17:16 Ussatlyk ýolunyň ädimleri / Atajan Tagan hakynda | |
◼USSATLYK ÝOLUNYŇ ÄDIMLERI
Edebiýaty öwreniş
"Serwi gelin" atly kitaby okap Ussatlyga ýetişen ýazyjynyň döredijiligi barada söz açmak kyn däl, ýöne oňa baha bermek welin örän çetin. Şonuň üçinem köpüň göwnünden turjakdygyna şübhesiz ynanýan “Serwi gelin» atly täze kitaby derňemekçi bolanymda, öňünden ýaýdandym. Ýaýdanmagymyň esasy sebäbi eserlerini seljermeli awtorymyň häzirki zaman türkmen edebiýatynyň okyjylarynyň uly sarpa goýýan ýazyjylarynyň biri hasaplaýanlygym däl. Esasy gep başga zatda. Ýazyjy Atajan Taganyň eserleri barada köp dilde çap bolan 60-a golaý edebi derňewleriň awtorlarynyň birnäçesini özümiňem tanaýanlygym, tanamaýanlaryma-da ýazan işlerinden habarly bolanym üçin gaýybana sarpa goýýandygym hem-de olaryň diňe türkmen edebiýaty däl-de, dünýä edebiýaty bilen düýpli gyzyklanýan dürli milletleriň wekilleri bolmaklarydy. Atajan Tagan häzirki ussatlyk derejesine aňsatlyk bilen ýetmedi. Onuň kämillige eltýän ýoly nähili geçendigine özümi belli bir derejede belet hasap edýärin. Sebäbi ol meniň döwürdeşim, bile okan ýoldaşym. Biziň ýaş tapawudymyzda ullakan parh ýok hem bolsa, men ony özüme halypa saýýaryn, eserlerinden tälim alan belli ýazyjylarymyň arasynda onuňam bardygyny belläsim gelýär. Onuň dartgynly kompozisiýa gurmakda, tema saýlamakda, çäkli sözlemler bilen agramly eser ýazmakda başarnygy, tekst asty inçe many bermekdäki ukyby, dogrudanam ussatlyk. Eserlerine syn ýazan edebiýatçy hünärmenleriň oňa örän ýokary baha bermeklerinde men ulaltma görmeýärin. Budapeştiň «Nepsabadşag» gazetinde çap bolan wenger edebi tankytçysy Islaý Zoltanyň «Perişde kanagatlylygy» diýen makalasynda türkmen ýazyjysynyň ussatlygyna, ynandyryjylykly ýapyşalgalara daýanyp, uly baha berilýär ýa-da belli dramaturg Bolot Şamşyýewiň «Gyrgyzystan madaniýaty» gazetinde çap bolan «Durmuş dowam edýär» diýen derňewinde ýazyjynyň «Alysga sapar» ady bilen gyrgyz dilinde çykan hekaýalar ýygyndysyna berýän bahasy seni hem begendirýär, hem buýsandyrýar. Ol A.Taganyň eserleriniň durmuşydygyny, dartgynlydygyny, gahrymanlarynyň juda tanyşdygyny, mähremdigini, hekaýalarda aýryp taşlar ýaly artykmaç sözlemleriň ýokdugyny nygtaýar. Şol babatda öz şaýat bolan bir wakama ýüzlenmek isleýärin. Ýazyjynyň «Hasaplaşyk pursady» powestini «Mig rasplaty» ady bilen çap eden abraýly neşirleriň biri «Znamýa» žurnalynyň baş redaktory Grigoriý Baklanowyň awtoryň adyna ýollan telegrammasynda: «Redaksion topar powestiňiziň iň soňky abzasyny artykmaç hasaplaýany sebäpli, ony eserden aýyrmak barada siziň razyçylygyňyza garaşýar» diýen sözler bardy. Elbetde, uly ýazyjynyň eden belligini awtor kabul etdi, ýöne şojagaz waka-da, ýagny «ýowuz redaktor» hasaplanýan G.Baklanowyň powestden diňe bir abzasy aýyrmaly etmegi-de, ildeşimiziň öz eserlerine uly jogapkärçilik bilen çemeleşýändigine güwä geçmeýärmi?! Halypalyk