22:42 Weýsel Karany–ilkinji sopy | |
WEÝSEL KARANY-ILKINJI SOPY
Edebi makalalar
Bu meşhur şahsyň ady çeşmelerde 4-5 görnüşde ýazylypdyr. Gündogar edebiýatynda hem folklorynda bar bolan maglumata esaslanyp, ilkinji sufi (sopy) Uweýsil-Weýsel Karany bolupdyr diýip jogap bermek mümkin. Feriddedin Attaryň “Tezkiretul ul öwülýa” eserinde Uweýs Karanynyň ady mukaddes adamlaryň sanawynda Japar Sadykdan soň ikinji getirilipdir. Abdyrahman Jamynyň “Nafahatul uns min hazaratyl kuds“ hem Alyşir Nowaýynyň “Nesaýemul muhabbet“ eserinde Uweýs Karany ilkinji sopy hökmünde ýatlanýar. Uweýsil Karany 590-njy ýyllaryň birinji ýarymynda doglup, ol 658-nji ýylda 65 ýaş töweregi ýaşap aradan çykypdyr. Taryhy maglumata görä, Uweýs Karany Ýemende doglup, ol ýetginjekliginden tas kyrk ýaşyna çenli doglan çarwa obasynda düýe bakypdyr. Uweýs Karany Muhammet pygamberi görmändir. Ol pygamber diri döwründe musulmanam bolmandyr. Emma Uweýs Karany gaty halal ýaşap, ol but düşünjesine( rowaýatda aýdylyşyna görä, Karany buta uýmandyr. Emma bu arassa ahlak oňa halk hakydasynda kultlaşdyrylyp berlen bolmagy mümkinD.Ý.) hem uýmandyr. Aýdylmagyna görä, Uweýs Karany Muhammet pygambere, onuň yslam taglymatyna hoşniýetli garapdyr. Muhammet pygamberem Uweýs Karanynyň halallygyna, onuň yslama hoşniýetli garamagyna mydama minnetdar ekeni. Muhammet pygamber aradan çykynça, Uweýs Karanynyň musulman bolmandygynyň anyk sebäbi belli däl. Ýöne rowaýat edilmegine görä, Uweýs Karanynyň ejesi oglunyň yslama uýup, onuň düýe bakmak eklenjini taşlap, pygamberiň ýanyna-Medinä gitmegine garşy bolanmyşyn. Sebäbi Uweýs Karany maşgalasynda on çaganyň iň ulusy bolup, onuň kakasy çagalary kiçika aradan çykan eken. Hojalygyň eklenji Uweýs Karanyň başyna düşüpdir. Ol on-on iki ýaşynda bir düýe çopanyň çolugy bolupdyr. Iki ýyldan soň bolsa Uweýs Karany ýaşlygyna seretmezden, özbaşdak uly bir sürüniň düýe çopany bolupdyr, Uweýs Karany gaty halal bolan soň, ony tanaýanlar düýesini Uweýs Karana bakdyrmakçy ekeni. Halal adam, aşa ynsaply düýe çopan hökmünde Uweýs Karanyň ady çarwa araplaryň arasynda gaty meşhur bolupdyr. Onuň ýaňy düýe bakmaga başlan döwürleri deňinden geçip barýan bir kerweniň bogaz düýesi gije goş ýazdyranlarynda çete çekilip botlapdyr. Gijäň ýary ýagy dökülmeginden ätiýaç edip, kerwen gije çalt örüp ýola düşüpdir. Düýesi botlan adam gyssaara düýesini tapyp, kerwenden galmajak bolup, köşegini taşlap gidipdir. Taşlanan inen köşejigi Uweýs Karany tapyp, ol köşejigi başga bir düýeden emdirip, ony öldürmän alyp çykypdyr. Uweýs Karany 20 ýyldan köşegini ýitiren adama tötänleýin gabat gelip, soraşyp köşegiň şol adamyň ýitirendigine anyk göz ýetiripdir hem ol öz çeken azabyny, bakym hakyny aýryp, köşek eýesine seniň köşegiňden köpelen düýeleriň diýip, ululy-kiçili edip, on dört düýe beripdir diýýärler. Şonda köşejigini ýitiren adam: “Beýle halal adam bar diýip eşidenem bolsam ynanmazdym” diýipdir. Uweýs Karany dokuz jigisiniň oglanlaryny öýerip, gyzlaryny durmuşa çykaryp, şondan soň, bakýan düýelerini öz terbiýesini alan çolugyna tabşyryp, Medinä pygamberi görmäge hem musulman bolmaga gelipdir. Emma Uweýs Karany Medinä gelende, pygamberiň aradan çykanyna on gün bolan ekeni. Başga bir rowaýatda bolsa Uweýsil Karany ejesi aradan çykan soň, derhal Medine gaýdypdyr. Ol gelse, pygamberiň ýogalanyna hem ýaňy on gün geçen ekeni. Uweýs Karany baradaky rowaýatlaryň näderejede çyndygyny bilmek kyn. Ýöne Muhammet pygamber aradan çykynça, Uweýs Karanynyň musulman bolmandygy anyk hakykat. Emma Uweýs Karanyň aşa halallygyny eşiden Muhammet pygamber onuň yslama uýjakdygyna umut baglapdyr. Hatda Muhammet pygamber geýýän donunyň birini Uweýs Karana bermegi wesýet edipdir. Dogry, Uweýs Karany pygamber aradan çykandan, uzak wagt geçmänkä, Medinä gelip, musulman bolupdyr. Emma Uweýs Karany musulman bolandygyna garamazdan, onuň ýaşaýyş obrazy üýtgemändir. Uweýs Karany arap halyflygynda wezipe eýelemändir. Şonuň üçin onuň syýasatda tutan orny bolmandyr Emma ol adamlaryň hakydasynda halallygyň simwoly hökmünde orun alypdyr. Türkmenleriň, şol sanda türki halklaryň arasynda Uweýs Karany Weýsel Karany, Weýis baba ady bilen tanalyp, ol düýäniň piri hasaplanýar. Onuň düýäniň piri hasaplanmagy hem Uweýsil Karanynyň otuz ýyla golaý gaty halal düýe bakmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, sufizmiň gözbaşynda Uweýs Karanynyň goýulmagy sufizm taglymatynyň arassa dünýägaraýyşdygyny subut etmeklik bilen baglanyşykly bolsa gerek. Magtymgulynyň bize elýeterli eserlerinde Uweýs Karanyň ady bäş ýerde ýatlanýar. Pyragy Muhammet pygamberiň ýolbaşçylygyndaky din hadymlaryndan ak pata alýan “Turgul diýdiler” goşgusynda Weýsel Karanyň adyny şeýle ýatlaýar. Haýdardan soradym barça atba-at: «Hezreti pygamber − oldur, bolma ýat, Ol − Eslim hojadyr, ol − Baba zürýat, Ol − Weýsel Karandyr, bilgil!» diýdiler. Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” şygryndan görnüşi ýaly, Pyragy hezreti Alydan sorap, mukaddes din hadymlarynyň adyny bilipdir. Weýsel Karanyň ilkinji sopy bolandygy hakyndaky gürrüňi jemläp, şeýle netijä gelmek mümkin. Weýsel Karany musulman bolmazyndan öňem, gaty halal ýaşapdyr. Ol musulman bolanyndan soň, ýaşaýyş obrazyny üýtgetmändir. Diňe dini däp-dessurlary özüniň ynanjy esasynda berjaý edipdir. Weýsel Karanyň halal hem pukara ýaşamak hakyndaky şahsy göreldesi musulmam jemgyýetiniň umumy köpçüligi tarapyndan doly oňlanypdyr. Şonuň üçinem ol ykrar edilen ilkinji sopy hasaplanypdyr. Magtymgulam Weýsel Karanyň halal ýaşamak hakynda gazanan abraýyny doly ykrar edip, onuň adyny Gündogaryň beýleki meşhur sopulary bilen deň derejede ýatlapdyr. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |