20:35 Ussatlaryñ mekdebi | |
USSATLARYŇ MEKDEBI
Edebi makalalar
HALKYMYZDA «Ogully ýigit ölmändir» diýen nakyl bar. Men 1986-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda, kakam Hommat Galandarowyň kesbine eýerip, türkmen radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bolup işe başladym. Şol döwürler Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komiteti (häzirki Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti) Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 89-njy jaýynda ýerleşýärdi. Iki gatdan ybarat bu binanyň içinde teleradio işgärleriniň, döredijilik adamlarynyň uly topary zähmet çekýärdi. Olar bilen habarlaşmagy, özara söhbetdeş bolmagy her bir türkmen raýaty özüne belent mertebe, uly bagt hasaplaýardy. Bile okaýan talyp ýoldaşlarym menden bu ýerde zähmet çekýän döredijilik adamlary, režissýorlar, artistler barada köp soraýardylar. Olar bilen tanyşdyrmagy haýyş edýänlerem bardy. Olaryň şol wagtky «Bahar» radiostansiýasy we beýleki bölümlerde taýýarlanylýan radiogepleşikler barada köp zatlary bilesi gelýärdi. Halypalar Juma Ýazmyradow, Myrat Nyýazow, Gurt Garýagdyýew, Işan Garaýew, Abdy Myradow, Penjiwar Ylýasow, Akjemal Omarowa, Berdimuhammet Ataýew, menden öňki ýaş redaktorlar Amangeldi Sähedow, Akmyrat Baýlyýew, Kakow Durdyýew, welaýat habarçylary, ýurdumyza belli diktorlar Arap Gurbanow, Geldi Bäşiýew, Oguljahan Mämikowa, Baýram Geldimyradow we başgalaryň döredijiligi hem-de tehniki işgärler bilen gyzyklanýardylar. Radio habarçylarynyň we döredijilik adamlarynyň uly mekdebi hasaplanýan bu ýerde işlemekligiň özüme miýesser edendigine häli-häzirlerem buýsanyp ýörin. Ol halypalar maňa radio žurnalisti bolup işlemegiň täsin syrlaryny öwretdiler. Mekdepde okap ýören ýyllarymdan kakam meni bu ugra gözükdirip başlady. 5-nji synpda okaýarkam, hat ýazýan maşynkada hat ýazmagy, 7-nji synpa baranymda, sesleri timarlamagy (montaž etmegi), ýokary synplarda okaýarkam, mikrofon tutmagy, gepleşikleri alyp barmagy, tekstsiz göni ýaýlyma çykmagy öwretdi. Men radioda işläp başlanymda kynçylyk çekmedim. Oglanlyk döwrümde-de çagalar durmuşyndan gepleşikleri taýýarlaýardym. Taýýarlan gepleşigim ýaýlyma berlende, guş bolup uçýardym. Türkmen radiosynda işläp başlamagymda halypalaryň hyzmatlary gaty uludyr. Men olara aýratyn hormat goýýaryn. Habarlar bölüminden Bally Ýazmämmedow, Kakow Durdyýew ýaly halypalar welaýat täzeliklerini tiz ýetirmegi, köpüň söýgüli artisti Juma Ýazmyradow radionyň dilinde gürlemegi, diktorlar gepleşigi alyp barmagy, Işan Garaýew gepleşikleri we habarlary aýny wagtynda diňleýjä ýetirmegi öwretdiler. Radio enjamlar, ses timarlaýjy magnitofonlar bilen işleşmekde, gepleşikleri ýokary hilli montaž etmekde maslahatlaryny gysganmadylar. Hatda bir harpy artyk bolsa-da, şony aýyrmagy maslahat berdiler. Ilki işe başlan günüm şol wagtky «Habarlar» bölüminiň bölüm müdiri Bally Ýazmämmedow öňüme bir guty otluçöpi oklady-da: «Şu otluçöpüň gutusyna seret, gowy nazaryňdan geçir. Şondan hem 3-4 sany habar taýýarlap ber» diýdi. Men bu synagdan üstünlikli geçdim. Çünki baş halypam — kakam: «Habar taýýarlamak gaty kyndyr, çylşyrymlydyr. Hemme zada ünsli garamaly, hiç bir zady gözden salmaly däl. Üşükli bolmaly. Habar ýazmak we ony diňleýjä ýetirmek ussatlygy talap edýär. Sen ilki bilen iliň görmeýän zadyny, eşitmedik habaryny gözläp tapmaly. Diňleýjä birinji bolup ýetirmeli. Gaty gitse üç sözlemde aýtjagyňy aýdyp, içiňi dökmelisiň. Iň esasysy hem birinji sözlemiňde aýdýan täzeligiň mekanyny, maksadyny, peýdasyny diňleýjä düşündirmelisiň» diýip, habar ýazmagyň we ibermegiň kyn hem çylşyrymly tärlerini ýaşlygymdan gursagyma guýdy. «Habar taýýarlamagy başarmasaň, habarçy bolup bilmersiň» diýip, köp sargardy. Çagalar bölüminde işlän halypalar Gurt Garýagdyýew, Akjemal Omarowa, Berdimuhammet Ataýew dagy bolsa çaga dilini tapmak, olary gürletmegiň tärleri barada toplan baý tejribelerini menden gysganmadylar. Halk döredijiligini suwara öwrenmegimi wesýet etdiler. Meniň döredijiligimde Işan Garaýewiň hyzmatynyň uly orun tutýandygyny aýratyn belläsim gelýär. Çünki ol diňe bir radio žurnalisti bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sport gepleşigini alyp barmagyň ussady, halypa kommentator hökmünde-de giňden tanalýardy. Talyp döwrüm Işan Garaýewiň howlusynda ýaşadym. Işan aga paýtagtda geçirilýän futbol ýaryşyny, onuň inisi Pirguly Garaýew hem döwlet aýlawynda geçirilýän at çapyşygyny alyp barmagyň tärlerini öwretseler, belli şahyr hem diktor Geldi Bäşiýew dabaralarda, baýramçylyklarda goşgy okamagyň inçe ýollaryny irginsizlik bilen beýnime guýdy. Türkmenistanyň Halk artistleri Juma Ýazmyradow, Gurbannazar Atakgaýew degişmeler we ilhalar gürrüňler bilen toýa şowhun bermegi kalbyma guýdular. Nurberdi Dädebaýew, Magtymguly Myşşyýew, Kerim Berdiliýew, Ýazjemal Annaýewa, Tawus Ataýewa hekaýa, goşgy, degişme ýazmaga ugrukdyrdylar. Syýasy gepleşikleri taýýarlamakda Amangeldi Seýitberdiýew, Aýperi Baýlyýewa, Amangeldi Sähedow, Jumagül Döwletowa dagy gymmatly maslahatlaryny menden gysganmaýarlar. Bu hem biziň — ýerlerdäki (welaýatlardaky) habarçylaryň döredijilikli işlemegine ýardam berýär. Şonuň üçin hem «Watan» radioýaýlymynda ilhalar radiogepleşikler taýýarlanyp ýaýlyma berilýär. Muny diňleýjilerimizden gelip gowuşýan SMS habarlaram, hatlaram, telefon jaňlaram, käbir diňleýjileriň radionyň düýbüne, Aşgabatda ýerleşýän «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezine baryp aýdyp gaýdýan hoşallyk sözleri-de tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryşy ýaly, halypa-şägirtlik gatnaşygy, haýsy kärde bolsaň-da, saňa üstünlik, at-abraý getirýär. Halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmäge giň ýollary açan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! Welmuhammet GALANDAROW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |