17:04 Tyllaguş / poema | |
TYLLAGUŞ / bolan waka-poema
Poemalar
• Bedew bady bilen öňe barýan talybym Annagül Batyrowa bagyşlanýar. Oba getirleňde, kiçijik taýdyň, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş. At çykarňa, ynanmandy kän kişi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Taýçanakkaň, ýatagyňa ot düşdi, Daňydan sypdyrmak, has aýylgançdy, Tüssäni görenler, daşyňa üýşdi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Ýatagynda, urunýardy taýçanak, Aldygyndan, kişňeýärdi taýçanak, Tanapyny kesäýmäge, gaýçy ýok, Obanyň guwanjy bolan, Tyllagyş! Obany sarsdyryp, Şyhberdiň sesi, Brigadir Berbiniň, aýyldy essi, Pürçek seýis gelýär, tozadyp pesi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Oba başlygymyz, Rahymow Gurban, Ylgaşlap gaýytdy, hiç ýerde durman, Ýol boýy gygyryp, berýärdi perman, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Boris dostum bilen, ümleşip şonda, Ok kimin atylyp, düşüpdik hon-da, Şyhberdi gygyrdy: "Heý, iki gende”, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Ele düşdi şonda, kolhoz çalgysy, Ýüpi kesdi, bar dek ýüpde algysy, Taýçanakda galdy, oduň belgisi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Taýçanak atylyp, çykdy daşary, Otda lowlap ýandy, oba kaşary, Bu waka bolupdy, Günüň ýaşary, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Taýçanagy tutmak boldy, uly iş, Bu zatlaram göräýmäge, indi düýş, Ýeke-ýeke ýada salma, gerek huş, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Taýçanagam boldy, indi üç ýaşar, Ýetişensoň gurdular, täze bir kaşar, Pürçege diýýän dek: "Çapmany başar,, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Oba atsyz däldi, bardy atlary, "Woroşildi”, "Garadäli” atlary, Çapyşykda, haýran edip ýatlary, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Atlaryň ýyndamy, uly "Poslydy”, "Mart” atamam uzakçyl, Arap - aslydy, Dördüsem ýyndamdy, Düldül - neslidi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Ähliň ünsi, taýçanakda baglandy, Taýçanagam, taýlygyndan saýlandy, Ýyndamlykda, bar atlara taý boldy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Çar tarapdan, seýis bary gelerdi, Pürçek seýis, ýyljyraklap gülerdi, Taýçanagam, art aýagna galardy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Etrapda atşynas, Meret moýordy, Ýekeje seretse, aty tanardy, Pürçek seýis, oňa mydam ýarardy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Meret moýor, aty synlady bir dem, Diýdi: -Müň ata-ha, degýär görki hem- Yzyndan dillendi: -Bar munda, durkam- Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Meret moýor, şonda yzyna gaýdan, Ertilmegni sargap, ýene bir aýdan, Pürçegi çykaryp, artykmaç oýdan, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Bir aý diýenlerem, uzak bolmaýar, Wagt saňa, garaşybam durmaýar, Pürçek ýola çykdy, diýip, Alla ýar, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Bu gün boljak synag, gaty uludy, At galpyldap, uçjak-uçjak ýalydy, Kesgitlenjek bolýan, atyň halydy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Meret moýor, aty täzeden synlap, Sagrysyn, boýnuny, täzeden elläp, Etmeli işleri, ýadynda belläp, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Atyň jylawyny, eline orap, Görmekçidi, aty golaýdan darap, Pürçegiň bar pikri, bormy-ka ýarap, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Meret moýor, öýnüň işigne garap: - Aşyr oglum, aty görmeli darap, Aýagyn alyşyn, synlaly garap, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Atasyndan perman alan, bu oglan, Edýän hereketi, at üçin doglan, Pürçek el galdyrdy, birneme eglen, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! - Bu atyň turuşy, örän üýtgeşik, Şonuň üçin gerek, bu ýerde üşük- diýdi, Pürçek, atyň yzyna düşüp, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Bu at turzulanda, göni durmazdy, Iki atyň, arasyna girmezdi, Gapdal durmaklygy, özgä bermezdi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Turanynda, çarpaýaga galardy, Ýuwaş kişňäp, gapdallygna zyňardy, Şondan soňra, gönülenip yňardy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Bu gezegem, şeýle boldy turuşy, Şondan soň, başlandy aýak uruşy, Uçýan guşa meňzeş, süýnüp baryşy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Meret moýor, haýran galdy turşuna, Böküşden soň, birden aýak urşuna, Öňe tarap, okdurylyp barşyna, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Pelehana baryp, yza dolandy, At uçanok diýse, bary ýalandy, Atyň ýyndamlygy, guşça bolandy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Çapyşyn üýtgetmän, at gelip ýetdi, Seýisleň deňinden, atylyp ötdi, Meret moýor, donun Pürçege atdy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Meret moýor, pata berdi Pürçege, Aty ýetişdiren, uly gerçege, Mundan beýläk, ata hossar kyljaga, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Atşynasdan, pata alan bedew at, Aýlaw saýy, toýnak salyp aldy bat, Çapyşykda, yza galmak boldy ýat, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Töweregi baglan, Gerkezleň aty, Bolupdy bir gezek, dawanyň çeti, Iki gerjez oba, galypdy gaty, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Şonda, toýlanypdy Pyragyň toýy, Toýhana öwrüldi, gerkezleň öýü, Toýuň geçýän ýeri, Sumbaryň boýy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Baş baýrak goýuldy, örän uludan, Atlar dileg edip, Hezret Alydan, Çapyşa gitmeli, rugsat Alladan, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Öňe çykdy, iki gerkeziň aty, Şu ýerde başlandy, dawanyň beti, Käbiri galdyryp, dawany ýiti, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Ikisem aýdardan, gaty zor atdy, Ýaşytdaşdy, reňdeşdi, gyr atdy, Eminler üýsüşip, bije hem atdy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Iki seýis garyndaşdy, dogandy, Bir tabakdan, nahar iýip oňandy, Bular üçin dawa, has-da ýamandy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Orta çykanynda, Seýitmämmet ussa, Şol wagt gykylyk, galypdy has-da, Gykylyk galansoň, eşdilmän sesde, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Töweregne aýlap, adamdan halka, Seýitmämmet ussa, ýüzlendi halka: - Eý, Hudaý bizi özüň bir ýalka, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Gerkez ýaşulysy, orta çykansoň, Adamlara, ýekän-ýekän bakansoň, Her kime gerejik, dili tapansoň, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Eminleri ýygnap, daşyna ussa, Hiç kim çekmez ýaly, çözgütden gussa, Täzeden asmana, galdyrman tüsse, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Çözüldi eminleň, atan bijesi, Ýatylman çykylan, gerkez gijesi, Indi ýaman görmez, olaň hiçisi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Atlar getirildi, uly çyzyga, Olar deňleşmeli, diklen gazyga, Janköýerler goý, seretsin gyzyga, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Atlar goýberildi, diklen gazykdan, Tylla kese durup, zyňdy çyzykdan, Düşüne bilmedi, gören uzakdan, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Tyllanyň bu zyňşy, goýdy haýrana, Ähli kişi, ylgap bardy o ýana, Sygar ýaly däldi, bu böküş aňa, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Ussa köpüň öňün, birden bekledi, Yzy döweletmän, zordan saklady, Şeýdip, hakykaty zordan haklady, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Böküş bolan ýere, gazyk kakyldy, Gazyklara, gyzyl mata dakyldy, Ölçeg geçirilse, bolar hak indi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Böküşi ölçemek, dahylly köpe, Bu ýerde galmalyň, bolgusyz nepe, Dogrusy bolmasa, galarys gepe, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! On üç ädim boldy, böküş arasy, Märekäniň, haýran galdy barysy, Täzeden ölçedi, köpüň ýarysy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Çapyşykda, Tylla öňe saýlandy, Badyny gowşatman, ýene aýlandy, Janköýerler, böküş hakda oýlandy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Bu wakadan soňra, esli ýyl geçdi, Tyllaguşa ykbal, şöhradyn saçdy, Pürçek seýsem, oňa uly ýol açdy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Şol ýyllar bolupdy, şeýle bir waka, Eýe bolmakçylar, aýlawly saka, At bary ýetişen, taýýardy çapa, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Pirnuwardy, ýyndam atlaň obasy, Janahyrdy, bedew atlaň eýesi, Gerkez aty, ähli atlaň seresi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Çapyş bolmalydy, gaty ulydan, On at gitmelidi, turuwhanadan, On at geçmelidi, pellehanadan, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Oba maslahaty, başlandy munda, Tyllany kim çapjak, goýuldy onda, Pürçege çapmaly, edildi şonda, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Pürçek seýis, näsaglygna garaman, Diýmedi ol, adamlar men ýaraman, Gaýtam diýdi: - Gamçy çalman, daraman-, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Iki wepadary, çatdy bu ýaryş, Yhlasy, yhlasa gatdy bu ýaryş, Kimiň ýyndamlygyn, açdy bu ýaryş, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Pürçek seýis, öz sözünde tapyldy, Tyllaguşam, gamçy alman atyldy, Ilki bolup, pellehana ýetildi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Tylla garrap, ýaşy on alta ýetdi, Onda-da, bu gezek ýaryşa gitdi, Eminler, Tyllany aýlawa atdy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Oba adamlary, ada satyldy, Pürçek seýsiň, ýoklugyndan çatyldy, Tylla durkun, dikläp öňe atyldy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Tylla, pellehana atylyp geldi, Öňdelikden, bary bir kelle galdy, Tyllanyň ömründe, bolan zat däldi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! At janawar, adam kibi aglady, Düşünenleň, ýüreklerin daglady, Ençe ýyllar, aýlawlary baglady, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Pürçek seýis, hassahana düşüpdi, At diline düşýän, örän üşükdi, Atyň ýagdaýyna, diýseň düşükdi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş.! Bedew aty, gaýtadanam goşdular, Ata zylymkärler, diýseň boşdular, Edýän işlerinden, göwni hoşdular, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Ýarym aýlaw, başda ýitirmän ady, Yzyndan ýetdirdi, gowşadyp bady, Indi ýetmez asla, hiç kimiň dady, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Öz-özüni, heläkledi, harlady, Agyra çydaman, ulu harlady, Burnuny ýelledip, uly parlady, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! ■ Soňlama ýerine Bu at zalymlykda, bolupdy maýyp, Tyllaguş aýlawdan, edildi gaýyp, Ata eýemsiräp, etdiler maýyp, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Aty getirdiler, ulaldan oba, Ata kast edenler, gelmedi toba, At hem meňzedilýär, Hezreti Käbä, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Pürçek Tylla, hem seýis, hem eýedi, Pürçek Tylla üçin, uly gaýady, Pürçek Tylla üçin, mydam saýady, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Tyllaguş ýitirdi, aýlaw baryny, Tyllaguş ýitirdi, wepadaryny, Tyllaguş ýitirdi, dünýe baryny, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Maýyp aty, ertip sürä goşdular, Nesil aljak, diýip örän hoşdylar, Ata düşünmeýän, diýseň boşdylar, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Hasaryň etegi, uly baýyrlyk, Söwütli çeşmesi, giden çaýyrlyk, Ýylky sürüsine, ediljek laýyk, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Maý aýy, töwerek çemenzarlykdy, Bu ýylky sürüsi, uly baýlykdy, Tyllaguşa, bu ýerlerem darlykdy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Bu waka bolupdy, uly guşlukda, Çeşmäniň ýanynda, uly boşlukda, Meniň aýak basan, ýerlem ýaşlykda, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Aýylganç ses, giden jülgä gaplandy, Ýylky sürsi, bir topbaga toplandy, Ýylka ýetip gelen, äpet gaplaňdy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Gaplaň heniz, gapdaldaky oýdady, Gaplaňyň bar ünsi, çetki taýdady, Tylla bilen ýaly, öňe haýdady, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Topuldy atylyp, gaplaňa sary, At toýnagyn saldy, galan dek ary, Gaplaň togalanyp, ýykyldy bäri, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Ynjan gaplaň, arlap zyňdy gyr ata, Gaplaňyň zarbyndan, atylyp çete, At hüjüme geçdi, tutduryp bete, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Gaplaň awun taşlap, giderli däldi, Gyr atam ýan berip, öterli däldi, Ikisem ar alman, ýatarly däldi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Gyr atyň toýnagy, uly ýaragy, Gaplaňyň dişleri, oňa geregi, Uly howpdy, ikisem ýetse alary, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Gaplaňyň ünsüni, sürüden sowdy, Gazaplanan gaplaň, yzyndan kowdy, Gaplaň kellesine, berk toýnak degdi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Gaplaň togalanyp, ýene-de turdy, Yzgytsyz penjesin, gyr ata urdy, Bu urgy, gyr atyň işini gördi, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Gaplaň pejesinden, at heläk boldy, Gyr atam iň soňky, toýnagy saldy, Ikisem jan berip, şol ýerde galdy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Muny eşden oba, süýşüpdi bäri, Ähliniň ümzügi, Söwütlä sary, Bu ýere ýygnandy, janköýer bary, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Tyllaguşam, Söwütlide jaýlandy, Ondan bäri, ençe ýyllar aýlandy, Aýlawlarda, ençe toýlar toýlandy, Obanyň guwanjy bolan, Tyllaguş! Baky ýatda galarsyň sen, Tyllaguş! Meýlis HASAR. | |
|
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |