniñ emele gelmegine getirýär. Onuñ paýtagty Bamian Badahşanyñ Beharak diýen belentliginde ýerleşipdir (8). Eftalitler döwründe türki dilli taýpalaryñ Gindukuşdan hem demirgazykdaky, hem günortadaky ýerlere hereti dowam edýär. Olaryñ migrasiýasy häzirki zaman Owganystanyñ halklarynyñ etnogenezinde uly hyzmaty bitiripdir(9). Hususan-da, türkmeniñ halaç taýpasy puştu taýpalarynyñ iñ irileriniñ biri ㅡ gilzai öz gözbaşyny alyp gaýdýar(10). Öz gelip çykyşy boýunça gündogar puştu taýpalary tarklani we hattak hem türküdir (11). Bu ýagdaýyñ 963-nji ýylda türkmen serkerdesi Alp Tegine Gazna şäherinde (Günorta Owganystan) garaşsyz begligiñ dörändigini jar etmegine getiren bolmagy mümkin. Emma Alp Tegin uzak dolandyrmaýar. Ol 963-nji ýylyñ sentýabrynda ýogalýar, Gazna knýazlygy bolsa özbaşdaklygyny ýitirýär. Diñe 977-nji ýylda sekerde we Alp Teginiñ giýewsi Sebuk Tegin Gaznanyñ öñki derejesini dikeldýär. Gündogarşynaslar Sebuk Teginiñ türkmenleriñ kaýy (gaýa) taýpasyndandygyny ýörite belleýärler. Ilkibada ol Samanylylaryñ ýokary häkimini ykrar edýär. 944-nji ýylda Samany Nuh II garşysyna horasan feodallary gozgalañ turuzýarlar. Ol kömek sorap Gazna emirine ýüzlenýär. Gozgalañçylar derbi-dagyn edilýär, Sebuk Tegin bolsa ''Döwletiñ we dinuB goragçysy'' diýen hormatly ada, onuñ ogly Mahmyt ''Döwletiñ gylyjy'' diýen ada eýe bolýar(12). Nuh II Sebuk hana Horasany berýär. Ol Gaznanyñ welaýatlarynyñ biri bolýar. Bu baý welaýatyñ serkerdesi Sebuk Teginiñ ogly Mahmyt bellenilýär. Mahmyt çagalykda gowy bilim alýar, ene dili bolan türkmen dilinden başga pars, arap edebi dillerini, şeýle-de dini taglymaty kämil bilipdir. Sebuk Tegin öz ogluna harby işi öwredipdir, haçanda ol söweşlerde tapawutlananda, ony gazna goşunynyñ serkerdesi edip belleýär. Haçanda kakasy ýogalanda, Mahmyt pitneçilere ýaş döwleti böleklere böldürmeýär. 998-nji ýylda Mahmydyñ Gaznanyñ tagtyna dabaraly geçmegi bolup geçýär. Yslam dinini hemmetaraplaýyn ýaýratmagy özüne ugur edinip, Mahmyt Bagdadyñ halyfy Kadyrdan onuñ özbaşdaklygyny ykrar edenligi bilen bilelikde ''iýemin-ad-dowle-ua-amin-al-milla'' (,,döwletiñ goly we dini jemgyýetiñ ynamdar adamy'') diýen at galýar. Mahmyt Gaznawy dünýäde ilkinji Soltan adyny alan dünýewi hökümdardyr. Ýaş hökümdar çalt we ynamly hereket edipdir. Gysga wagtyñ içinde ol Eýranyñ we Türkmenistanyñ, Täjigistanyñ we Özbegistanyñ birtopar welaýatlaryny Gazna birleşdirýär. Hut şonuñ döwründe kiçijik beglik güýçli imperiýa öwrülýär(13). Mahmyt düzümine diñe bir türkmenler we beýleki türki halklaryñ wekilleri däl, eýsem araplar, hindiler, deýlemitler, gursylar, owganlar giren goşuny döretmäge köp güýç sarp edipdir. Hemişelik tälim sapaklary we gözden geçirişler, başarnykly ýolbaşçylyk edilmegi esgerlerde gerekli harby başarnyklary: wepadarlygy, batyrlygy, tertip-düzgünliligi terbiýeläpdir. Orta asyr taryhçysy al-Juzjaniniñ aýtmagyna görä, soltanyñ dört müñ türkmenden duran ýygyny bolupdyr. ,,Olar audensiýa (duşuşyk) wagtynda tagtyñ iki müñi sag tarapynda durupdyr. Beýleki çep tarapdaky iki müñüsiniñ telpeginde iki ýelek, ýaragy kümüşden bolupdyr''(14). Güýçli goşun döredip, Mahmyt Gaznawy öz döwletine Demirgazyk Hindistany birikdiripdir. Belli alym A.Ý.Ýakubowskiniñ aýtmagyna görä, soltan Mahmyt (998-1030-njy ýyllar hökümdarlyk eden ýyllary) ,,...hakykatdan hem öz döwrüniñ has akylly we başarnykly diplomatlarynyñ biri bolupdyr''. Ol horezmşa Abu-l-Abbas Mahmun ibn Mamun bilen diplomatik hat alşypdyr we sözüñ güýji bilen az üstünlik gazanmandyr. Garahanlylaryñ hökümdary Kadyr han bilen duşuşanda hem özüniñ medeni artykmaçlygyny, harby güýjüni we abraýyny görkezipdir. Mahmyt Gaznawy öz golastyndakylar hakynda-da az alada etmändir. Haçanda 1010-1011-nji ýyllarda ýurtda hasylsyzlyk bolanda, ol has garyp adamlara çörek almaga pul paýlamagy buýurýar(15). Gazna döwleti ulalýar we baýaýar. Paýtagtynda owadan binalar, metjitler we medreseler gurulýar. 1018-1019-njy ýyllarda baş metjidiñ gurluşygy tamamlanýar. Soltan bu metjidiñ ähli demirden edilmeli ýerlerini aktyndan ýasamagy höküm edýär. Baş metjidiñ ýanynda medrese bolýar. Oña aýratyn üns bermek gerek. Orta asyr taryhçysy al-Utbiniñ şaýatlyk etmegine görä, ''medresäniñ ýerden üçegine çenli'' dürli ýurtlardan bolan belli alymlaryñ kitaplary bilen doly bolupdyr. Bu mesresede döwlet üpjünçiliginde bolan kanunçylar we alymlar okaýyşlar geçipdirler(16). Mahmyt Gaznawy öz köşgüne Merkezi Aziýanyñ, Eýranyñ, Owganystanyñ iñ belli alymlaryny we şahyrlaryny çagyrypdyr. Olaryñ içinden taryhçy al-Utbi we şahyr Unsuri aýratyn tapawutlanypdyr. 1017-nji ýylda Gazna Gürgençden (häzirki Köneürgenç) iñ uly ensiklopedist Abu Reýhan al-Biruny gelýär. Ol hindi ýörişi wagtynda soltanyñ ýanynda bolýar we onuñ netijesinde alym ölmez ýitmez ''Hindi'' diýen eserini döredýär. Gaznada belli lukman Ibn Sina-da işläpdir. Eýýäm garrandan soñ, Gazna Firdöwsi gelýär we ol Mahmydyñ ýumşy boýunça özüniñ ''Şanama'' atly edebi eserini döredýär. Soltan ýogalandan soñ, musulman edebiýatynda onuñ parasatly hökümdar hökmünde abraýy saklanyp galýar. Beýik Türkmen-seljuk imperiýasynyñ weziri Nyzam al-Mülk onda hökümdaryñ nusgasyny görýär we özüniñ ''Syýasatnama'' diýen eserinde Seljuk soltanlaryna öz döwletlerini Mahmyt Gaznawynyñ imperiýasynyñ nusgasynda gurmagy maslahat berýär. Nyzam al-Mülk ''Mahmyt dolandyrmak sungatyny gowy öwrenipdir, elmydama patyşalar hakyndaky gürrüñleri diñläpdir, hakykaty gowy görýändigi bilen tapawutlanypdyr we ählumumy goldaw tapýan hereketleriñ tarapdary bolupdyr'' diýip ýazýar. Bu sözler köşk adamynyñ ýaranjañlygy däl, sebäbi, haçanda beýik wezir öz eserini ýazanda, Mahmyt bir wagt ýogalypdyr. Nyzam al-Mülk zehinli hökümdaryñ döwlet genisiniñ we parasatynyñ, güýjüniñ we öñden görüjiliginiñ öñünde boýun egipdir. Ol soltan ''...öz ellerini sowgatlar we rehim-şepagatlara açýar, ýönekeý adamlar ony söýüpdirler we öwüp arşa çykarypdyrlar. Ol beýik işleri amala aşyrypdyr, uly ýeñişleri gazanypdyr... Ol adyl hökümdar bolupdyr, ylmy söýüpdir, ol sahy, ýadawsyz, arassa ynançly, söweşjeñ bolupdyr... Adalatly hökümdar bolan döwür ajaýypdyr''(17). Soltan Mekgä musulmanlaryñ keramatly ýerine sowgat hökmünde sansyz-sajaksyz baýlyk iberipdir. Al-Utbi ony ''Allanyñ ýerdäki kölegesi'' diýip atlandyrypdyr. Musulman dünýäsinde Mahmyt Gaznawyny keramatly adamlaryñ hataryna goşupdyrlar. 1040-njy ýylda Beýik Türkmen-seljuk imperiýasy döredilýär. Onuñ başynda seljuklar urugyndan bolan türkmenleriñ kynyklar taýpasy durupdyr. Gaznalylardan üstün çykylandan soñ, seljuklaryñ üç serdary Merwe ýygnanýarlar we Gaznalylaryñ öñki üç çägini paýlaşýarlar: Dawut Çagry beg Horasany, Musa ýabgu ㅡ Gerat we Seýistany dolandyrmaga alýar, Muhammet Togrulbeg bolsa ýokary hökümdar saýlanylýar. Şonda-da Gaznalylaryñ elinde Owganystanyñ käbir ýerleri saklanyp galýar (18). Seljuklar döwründe Balh oazisi Horasanyñ iñ baý ekerançylyk welaýatlarynyñ biri bolupdyr. Bu ýerde Gindiguş boýunça Seljuklar bilen Gaznalylaryñ araçägi geçipdir. Bu iki türkmen döwletiniñ arasyndaky gapma-garşylyk 1073-nji ýylda dinastiýa arasynda nika baglanyşylmagy bilen tamamlanypdyr. Mongollardan öñki döwürde Balhabyñ we Hulmanyñ suwlary bilen suwarylýan Balh welaýaty Horasanyñ esasy galla bitýän ýeri bolupdyr. Bu welaýatda türkmen-oguz taýpalary örän uly hyzmaty bitiripdir. Orta asyr awtorlary Huttalýanda, Jafanabatda we Balhyñ daş-töwereginde ýaşaýan türkmenler 40 000 öý bolupdyr(19). Türkmenleriñ Balhda, Toharystanda, Bustda, Badahşanda, Demirgazyk we Merkezi Owganystanyñ beýleki ýerlerinde ýaşaýan türkmenleriñ köp bölegi Seljuk soltany Sanjaryñ öz gol astynda bolupdyrlar. Emma hökümdaryñ emeldarlary olara hetdenaşa salgyt salypdyrlar. Balhyñ türkmenleri 1153-nji ýylda soltanyñ ýeñlişi bilen tamamlanan gozgalañ turuzýarlar (20). Mongollardan öñki döwürde Owganystanyñ çägi türkmenleriñ Anuşteginler dinastiýasynyñ ýolbaşçylyk edýän, şeýle-de Horezmşalaryñ imperiýasy ady bilen belli bolan döwletiñ düzümine girýär. Horezmşanyñ uly ogly Muhammet Jelaleddin Gaznanyñ mülk ýerlerine eýe bolupdyr. Hut Owganystanda iñ soñky Meñburn lakamly horezmşa Jelaleddin Kandagaryñ eteginde uly goşun ýygnaýar, soñra bolsa özüniñ Gaznadaky mülk ýerine gelýär. 1221-nji ýylyñ tomsunda Jelaleddin Toharystana ýöriş edýär we mongollary Waliýan galasynyñ diwarlarynyñ eteginde derbi-dagyn edýär. Beýleki wakalar sebäpli alada galan Çingiz han uly goşun bilen özüniñ dogan okaşany Şigi Kutugy naýony iberýär. Parwan şäherçesiniñ golaýynda birnäçe gün dowam eden söweş bolýar. Mongollar doly ýeñilýärler. Onlarça müñden Şigi Kutugunyñ öz ýolbaşçylygynda diñe sähelçesi baş mongol daýanç nokadyna (stawkasyna) dolanyp barýar. Alymlaryñ aýtmagyna görä, mongol goşunynyñ Parwananyñ ýanynda derbi-dagyn edilmegi 1219-1222-nji ýyllarda Merkezi Aziýadaky, Eýrandaky we Owganystandaky harby söweşleriñ dowamynda ýeke-täk uly ýeñişleri boldy. Owgan taryhçysy Ahmad Ali Kahzad ''Biz taryhy senenamalardan Jelaleddiniñ Çingiz handan Owganystanyñ ýerlerini Parwanadan Gazna, Gaznadan Hindiñ kenaryna çenli mongollara berk zarba urup, batyrgaý we erjel gorandygyny bilýäris'' diýip ýazýar(21). Bu söweşden soñ, Balhy gaban mongollar gabawy aýryp, Owganystanyñ çäginden gidipdirler. Emma basyp mongollar şäherleri we obalary boşadyp, bütin ýurdy eýeläpdirler. Mongol emeldarlarynyñ bellenilmegi bilen, Owganystana türki dilli tireleriñ köp bölegi göçüp barýar we olar döwletiñ ýerli ilatynyñ etnogenezinde uly hyzmaty bitiripdirler(22). Belli bolşy ýaly, Beýik Mongollar imperiýasynyñ belli döwlet işgäri, serkerde we şahyr Muhammet Baýram han türkmenleriñ baharly tiresinden bolup, 1502-nji ýyl töweregi Badahşanda eneden dogulýar. Onuñ kakasy Seýfalybeg Babur (imperiýany dörediji) döwründe Gaznanyñ häkimi wezipesini eýeläpdir. Owganystan XVI asyrda türkmen tireleri Garagoýunlylaryñ, soñra Akgoýunlylaryñ gaçybatalgalary bolupdyr. XVI asyryñ 50-nji ýyllarynda Baýram han Türkmen Kandagaryñ häkimi bolupdyr(23). XVIII asyrda Andhoý welaýatynda türkmenleriñ alili taýpasyndan bolan Döwlet han diýen biri dolandyrypdyr. Oña türkmenleriñ beýleki afşar taýpasyndan bolan Eýran şasy Nedirguly 1738-nji ýylda Owganystany we Demirgazyk Hindistany basyp alanyndan soñ, welaýaty dolandyrmaga mirasdarlyk hukugyny görkezýän haty berýär(24). Nedir şa ýogalandan soñ, onuñ öñki serkerdesi Ahmet hanyñ ýolbaşçylygynda owganlylar 1747-nji ýylda ýurduñ garaşsyzlygyny yglan edýärler. Ahmet hanyñ sadozai urugynyñ abdal taýpasyndan gelip çykandygyny bellemek gerek. Türkmenlerde şeýle taýpa häzir hem bar; türkmenler ㅡ abdallar, esasan, Lebap welaýatynda (Türkmenistan), Astrahanda we Stawropolda (Russiýa Federasiýasy) ýaşaýarlar. Ahmet han ''dur-i duran'' (arap. ''durr'' ㅡ ''dür'') diýen derejäni alýar, şonuñ üçin onuñ ähli tiresi bolsa ''durrani'' diýip atlandyrylýar (25). Ahmet şa Dürraniniñ (1747-1773) şahanasy (rezidensiýasy) Balh şäheri bolýar (26). Ahmet şa Eýranyñ güýçli garşydaşy bolan uly döwlet döredýär. Ahmet şanyñ baýdagynyñ astynda türkmen goşunlary durupdyr. Munda türkmenleriñ abdallary elmydama özleriniñ garyndaşlary hasap etmekleri az hyzmaty bitirmeýär. Beýik Magtymguly öz goşgularynda Ahmet şa ýüzlenýär we onuñ adyny bitewi adalat döwletini gurmak arzuwy bilen baglanyşdyrýar(27). Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylyp çawyñ Adyñ asman gider Arşy aglaýa. Gelen nökeriñdir, gelmeýen awuñ, Beýiklik zinesin kyl paýa-paýa. Bişeleriñ aw añtaýan şiri sen, Rumustan beýnisi, döwüñ biri sen, Zal oglunyñ almaz peýkam, tiri sen, Guştaps ogly dek belli belaýa. Pişiñ Eýran bolsa, puştuñ Turandyr, Dost işine hoşwagt, duşman haýrandyr, Ykbalyñ açylar, işiñ döwrandyr, Merhemet nazaryñ salsañ bir jaýa. Ahmet şa Eýran feodallaryna garşy göreşde goldamaklaryny haýyş edip, türkmen taýpalaryna ýüz tutýar. Bu barada şanyñ aýratyn türkmen hanlarynyñ adyny tutýan permanlary şaýatlyk edýär. Olar eýýäm onuñ goşunynda bolup, ondan ýer mülklerini alypdyrlar(28). 1887-nji ýylda iñlis-rus ylalaşygynyñ netijesinde Owganystan bilen Russiýa Federasiýasynyñ Gerirud (Tejen) derýasyndan Amyderýa çenli Hoja-Saleh-Zulfagar ugry boýunça araçägi anyklanylýar. Şeýlelikde, aslyýetinde, gönüden-göni Türkmenistanyñ we Owganystanyñ arasynda 1991-nji ýyldaky araçägi kesgitlenipdir(29). Şeýdip, türkmen taýpalarynyñ uly bölegi owgan emiri Abdyrahman hanyñ (1880 ㅡ 1901-nji ýyllar ㅡ dolandyran wagty) gol astynda bolupdyrlar. Türkmenleriñ käbir bölegi Owganystanyñ çägine özbaşdak gidipdirler. Mysal üçin, teke hany Eziz Serdar öz bölümleri bilen Sarahsdan gelýär we emire gulluga durýar. Munuñ üçin Abdyrahman han olara Geratyñ eteginden, Keşawar töwereginden ýer we ömri ötýänçä ýylda däne kömegini berýär(30). 1917-nji ýykdaky rewolýusiýadan soñ, Gyzyl Goşunyñ repressiýasynyñ netijesinde onlarça müñ türkmen Owganystanda pena tapýar. Türkmenleriñ Owganystana soñky uly migrasiýasy XX asyryñ 30-njy ýyllarynda bolup geçýär. Şol kollektiwleşdirmek we kulaklaryñ emläginiñ alynýan döwründe Ahalyñ, Merwiñ we Lebabyñ türkmenleriniñ käbir bölegi goñşy ýurduñ demirgazyk etraplaryna göçüp barýarlar. Owganystanda, esasan, ärsarylar, tekeler, alililer, salyrlar, saryklar, ýomutlar, çowdurlar we beýlekiler ýaşaýarlar. Olardan sany boýunça has köpi ärsarylar, salyrlar we saryklardyr(31). Geçen ýüzýyllygyñ 70-nji ýyllarynyñ ahyrynda Owganystanda türkmenler şu welaýatlarda ýaşapdyrlar: Baglan (Pule ㅡ Humri ㅡ Anderab uýezdleri ㅡ 3 oba), Gunduz (Imam ㅡ Sahib uýezdinde ㅡ 8 oba; Kala we Zal uýezdlerinde ㅡ 13 oba; Hanabat uýezdinde 3 oba; Çar ㅡ Dara uýezdlerinde ㅡ 3 oba; Daşte ㅡ Arçi uýezdinde ㅡ 4 oba), Samangan (Hulm uýezdi ㅡ 5 oba), Balh (Döwletabat uýezdi ㅡ 27 oba; Şor Depe uýezdi ㅡ 10 oba; Çarbulýak uýezdi ㅡ 6 oba; Çettal uýezdi - 3 oba), Jauzjan (Şibirgana uýezdi ㅡ 35 oba; Akça uýezdi ㅡ 5 oba; Balhab uýezdi ㅡ 1 oba; Sari - Pul uýezdi ㅡ 1 oba; Hanaka uýezdi - 14 oba; Mengajik uýezdi - 3 oba; Karkin uýezdi ㅡ 6 oba; Anhhoý uýezdi ㅡ 25 oba; Hamiýab uýezdi ㅡ 2 oba), Farýab (Meýmene uýezdi ㅡ 3 oba; Karamkol uýezdi ㅡ 10 oba; Kaýsor uýezdi ㅡ 6 oba; Darbaz uýezdi ㅡ 2 oba), Badgis (BalaㅡMurgab uýezdi ㅡ 5 oba; Kuşki Kohna uýezdi; Çormah uýezdi ㅡ 1 oba), Gerat (Gurian uýezdi ㅡ 8 oba; Gülran uýezdi ㅡ 9 oba; Kohsan uýezdi ㅡ 2 oba; Kuşk uýezdi ㅡ 6 oba; Zinjahan uýezdi ㅡ 5 oba; Obe Uýezdi ㅡ 2 oba), Gilmend (Bust uýezdi ㅡ 4 oba), Kabul (Kabul şäheri)(32). Emma A. Babaýewanyñ dogry belleýşi ýaly, Owganystanyñ obalary boýunça maglumatlar, şeýle-de türkmenleriñ sany baradaky maglumatlar (70-nji ýyllarda 400 müñ adama golaý) ynamdar çeşmeler bolmandygy üçin takmynandyr(33). Owganystanda mauri ady bilen täze dörän etnik topar hem ýaşaýar. Olar Marydan (Merwden) göçüp gelenleriñ esasynda dürli türkmen taýpalarynyñ wekillerinden emele gelipdir(34). Häzirki wagtda owgan türkmenleri owgan halky bilen dört müñ ýyldan gowrak wagtdan bäri gatnaşykda bolup, Owganystanyñ syýasaty we ykdysady durmuşyna işjeñ gatnaşýar. Edebiýatlar 1. Gundogdyýew O. A. Turkmenistan i Afganistan: swýaz wremen i pokoleniý//Diýar.ㅡ Aşgabat, 208. No6.ㅡ S.20-21. 2. Sarianidi W. I. Marguş. Drewnewostoçnoýe sarstwo w staroý delte reki Murgab. ㅡ Aşhabad, 2002. S.81-82. 3. Udemuradow B.N. Altyn-Depe i Margiana: swýazi, hronologiýa, proisho£deniýe. ㅡ Aşhabad, 1993. ㅡ S.119-121. 4. Şetenko A. Ýa. O. torgowyh putýah epohi brponzy po materialam turkmenistano-harappskih paralleleý//Arheologiçeskoýe izuçeniýe Sredneý Azii. ㅡ Kratkiýe soobşeniýa. ㅡ M.,1970. ㅡ No122. ㅡ S.62. 5. Mamedow M. Drewnýaýa arhetektura Baktrii i Margiany. ㅡ Aşhabad, 2003. S.7. 6. Gafurowa B.G. Nekotoryýe problemy etniçeskoý istorii narodow Senitralnoý Azii w drewneýşiý period// Etniçeskiýe problemy istorii Sentralnoý Azii w drewnosti (II tys. do.n.e). M., 1981. ㅡ S.54. 7. Şol ýerde. ㅡ S.184ㅡ185. 8. Pugaçenkowa G.A.Iskusstwo Afganistana. ㅡ M., 1963. ㅡ S.16-17. 9. Haşimbekow H. Uzbeki Sewernogo Afganistana. ㅡ M., 1994. 10. Zotow O. W. Týurki, uýgury i Wostçnyý Turkestan //Istoriýa narodow Wostoçnoý i sentralnoý Aziiㅡ M., 1986. ㅡ S. 209-220. 11. Aslanow M. G. Zaimstwowaniýa iz týurkskih ýazykow w puştu// Trudy Moskowskogo instituta wostokowedeniýa. ㅡ M., 1947. Wyp. 4. ㅡ S. 756 ㅡ 765. 12. Aşirow O. Gosudarstwo, woznikneýe w Gazne//politiçeskiý sobesednik. ㅡ Aşhabad, 1995.ㅡ No7 ㅡ S.17. 13. Gundogdyýew O. Desnisa der£awy//Weçerniý Aşhabad. ㅡ 31.05.1996. 14. Gundogdyýew O. Mahmud iz Gazny//Neýtralnyý Turkmenistan. ㅡ 22.06.2007. 15. Ýakubowskiý A. Ýu. Mahmud GAznewi. K. woprosu o proisho£denii i haraktere Gaznewidskogo gosudarstwa//Ferdowsi (934-1934). ㅡ L., 1934. ㅡ S.86-94. 16. Şol ýerde. ㅡ S.94-95. 17. Gundogdyýew O. A. Welikiýe polkowodsy srednewekowýa w istorii turkmen. Aşhabad, 1996. S.33. 18. Şol ýerde. ㅡ S.38. 19. Karpow G. I. Seld£ukskoýe dwi£eniýe w Turkmenistane w XI w. ㅡ Rukopis SNB Turkmenistana. ㅡ L.68. 20. Agad£anow S. G. Gosudarstwo Seld£ukidow i Srednýaýa Aziýa w XI ㅡ XII w.w. ㅡ M.,S. 194 - 195. 21. Gundogdyýew O. A. Welikiýe polkowodsy srednewekowýa w istorii turkmen. ㅡ Aşhabad, 1996. ㅡ S.49. 22. Babaýewa A.K., Kurtgeldyýewa B.M. Turkmeny Afganistana (istoriko-geografiçeskiý oçerk).ㅡ Aşhabad, 1994. ㅡ S.31. 23. Gundogdyýew O. A. Welikiýe polkowodsy srednewekowýa w istorii turkmen. ㅡ Aşhabad, 1996. ㅡ S.64. 24. Babaýewa A. K., Kurtgeldyýewa B. M. Görkezilen iş. ㅡ S.32. 25. Kurbanow A. Eftality (oçerk istorii). SPb.,2006-S.117. 26. Gankowskiý Ýu. W. Imperiýa Durrani.ㅡ M.,1958. ㅡ S.30. 27. Mahtumkuli. Izbrannoýe /Sost. B.A. Karryýew. ㅡ Aşhabad, 1992. ㅡ S. 44-45. 28. Babaýewa A. Turkmeny Afganistana. Aşhabad, 1992. ㅡ S.44ㅡ45. 29. Arunowa M. R., Şumilow O. M. Granisa Rossii s Afganistanom (istoriçeskiy ocerk) ㅡ M., 1998. S.23. 30. Babaýewa A. K. istorii rasseleniýa turkmenskih plemen teke i saryk na territorii Afganistana w XI ㅡ XX ww.//problemy istorii i etnografii sowetskih i zarube£nyh turkmen. ㅡ Aşhabad, 1990.ㅡ S.163. 31. Ýagmurow A. Turkmeny Afganistana// Turkmeny zarube£nogo Wostoka. ㅡ Aşhabad, 1993. ㅡ S.110-111. 32. Babaýewa A. Turkmeny Afganistana. ㅡ Aşhabad, 1992. ㅡ S.14-21. 33. Şol ýerde. ㅡ S.14. 34. Şol ýerde. ㅡ S.32 ㅡ 36. Öwez GÜNDOGDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |