14:34 Uhudyñ türk(men) urşujylary | |
UHUDYÑ TÜRK(MEN) URŞUJYLARY
Taryhy makalalar
Hezreti Muhammet pygamberi (s.a.w) görmäge gelen kabylalaryñ arasynda türk(men)leriñ bar bolup bolmandygy taryhçylar tarapyndan heniz doly öwrenilmedik temadyr. Emma baryp 622-623-nji ýyllarda türkmenleriñ Tigr derýasynyñ boýlarynda ýaşaýan Bükdüz-Aman taýpasynyñ wekiliniñ dürli türkmen tire-taýpalarynyñ ilbegi hökmünde Medinä gelendigi we ýanyndaky ýoldaşlary bilen bile musulman bolandygy barada ynamly maglunatlar bar. Diýmek, musulmanlaryñ müşriklere garşy alyp baran Uhud we beýleki möhüm söweşlerinde pygamberimiziñ sahabalarynyñ arasynda türkmenleriñ hem bar bolup çykaýmagy ähtimaldyr. Bu üns berilmeli meseledir. Taryhy çeşmeler türkmenleriñ Tigr derýasynyñ boýlarynda köpçülik bolup ýaşan güýçli taýpadygyny habar berýär. Olar Eýranyñ kisrasy Nowşirwan Adyl tarapyndan Wizantiýanyñ gündogar serhetýaka zonalaryna ýerleşdirilen türkmen taýpalarynyñ biridir. Bu serhet zolagy Eýranyñ iñ ýumşak nokady bolupdyr. Eýranlylar özlerine garaşly uruşjañ taýpalary bu sebitlere ýerleşdirmek bilen Sasany döwletiniñ paýtagty bolan Medaýyny (Ketesifony) goramak isläpdirler. Ynha, hut şu taýpalar hem Medinä ilçi ugradypdyrlar. Gelenleriñ bir bölegi Medinede galan bolmaly. Diýmek Uhud we beýleki söweşlerde pygamberimiziñ sahabalarynyñ arasynda türkmenleriñ hem bolmagyna geñ galyp oturmagyñ hajaty ýok. Şeýle-de, söýgüli pygamberimiziñ (s.a.w) ulanan "Kubbetü't Türki" ("Türk çadyry") çadyry hem türkmen sahabalaryñ kimdigi hakynda pikir ýöretmäge tutaryk bolup biljek delildir. • Hezreti Muhammediñ gynanjy Muhammet pygamber (s.a.w) 630-njy ýylda günleriñ bir güni Medinede aýallaryndan Ümmi Seleme ýa-da Zeýnep binti Jahş enemiziñ otagynda otyrka, mübärek ýüzüne çuññur gaýgy-hasrat çaýylyp gidýär. Muny gören enemiz näme üçin bu hala düşenligini soraýar. Pygamberimiz (s.a.w): "Şu wagt Zülkarneýiniñ diwaryndan ýüzügiñ ululygynda bir deşik açyldy" diýip gynanç bilen jogap berýär. Pygamberimizi (s.a.w) şeýlekin gynanja goýan hadysa nämekä? Bu barada henize çenli kesgitli düşündiriş berip bilýän ýok. Ýöne hut şol ýyl Gündogar Göktürk(men) döwletiniñ goşunlary hytaýlylaryñ sansyz-sajaksyz goşuny tarapyndan çym-pytrak edilipdir. Şol söweşde göktürk(men) hakany ýesir düşüpdir we Gündogar Göktürk(men) döwleti taryh sahnasyndan çekilmeli bolupdyr. Türkmen döwletiniñ ýykylmagy Orta Aziýadaky syýasy atmosferanyñ düýpgöter üýtgemegine getiripdir we türkmenleriñ dar halkada duşaklap goýan hytaýlylary arkaýynlyga çykyp öz çäklerini giñeltmäge başlapdyrlar. Munuñ yzysüre az wagtyñ içinde Günbatar Göktürk(men) döwleti-de ýykylypdyr. • Başbermezek kyrklaryñ gozgalañy Ýesir alynan göktür(men) begzadalary göztussagy hökmünde Hytaýa äkidilipdir. Taryhy çeşmelerde "Kürşat gozgalañy" diýip agzalýan aýaga galma türkmen döwletiniñ ýok edilmeginden soñ Hytaýda göztussagy edilip saklanýan türkmen begzadalary tarapyndan gurnalypdyr. Gündogar türkmen hakanlygyny ýok edip kagan nesilşalygyndan bolanlary paýtagtlaryna sürüp, olara özlerine garaşly wezipeleri beren hytaýlylar türki kowumdan doly halas bolmak üçin türkmenleri düýp-teýkary bilen ýoklamagyñ, olary hytaýlylaşdyrmagyñ kastyna çykýarlar. Şonuñ üçin hytaýlylar türkmenleri köpçülikleýin Hytaý diwarynyn eteklerine göçürip getirýärler. Emma bu zorlukly çäre türkmenleriñ garşylygyny artdyrmakdan başga zada ýaramandyr. Türkmenler diline, urp-adatlaryna mäkäm ýapyşyp, ar almak üçin billerini guşapdyrlar. Elli ýyla çeken bendilik durmuşynda sähel mümkinçilik tapan wagtlary gozgalañ turzupdyrlar. Şol gozgalañlaryñ biri "Kürşat gozgalañy" ady bilen biziñ taryhymyzyñ sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylypdyr. Türkmen begzadasy Kürşat öñki kagan Çulugyñ körpe ogludy. Ol Hytaý imperatorynyñ köşk gwardiýasynda gulluk edýärdi. Şol wagt Hytaýyñ imperator tagtynda Tang dinastiýasyndan Taý-Çung oturypdyr. Kürşat otuz dokuz ýoldaşyna baş bolup, ýykylan türkmen döwletini gaýtadan dikeltmek we bendilikden halas bolmak üçin gizlin topar döredipdir. Aşa watançy, edermen, güýçli we guşuñ gözünden urýan mergenler bolan kyrk jigit dildüwşügiñ meýilnamasyny taýynlapdyrlae. Imperator Taý-Çungyñ käte hökümdar eşiginde howluda, käte hem tüýsüni üýtgedip gijelerine şäherde ýeke özi aýlanma häsiýeti bar eken. Kyrk jigit amatyny peýläp ony ele salmalydy. Soñra hökümdary türkmen iline alyp gaçyp, hytaý köşgünde ýesirlikde saklanýan ähli begzadalaryñ deregine çalyşmalydy. Netijede türki taýpalaryñ hemmesi aýaga galmalydy. Atyñ kellesi ýaly ýürekli garadangaýtmaz kyrk jigit üçin imperatory alyp gaçmagyñ hiç hili kynçylygy ýokdy. Gizlin topar şol gün agşam imperatoryñ köşkden çykjakdygy baradaky habary alýarlar. Kürşadyñ ýoldaşlary işlerini taşlap, belleşilen ýere üýşýärler. Emma şol gije duýdansyz ýagdaýda howa bulaşýar. Daşary gaý-tupan bolansoñ, hökümdaram köşgünden çykmaýar. Dildüwşügi soña goýmak howludy. Sebäbi jigitleriñ işlerini taşlap, bir ýere toplanandygy bilinmän galjak däldi. Bu bolsa bendilikde saklanýan türkmenleriñ uçdantutma gylyçdan geçirilmegine sebäp bolup biljek zatdy. Şonuñ üçinem ýüregini bire baglan gözsüz batyr kyrklar imperatoryñ daşary çykmagyna garaşyp oturman, köşge dökülýärler. Ýüzlerçe köşk goragçysynyñ kellesi kyrklaryñ aýagynyn astyna togalanýar. Emma gaçyp gutulanlaryñ beren habary netijesinde hytaý goşuny köşgüñ daşyny gabaýar. Mundan soñ imperatory alyp gaçmak mümkin däldi. Kürşat köşkden çykmagyñ we meýilnamanyñ "B" kysmyny ýerine ýetirmegiñ, ýagny, "köşgüñ athanasyna hüjüm" buýrugyny beripdir. Kyrklar athanadaky goragçylary we seýisleri pürreläp, atlary münýärler we şäheriñ daşyna gyp berýärler. Emma hytaý goşuny-da olaryñ söbügine düşüpdir. Kyrklar şähere ýakyn Weý derýasynyñ boýuna gelende mejbury säginmeli bolupdyr. Dessine garpyşyga girip, duran ýerlerinde ýüzlerçe hytaýly esgeriñ kellesini togalapdyrlar. Hytaý goşuny san taýdan agdyk gelipdir. Türkmen jigitleri ganlarynyñ iñ soñky damjasyna çenli söweşip jan berdiler. Gozgalañ şowsuz tamamlandy, ýöne türkmenleriñ ýüreginde körän azatlyk yşky ulalyp-ulalyp, ahyrynda ähli türki illerine ýaýyldy. Bu waka 639-njy ýylda bolup geçipdi. Gozgalañyñ alawy kyrk bir ýyllap sönmedi we ahyrynda köp garaşdyran garaşsyzlyk gazanylypdy. Göktürk(men) döwletiniñ ýykylmagynyñ yzysüre oguzlar hem Aziýa giñişliklerinde dar gysaja alnypdyr. Megerem, söýgüli pygamberimiz (s.a.w) gelejekde yslama hyzmat etjek gojaman milletiñ ata-babalarynyñ agyr güne düşmelerine mübärek köñli yrza bolmadyk, ynjan bolarly. Çünki, gelejekde musulmançylygy kabul etjek ilkinji türkmenler göktür(men) boýlarynyñ içinden çykmalydy. Öz gezeginde ilkinji musulman döwleti bolan Garahanly türkmenler hem Göktürk(men) döwletiniñ dowamydyr. Yslamyýetiñ daşyna misli polatdan guýlan diwar kimin diniñ ýoýulmagynyñ öñüne bent bolan Ymam Agzam, Ymam Maturidi, Ymam Buhary, Bahaweddin Buhary ýaly beýik alymlaryñ we olaryñ şägirtleriniñ añyrsyny öwrenenimizde, olaryñ aslynyñ türki kowumdanlygyny görse bolýar. Şeýle-de gurlan ähli musulman-türkmen döwletleriniñ binýadynda göktürk(men)leriñ yzy bar. ▶ Göktug Efil Ýaş žurnalist Göktug Efil 1995-nji ýylda doguldy. Ol Stambul uniwersitetiniñ aragatnaşyk fakultetiniñ žurnalistika fakultetini tamamlady. Žurnalistlik bilen birlikde SEO we fotoşop ugurlary boýunça bilim aldy. Stažirowkada Türk Howa ýollarynda we "Mersedes Benz" şereketinde web işläp düzüji bolup işledi. Göktug Efil häzirki wagtda "Ortadoğu" gazetinde habarlar bölüminiñ redaktory bolup işleýär. © Kitapçylar. 2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |