04:41 Urşuñ ahyrky güni / hekaýa | |
URŞUŇ AHYRKY GÜNI
Hekaýalar
Ýokary okuw mekdebini gutaryp, obamyzdaky orta mekdepde mugallymçylyga başlan ilkinji günüm, bu ýerdäki muzeý bilen tanyşmagy ýüregime düwdüm. Maksadymy mälim edenimden müdir ony ikelläp gollady: — Ine, bu tüýs gerek zat. Taryhyňy bilmek, geçmişiňe, ata-babalarymyzyň bize galdyran mirasyna sarpa goýmak döwrüň talaby. Ol indi biziň her birimiziň mukaddes borjumyz. Synla, gör, taryh mugallymymyz Bekdurdy Bakyýewiň yhlasy bilen döredilen muzeýde gözüň eglener. Men muzeýe Bekdurdy mugallym bilen bardym. Ol dürli eksponatlardan hyryn-dykyn otagyň içi bilen gidip barşyna «1941-1945-nji ýyllaryň urşy» diýen ýazgyly bölümiň deňinde saklandy. Soňra maňa hatara goýlan bir meňzeş, epinleri kertilp ugran akgaýma tahýalary görkezip, sessiz-üýnsüz duruberdi. Ol ýerde «Obadaşymyz Aýsoltan Gurduň buşlukçylar üçin taýýarlan sowgady» diýen ýazgy bardy... ...O mahallar biz oglandyk. Günümiziň köpüsi oýun bilen geçse-de, hemişe uly adamlaryň sanlyja ýyl mundan ozal ýeňiş bilen tamamlanan uruş hakyndaky gürrüňlerini ürç edip diňlärdik. Iki adamyň başy çatylsa, şol agyr günler ýatlanylýardy. Dogry, edil ilki başdaky ýaly, gussaly gürrüňler kän däldi-de, käbir obadaşlarymyzyň söweşde görkezen gahrymançylygy baradaky söhbetler barha meşhurlyga eýe bolup barýardy. Olaryň aglabasy hakykatdy. Ýöne degişmek, gülüşmek üçin aýdylýanlary hem ýok däldi. Mahal-mahal: — Hany, Oraz aga, «dil» getirşiňi gürrüň bersene! — Hydyr aga, şonda gabawdan neneňsi çykdyňyz? diýen ýaly sowallara berilýan jogaplara adamlar gyzyl-gyran gülüşerdiler. Biz çagalar üçin ol sorag-jogaplaryň ählisi diýseň gyzyklydy. Ýöne käte köpi gören ýaşulularyň sözleri bizi oýlandyrardy. — Oglanlar, näme gülen bolup, ynanmazçylyk edýäňizmi? Şular duşmany ýeňip geldiler dälmi? Gürläbersinler, haklary bardyr. Bu sözleriň manysyna akyl ýetirip bilmän mölterişip oturan gezeklerimiz az bolanokdy. Şeýle-de bolsa, uruşdan gelen obadaşlarymyzyň ählisi biziň üçin gahrymandy. Olaryň köpüsiniň döşlerini bezäp duran orden-medallaryny görüp agzymyz suwarardy. Olara meňzäsimiz gelýärdi. Onsoň olaryň edermenlikleri hakynda eşiden zatlarymyzy birek-birege gürrüň bererdik. Derýa Gandym,Berdi Çetje, Eýeberdi mugallym ýaly adamlaryň görkezen edermenligine batyrlygyna, çaga-da bolsak guwanardyk. Ýöne... käbir obadaşlarymyzyň henizem uruşdan gaýdyp gelmeýändiklerine aklymyz ýetenokdy. Uruşda ýeňen bolsak ähli gidenler geläýmeli dälmi? Aýsoltan gelneje-de şeýle diýýär ahyry! Bizem deň-duşlar bolup öz ýanymyzdan pikir ýörederdik: «Aýsoltan gelnejäniň ýanýoldaşy Gurt bilen bileje gidenleriň bir topary bireýýäm geldi. Ol näme üçin gelmeýär? Diýmek, uruş entek gutaranok. Belki ol has uzakdadyr. Bir gün geler. Gaýyş kemerini dakynyp, maňlaýy ýyldyzly telpegini geýip göreris. Orden-medallaryny-ha, il ýaly özi dakynsyn, onuň jogapkärligi uly.» Biz her gün diýen ýaly öýe gelip, Aýsoltan gelnejäniň tabşyrygy bilen men enemden «Uruş haçan gutarýar» diýip, zol-zol sorardym. Beýleki oglanlaram şeýderdi. Jogaplar welin birdi. Sebäbi eneler hiç haçan ýalan söz aýtmaýarlar. Meň enem-ä: — Wah, Aýsoltan pahyra-ma, garaşyp bilýär welin, Gurt neressäni kysmaty göýberen däldir-dä- diýerdi-de goýaýardy. — Ene, kysmat diýýäniň nänili uruş. Gurt daýyny näme üçin göýberenokka? — Oňa düşünerden sen entek ýaş bolýaň, oglum! — Aýsoltan gelneje näme, ol uly adam ahyry, olam düşünenokmy? Şuňa meňzeş sowallarym hemişe jogapsyz galardy. Aýsoltan gelnejeler biziň ýakyn goňşymyz bolany üçin men enemiň «urşuň basym gutarjajakdygy» hakyndaky aýdanlaryny oňa ilki ýetiredim. Ol pahyr begenerdi, köneje sandygyndan dört eplengi akgaýma tahýany çykarady-da, meniň kelläme geýdirip görerdi. — Ine, şu tahýany kim Gurduň gelýänini buşlasa, şoň başyna geýdirjek. Göwnüme bolmasa şu seniň nesibäň ýaly bolup dur- diýip, başymy sypalardy. Muňa görüplik etjek bolýanam tapylýa-da. Gaýrakky goňşymyzyň ogly Gurbangylyç tahýany meň başymda görüp kemsinendir-dä, şo gezek: — Gelneje bu tahýa epin-epin bolupdyr-a, nädip geýsin-diýende, Aýsoltan gelneje birhili tukatlandy. Soňam düşündirmäge başlady: — Ondan aňsat zat ýok. Ýekeje gün içine öl çäge dykyp goýsaň, tegelener durar. Bir gün Aýsoltan gelneje biziň näçe oglan bolup oýnaýanymyzy sorady. — Jemi alty oglan – diýdik. Şol günden soň ol herimize buşluk ýçin bir tahýa bejermäge başlady. Özem şondan soň ýygy-ýygydan: «Hemmäňiz Gurduň gelenini buşlarsyňyz, men bilýän. Sizi kemsiner ýaly etmen» diýmäni çykardy. Buşluk aýdyp tahýa almak höwesi bizi öz erkimize goýanokdy. Gözümiz ýoldady. Oba delräk adam dagy düşäýse garama-garama yzyndan galmazdyk. Barymyz - Gurt daýy bolaýmasyn — diýip, pikir ederdik. Däldigine anyk gözümiz ýetensoň lapykeç halda öýe dolanardyk. O barada Aýsoltan gelnejä hiç zat aýtmazdyk. Onsuzam o pahyryň derdi agyrdy. Agyr iş onuň bilini büküpdir. Uruş başlanaýan ýyllary kimdir biri oňa näçe köp işleseňiz, uruş şonça basym gutarar - diýip aýdypdyr. Ana, şondan soň meýdan işinde hiç kim Aýsoltan Gurduň deňine ýetip bilmändir. Tä usurgaýança elinden ikilulak pilini goýmandyr. Muňa brigadir Mädäli aganyň haýpy gelip: — Jan gelin, beýle agyr işleme. Ynha Gurt geler, onsoň meýdanda iş galmaz. Beýle zabun işleseň maýrylyp galarsyň. Günde bir, bir ýarym çäk işleseňem köp zat – diýip, kän ýalbarypdyr. Emma Aýsoltan adamsyny gara zämeti bilen getiräýerin öýdüp, aýdylana gulak asmandyr. Onsoň başlygam, brigadirem enemden haraý isläpdirler: — Bessir eje, özüň bir gep tapyp şü bendäni işden galar ýaly edäýmeseň-ä, iş diýip ýykylyp, bir biabraýçylygyň üstünden eltäýmegi ähtimal! Şondan soň enem oňa düşündirmegiň alajyny tapypdyr: — Aýsoltan jan, sen indi öýden çykma, haý diýmän Gurt dolanyp gelse, öňünde bolmasaň gelşiksiz bolar. Şondan soň Aýsoltan gelneje işden galdy. Bizem ony içde-daşda ýygy-ýygydan gňrüp başladyk. Ýöne ol indi öňki baýdak ýaly diýilýän gelin däldi. Ysgynsyz göwresine zordan erk edýärdi. Ýüzleri garaörtdi, gözleri ulalyp, gabaklary börtülip durdy. Görenler agyr derde uçran bolaýmasa ýagşydyr, pahyr –diýip, başyny ýaýkardylar. Şonda biziň başdan geçirýän ejirlerimizi görsediňiz, diýip -aýdar ýaly däldi. Obanyň orta gürpündäki kepbe tamdan wagtal-wagtal çykýan agy sesi çaga-da bolsak biziň ýüreklerimizi gyýym-gyýym edýärdi. Aýsoltan gelnejäniň agy gatyşykly zaryn sesi eşidilenden oýnumyzy goýýardyk-da, tä ol ses ýatýança ýüzümizi sallaşyp durardyk. Ilki uly ses bilen başlanan agy, soňabaka inçelip-inçelip birhili ýakymsyz,iniňi düýrükdiriji iňňidä öwrülerdi: — Faşit köküň kesilsin, Öýüň üstüňe ýakylsyn - - diýen zaryn ses telim gaýtalanansoň, agy kiparlaýardy. Bir haýukdan soň öýden sojap-sojap dem alyp, 30-35 ýaşlaryndaky gelin çykardy-da, bize – oglanlara tarap gaýdardy. Çaga bolanymyzdandyr-da. Aýsoltan gelnejäniň bolşundan çekinerdik. Onsoň sesimizi-üýnümizi çykarman, öýmüze tarap gaýdardyk. Biziň öýmüz has golaý bolansoň, ählimiz kürseşip gapydan girerdik. Öýde ik egrip oturan enem bu zatlara düşüş bolansoň, göwnübir ýalydyr. Gaýtam bize käýinerdi: — Häý, bisyratlar, gaçar ýaly nämä bar. Şol öňki gelnejeňizdir... Pahyr adam dagy däldi, gelniň gowsudy. Elinden dür dökülýärdi. Gurt neressäniň ýoluna seredip-seredip, içine salyp, birhili ýel çalan ýaly bolaýdy. Hakyt yeldirgedi oturyberdi. Adama zelel-ä ýok, özi aglap, özi diňýär. Arasynda-da mundan gowy adam ýok, şetdat ýaly. Bir kemi şol. Gurtdan umydyny üzüp bilenok. Onsoň oňünden kim çyksa, şol bir heňi «uruş haçan gutararka» diýip, özelenip durandyr. Ondan gaçmaň, balalarym! Başarsaňyz ýanyna baryň! Göwnüni göterjek boluň! Ýarym göwündir pahyr. Şeýdiň balalarym, sogap gazanarsyňyz! Enemiň bu sözlerinden soň biz Aýslotan gelnejäniň bolşy bilen öwrenişip başladyk. Dogrudanam, enemiň aýdyşy ýaly eken. Birdenkä ýüregine ýel düşse, hawawaýlap galybermesi bar eken-dä. Ony özem bilýär. Şonda: - Menden gorkmaň, gaçmaň, azajyk tagapyl etseňiz, açylaryn -diýerdi. Soň soňlar biz onuň agy sesini eşitsek, ylgap ýanyna gelerdik. Ony köşeşdirjek bolup, oda-köze düşerdik. Her zat etsegem, ol aglap, ýa gygyryp içini boşatmasa, ynjalanokdy. Ozalkylaryndan tapawudy öýünden daşa çyksa-da uzaga gidenokdy. Onsoň kämahal bizem onuň sözlerini ýerli-ýerden ses goşup gaýtalardyk: — Faşist köküň kesilsin, Öýüň üstüňe ýykylsyn... Aýsoltan gelneje biziň gözlerimizi mölerdip, öz sözlerini gaýtalaşymyza haýran galyp durardy-da, soňam uly ili bilen aglamaga başlardy. Biz şonda onuň kepbesine arkamyzy dirärdik-de oturyberedik. Bir gün okuwdan soň oýnamaga çyksak, Aýsoltan gelneje egnine ýüpek sowsany geýip, başyna-da agyr gyňaç daňynyp ýola çykypdyr. Ol bizi görenden ylgaşlap ýanymyza geldi: — Eşitmediňizmi uruş gutarypdyr. Ähli giden gelýärmiş. Kim maňa Gurduň gelýänini buşlasa, ine, sowgadym. Ol goltugyndaky kamys mata dolangy sünnälenip tikiulen birnäçe ak gaýma tahýany görkezdi. Ýeke-ýeke kellämize geýdirip gördi. Biz: — Men buşlaryn-da, men buşlaryn bolşup, oňuň daşyna egrilişdik. Şeýdip onuň göwnüni götereris öýtdük. Ol bolsa uly sesi bilen aglamaga başlady. Bolup durşumyzy uzakdan synlap duran enem ýanymyza gelmedik bolsa, biziňem aglaýmagymyz daş däldi. Aýsoltan gelneje enemi görüp köşeşdi. Gözleriniň ýaşyny süpürip, "Bessir eje buşluk, uruş gutarypdyr" diýdi. Indi bu sözi Aýsoltandan telim gezek eşiden enem bu gezek çyna berimsiz begenen boldy: — Gözüň aýdyň, Aýsoltan goňşy, bar öýüňe toý şaýyňy tutuber! Aýsoltan gelneje öýüne tarap ylgaşlap, gidensoň, enem eden işine ökündi: — Wah-eý, edeniň bar bolsun, pahyra «toý şaýyňy tutuber» diýip, odukdyrmak nämä derkardy diýsene. Enem uzak eglenmän onuň yzyndan gitdi. Bizem ondan galmadyk. Şol günden soň enem Aýsoltan gelnejelere ýygy-ýygydan gatnap başlady. Hemişe olara tarap ýönelenden «Ýörüň, ýörüň» edip, bizi ýanyndan goýmaýan enemiň indi bir özi gitmäni çykardy. Bir gezek eneme meniňem Aýsoltan gelnejäni göresimiň gelýänini aýtdymonda enem ýüzüme köpmanyly seretdi-de başyny ýaýkady: — Ýok, balam, bu mahal gelnejeň haly teň. Häzir görseň ömür gözüňde galar. Ýetmedik bolsa sagalar, enşalla. Şondajyk göräý, oglum! Men bialaç ylalaşmaly boldum. Şondan soň köp wagt geçmänkä, enem Aýsoltan gelnejäni ýene soramaga gitdi. Enem gapydan girenden o pahyryň ysgynsyz sesi bilen iň soňky sözi şu bolupdyr: — Uruş-a gutarypdyr, toýa başlabereliňmi, Bessir eje! Nowruz GURBANMYRADOW. Surat: Dañatar Çaryýew / "Uruş ýyllary" | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||