01:16 Waldaronyñ aşyk-magşuklary | |
ALTY MÜÑ ÝYLLYK NEOLITIK JÜBÜT:
Taryhy makalalar
▶ WALDARONYÑ AŞYK-MAGŞUKLARY ■ Waldaronyñ aşyk-magşuklary barada düşünje "Waldaronyñ aşyk-magşuklary" diýip, 2007-nji ýylda Italiýada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniñ dowamynda neolitik mazardan tapylan aýal bilen erkegiñ jübüt ynsan ystyhanyna aýdylýar. Görnüşinden, bu iki ystyhan (sklet) biri-birleriniñ gözleriniñ içine bakyp we mäkäm gujaklaşyp ölen bolmaga çemeli. Çünki ystyhanlaryñ durşy iki aşyk-magşugyñ "gujaklaşyş" pozisiýasyny ýada salýar. Bu iki ýaş juwan alty müñ ýyl bäri dünýäden bihabar ýagdaýda bir-birlerine gyslyşyp ýatyrlar... Ystyhanlaryñ alty müñ ýyllyk taryhynyñ bardygyna garamazdan, on iki ýyl öñ demirgazyk Lombardiýa welaýatynyñ Mantowa şäheriniñ golaýynda üstlerinden barylýança Waldaronyñ aşyk-magşuklaryny bilýän ýokdy. Ýelene Mariýa Menottiniñ ýolbaşçylygyndaky arheologlar topary taryhy Waldaro şäheriniñ harabalyklarynda gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde jübüt ýagdaýda ýatan jeset galyndysynyñ üstünden bardylar: takmynan ýigrimi ýaşlarynda bolan, bir-birlerine mäkäm gyslyşan, göz göze dikilen, gollary we aýaklary bir-birine çolaşyp ýatan ýaş gyzyñ we oglan taryhçylary haýrana goýdy. Has gyzykly ýeri bolsa, neolitik eýýama degişli bu iki jübüt juda seýrek duşulan jynsdan. Olaryñ bolup ýatyşy-da gaty täsin. Munuñam üstesine Demirgazyk Italiýada häzire çenli şeýle tapynda duş gelnen ýeri bolmandy. Ýaşlaryñ üsti açylanda, olaryñ guşaklaşyp ýatyşy dünýäniñ ençeme ýurdunyñ metbugatynda habar berildi. Hususanam bu tapyndy "Walentina gününe" golaý wagtda tapylmagy uly gyzyklanma döretdi. ■ Waldaronyñ aşyk-magşuklary nädip ýok boldular? Taryhçylar juwanlaryñ nähili ýagdaýda ölendiklerini henizem anyklap bilenoklar. Emma ýoñ bolan çeper fantastika olaryñ iññän gadym eýýamlaryñ Romeo-Julettasy bolandygyny we bu iki jübütiñ söýgüsi başa barmadyk aşyk-magşuklar bolandygyny çaklaýar. Bu teoriýa Şekspiriñ Romeo bilen Žulettasynyñ Werona şäheriniñ golaýynda tapylandygyna, Romeonyñ Mantowa sürgün edilendigine (ol Žulettanyñ ölendigi baradaky habary şu ýerde alýar) we ýene-de bir hasratly söýginiñ kyssasy bolan Juzeppe Werdiniñ "Rigoletto" operasynyñ Mantowada bolup geçen wakalaryna yşarat edýär. Emma soñky geçirilen barlaglar ystyhanlaryñ ölmüne özleriniñ sebäp bolandygyny tassyklaýan hiç hili alamat tapmady. Arheologlar toparynyñ başlygy Ýelena Mariýa Menotti: "Mundan öñ biri-birini gujaklap ýatan aýal bilen erkek ystyhanyna duş gelmändik. Bu bahasyna ýetip bolmajak tapyndy. Çagalaryny gujaklap ýatan aýallañ ençeme ystyhanyna gabat gelipdik, emma bular ýaly jübütiñ üstünden ilkinji gezek barşymyz. Gyslyşmak beýle-de dursun, olar bir-birlerini şeýle bir mäkäm gujaklapdyrlar welin... gözüñ bilen görmeseñ, söz bilen aýdylanlar bärden gaýdýar. Megerem, erkek birinji ölüp, aýal taýynyñ ruhy üçin özüni gurban edipdir. Ilkinji barlaglardan çen tutsak, ýaş görünýärler. Sebäbi dişleri sagat, hiç hili zeper ýetmändir. Emma olaryñ ölüm ýaşyny anyklamak üçin ystyhanlaryny laboratoriýa ugratdyk. Jübütler göz göze bakyp, gol-gola, aýak-ayaga çolaşyp, ýagny, sözüñ doly manysynda gujaklaşyp ýatyrlar". ■ Bu tapyndynyñ belli bahasy ýok! Romantiki düşündirişleri hasaba almanymyzda-da, bu tapyndy neolitik arheologiýanyñ iñ haýran galdyryjy tapyndylarynyñ biridir. Muña begenji çäksiz bolan Menotti hem ünsi çekýär: "Bu tapyndy meni heýjanlandyrdy. Italiýanyñ birnäçe ýerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirdik. Emma olaryñ hiç birisi meni şular ýaly heýjana salmandy. Men ýigrimi bäş ýyl bäri gazuw-agtaryş işleriniñ içinde. Gaty köp ýerde, hatda Pompeýde hem gazuw-agtaryş işlerinde boldum. Emma olaryñ hiç birisinden şular ýaly täsirlenmändim. Sebäp diýseñ, bu örän gymmatly tapyndy". Bu tapyndynyñ birden köp adam ýanynda bolan neolitik eýýamyna degişli ýeke-täk mazar däldigine garamazdan, jübütleriñ durşy olaryñ gymmatyny has-da artdyrýar, degişlilik döwri taýdan seredende-de juda seýrek duş gelýän tapyndy. Süñklere geçirilen ilkinji barlaglaryñ netijesi jübütleriñ juwan ýaşda bolmagyndanam zyýada, orta boýludyklaryny (158 sm) (aýratynam erkegiñ) görkezdi. Barlaglar aýalyñ her iki tarapynda okuñ ujyny, erkegiñ oñurgasynda-da bir okuñ bardygyny ýüze çykardy. Şeýle-de, barlagçylar 5.000 ýyl mundan öñ Mantowanyñ töwerekleriniñ batgalyk we derýanyñ gyrasynda bolandygyny, şonuñ üçinem batgalygyñ ol ystyhanlaryñ ýitip-ýok bolup gitmän, biziñ günlerimize çenli gelip ýetmegine şert döredendigini çaklaýarlar. ■ Syr hiç haçan çözülmän biler. Emma aşyk-magşuklar täze jaýlaryna gowuşdy... Belki-de, bu iki ýaş juwanyñ ölüm sebäbi hiç mahal çözülmän galar. Emma dünýäniñ çar künjünden ýüzlerçe, müñlerçe turist iñ gadymy romantiki jübütleri görmek üçin gelýärler. Ystyhanlar ilkinji gezek 2011-nji ýylda Mantowanyñ Arheologiýa muzeýiniñ girelgesinde goýlup, belli bir wagta çenli köpçülige elýeterli edildi. Emma soñra "Mantowadaky aşyk-magşuklar" kružogy özlerine degişli otaga eýelik etmek üçin bu çäräni gurnadylar. Häzir bolsa "Waldaronyñ aşyk-magşuklary" aýna gapyrjagyñ içinde ilkibaşdaky gujaklaşyp ýatyşlary ýaly Mantowanyñ Arheologiýa muzeýine gelen turistlere "göz gypyp" ýatyrlar... ■ Peýdalanylan çeşmeler: Grand Voyage Italy (2015) Lovers of Valdaro: 6000 Year Old Entwined Skeletons. Available at: http://grandvoyageitaly.weebly.com/the-piazza/lovers-of-valdaro-6000-year-old-entwined-skeletons Book of Research (2014) Locked in Eternal Embrace – The Lovers of Valdaro. Available at: https://bookofresearch.wordpress.com/2014/11/28/locked-in-eternal-embrace-the-lovers-of-valdaro/ The Archaeology News Network (2011) 6,000 Year-Old ‘Lovers Of Valdaro’ In Search of a New Home. Available at: https://archaeologynewsnetwork.blogspot.gr/2011/09/6000-year-old-lovers-of-valdaro-need.html | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||