17:25 Türkmenler we Kawkaz hem-de Zakawkazýe halklary | |
TÜRKMENLER WE KAWKAZ HEM-DE ZAKAWKAZÝE HALKLARY (AZIÝA WE ÝEWROPANYÑ ARALYGY)
Taryhy makalalar
Biziñ derñeýän geografik çägimiz Aziýa we Ýewropa degişlidir. Emma Kawkaz we Zakawkaz halklarynyñ aýratyn etnopsihologiýasy, olaryñ ykballarynyñ meñzeşligi bu sebiti tutuşlygyna seretmäge iterdi. Bu ýerde türki dilli halklaryñ ata-babalary ㅡ skifler we sarmatlar täze eýýamdan has öñ göçüp gelipdirler. Olar bu ýere iki ýol bilen ㅡ Hazaryñ demirgazyk ýakasy we Eýranyñ üsti bilen gelipdirler. Köp sanly turan taýpalary bolsa Kawkazyñ we Zakawkazýäniñ ýerli ýaşaýjylarynyñ syýasy we medeni durmuşynda uly yz galdyrypdyr. Täze eýýamyñ ilkinji asyrlarynda bu ýere türki dilinde gepleýän halklar: awarlar, gunlar (hunlar), eftalitler (abdallar), hazarlar, oguzlar, gypjaklar we beýlekiler aralaşyp başlapdyr. Türki halklaryñ bu sebite has köpçülikleýin göçüşi XI ㅡ XII asyrlarda seljuk-türkmen taýpalarynyñ hereketi bilen baglanyşyklydyr. Ol Beýik Seljuk-türkmen imperiýasynyñ, XII asyryñ ortalarynda ol darganyndan soñ bolsa, häzirki Siriýanyñ, Yragyñ, Eýranyñ, Palestinanyñ, Türkiýanyñ, Azerbeýjanyñ, Ermenistanyñ, Gruziýanyñ we käbir beýleki döwletleriñ çäklerinde köp sanly türkmen döwletleriniñ döremegine getirýär. Bu hereketler etnik we syýasy ösüş ýagdaýy güýçlenipdir. Eger seljuk türkmenleri Kawkaza Hazaryñ günorta ýakasy bilen giden bolsalar, oguz-türkmen we gypjak taýpalarynyñ beýleki bölegi Hazar deñziniñ demirgazygyndan aýlanyp, Kawkaza barypdyr. Olaryñ hemmesi häzirki Kawkaz halklarynyñ etnik taryhynda uly yz galdyrypdyr. XII asyrda gruzin patyşasy Dawid IV Gurujynyñ çagyrmagy bilen Artyk hanyñ ýolbaşçylygyndaky 40 müñ sany gypjak esgeri Gruziýa barýar. Bu goşunyñ düzüminde oguz-peçeneg esgerleri hem bolupdyr diýlip hasaplanylýar. Dawid IV hanyñ giýewsi bolmak bilen, gypjaklara ýaşamak üçin köp ýer bölüp beripdir. Gruzin awtory M.D.Lordkipanidze şeýle ýazýar: ''Polowesler (gypjaklar ㅡ Ö. G.) Gruziýanyñ dürli welaýatlarynda ýerleşdirilipdir. Olaryñ bir bölegi içerki Kartlä göçürilipdir... Polowesler Gruziýada derrew uýgunlaşypdyr. Olar hristian dinini, gruzin dilini kabul edip, oturumly ýaşaýyş durmuşyna geçipdir we kem-kemden ýerli ýaşaýjylar bilen garyşypdyrlar(1). Başga bir gruzin awtory G.Z.Ançabadze, gruzin ýylýazgylaryna salgylanyp, şeýle belleýär: "Georgiý III (1156 ㅡ 1184) we şa aýaly Tamaranyñ (1184 ㅡ 1213) goşunlarynda köp sanly gypjak goşunlary bolupdyr, olar ''etnik taýdan gruzinler we Zakawkazýäniñ beýleki halkary bilen garyşypdyrlar, gypjaklar baradaky ýatlama toponimlerde we gruzin halk rowaýatlarynda saklanyp galypdyr''(2). Eger gypjak-türkmen taýpalary Gürjüstana Ýewraziýa sähralygy tarapyndan giren bolsa, seljuk türkmenleri bu ýere Azerbeýjan tarapyndan gelipdir. Gruzin taryhçysy N.N.Şengeliýa ''XI asyrda Seljuklar Gruziýada'' diýen işinde ''...Seljuklar Gruziýa birsyhly çozupdyrlar we möhüm harby dolandyryş ähmiýetli nokatlary eýeläpdirler... Gruziýanyñ çäginde türk (türkmen ㅡ Ö. G.) taýpalarynyñ köpçülikleýin oturumly bolmak ýagdaýy bolup geçipdir diýip ýazýar(3). Ýokarda aýdylanlary teswirläp, alym W. L. Gukasýan: ''Şol döwrüñ gruzin taryhçylaryna Gruziýanyñ iki at bilen belli bolandygy tötänden däldir: Kartweloba (sözme-söz: Gruzinoba) we Didi Turkoba (Beýik Turetçina). Gruziýanyñ bütin günbatar we gündogar bölekleri ''Didi Turkobada '' ýerleşýär... Oguz we gypjak taýpalarynyñ Gündogar Gruziýada mesgen tutandygyna şu zolagyñ etnotoponimleri-de şaýatlyk edýär: Tekeli (Marneul etraby, Mugaily (Dmanis, Bolnis we Marneul etraplary), Saatly (Dmanis etraby), Akkullar Kapanakçi, Ulaşly, Çanahçi, Borçalu (Marneul etraby) we başg''(4). diýip belleýär. Gruzin dilçisi S. S. Jikiýanyñ türkmen-gruzin dil gatnaşyklaryny derñäp, türkmen ''...leksiki elementleri gruzin dilinde halk hojalygynyñ maldarçylyk, balyk senagatynyñ önümleri, tagamlar we beýleki ugurlaryna degişlidir(5)'' diýip ýazypdyr. Baý gruzin folklorynda eýýäm oguzlar döwründe kabul edilen epik sýu£etler wajyp orny eýeleýärler. ''Gorkut ata'' eposyndaky Bekil we onuñ ogly Amran hakyndaky aýdymyñ käbir äheñleri gruzin eposynyñ gahrymanlary Betkile we Amiran hakyndaky iñ gadymy ýatlama bolup durýar(6). Şeýle-de, Gruziýada türkmen eposy ''Görogly'' we Aşug Garib hakyndaky rowaýat örän meşhurdyr. Kerogly (Görogly) hakyndaky epos prozada berlendir we iki görnüşde goşgy bölekleri duşýar. Şahyrana bölegini ilki gruzin dilinde getirýärler, soñra bolsa ''gruzin däl goşgularda'' aýdym edip aýdýarlar(7)''. Türkmenleriñ ermeni halky bilen hem ýakyn gatnaşyklary bolupdyr. Olaryñ arasyndaky etnik, syýasy we durmuş-ykdysady gatnaşyklary bolupdyr. Olaryñ arasyndaky etniki, syýasy we durmuşy-ykdysady gatnaşyklar tä giçki orta asyrlara çenli dowam edipdir. Eýýäm XI asyryñ 40-njy ýyllarynyñ ortasyndan başlap, Ermenistan Beýik Seljuk-türkmen imperiýasynyñ düzümine giripdir. Diñe ýüz ýyl geçeninden soñra, Ermenistanyñ käbir welaýatlary bu ägirt uly ýurduñ düzüminden çykýar. Içerki Haçen (Daglyk Garabag) birinji garaşsyz ermeni knýazlygy hasaplanylýar. Ony Wahtang Beýik (1120 ㅡ 1150) esaslandyrýar. Uýgunlaşyş döwri örän ýeñil geçýär, şonuñ üçin ol ýa-da beýleki knýazyñ haýsy millete degişlidigini takyk anyklamak mümkin däl. Mysal üçin, 1214ㅡ1261-nji ýyllarda Haçeniñ knýazy Hasan Jalal bolupdyr. Ol ermeni awtory G. Akopýanyñ aýtmagyna görä, ''...Gündogar ermeni ýurdunyñ knýazlygynyñ taryhynda Hasan Jalal ykdysadyýeti dikeltmek we esasan-da, bu ýerde medeni ojaklary döretmek we gülletmek üçin işleri bitiripdir''(8). Bu knýazyñ oglunyñ Atabeg, aýalynyñ bolsa Arzy hatyn diýen türkmen atlarynyñ bolmagy hem gyzyklydyr. 1214-nji ýylda Arzy hatynyñ buýrugy boýunça, Dadi welaýatynda (Daglyk Garabag) Terteriñ kenarynda buthana gurlandygyna şaýatlyk edýän maglumatlar bar. Ol Dadiwank buthana toplumyna giripdir. Arsahda (Arsah ㅡ Daglyk Garabagda welaýat) haly önümleriniñ taýýarlanylmagy-da Arzy hatynyñ ady bilen baglanyşyklydyr. Orta asyr emeni taryhçysy Kirakos Gandzakesi Arzy hatyn barada şeýle ýazypdyr: ''[Ol] (buthana) uly kömek etdi ㅡ öz gyzlary bilen geçiniñ dürli reñklere boýalan ýumşak ýüñünden buthananyñ çokunylýan keramatly törüne örtmek üçin ajaýyp tuty-örtük dokady. Onuñ ýüzi Halas edijiniñ we beýleki keramatlylaryñ güýçli söýgülerini anyk görkezýän çaýylan nagyşlar we keşdelenen şekiller bilen bezelipdir, olar hemmeleri haýran galdyrypdyr''(9). Arap taryhçylary Arsah halylary barada haýran galyp gürrüñ edipdirler. Hut şu welaýatda türkmenleriñ we ermenileriñ sungaty has ýakynda utgaşypdyr. Ermenistand iñ gadymy haly şu ýerden gelip çykypdyr we onuñ senesi 1202-nji ýyl hasaplanylýar(10). Türkmenler ussatlary Ermenistanyñ käbir etraplarynyñ diñe halyçylyk işine däl, eýsem, buthana binagärçiligine-de öz täsirini ýetiripdir. Onda türkmenleriñ Orta Aziýadan getiren türki-arap äheñleri utgaşýar. Ermeni şekillendiriş sungatyndan gowy baş çykarýan L.A.Durnowo ''seljuk usulynyñ'' buthananyñ bezeg nagyşlarynda, şeýle hem binagärligiñ özünde görünýändigi barada ýazýar(11). Haçen knýazlygyna dolanyp gelsek, ermeni buthanasyna howandarlyk etmek däbiniñ XIV asyrda-da dowam edendigini bellemek gerek. Hasan Jelalyñ özüniñ, oglunyñ, aýalynyñ we Mama hatyn atly garry aýalyñ şekilleri çekilipdir. Spitakawor buthanasynyñ türkmen serdarlarynyñ keşbi şekillendirilen güberçek bezeg daşlary hem täsindir. Olaryñ biriniñ ýüzünde knýaz Eaçy we onuñ ogly Emir Hasanyñ keşbi, beýlekisinde bolsa onuñ atyñ üstünde çapyp barşyna arka tarapyna ýaý atýan pursady (hut türküleriñ atyş usuly) şekillendirilipdir(12). Ýerewanyñ golaýyndaky Eçmiadzin etrabynyñ Argawand obasynda türkmen emiri Sadyñ maşgalasynyñ mazary güberip görünýär. Abat saklanyp galan 12 metrlik bu kümmet 1413-nji ýylda işlenilip bejerilen tufdan (dag jynsy) salnypdyr. Mazaryñ daşlarynyñ ýüzünde ony salan ermeni usullarynyñ atlarynyñ baş harplary ýazylypdyr. Mazaryñ ýokarsynda ㅡ tejegorunyñ aşagyndaky baş harplary ýazylypdyr. Mazaryñ ýokarsynda tejegorunyñ aşagyndaky böleginiñ ýüzünde kümmediñ Sadyñ ogly emir Pir Hüseýniñ buýrugy boýunça gurlandygy barada arapça ýazgy bar. Argawand obasynda ýerleşen beýleki iki mazardan zat galmandyr. Ermeni alymy A. Papazýanyñ pikiriçe, bu obada Sadlaryñ kowum mazarçylygy ýerleşipdir(13). Ýañy-ýakynlara çenli Sadlaryñ mazarçylygynda gazuw işleri geçirilmändir. Diñe 1997-nji ýylda Türkmenistanyñ we Ermenistanyñ hökümetleriniñ kararyna laýyklykda, türkmen alymlarynyñ topary: arheolog Ýegen Atagarryýew, dilçi-edebiýatçylar A.Aşyrow we N.Halymow ýadygärlikde barlaglar geçirdi. 1998-nji ýylda bolsa arheolog Hemra Ýusubow we antropolog O.Babakow bu ýerde bölekleýin gazuw işlerini geçirdiler. Ermeni çeşmeleriniñ maglumatlaryna görä, Sad türkmen emirligi (''Çuhur Sad'') XIV asyryñ 80-nji ýyllaryndan tä XV asyryñ 30-njy ýyllaryna çenli dowam edipdir. Emirligiñ düzümine giren türkmen taýpalarynyñ hemmesi sadly diýlip atlandyrylypdyr. Olar Sarjalunyñ, Ýerashodzoryñ ýerlerinde we Ararat jülgesinde ýerleşipdir(14). Dowam eden döwrüniñ soñky 20 ýylynda Sad emirligi kuwwatly türkmen şasy Gara Ýusup beg Türkmeniñ garamagynda bolupdyr. Gara Ýusup beg Türkmen 1410-njy ýylda Ermenistanda, Eýranda, Yrakda, Kürdüstanda 1468-nji ýyla çenli dowam eden Garagoýunly döwletini esaslandyrypdyr. Garagoýunlylaryñ häkimlige gelmegi bilen Teýmir agsak tarapyndan tozdurylan Ermenistana köp garaşylan parahatçylygyñ ahyrsoñy gelendigi barada orta asyr ermeni awtorlary belläpdirler. Towma Mesopesi Gara Ýusup barada şeýle ýazypdyr: ''Ol Ermeni ýokarky böleklerine parahatçylyk berdi. Biziñ bütin ýurdumyzda, Arçeşden başlap tä Ararat welaýatyna çenli abadanlaşdyryş başlandy. Adamlar ýumrulan ýerlerde däl-de, abadanlaşdyrylan ýerlerde ýaşady... Buthanalarda ruhanylary we dýakonlary bilen gülläp başlady. Çagataý döwründe dinden el çeken adamlar öz dinlerine täzeden ynanyp başladylar''. Ýerli ilata öz täsirini ýetiren ermeni-grigorýan buthanasyndan türkmenler uly goldaw tapypdyr. Ermeni taryhçysy W.Grigorýanyñ belleýşine görä, Gara Ýusup beg Türkmeniñ ogly Isgender we agtygy Jahanşa özlerini ''Şahe Arman'' (ýagny Ermenistanyñ şalary) hasaplapdyrlar. Ermeni çeşmelerinde olar uly mähir bilen ýatlanylýar. Jahanşa Garagoýunlylaryñ döwründe (1432 ㅡ 1467) ermeni buthanasy hemme salgytlardan boşadylypdyr(15). XV asyryñ 70-nji ýyllarynda Ermenistanyñ, Günorta Atrapatakanyñ, Kürdüstanyñ, Diýarbekiriñ, Eýranyñ, Lurystanyñ, Parsyñ we Kermanyñ ýerlerini Akgoýunly türkmen nesilşalygy özüne birleşdiripdir. Onuñ esaslandyryjysy Uzyn Hasan beg Türkmen ermeni Eçmiadzin buthanalaryny salgytlardan boşadýar (1475-nji ýylyñ permany). Akgoýunlylaryñ beýleki bir şasy ㅡ Ýakup 1487-nji ýylda Gandzasaryñ katolikosy (ruhanysy) Şmawona edil şeýleräk permany berýär(16). Ýokarda getirilen mysallar şu ýurtlaryñ çäklerinde ýaşan türkmen we ermeni halklarynyñ ýeterlik ýakyn aragatnaşykda bolandygyna şaýatlyk edýär. Munuñ şeýledigini ermeni diliniñ mysalynda-da görmek bolýar. 1902-nji ýylda Ýerewanda dil-edebiýatçy H.Açarýanyñ ''Ermeni diline türki diliniñ täsiri we ermenileriñ türki dilinden kabul eden sözleri'' diýen işi ermeni dilinde çap bolup çykdy. Onda, hususan-da, ermeni diliniñ stiline we grammatiki gurluşyna türkmen diliniñ täsiri hakynda gürrüñ edilýär. Könelişen käbir türkmen sözleri eýýäm häzirki zamann dilinde duşmaýar(17). Belli türkolog E.W.Sewortýan şeýle ýazýar: ''Entek mongollardan öñ, XII asyrda ermeniler seljuk türkmenleri bilen gatnaşyk edip başlaýar... we olar bilen hemişe seljuk türkmenleri bilen gatnaşyk edip başlaýar... we olar bilen hemişe aragatnaşykda bolup, egin-egine berip ýaşan wagtary-da az bolmandyr. Diñe orta asyr ermeni edebiýatynyñ eserlerine günorta türki sözleriniñ has ir girmeginiñ sebäbini oguz taýpalary bilen gündelik aragatnaşygyñ saklanylandygy bilen düşündirmek bolar''(18). Azerbeýjan alymy A.S.Sumbatzade orta asyr ermeni we gruzin awtorlarynyñ eselerini derñäp, olarda ýüzlerçe oguz-türkmen sözlerini ýüze çykardy(19). Gelip çykyşlary we dilleri boýunça bir oguz toparyna girýän türkmenleri we azerbeýjanlary çuñ taryhy kökler baglanyşdyrýar(20). Azerbeýjan alymlary Azerbeýjanyñ çäklerindäki oguz-türkmen taýpalarynyñ atlary saklanyp galan 18 sany ýer-ýurt añladýan adalgany (toponimi) tapdylar: afşar, baýat, baýandur, bektili, ýaýyrly, igdir, ýiwe, garabölük, kinyk, kyryk, peçeneg, salyr, tutyrga, tüker, çaruk, çebni, çuwaldar, eýmür, şeýle hem ''24 sanawa'' girmedik beýleki türkmen taýpalarynyñ atlary ㅡ agaçari, kañly, karluk (garlyk), kypçak (gypjak), halaj (halaç)(21). XIX asyryñ birinji ýarymynda ýaşap geçen azerbeýjan taryhçysy we filology A.K.Bakyhanow orta asyr ýazuw çeşmelerine salgylanyp, Sefewi türkmenleriniñ döwletiniñ ilkinji şasy Ysmaýyl I Sefewiniñ ýerli türkmen hökümdarlaryny güýçlendirmek maksady bilen, XVI asyrda baýat türkmenlerini Yrakdan Ýerewana, Derbende, Şabrana göçürendigini belleýär. Onuñ aýtmagyna görä, zulkadyr (dulkadyr) türkmenleri-de Azerbeyjana, şeýle hem Gürjüstana göçüpdirler. Emma olaryñ bir bölegi gruzinler bilen goñşy ýaşaýan lezgi taýpalaryna goşulypdyr(22). A.K.Bakyhanowyñ maglumatlaryna görä, XVI ㅡ XVII asyrlarda Azerbeýjanyñ etnik kartasy şeýle görnüşde bolupdyr: £eñene, halylly, keñerli türkmenler Kuba we Şirwan uýezdlerinde; asyllylar, arşalylar, ustajylar we gajarlar ㅡ Kuba uýezdinde; baýatlar ㅡ Kuba, Derbent we Şirwan uýezdlerinde; garagoýunly we halaç ㅡ Şeki, Kuba we Şirwan uýezdlerinde ornaşypdyrlar(23). Bu giçki göçüp gelenler türkmenler, eýýäm Seljuklar, Garagoýunlylar we Akgoýunlylar bilen bile gelen oguz taýpalarynyñ, şeýle-de, biziñ eramyzyñ birinji asyrlarynda has gadymy türki etnoslaryñ (gunlaryñ, bolgarlaryñ, hazarlaryñ we başg.) ýaşap ýören ýerlerine gelipdirler. Türkmenleriñ nogaýlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolandygy barada hem aýtmak bolar. XIII asyrda Çingiz hanyñ agtygy ㅡ Altyn Ordanyñ birinji hany Batyý Ýewraziýa sähralygynda ýaşan, ýagny onuñ döwletiniñ düzümine giren oguzlar üçin Nogaýy tümenbaşy edip belläpdir. Nogaý taryhçysy Sami Nogaýyñ maglumatlaryna görä, Nogaý hanyñ kakasy Tawal beg Aksunyñ asly oguz-peçeneglerden bolupdyr. Bütin Günbatar we Günorta Ýewropany basyp alan Nogaý hanyñ abraýy gaty uly bolupdyr, hatda Altyn Ordanyñ oguzlary özlerini ''nogaý'' diýip atlandyrypdyrlar(24). Häzirki nogaýlar, esasan, Russiýa Federasiýasynyñ Garaçaý-Çerkez awtonom respublikasynda ýaşaýar. Olar aknogaý halk we garanogaý halk diýen toparlara bölünýär. Aknogaýlarda ''türkpen'' (türkmen) we ''kañly'' taýpalary bolup, olaryñ obasy Togtamyş we Kañlydyr. Garanogaýlar hem atlarynda türkmen taýpalary bilen meñzeşlik bolan uly taýpalara bölünýärler ㅡ goñur, kañly, gazaýakly (gaz aýagyna meñzeş tagmasy bolan salyrlar şeýle atlandyrylypdyr), keneges, bozok (sag ganatyñ 12 oguz taýpasy şeýle atlandyrylypdyr). Olaryñ Türkpen-oba diýlip atlandyrylýan obasy hem bar. Türkmenleriñ we nogaýlaryñ aragatnaşygynyñ alamatlaryny nogaý familiýasyny getirmek bolar. Kizyl-ýurt we Ikon-halk obalary); Bu maşgalalary wekilleri kem-kemden çerkesler bilen ýakynlaşýar(25). Nogaý dilindäki garyndaşlyk adalgalary türkmen dilindäki şeýle adalgalardan tapawutlanmaýandygyny hem gyzyklydyr. Nogaý dilinde gypjak şiweleriniñ köp bolmagyna garamazdan, bu adalgalaryñ aýdylyşynda oguz-türkmen sözleýşiñ yzlary bar(26). Nogaý taryhçysy Ý.I.Karakaýew nogaý ''Tohtamyş han hakyndaky rowaýatynda'' oguz dil alamatynyñ köpdügine şaýatlyk edýär. Oguzlaryñ dodurga taypasy demirgazyk-kawkaz abazinlerde (tapanta böleginde) ýatlanyp geçilýär. Garabulak orta asyr türkmen taýpasy bolsa; çeçenleriñ we induguşlaryñ düzümine giripdir (waýnah birleşmesi). Garabulaklar waýnahlaryñ ''orsthoý'' diýen at bilen aýratyn toparyna giripdir. Olar 4 sany uruga bölünipdir: orsthoý, saýeçoý, mer£oý, akhoý (agöý, agöýli ㅡ oguz-türkmen taýpalarynyñ biri). Garabulaklar (dürli oguz şejerelerinde ㅡ garabulak, garabölük, gara öýli) häzirki güne çenli waýnahlaryñ arasynda özboluşly harby topar hasaplanylýar. Olara ''pälwan halk'' diýýärler. 1970-nji ýylda bir garabulak ýaşulysy şeýle gürrüñ beripdir: ''Bize garabulaklar diýýärler. Pasportumyzda inguş diýip ýazylmagyna garamazdan, bizi hiç kim olar diýip hasap etmeýär''(27). Garaçaýlaryñ we balkarlaryñ dilinde we däp-dessurlarynda uly oguz-türkmen gatlagy bar. Dilçileriñ pikiriçe, bu garyndaş halklaryñ atlary-da sinonimdeşdir: gypjak dilindäki ''gara malkarlylar'' ㅡ balkarlylar (''gara derýa'') sözi oguz dilindäki ''gara çaýlylar'' ㅡ garaçaýlylar (''gara derýa''), ýagny ''Gara çaýyñ golaýynyñ ýaşaýjylary'' sözüne öwrülýär. ''Garaçaýly'' etnonimi bolgarlaryñ (kawkazly balkarlar ㅡ olaryñ nesilleri) oguz-türkmen taýplary bilen garyşmagy netijesinde emele gelipdir. Garaçaýly dilçi M.A.Habiçew şeýle ýazýar: ''Garaçaý dil gurşawyna oguz diliniñ täsiri gaty uludyr. Garaçaý diliniñ ýo, ýu çekimlileri dodaklanyşy we hatary boýunça azerbeýjan diliniñ ýo, ýu çekimlileri bilen meñzeşdir. Balkarlar dilinde bolsa, ýo, ýu sesleri has yzky hatara degişli bolup, gumuk diliniñ oü, uü, (o, u) sesleri bilen meñzeşdir. Birinji we ikinji ýöñkemäniñ birlik sanynyñ goşulmalarynyñ yzyna goşulýan eýelik, ýeñiş we ýöneliş düşümleriniñ goşulmalarynda-da oguz diliniñ täsiri bar. Bu gumuk dili üçin-de mahsusdyr''(28). Osetinleriñ şejeresinde halky emele getiren ýedi taýpanyñ arasynda ''oguz'' taýpasy görkezilýär(29). Häzir osetinler ''iron'' we ''digor'' diýen toparlara bölünýär. Osetin diliniñ iron we digor dialektleriniñ arasynda, hatda çalyşmalarda-da uly tapawut bar. Digoriýada 150-den gowrak türki toponimi bolup, digor dialektiniñ özi bolsa türki sözlere örän baýdyr. Hatda käbir ylmy barlagçylar ''digoriýalylar iñ köne türki gepleşiginde gepleýär'' diýip hasaplapdyrlar(30). Balkar taryhçysy I.M.Miziýew bu babatda şeýle ýazýar: ''...Digoriýalylar öz etnonimi boýunça bolgar utigorlaryna deñ bolupdyrlar. Olar Merkezi Kawkazyñ jülgelerine düşüp, eýran dilli taýpalaryñ ㅡ ironlaryñ ata-babalary bilen assimilleşipdirler''(31). Gündogar Osetiýanyñ şejere rowaýatlary beýleki ýerlerdäki şeýle eserlerinden tapawutlanýarlar. Olar şejerelerini Os-bagatardan ㅡ Alaniýanyñ ''birinji patyşasyndan'' alyp gaýdýarlar. Belli osetin filology W.I.Abaýew bu ady türki hasaplaýar. Os-bagataryñ ogly Aguz (Oguz) bolupdyr ㅡ bu at köne oguz dilinde ýazylan ''Awgustian Alguzo ㅡ Ruslan Saragon-Çahilon'' (''Alguziani'') diýen poemada bardyr. Poemada Aguz gunlaryñ, osetinleriñ, çerkesleriñ, çeçenleriñ we beýlekileriñ hökümdary ㅡ ''beýik patyşalyklary saklaýan, patyşa we çäksiz häkimli hökümdar'' hökmünde görkezilýär. Gündogar osetin maşgalalarynyñ aglaba bölegi özlerini Aguzyñ nebereleri hasaplaýarlar. Osetin etnology F.H.Gutnow, osetin atlaryna we şejerelerine salgylanyp, knýazlaryñ we käbir hökümdarlarynyñ atlaryñ gelip çykyşy boýunça, esasanam, türki we arapdygyny boýun alýar (Baýsagur, Batyrbaý, Beslan, Ýelkan, Tengiz, Elkon, Asgireý, Aslanbek, Bikan, Botas, Polat, Sanjar, Tugan, Tembulat, Krymgire, Kudaberd, Temirhan, Hanjeri, Buriberdy we beýlekiler)(32). Türkmen-alan-as taýpalarynyñ ata-babalarynyñ täze eýýamyñ birinji asyrlarynda Kawkaza gelendigini aýratyn bellemek gerek. Olaryñ eýran dilliligi barada hiç bir çeşmede aýdylmaýar. Tersine, ermeni we gruzin orta asyr awtorlary alan-aslaryñ diliniñ türküdigini belläp, olaryñ owsurlar we digorlar diýen at bilen tanalandygyny belleýärler. Bu ''Oguznamada'' sanalýan esasy owsar (afşar) we duker (tüger) diýen oguz taýpalarydyr. Owşar we tüwer (togar) etnonimleri häzirki günde-de türkmenler bar. ''Alan'' we ''as'' etnonimleriniñ bolsa biz ''alili'', ''olam'', ''as'', ''ýazyr'' ýaly türkmen etnonimleriniñ düzüminde görýäris. Dagystanyñ ''terekemen'' diýlip atlandyrylýan kiçeñräk halklarynyñ biri aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Olar Dagystanyñ Derbent etrabynyñ demirgazygyndaky deñiz ýakalaryny tutupdyr. Olaryñ ýaşaýan ýeri Terekeme (ýa-da Terekemen bölegi) diýlip atlandyrylýan ýerleri demirgazykda gumuklar, günbatarda tabasaranlar bilen araçäkleşýär, gündogarda bolsa Hazar deñziniñ suwy bilen ýuwulýar. Terekemenler (''terekemeler'') Dagystabyñ çäklerine Azerbeýjandan gelipdir. A.K.Bakihanowyñ belleýşine görä, terekemenleriñ alty sany obasy Bakuwyñ töwereklerinde ýerleşipdir we ýene-de ''Derbendiñ golaýynda aýratyn Terekeme magaly bolupdyr''. Terekemenler Dagystana Kaýtagyñ hökümdary Soltan Ahmediñ çagyrmagy bilen gelipdirler diýip ýazypdyr. Ol: ''Türkmenleri Şirwanyñ dürli ýerlerinden çagyryp getirýär we Terekeme (türkmenler) magalynyñ häzirki obalarynda ýerleşdirýär''(33). ''Terekeme'', ''terekemen'' sözleri ''türkmen'' etnonimini añladýar. Kawkaz halklarynyñ taryhy we etnologiýasy boýunça barlagçylaryñ ýekejesi-de bu babatda şübhelenmeýär. Häzirki zaman azerbeýjan taryh ylmynyñ düýbüni tutujy A.K.Bakihanow, görnükli azerbeýjan alymy Z.M.Buniýatow, terekemenleriñ taryhyny öwreniji, dagystanly taryhçy S. Ş. Gajyýewa we başga-da birnäçe alymlar terekemenleriñ aslynyñ türkmendigine şübhelenmeýärler. Hususan-da S.Ş.Gajyýewa şeýle ýazýar: ''...Dagystanyñ terekemenleriniñ köpüsiniñ asly azerbeýjanlydyr. Edil Azerbeýjanyñ terekemenleri ýaly, olaryñ gelip çykyşy bilen oguz türkmenleriniñ, şol sanda garagoýunly we akgoýunly oguz-türkmen taýpalarynyñ arasynda arabaglanyşyk bardyr''(34). ''Terekeme'' sözi ㅡ ''türkmen'' sözüniñ kawkaz taýydyr (wariantydyr). Orta Aziýaly awtorlara-da ''türkmen'' sözüniñ şeýle nusgasy bellidir. Meselem Abylgazy han (XVIII a) ''Türkmenleriñ nesil şejeresinde'' ''tarakimalar ㅡ salorlar'' barada gürrüñ edýär(35). Terekemenleriñ köpüsi 10 sany obada: Börikeý, Jemikent, Welikent, Padar, Mämedgala, Selik, Karadagly, Ulluterekeme, Tatlýar, Deliçoban obalarynda ýerleşdirilipdir. Beýleki üç oba ㅡ Şabazkent, Mehre£kent, Şebende XIX asyryñ birinji ýarymynda ýumrulypdyr. Terekemenleriñ gumuklar bilen birleşen bölegi Demirgazyk Dagystanyñ: Hasawýurt (Temiraul obasy we Kostek obasyndaky Terekemeaul toplumy) we Gyzylýurt (Çontaul obasy) raýonlarynda ýaşaýar. Bu terekemenler bir eýýämden bäri özlerini gumuklar hasaplaýar. Terekemenleriñ haýsydyr bir bölegi Ermenistanda we Gruziýada ýaşapdyr. XIX asyryñ ahyrynda Terekeme diýen ýerde (Terekemen uçastogy) 4294 sany ýaşaýjy bolandygy we Kumuk okrugynda bolsa 1867-nji ýylda 1257 sany terekemenleriniñ ýaşandygy bellidir(36). XIX asyryñ başynda Zasulak Kumykiýada terekemenleriñ dört knýaz uruglarynyñ wekilleri ㅡ Kazanalipowlar, Aýdemirowlar, Temirowlar, Alişewler ýaşapdyr. Günorta Dagystanyñ ýerlerine gelen terekemenler gumuklary, tabasaranlary, darginleri, lezginleri öz etnik toparyna goşupdyrlar(37). Türkmenler günorta gumuklaryñ ýerlerine-de giripdirler. S.Ş.Gajyýewa şeýle ýazýar: ''Garagoýunlylaryñ haýsydyr bir toparynyñ terekemenleriñ diñe etnik taýdan kämilleşmegine gatnaşman, eýsem, olar günorta gumuklar bilen birleşendikleri aýdyñdyr. Mirze-su (häzir Terekeme magalynyñ demirgazyk araçäginde ýerleşýän Dru£ba şäherçesi) bölümçesini terekemenleriñ birwagtlar Garagoýunly diýip atlandyrmagy ýöne ýerden däldir. Başly Karakoýçular diýlip atlandyrylypdyr (sözme-söz: ''gara goýun ösdürip ýetişdirýänler'', garagoýunly sözüniñ gumukça ýazylşy). Ýaşulylar 1877-nji ýylda ýumrulan Başly obasynda Garakoýçular ýaşalýan aýratyn toplumy eýeländigini we köplük bolup ýaşandyklary barada eşdipdirler. Ýyl geçdigiçe, olar beýleki tuhumalar bilen garyşypdyr, emma entek daşky sypatlary boýunça tapawutlanypdyrlar (has inçe ýüzli, süýri kelleli, garaýagyz)''(38). Özüniñ başga bir işinde S.Ş.Gajyýewa şeýle belleýär: ''Günorta gumuklaryñ şiwesiniñ (kaýtag şiwesi) derñewiniñ netijesinde, olaryñ leksikasynda gypjak toparyna degişli bolmagyna garamazdan, sözlük düzüminiñ köp bölegini oguz sözleriniñ tutýandygy anyklanyldy. Deñizýaka Dagystana irki döwürde aralaşan oguz sözlerinden başga-da, has gijräk, XIII ㅡ XIV asyrlarda, ilhanlar döwründe, garagoýunly taýpalarynyñ göçen wagtlary günortadan gelen oguzlaryñ dili-de bu ýagdaýa öz täsirini ýetiren bolmagy ahmaldyr(39)''. Gumyklarda türmen eposlary ''Görogly'' we ''Gorkut ata'' meşhurdyr. Mysal üçin ''Jawat baradaky ýyr'' oguz diliniñ elementleriniñ bir bölegi bolup durýar. Kaýakent gumuk obasynyñ döremegi hut gaýa oguz-türkmen taýpasy bilen baglanyşyklydyr. Bu obanyñ ýaşaýjylary özlerini türkmençe ㅡ ''gaýa gentliler'' diýip atlandyrmaklary hem gyzyklydyr. Soñra kaýylar gumuklar bilen birleşipdir. XIX asyryñ ahyrynda asly Lagijden bolan terekemenler Kaýakente göçüpdirler. Gamri obasynyñ ýerinde düýbi tutulan ilkibaşdaky Kaýakent ''Mina Kaýykent'' diýlip atlandyrylyp başlanýar. Soñky göçüp gelenler ''Täze Kaýykent'' obasyny esaslandyrypdyr(40). 1992-nji ýylda Türkmenistana hut Kaýakentden hat gelýär. Dagystanyñ birleşen muzeýiniñ Täze Kaýakent şahamçasynyñ müdiri Umurzyýat Jabrailowa öz hatynda gumuklaryñ ýaşaýan Kaýakent raýonunda ýerleşýän Otemiş ilatly ýer barada gürrüñ berýär. U.Jabrailowa: ''Olaryñ (otemişleriñ ㅡ Ö.G.) utamyş türkmen taýpasy bilen arabaglanyşygy barmyka?'' diýip ýazýar(41). Biz oña otamyşlaryñ (utemişleriñ ) teke türkmenleriniñ bölegidigi barada aýdyp, onuñ bu etnonimleriñ arabaglanyşygy baradaky çaklamasyny ret etdik. 1993-nji ýylyñ başynda Dagystandan ýene-de bir hat geldi. Onda şeýle diýilýär: ''...Biziñ 1993-nji ýylda açylan muzeýimizde otemişleriñ bu ýere haçan gelendigi barada hiç hili (taryhy) maglumat ýok. Biziñ alymlarymyz olar barada entek hiç zat aýtmandyr. Biz bu işiñ başyny başlaýjylar. Otemiş obasy ㅡ biziñ etrabymyzda iñ köp ilatly nokatlaryñ biri (700-e golaý hojalyk). Obanyñ ilaty ㅡ gumuklar. Olaryñ däp-dessurlary gumuklaryñky bolsa-da, sözleýişleri başgaça. Meselem, däp-dessurlary gumuklaryñky bolsa-da, sözleýişleri başgaça. Meselem, gumuklar ''gelgenbiz'' (''biz geldik'') diýýär, olar bolsa ''gelipmiz'' diýýär. Antropologiýa taýdan, olar ýewropalylara meñzeýär... Olar gadymdan bäri, öz päkizeligi, edepliligi bilen tapawutlanýar. Has öñden bäri ýaşap gelýän otemişleriñ gürrüñ bermegine görä, obanyñ daş-töwereginde ir-iýmişli (''ýemiş'') baglaryñ we otlaryñ (''ot'') köp bolandygy sebäpli, oña şeýle at berlipdir. Biziñ pikirimizçe, şeýle düşündiriş nädogrydyr. Halk örän gyzma, göwnaçyk, myhmansöýer. Ýaşaýyşlary gurply däl, ýerleri köp, emma suwlary ýok. Esasan, üzümçilik bilen meşgullanýarlar. Olar ökde gallaçy... Biziñ pikirimizçe, otemiş türkmenlerden gelip çykan bolmaly. Biz bilelikde, bu pikiri delillendirmäge çalyşmaly. Hormatlamak bilen Umurzyýat Jabrailowa''(42). Bu maglumatlar türkmenleriñ Zakawkazýede we Kawkazda tutan uly syýasy orny barada habar berýär. XVIII asyryñ başynda Demirgazyk Kawkaza Müñgyşlakdan çowdur, igdir, söýünajy türkmenleri gelipdir. 1740-njy ýylda Stawropol ülkesinde olaryñ sany 15990 adama ýetipdir. Stawrapol türkmenleriniñ 200 adamdan ybarat bolan ýygynçasy 1812-nji ýylda Russiýanyñ Napaleona garşy Watançylyk urşuna gatnaşypdyr. Türkmenleriñ bir bölegi galmyklaryñ arasyna göçüp barypdyrlar. Alymlaryñ bellemegine görä, galmyklaryñ ''tekýahin'' urugy teke-türkmenlerine degişlidir. Galmyklaryñ ''torkmud'' bölümçesi bolsa, onuñ aslynyñ türkmendigi barada aýdýar(43). 1825-nji ýylda Demirgazyk Kawkazda Türkmen pristawlygy döredilipdir. Onuñ düzümine 10 sany oba giripdir we 1923-nji ýylda onuñ ady Türkmen etraby diýlip üýtgedilipdir. Häzir Stawropol türkmenleri: Letnaýa Stawka (Türkmen etrabynyñ merkezi), Çur, Maştakgulak, Sarygamyş, Ýanguý, Sawan, Edilbaý, Başanta, Başagyl, Ozek-suat, Deşikli, Jelala obalarynda ýaşaýar(44). Häzirki wagtda Stawropol türkmenleriniñ sany 120 müñ adamdan hem geçýär. Ylmy maglumatlar we ýygnalan materiallar, göwrümi ýeterlik dereje-de bolmasa-da, Kawkaz halkarynyñ etnik taryhyna täzeden ser saldyrýar. Sebäbi türkmenleriñ Kawkazda ýaşaýan halklar bilen etnosyýasy, etnodurmuş we etnomedeni gatnaşykarynyñ doly teswiri bizde häzire çenli ýokdur. ■ Edebiýat: [1] Lordkipanidze M. I. Istoriýa Gruzii XI ㅡ naçala XIII ww. ㅡ Tbilisi, 1974. ㅡ S.98. [2] Ançabadze G. Z. Kypçaki w Gruzii//Etniçeskiýe i istoriko-kulturnyýe swýazi narodow SSSR. ㅡ Alma-Ata, 1976. ㅡ S.13-14. [3] Şengeliýa N. N. Seld£uki w Gruzi w XI wㅡTbilisi, 1968.-S.396. [4] Gukasýan W. L. Ob azerbaýd£ano-gruzinskih ýazykow kontaktah//Sowetskaýa týurkologiýa. -1980.-No: 4. -S.25. [5] Çykgyt alyndy: Sumbatzade A. S. Azerbeýd£ansy ㅡ etnogenez i formirowaniýe naroda. Baku, 1990.ㅡS.182. [6] Wirsaladze Ýe. ''Dede Korkud'' i woprosy gruzinskogo narodnogo eposa // Materialy sessii, poswýaşennoý itogam arheologiçeskih issledowaniý 1964 goda w SSSR. ㅡ M., 1965. ㅡ S.239. [7] Çiçkowani M. Ýa. Serebrýakow S. B. Skazaniýe o Keroglu Aşug Garibe w gruzinskom folklore // Materialy sessii, poswýaşennoý itogam arheologiçeskih issledowaniý 1964 goda w SSSR. ㅡ M., 1965. ㅡ S. 240. [8] Akopýan G. Iskusstwo srednewokogo Arsaha.ㅡ Ýerewan, 1991.ㅡ S.39. [9] Gandzakesi K. Istoriýa Armenii. ㅡ Ýerewan, 1961.ㅡ S.216. 104. Akopýan G. Görkezilen iş ㅡ S.52 [10] Gundogdyýew O. A. Turkmenskiýe emiry i armýanskaýa serkow//Wozro£deniýe ㅡ Aşhabad, 1999. ㅡ No: 4. ㅡ S. 21. [11] Şol ýerde ㅡ S.21. [12] Papazýan A. D. Arabskaýa nadpis na grobnise turkmenskih emirow w sele Argawand // Bli£niý Wostok. ㅡ M., 1961. ㅡ S.72. [13] Armýanskiýe perwoistoçniki o turkmenskih gosudarstwah Kara-koýunly i Ak-koýunlu / Wstup. Statýa W. Grigorýana. ㅡ Aşgabat, 1997. ㅡ S.22; Gündogdyýew Ö. Türkmenleriñ Kawkaz halklary bilen milli-medeni gatnaşyklary//Türkmen dünýäsi.ㅡMagtymguly, 2006. [14] Grigorýan W. Mawzoleý turkmenskih emirow w Armenii // Neýtralnyý Turkmenistan. ㅡ 19.09.2002.ㅡ No: 229. [15] Şol ýerde. [16] Sumbatzade A. S. Görkezilen iş. ㅡ S. 184. [17] Sewortýan E. W. Týurkizmy u rannih armýanskih pisateleý // Struktura i istoriýa týurkskih ýazykow. ㅡ M., 1971. ㅡ S.264-265. [18] Sumbatzade A. S. Görkezilen iş. ㅡ S. 152-170. [19] Gundogdyýew O. A. Etniçeakiýe swýazi turkmen s narodami Wostoka // Kulturnyýe sennosti. ㅡ Me£dunarodnyý ýe£ogodnik. ㅡ SPb, 1999. ㅡ S. 208. [20] Guseýnzade A. Otra£eniýe oguzskih etnonimow w sowromennoý toponimii Azerbeýd£anskoý SSR//Etniçeskiýe i istoriko-kulturnyýe swýazi týurkskih narodow SSSR.ㅡAlma-Ata, 1976. ㅡ S.48. [21] Bakihanow A. K. Gýulistan-i Iram.ㅡ Baku, 1991. - S.95-96. [22] Şol ýerde. ㅡ S. 22. [23] Nogaý S. Nogaý türkleri//Nogaý. Haber bülteni. ㅡ 1999.-S.6. [24] Gundogdyýew O. A. Turkmeny i nogaýsy//Aşgabat.ㅡ 11.03.1997. [25] Aýbazowa Ý. S. Terminy rodstwa w nogaýskom ýazyke//Aktualnyýe problemy karaçaýewo-balkarskogo i nogaýskogo ýazykow. ㅡ Stawropol, 1981. ㅡ S.56-68. [26] Wolowa N. G. Etnonimy i plemennyýe nazwaniýa Sewernogo Kawkaza. ㅡ M., 1973. S.170. [27] Habiçew M. A. Slawoobrazowatelnyý i etnomologiçeskiý analiz nekotoryh karaçaýewskih etnonimow//Aktualnyýe problemy karaçaýewo-balkarskogo i nogaýskogo ýazykow...S.22. [28] Gundogdyýew O. A. Etniçeskiýe swýazi...S.28. [29] Miziýew I. M. Şagi k istokam etniçeskoý istorii Sentralnogo Kawkaza. Nalçik, 1986.-S.70. [30] Şol ýerde. ㅡ S.93. [31] Bakihanow A. K. Görkezilen iş.ㅡ S.24. [32] Gad£iýewa S. Ş. Dagestanskiýe terekemensy. XIX ㅡ naçalo XX w. Istoriko-etnografiçeskoe issledowaniye. ㅡ M., 1990. S.13. [33] Abulgazi-han Hiwinskiý. Rodoslownaýa turkmen. ㅡ Çard£ou, 1991.- S.53. [34] Gad£iýewa S. Ş. Görkezilen iş - S.4.12,23. [35] Şol ýerde ㅡ S.25. [36] Şol ýerde ㅡ S.14. [37] Gad£iýewa S. Ş. Pozdniýe týurki w sostawe kumykskoý narodnosti//Etniçeskiýe i istoriko-kulturnyýe swýazi...S.34. [38] Gad£iýewa S. Ş. Dagestanskiýe terekemensy...S.14. [39] Gundogdyýew O. A. Potomki turkmen na Kawkaze//Weçerniý Aşgabat. ㅡ 29.10.1993.- No: 228. [40] Şol ýerde. [41] Alekseew W. P. Etnogenez. ㅡ M.,1986.ㅡS. 5. [42] Gundogdyýew O. A. Oguzy, turkmeny i Rossiýa. Istoriçeskiý oçerk.ㅡ Aşhabad. 2001. ㅡ S.139-140. Öwez GÜNDOGDYÝEW. # "Türkmenler we dünýä halklary", sah-203-216. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |