17:39 Ülkämiziň ilkinji welosipedçileri | |
ÜLKÄMIZIÑ ILKINJI WELOSEPEDÇILERI
Sport we turizm
"–Sport gujur-gaýratyñ, gözelligiñ we sagdynlygyñ gözbaşydyr" Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanyp, ýurdumyzyň parahat durmuşyň hözirini görüp ýaşap ýörenine bäş ýyl geçipdi. Halkymyz edil bolelinligiň ortarasynda ýaşamasa-da, oba adamlary hyşşa gatyşykly kepbelerini ýykyşdyryp, kerpiçden, üçekli jaýlary salyp başlapdylar; ak öýlerini ýygşyranam boldy, ätiýaçlyk üçin, ýa yrym üçin bolmagy hem mümkin: kä ýerde-kä ýerde, hormat goýup, howlyň töründen orun beripdiler. Mary şäherini etekläp oturan Gökje obasynda iki-ýeke welosiped peýda bolup başlady. Ýedinji synpda okaýan, Myrat Halmämmedowyň synpdaşy we bäsdeşi Garly okuw başlaly bäri mekdebe welosipedli gatnap ýör. Garlyň yz ýanyndan, obadaşlary: Gylyç bilen Rejep hem täzeje welosipede mündiler. Uruş weterany, ýedi çaganyň atasy Halmämmet aga uly ogly Myradyň özelenip ýörşüne nebsi agyryp, bir ýyl geçensoň, on bäş ýaşyny dolduran ogluna, 1950-nji ýylda täzeje ýol welosipedini alyp berdi. Myrat Halmämmedow hem ýoldaşlary bilen dokuzynjy synpdan mekdebe welosipedli gatnap başlady. Ol asla welosipedden düşmese nätjek: her gün okuwdan gelip meýdandan mallara bir halta ot ýygyp getirmeli; magazinden un getirmeli; ilerki obadaky garyndaşlaryna toý çakylygyny ýetirmeli; dostlary bilen obaň çarkandakly ýollarynda ýaryşmaly; arasynda, söbügini basyp gelýän, basdaş inisi Durda welosiped sürmäni öwretmeli. Myrat aga gülüp, ilkinji sapar welosiped sürmegi öwrenişini ýatlaýar: —Aý, ýykylyp-sürşüp, sypjyrylmadyk ýerimiz galan däldir-le. Ilki bilen welosipede münmäni öwrenmeli welin, men tersine: derrew çarpýa galyp, ýüzin salmalydyr öýdüpdirin, çaltrak ezberlik bilen sürýän dostlarymyň yzyndan ýetesim gelýärdi. Ilkibaşda, men eýere özümi atýançam, welosipedi biri saklap durmaly, soňra bat berip goýbermeli, onsoň, nazarym diňe ýolumda, saga-çepe öwrüldi ýok—diňe öňe gitmeli. Köçäň soňuna, çatryga ýetip barýarkam: “Eý, kim bar bolsa, welosipedimi saklaşyň!” diýip, gygyrýan. Haýallasam, ýa-da tormoza münäýsem, bir gapdala agaýmaly. Meň sesimi eşiden ýardamçylar hem ökdelediler: gidip barýan welosipedi gapdallap, bir eli bilen rula, beýleki eli bilen eýere ýapyşyp, saklaýarlar-da, meni eýerden düşürmän yzyma ýollap goýberýärler. Bir gün magazine gitmeli boldum. Başga adam tapman, doga güň Ýagmyr aga näme etmelidigini elim bilen eýdip-beýdip düşündirdim. Ol görgülem, men ýykylar öýtdimi, nätdimi: tä men magazine barýançam söbügime basyp ylgap barýar. Men yzyma öwrülip bilemok, gygyraýamda-da onuň eşitjek gümanasy ýok. Magazinden çykýançam Ýagmyr aga maňa garaşyp duran ekeni. Magazine gelen adamlar indi meniň özüm gidip biljegimi oňa düşündirip, meni ýola salyp goýberdiler. Süýr günortan, köçede iňlär siňek ýok, öýümiziň deňinden geçip gitdim. Tamyň kölegesinde Begenç aga sogan ýuwup otyr, men rulymy oňa tarap gönükdirim-de: “Begenç kaka, sakla!” diýip gygyrýan. Begenç aga ýerinden turup ýetişdi, ýöne ýuwulgyja soganlaryny agdaryp goýberendirin. Bu ýagdaý göni bir hepdä çekdi, soň ökdeledim-le: çukanaklardan çalasynlyk bilen öwrülip geçmäni, öwrüme ýetip gelýärkäm badymy gowşatman, “ýatyp” öwürmäni öwrendim. Gökje obasynda ýerleşýän 40-njy başlangyç mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Annamyrat Begenjow okuwçylaryny woleýbola, futbola imrikdirip ýörkä, obada welosiped sürýän oglanlar köpelýär we şonda onuň kellesine ajaýyp bir pikir gelýär: Myrat Halmämmedowy we başga-da obaň höwesjeň welosipedçilerini “Kolhozçy” sport jemgyýetine belledýär. Myrat aga mekdebi tamamlansoň, Baýramaly şäherinde ýerleşýän mehanizasiýa tehnikumyna girýär. Her gün okuwa gidende-de, gaýdyşyn hem welosipedli gatnap, Mary-Baýramaly ýolunyň her bir öwrümine, her bir agajyna belet bolýar. Sapaklardan soň, ýene 30 km sürüp öýe gelensoň, her gün öýleden soň, “Kolhozçy” sport jemgyýetiniň türgenleriniň toparyna goşulyp, Mary—Baýramaly ýoly ikinji ýola geçýär, ýagny ol her günde welosipedi bilen 100-120 km aralygy geçýär,gün-günden kämilleşip, 30 km aralygy 45 minutda geçmegi gazanýar. Welosipedçiler ýekşenbe we baýramçylyk günleri Mary—Ýolöten ýa Mary—Türkmengala marşruty geçýärler—ýeke gün hem boş geçmeli däl. Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşyň öňisyrasynda, Marynyň ýollarynda “Kolhozçynyň” welosipedçilerini öz aralarynda ýaryşdyrýarlar. Welokross ýaryşynyň düzgüni: göni, gara ýolda 50 km aralygy geçmeli; startdan ýola düşülende welosipedçileriň arasy bir minutdan bolup, wagt boýunça utany ýeňiji diýip hasaplamaly. Startdan dokuzynjy bolup ugran Halmämmedow, öňünden barýan türgenlerden ozup, finişe üçünji bolup, gelýär! Ýagny, onuň orny üçünji bolsa-da, 50 km aralygy geçen wagty boýunça ilkinji bolup gelýär. Elmydama ümzügi öňe, geljekki çempion Myrat Halmämmedow türgenleşikde-de ilkinji bolup gelmegi endik edinýär. Myrat Halmämmedow kakasynyň alyp beren welosipedi bilen, “Kolhozçy” sport jemgyýetiniň düzüminde, 1952-nji ýylda Türkmenabat şäherinde geçiriljek welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ilkinji ýaryşyna gatnaşýar. Ýaryş yzly-yzyna üç aralygy: 75 km aralygy (göni gara ýolda) topar bilen geçmeli, ondan soň, 50 kilometr krossy (göni gara ýolda) hem-de 20 kilometr çarkandakly ýoly, topardan üzňe, hususy başarjaňlygyňy görkezmeli. Halmämmedow 50 km aralygy üçünji bolup geçýär, 20 km aralygy geçmekde bolsa birinjiligi eýeleýär. Myrat aga ýatlaýar: —75 km aralykdaky ýolda ýykylyp, aýagymy deşdiripdim. Gaçganaklap, eminlerden we türgenimden ýaramy gizleýän, ýogsa olar indiki ýaryşlardan alyp galjaklar. Ýaramyň awusyny şo wagt duýan däldirin-ä elbetde, hasanaklap turdym, welosipedim abat, ýolumy dowam etdirdim, öňe gidenleriň yzyndan derrew ýetdim. 50 km ýaryşyň orta gürpüne ýetiberemde, yzky tigirim deşildi... Ýaryk tigirim bilen pellehana üçünji bolup geldim. Bu döwür hezillik: yzyňdan gelýän ýardamçylar şobada tigiriňi çalşyp berýärler. 20 km aralygyň pellehanasy Türkmenabat şäheriniň çetindäki magazinleriniň biriniň ýanynda bellenipdir. Ýaryşyň sanalyşygyna ýetişjek bolup, iýmäne-içmäne-de howlugyp, ir säher bellenilen ýere bardym. Pellehana Ilkinji gelip, lentany böwsüp geçip, dynç almak üçin magaziniň kölegesine bardym. Welosipedimi diwara söýäp durkam başym aýlanýar. Arkamy tama ýaplap ýetişdim. Gözüm garaňkyrap, açlykdan içim eljuk diýýär, ýüregim bulanýar—gaýtarjak bolýan. Eli tor torbaly bir aýal magazinden çykyp, öňümden geçip barýar, meniň mejalsyz elim onuň torbasyndaky bulka bilen gatykly çüýşä uzaýar, “Maňa şu bulkaňy beräý-dä!” diýjek bolýan, dilim ysanok, bir zatlar samraýan... Hernä, ol daýza meniň niýetime dogry düşünäýdi: “Wah hanym, sen açmydyň? Bu döwür açlyk çeker ýaly gabahat uruşam-a ýok indi. Me ballym!” diýip, nätanyş aýal torbasyndan maňa bir bulka uzadyp, gatykly çüýşäni açyp berdi. Şondan bäri ýaryşyň öňünden ýokumly iýmitler bilen naharlanyp, süýjili suwdan, şerbetden ganmalydygyny galan ömrüme sapak edindim. —Myrat aga, ýaryşlara öz ýol welosipediňiz bilen gatnaşypsyňyz welin, şol döwürde sport welosipedine rugsat berlenokmydy? —Wah inim, o welosipedleri ilkinji gezek Aşgabada gelemsoň, ýagny, ýurdymyzyň welosipedçiler toparynyň SSSR-iň çempionlygyna taýynlanyp başlanynda görüpdim, ana şondan beýläk ýaryşlara diňe sport welosipedli gatnaşdym. Myrat Halmämmedow 1953 we 1954-nji ýyllarda Aşgabatda ýaşlaryň arasynda geçirilen welosiped sporty boýunça ýaryşlarda çempion bolup, “Sport ussatlygyna kandidat” derejesini gazanýar. Ol 1952-nji ýylyň oktýabr aýynda Ukrainanyň Kiýew şäherinde, 1953-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň eteginde, 1954-nji ýylda Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) şäherinde geçirilen spartakiadalara gatnaşýar. Leningradda geçirilen mekdep spartakiadasynyň açylyşynda Myrat Halmämmedowa Türkmenistanyň baýdagyny göterip geçmekligi ynanýarlar. 1955-nji ýylda Ukrainanyň Poltawa şäherinde geçirilen SSSR-iň çempionatyna-da gatnaşýar. 1956-58 ýyllarda Marynyň Hydyr Derýäýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlansoň ýaş mugallymy Ýolöten etrabyna işe ýollaýarlar. Ýolöteniň 7-nji mekdebinde 1959-njy ýyla çenli işlän döwründe gyzlary welosiped sportyna höweslendirip, birnäçe ezber türgen ýetişdirýär. 1960-njy ýylda Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetinde açylan bedenterbiýe we sport fakultetiniň talyby bolýar. Myrat aga Aşgabatda bolan ýyllaryny ýatlaýar: —Türgenleşigi Pöwrizäniň, Çüliniň (şu wagtky Gökdere) beýikli-pesli, öwrüm-öwrüm ýollarynda geçýärdik. Düz ýollarda sürüp öwrenemsoň, maňa ýokaryk dyrmaşmak ilkibada kyn düşýärdi, yza galýardym, ýöne depeden aşak inemizde bolsa, hemmesinden ozup geçip, gelmeli ýerimize birinji gelýärdim. Ilkinji gezek Pöwrizäniň ýolunda dagyň depesine ýetip yzymyza gaýdanymyzda, öňe gidenleriň yzyndan ýetjek bolup, güýjümde baryny edip, iň ýokary tizligim bilen aşak inipdim. Welosipedli ýokardan ineňde saýhally bolmalydygyny, ýokary tizligiň hatarlydygyny tälimçimiz duýdursa-da, gözsüz batyrlyk edipdirin (uçut gaýadan gaýtsaň gaýaýmaly). Hataryň yzyndan üzlem-saplam, iki-ýeke gelýänleriň gapdalyndan emgenmän geçip gitdim, öňümden dag ýoluna sygman barýan on-on bäş sany welosipedçi hümer berip, topar tutup barýar. Topbagyň gyrasyndan geçjek bolýan welin, olaryň özleri hem bir-birinden öňe geçjek bolup kösenýärler. Uzakdan ýoluň sag tarapa öwrülýän ýeri göründi. “Bularyň hemmesi topbagy bilen bir wagtda öwrülmäge meýil edip bilmezler, içinde birdir-ikidir ýöwselrägi bolaýmaly, ana şol tizligini peseldip, yza galar welin, dyzaýyn” diýen netijä gelip, topbagyň çep gyrasyna gysmyljyrap başladym. Aýdyşym ýaly, öwrüme ýakynlanymyzda, barýan topbagymyz süýnüp başlady. “Aý, näme bolsa, şo bolsun” diýäge-de, boşluga omzadym, öwrümden soň aýaklarymyň badyny tizlendirdim—topardan arany üzüp başladym. Daglaryň daşlary azalyp, baýyrlygyň ýoluna düşemde aşakda paýtagtyň jaýlary göründi, yzyma göz aýlasam, ozup geçen ýoldaşlarym hol yzda haýdaşyp gelýärler, men pedallrymy iň soňky güýjüm bilen aýlap barşyma öňümden duýdansyz çykan öwrümi görüp ýetişýän, ýöne, tormozy basyp, badymy gowşadyp, yzymdan gelýänlere duýdyryp ýetişemok. Welosipedi ýatyryp öwürmeli bolýan, dyzym ýere degäýjek bolýar, welosiped dikelýär-de, ýoluny dowam etdirýär. Pellehena ilkinji bolup gelýän-de, gyra çekilip durýan, ýoldaşlaryma garaşýan, ýöne olar ara minut salman gelmelidiler welin, biriniň hem garasy görünenok. Az salymdan iň yza galanlar geldiler, meň söbügime düşüp gelýänler bolsa kim welosipedini eginlerine atyp, kim idip, ýöräp gelýärler. Asyl, olar duýdansyz çykan öwrümi görüp ýetişmändirler. Hemmesi birlikde öwürlenlerinde ýoldan çykyp, ýapaşak gaýdyp, gury salmaň içine gapgarylypdyrlar. Tälimçim nädogry hereket edenim üçin maňa käýýedi-de, soňundanam: “Elbetde, ýeňijileri ýazgarmaýarlar, ýöne saglygyňa we janyňa hatarly hereketleri etmejek bol” diýip sargapdy. Indiki gezek dagdan aşak inemizde geçmeli ýolumyz: Oba hojalyk institutyndan öwrüm edip, Botaniki bagyň gyrasy bilen ýöräp, Magtymguly şaýoluna düşüp, pellehana —“ Parahat” kinoteatryna barmalydy. Magtymguly şaýoluna ýetip barýarkam, ýolum edil öwrümiň üstüne ýük çekýän maşynyň seçeläp giden külke daş bölejikleriniň üstünden düşdi. Welosipediň özi “ýatyp” öwrüldi-de, aýagymyň aşagyndan taýyp gitdi. Men bolsa tutuş sag gapdalym bilen ownujak daş bilen düşelen gara ýoly sydyrdyp gitdim, külke daşlaryň goýan “ýadygärligi” henizem nokat-nokat bolup, mese-mälim bildirip dur. Köpi gören tälimçimiň öwüdine pitiwa bermänim üçin awunmaly boldum. Myrat aga uniwersiteti tamalansoň Mary şäherindäki 1-nji mekdep-internatynda bedenterbiýe mugallymy bolup işläp başlandan, stol tennis gurnagyny gurnaýar. Onuň ýetişdiren tennisçi gyzlar topary1965-nji ýylda Mary şäherinde geçirilen ýaryşyň ýeňijileri boldylar. Şol ýyl Türkmenabat şäherinde geçirilen ýurdumyzyň çempionatynda şol topar birinji oruny eýelediler, ýekelikde brinjiligi Amanowa Bossan alypdy. Myrat mugallymyň bu türgeni stol tennisi boýunça ülkämiziň çempionlygyny hiç kime bermän, birnäçe ýyllap öz elinde saklady. Baýry mugallym Myrat Halmämmedow tä nepagata çykýança, 2000-nji ýyla çenli ýaşlarda sporta we bedenterbiýä bolan höweslerini galkyndyrdy, okuwçylaryna sagdyn durmuşyň ýoluny öwretdi, olaryň saglygyny berkitmekde gije-gündiz janyny aýaman zähmet çekdi. Onuň türgenleriniň ýeňil atletikadan, stol tennisinden, türkmen göreşinden, woleýboldan, küştden gazanan kuboklary otuz ýyl işlän mekdep-internatynyň törüni bezäp dur. Myrat aganyň ogly, karate we taýakwondo boýunça, hersinden iki gara guşagynyň eýesi, Berdi Halmämmedow, sportyň şol görnüşlerini Türkmenistana ilkinji bolup getirip, ýaşlary täze sporta imrikdirdi we ençeme çempionlary ösdürip ýetişdirdi. Ondan soň, ol “uniwersal söweş” atly sporty ýola goýdy. Berdi Halmämmedow 2002-nji ýylda Moskwada ýaşlaryň arasynda geçirilýän Halkara sport oýunlaryna, şeýle hem 2004-nji ýylda Afinide (Gresiýa) geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň wekili hökmünde gatnaşdy. Sözüniň soňunda baýry mugallym, Myrat Halmämmedow: —Hudaýa şükür edýärin. Nähili ajaýyp döwürde ýaşaýas: Gahryman, mähriban Arkadagymyzyň howandarlygynda ýurdymyzda çagalar we ýaşlar üçin ýüzlerçe sport mekdepleri açyldy. Onuň başlangyj boýunça, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni, Milli Lidermiziň hut özüniň gatnaşmagynda, eziz diýarymyzyň ähli künjeginde welosiped ýörişi giňden bellenip geçilýär. Ülkämiziň türgenleri halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeläp, alys ýurtlaryň sport münberlerinde, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň Baýdagyny pasyrdadyp, döwlet senasyny ýaňlandyranlaynda, busanjymy-begenjimi saklap bilmän, gözüme ýaş aýlanany duýman galýan. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuşyň, päk ahlaklygyň nusgasy bolup, eziz halkymyň kerwenbaşysy bolup, bagtyýar zamanamyzyň şaýolundan ynamly gadamlar bilen öňe—bagtly durmuşa alyp barýar. Onuň jany sag, belent mertebeli başy dik bolsun we gije-gündiz ýurt ähmiýetli, il bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaç alsyn! Goý, Biribar Gahryman Arkadagymyzy, onuň maşgalasyny we kowum-garyndaşlaryny öz penasynda saklasyn! —diýip, alkyş okap, dileg edýär. Kakajan BALKANOW. 2021 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |