ÜÝTGEWSIZ ADALAT
Adamy adam edýan zat, onuñ akyl-paýhasy we wyždanydyr. Maglumaty ulanma ukybyna eýe bolan akylyñ ahlak kadalaryna uýmakda täsirli güýji bar. Şu ýerde bir sorag ýüze çykýar: Tök bolan (biçilen) beýinler maglumaty ulanyp bilermi?
Ha pelsepewi, ha medeni binýady bolsun, tapawudy ýok, adamyñ özüni tanamagy üçin kör hyýallardan syrylyp-saplanmagy iñ uly mesele dälmi näme?
Men kim? Hem men näme? Bu iki sorag gadym zamanlardan bäri dowam edip gelýän özüñi tanamagyñ özenini düzdi.
"Meni" we "özgäni" özleşdirmek meselesi nirä "degişlilik" meselesini orta çykarýar.
Özüñi unutmak ajaly unutmakdan başga näme bolup biler? Ajaly unutmak bolsa ajaly hut özi dälmi näme? Medeni taýdan binýat bolmazdan tutan janyñ seniñ janyñ bolup bilermi?
Öz kimligini we kişiligini emele getiren milli medeniýeti bilen baglanyşygy üzülen jemgyýetiñ, hem başga medeniýetler bilen döredijilikli gatnaşyklary saklabilmesi, hem-de buýsanjyny goramasy mümkinmi? Iki söwer ýaryñ biri-birine gowuşmaga nesibesi çekermi? Biri-birine gowuşmadyk ýarlaryñ araaynda dostlukly gatnaşyklary gurup bolarmy? Dostlugyñ ýok ýerinde mähir-muhabbet bolarmy?
"Sen seni ýatdan çykar, meñ bilen bol" mantygyny kabul etmek bir medeniýeti tökleşdirmezmi? Tökleşen jan döredip bilermi, özüne mahsuslygy galarmy?
Bihuda!
Şeýlelikde, nyşana alnan jemgyýeti has añsat ele alyp we islän tarapyna gönükdirip bilmezlermi?
Globallaşma hadysasy psihologiki nukdaýnazardan alanda bolaýmaly zat ýaly. Eýse muny aklamak mümkinmi? Ret etmek mümkin dälmi? Onu ret etmek döwürden yza galmakmy?
Bu soraglaryñ jogaby "Hawa!" bolsa, onda adamyñ serpmeden gaýtdygydyr we bir ýykylansoñ añsat-añsat ýerinden galyp bilmez. Ýykylanyñ başy ýerde, omuzlary sallanan, erk-ygtyýary nogtalanan bolýar.
Kimlik we medeni gegemoniýasyny ýeñmegiñ ýoly özüñi bina etmegiñ üstünden geçýär.
Nesillerimiziñ bagtyýar durmuşda ýaşamagyny isleýän bolsak, umumy akyly, oýlanşyklylygy, wyždany we bizi biz edýän gymmatlyklary gaýtadan durmuşymyza girizmelidiris.
Adalatly bolmagyñ, ahlakly hereket etmegiñ hak we adalat konsepsiýalaryndan daşlaşmazlykdygyny we bularyñ näme many añladýandygyny öz jemgyýetimizden başlap bütin dünýä ýaýmaga mejburdyrys.
Allanyñ ady bolan "el-Adyl" sypatyna eýerip hak bilen höküm etmek, adalatdan birjigem gyşarman zulumdan daşda bolmak gaty bir kyn zat däl.
Adalat jemgyýetde gymmatlyklaryñ we ýörelgeleriñ durmuşa geçirilme halydyr, hemmeleriñ mynasyp paýyny alma ýagdaýydyr.
Adalaty dogruçyllyk, dürslük, tarapgöýsüzlik we dogry çemeleşme arkaly üpjün edip bolýar.
Adalat adamlaryñ hukuklarynyñ arasyndaky sazlaşygy we deñagramlylygy amala aşyrýar.
Adalatyñ çürbaşy nygmatyñ eýesini tanamak, bütin nygmatlaryñ Allatagaladan gelýändigine ynanmak we munuñ üçin Allaha şükür etmekdir.
Biz muny bilýäsmi? Umuman bu babatda nämä düşünýäs? Oýun edemzok gerek?
Adalatyñ ters ýüzi zulumdyr. Onuñ iñ soñky barjak pellesi bolsa şirkdir. Edýänimiz zulum. Ýeri onda näme üçin özümize zulum edilýändir öýdýäs?
Bimaksat adamda ar-namys diýen zat bolmaz. Ar-namysdan paýyny almadyk binamys jemgyýetiñ bir bölegi bolmak - zulumlaryñ iñ ulusydyr. Bu dirikäñ özüñi ajalyñ eline bermek diýmekdir.
Global gan sorujy aktýorlaryñ nyşana alan jemgyýetlerinde olaryñ arzuwlaýan ýok ediji global heläkçilikleri döretme pygyllarynyñ puja çykmagy üçin bar güýç-gaýratymyzy bir ýere jemläp göreşmelidiris. Biz munuñ üçin özümizi nesillerimiziñ we bütin dünýäniñ öñünde borçly duýmaly.
Maksadymyz we ideýalarymyz diñe öz neslimiz üçin däl, eýsem bütin adamzat üçin bolmalydyr.
Adamzat ýangyn ýerine, adam ýangyn ýerine, akyl ýangyn ýeribe, dem ýangyn ýerine öwrüldimi, söz ber onuñ seni öldürmän goýmajagyna! Söz ber adamzadyñ dolup-daşýan deminde täzeden bar boljagyña!
Adam bolmak - belent ruhuñ özenine öwrülmekdir!
Bahadyr ÝENIŞEHIRLIOGLY.
Psihologiýa