derejesine ýeten Atajan Taganyň türkmen edebiýatynda ilkinji bolup döreden «Kyrk ýylda ýazylan kitap» diýen agramyna hem wajyplygyna, özboluşly pikir ýöredişine görä özüne çekiji gündelik-essesinde: «Talanty ene dogurmaýar. Ony irginsiz zähmet bilen azap döredýär» diýen kesgitlemesi bar. Men beýle kesgitlemä doly goşulmaýaryn. Çünki gije-gündiz işläp otursaňam, tebigy ukybyň bolmasa, suwytly eser ýazyp bolmajagy belli zat ahyryn. Ýöne Resul Gamzatow aýtmyşlaýyn, «depäňden-dabanyňa çenli talanta suwalsaňam, stol başynda oturmasaň, eser döremez». Şol nukdaýnazardan Atajan Taganyň işeňňirligi barada birki söz aýtmagy zerur hasaplaýaryn. Onuň bile okan galamdaşlarynyň biri: «Eger Atajan Tagan ýaly her gün 15 sagatlap stol başynda oturmagy başarsam, men dünýä belli bolardym» diýip degişýär. Ol eser ýazmak üçin sarp edýän hupbatly minutlaryny toý-meýlisiň lezzetinden has ileri tutýar. Wagtyna örän sarpa goýmagynyň netijesinde hem onuň iş stolunyň tahyllarynda 8 jiltlik kitabyň golýazmasy saklanýar. Gep möçberde däl, hilde. Emma edebi synçylaryň berýän bahasyna hem başga dillere terjime edilmegini göz öňünde tutsaň, onuň eserleriniň hili-de ýokary bolmaly. Şeýle hem edebiýatda doly manyly çeper eser dörese, oňa kino hünärmenleriniň derrew hyrydar çykýandygyny biz bilýäris. Atajan Taganyň eserlerinden ýa-da ýazan ssenarilerinden 5 kinofilm döredildi. Ýazyjynyň eserlerine kino materialy babatda ilkinji üns beren, meşhur «Şükür bagşy» filmini döreden tanymal režissýor Bulat Mansurow boldy. Ol «Sazyň piri nirede?» diýen hekaýadan «Babagammaryň gaýdyp gelmegi» diýen filmiň ssenarisini ýazdy. Ýazyjynyň «Aýylganç baharyň jybarly güni» powestinden döredilen «Tentek» kinofilmine bolsa daşary ýurtlarda hem tomaşa edildi. Meşhur ýazyjy Ata Atajanow A.Taganyň «Aglasy gelýän ak bulut» diýen psihologik powestiniň golýazmasyny kemçiliklerini hem belläp, eli galamly okanyndan soň: «Mähriban Atdaş! Bize olary görmek miýesser bolarmy, bolmazmy — pelek işi. Ýöne seniň kyssa eserleriň hemmesiniň ahyrsoňy kino boljakdygyny men öňünden aňýan» diýen ýazgy edipdir. Ol şeýle-de bolup barýar. Hut geçen ýyl hem režissýor Kerim Annanow “Serwi gelne» girýän «Ogul» powesti boýunça A.Taganyň ssenarisi esasynda çeper film döretdi. «Uruş haçan gutarýar» diýen ilkinji hekaýalar ýygyndysy A.Tagana kyssaçy hökmünde şöhrat getirdi. Ýygyndy bilen adybir hekaýa bolsa onlarça dile terjime edildi. Şolohow, Bykow, Kazakewiç, Aýtmatow, Rasputin, Dumbadze ýaly tanymal ýazyjylaryň iň gowy hekaýalary ýerleşdirilen abraýly ýygynda goşuldy. Ýazyjynyň türkmen edebiýatynyň öňünde bitiren ýene bir aýratyn hyzmatyny bellemesem, onuň döredijiligi baradaky gürrüň doly bolmaz. Jek Londonyň «Martin Iden», Mopassanyň «Pýer bilen Žan», Kamýunyň «Saýry», Fiçjeraldyň «Beýik Getsbi», Moýemiň “Aý bilen teňňe», Erih Mariýa Remarkyň “Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok» romanlaryny, Turgenewiň «Bahar bulaklary», Aýtmatowyň «Ak gämi», «Düýegöz» powestlerini, Şukşiniň «Aýly agşamdaky söhbet» hekaýalar kitabyny, Hemingueýiň «Ret bol, ýarag» tragediýasyny, G. Gulamyň «Aşyk Daşpalta» komediýasyny, Walentin Rasputiniň, Oktaý Akbalyň, Musa Myradalyýewiň, Ales Žukuň, Aşot Sagatelýanyň hekaýalaryny terjime etmek bilen A.Tagan türkmen edebiýatynyň derejesiniň ep-esli ýokary galmagyna ýardam etdi. Ol terjimeler geljekki türkmen ýazyjylary üçin görelde hem ylham mekdebi bolar. Özüniň ilhalar eserleriniň üsti bilen Gojuk Mergen («Sallançak mukamy»), Mämmedöwez pälwan («Keseki»), Halkaman aga («Ýalňyzlyk») ýaly parasatly, watanperwer türkmen ýaşulularynyň, Dagdan eje, Aýparça, Mamur ene, Gyzdurdy ene ýaly dana enelerimiziň, ýüreginde ýamana ýowuzlyk, ejize rehimdarlyk hyjuwyny göterýän Atamerdan («Ogul»), Togtamyş («Serwi gelin»), lukman Bagybekow («Lal perişde») ýaly ynsanperwer, mert ýigitleriň, öz abraýy, ojaga wepalylyk üçin şum ykbaly bilen darkaşa girýän Serwi («Serwi gelin»), rehimdar Akmaral («Keseki») ýaly edepli, adaty adamlardan başgaçarak oýlanmagy başarýan gahrymanlary Atajan Taganyň türkmen edebiýatynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatydyr. Atajan Taganyň özboluşly eser döretmek üçin edýän aladasy oňat netije hem berýär: Mary, Sarahs, Tejen, Kaka, Gökdepe ýaly ýerlere aýlanyp ýygnan materiallarynyň netijesinde, okyjynyň söýgüli eserine öwrülen «Saragt galasy» dörän bolsa, Fransiýa gidip, «türkmen ýesiri» Blokwiliň garyndaşlaryny tapmagy «Keseki» taryhy romanynyň özboluşly eser bolup çykmagyna getirdi. Zähmetsöýer ýazyjy teatr sungatymyzyň ösmegi ugrunda hem esli iş etdi. Onuň «Padymanyň tallary», «Söýginiň haky üçin», «Iň owadan gyz», «Läleler näme diýýärler?», «Gaýynene», “Gowşut han» ýaly pýesalaryndan goýlan spektakllar goňşy ýurtlaryň teatr sahnasyna-da çykdy. Onuň «Keseki» romany esasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan pýesasy indi on ýyldan gowrak wagt bäri A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär. Atajan Tagan türkmen halkynyň bagtyýarlyk zamanasynyň artykmaçlyklaryny, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýetini ösdürmekde bitiren hem bitirýän ägirt uly işleriniň düýp manysyny giň köpçülige ýaýmak üçin publisist hökmünde hem kän iş etdi. Şol babatda onuň «Biziň buýsançly zamanamyz», «Döwür hem döredijilik», «Döwletli döwran», «Köşgi-eýwanly Watan» ýaly çykyşlaryny bellemek isleýärin. Döwre, taryha mynasyp eser döretmek, türkmen medeniýetini has-da beýgeltmek islegi, öz kesbiniň öňündäki jogapkärçilige hem raýatlyk borjuna tebigy talantyň derejesindäki çirksiz wepadarlygy, ýiti zehinini irginsiz zähmet bilen utgaşdyryp bilmegi Atajan Taganyň ady bilen özboluşly, kämil ýazyjynyň döremegine esas boldy. Agageldi ALLANAZAROW, ýazyjy. #"Edebiýat we sungat" 2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |