08:19 Ýagşylygyñ goragynda | |
ÝAGŞYLYGYÑ GORAGYNDA
Edebi tankyt
Ogultäç Orazberdiýewa türkmen prozasyna gelen gününden öz çeper dünýägaraýşyny, çeperçilik gözleglerini özüçe özleşdirip ugrady. Owal başdan şol ýetdirgisiz ýetdi hem şol günden kämillige ymtyldy. Adatda, köp ýazyjynyñ başky eserleri şowsuz bolup, ol kem-kemden ýanyp, töweregini ýagtyldyp ugraýar. Ogultäç welin başdan yz goýdy. Onuñ ilkinji proza eseri "Çagalygyma syýahat" powesti häzire çenli rus dilinde üç gezek neşir edildi. SSSR halklarynyñ dillerine terjime edildi. Ýazyjy şu eseri üçin, Türkmenistan SSR-niñ Lenin komsomoly baýragynyñ laureaty boldy. Ol esere şu neşirlerden, şol sarpadan, okyjynyñ söýüp okaýşyndan ileri öwgi zerur däl bolsa gerek. Şol powestdenem O.Orazberdiýewanyñ çeper dünýäsi öz ýoluny tapdy. Ol biziñ prozamyza täze obrazy, täze ideýany getirip başlady. Ýazyjynyñ pikiriçe, ynsandaky ilkinji kämilleşýän duýgy ýagşylyk, oñatlyk duýgusydyr. Ýazyjynyñ pikiriçe, ynsandaky iñ ilkinji emele gelýän jogapkärçilik duýgusy, ilkinji agyr talap bolsa ýagşylygy döredýär, kalbyndan äleme ýagşylyk nuruny saçýar. Beýleki birleri bolsa şol sahawaty goramaga çalyşýar, öz işinde, göreşinde ýagşylygyñ arkadagy bolmaga çytraşýar. Biz ilki kalbynda ýagşylyk nury çaýýan adama guwanýan bolsak, soñ ýagşylygyñ howandarynyñ çekýän azabynyñ, onuñ boýnuna alýan jogapkärçiliginiñ niçiksi agyrdygyny görýäris. Bu gahrymanlaryñ kalbyndaky ikiýana urunýan biynjalyk tolkun biziñ ruhumyza-da ornaşyp başlaýar. Hut şol pursatdanam biziñ kalbymyzda ýazyjynyñ ideallary ýaşap ugraýar. O.Orazberdiýewa häzir bäş sany proza kitabyny ýazdy. Köp adamlar üçin bu sanyñ örän az bolmagy-da mümkin, emma meniñ üçin köp. Men ol kitaplary elime alyp, oýlanyp: "Tüweleme, işläp bilipdir!" diýip, Ogultäje guwandym. Sebäbi men onuñ işleýşine belet. Bir kitab-a däl, her hekaýa, hatda her sözlem üçin çekýän jepasyna belet. Ogultäjiñ şol işleýşi bilen bäş kitap ýazmagy ägirt erjelligiñ, jepakeşligiñ alamaty. O.Orazberdiýewanyñ şol hyzmatlaryny bir ak kitap özünde jemleýär. Kitabyñ ady "Edenli aýal" ("Женщина с характером"). Ony "Советский писатель" neşirýaty 1984-nji ýylda Moskwada çapdan çykardy. Kitaba bir powest bilen kyrka ýakyn hekaýa girizilipdir. Kitaby türkmen sowet edebiýatynyñ uýasy, Respublikamyzyñ medeniýetde at gazanan işgäri Lýudmila Wasilýewna Şipahina rus diline terjime edipdir. Ine, şu kitap hem häzir edebi jemgyýetçiligiñ dilinde. Kitap "Aýal" powesti bilen açylýar. Bu powest ýazyjynyñ tejribesiniñ durmuş baradaky garaýyşlarynyñ jemlenmesiniñ önümi. Bu powestiñ sýužeti durmuş. Wakasy - ömrüñ beýany. Eser aýal adamyñ çagalyk günlerinden, tä uly durmuşa gadam basýan çägine çenli dowam edýär. Ol gama batanda, çagalygy golundan çekýär. Dünýäniñ ähli ajaýyplygy, süýjüligi çaganyñ kalbyna ornaýar. Çagaka onuñ üçin ähli zat gowy, ähli zat täsirli hem gudratly. Bu aslynda şeýle-de bolmaly. Ýöne ol ajaýyplygy diñe çagalyk, ýaşlyk duýup bilýär. Şol döwürde onuñ töweregindäki adamlar hem şol dünýä ýaly gowy. Hossarlary, bile oýnaşyp-gülşüp ýören ýoldaşlary oña şatlyk eçilýärler. Olardan diñe gowulyga garaşyp bolýar. Adamyñ ýetişmegi bilen, hossarlaryñ töwereginde beýleki adamlar hem köpelip ugraýarlar. Şu babatda Amangülüñ bagty çüwýär. Oña Nina, Iwan Aleksandrowiç ýaly oñat adamlar hemra bolýarlar. Şeýdip, ýaş gahryman höwürtgesinden çykyp, jemgyýete goşulyp başlaýar. Ol Nina bilen dostlaşyp, dostlugyñ nämedigine düşünýär. Dostlugy goramagy hem goldamagy öwrenýär. Gahryman öñe ilerledigice, durmuş çuñlaşyp hem çylşyrymlaşyp başlaýar, gahrymanyñ jogapkärçiligi artýar. Amangül ony Nökere duşup durmuşa çykansoñ, has oñat duýýar. Gahrymanyñ başynda alada bilen jogapkärçiligiñ ýokarlanmagy ony tijenmeklige, göreşmeklige borçly edýär. Durmuşyñ garşylygy hem göreşi şundan ösüp ugraýar. Bir aýal adamyñ başynda iş aladasy, hojalyk, adamyña seretmek, terbiýe, maşgala garamaty durýar. Bir söz bilen aýdanyñda, aýal ömri göreş. Aýal durmuşyñ diregi. Aýal durmuşdaky esasy figura. Şonuñ üçin, ähli zat aýalyñ üns merkezinde bolmaly. Şeýle masştablylyk onuñ hekaýalaryna hem degişli. Ogultäçde ideýasy ýöwsel, ýüzlenýän meselesi ýönekeý eseri tapmarsyñ. Onuñ ähli eserleriniñ hamyrmaýasy durmuşyñ tüýs jygba-jygly meseleleri. Onuñ hekaýalarynyñ wakasy sada-da bolsa, goýulýa ideýa düýpli. "Abituriýent" atly bir hekaýany alyp göreliñ. Hekaýada bir şäherli aýalyñ obadan okuwa girmäge gelen ýegenine beren kömegi beýa edilýär. Bar waka şu. Şol wakanyñ üsti bilen ündelýän meselelere seredip geçeliñ. Myhman gapysyny kakandan, şäherliniñ gaşy çytylýar diýip, obalylar şäherlileri ýazgarýarlar. Hakykatda welin, ýagdaý obalylaryñ göz öñüne getirişinden çylşyrymly. Iñ "myhman söýmezek" şäherliniñ öýüne-de myhman oba adamlarynyñka seredende, has köp gelýändir. Onsoñam, ol seniñ aşyñ-duzuñ myhmany bolsa, ne ýagşy. Ol seniñ duzuñy däl, wagtyñy iýýändir, el-aýagyñy duşaklap goýýandyr. Myhman alada bardyr, gelen ýerinde iş-alada bolýandyram öýdýän däldir. Ine, şeýle myhmanyñ biri şäherliniñ gapysyny kakýar. Bu hiç. Awtor şu meselä uly agram berjegem bolup duranok. Ýöne bu ýüz ugruna ýañzydylaýýar. Awtoryñ üns berýäni şol gelen myhmanyñ ~ Akmyradyñ terbiýesi. Daýzasy ilki ony şäher durmuşyna gözükdirmeli bolýar. Soñra ony giriş ekzamenlerine taýýarlap başlaýar. Terbiýe meselesi ~ işiñ agry. Şonuñ üçin bizde: "Aty at bolýança, eýesi it bolar" diýen nakyl bar. Daýzasy ilki Akmyradyñ ruhuny terbiýelemäge girişýär. Onuñ göýdük ruhuny, ýalñyş pikirini, "diñe tanyşlylar okuwa girip bilýär" diýen ynamyny ýok edip, ony öz güýjüne daýanmaklyga ündeýär. Şeýdip, Akmyrady uly göreşe, öz güýjüne ynanmaklyga çagyrýar. Ahyrda şol yhlas ýerine gowuşýar. Akmyrat daýzasynyñ diýýän adamy bolmaga çalşyp, ýeñiş gazanýar. Emma ýeri gelende, şeýle hyzmat bir minnetdarlyga-da durmaýar. Ine, Akmyradyñ okuwa girenden soñky aýdýan sözi: " - Dogry-da, men öz güýjüm bilen geçdim-ä. Öten agşam toýda otyrkam, obadaşlarymyzyñ birine uniwersitete girdim diýsem: "Öz güýjüñ bilen-ä giren dälsiñ. Şo taýda daýzañ bar. Şol kömekleşendir" diýýär. Ed-dil agzynyñ üstüne beräýinem-ä diýdim-de..." Muña onuñ daýzasy nähili garaýar? Ol şeýle bolýar. "Akmyradyñ sözüne meniñ ýüzümiñ bir gat hamy sypyrylan ýaly boldy. Bokurdagym dolup, köp wagtlap gepläp bilmedim." ("Uzyn-uzyn derekler", Aşgabat-1986. 190-sah.) Görüñ, bir hekaýada näçe mesele bar ekeni. Adamçylykmy, terbiýemi, yhlasmy, muny näçe sanasañ, näçe üns berseñ, şonça çuñlaşyp barýar. Özem hemmesi yzly-yzyna, duýdurman sepleşikli hereket bilen açylyp barýar. Sen ony hezil edip okaýarsyñ. Eger awtor gös-göni aýdan bolsa, bu zatlaryñ bahasy bolarmydy? Şeýle çuñluk O.Orazberdiýewanyñ her bir hekaýasynda bar. Men ony gaýtalap okanym üçin duýýaryn. Olaryñ ählisi meniñ göz öñümde. Oýlanyp görsem, men O.Orazberdiýewanyñ soñky kitaby bolaýmasa, galanlaryna ýörite syn ýazan ekenim. Şol synlaryñ ikisi şu gazetde çykypdy. Şonuñ üçinem bu ýerde ýazyjynyñ eserleri baradaky derñewi uzaltman, okyjylaryb seslenmelerine geçsek, adalatly bolar. Sebäbi, bu eserler jemgyýetiñ maslahatyna goýulýar, şoña görä okyjylaryñ pikirini diñlemek ýerlikli. "Gadyrly Ogultäç Orazberdiýewa! Beýleki ýazyjy-şahyrlarymyzyñ eserleri bilen birlikde siziñ hem "Edenli aýal", "Altynbaş" atly kitaplaryñyzy okadym. Döreden proza eserleriñiz her bir okyjynyñ ünsüni çekýär. Şu gün bolsa raýon merkezi kitaphanamyzdan "Sowet Edebiýaty" žurnalynyñ bir sanyny aldym. Žurnalda siziñ "Rugsatda", "Melhem", "Dursun" atly hekaýalaryñyz ýerleşdirilipdir. "Altynbaşdaky" Gurbantäç gelnejeñiz, Maman söwdagäriñ obrazlary ünsümi çekdi. Rozygül HUDAÝBERENOWA, Saýat raýony." "Hormatly ýazyjymyz Ogultäç Orazberdiýewa! Şu haty size okyjyñyz ýazýar. Siziñ powestdir hekaýalaryñyz meni hat ýazmaga mejbur etdi. Siziñ her bir ýazýan zadyñyzy höwes bilen okap, edil öz çagalyk ýyllaryma dolanan ýaly bolýan. Siziñ (ýetim gyzdaky) ejem diýip berýän obrazyñyzda, edil öz ejemi gören ýaly bolýan. Gynansagam, biz siziñ diñe "Sowet edebiýaty" žurnalyna çykan zatlaryñyzy okap oñmaly bolýas. Biziñ obamyzdaky kitaphanada ýekeje-de kitabyñyz ýok. Ýogsam, öñräk žurnalda çykan hekaýañyzy ýene-de gaýtalap okasym gelýär... Nurgözel ORAZOWA, Garagum raýony". "Ýañy-ýakynda men Ogultäç Orazberdiýewanyñ "Gara gözler" diýen kitabyny okadym. Kitap ýüregimde çuñnur täsir galdyrdy. Ozal hem men bu awtoryñ birnäçe eserini "Sowet edebiýaty" žurnalynda hem-de beýleki gazet-žurnallarda okapdym. Oba durmuşyna, oba gyzlarynyñ häsiýetine mahsus ýazýan Ogultäç Orazberdiýewa oba gyzlarynyñ adyndan minnetdarlyk bildirmekçi. M.Annamuhammedowa, Gökdepe raýony". "Men "Gara gözler" kitabyñyzy günortan arakesmede brigadamyzyñ gyzlaryna okap berdim. Olar by kitaba örän uly baha berdiler. Arnagözel Öwezdurdyýewa, Tagtabazar raýony". Ýazyjy üçin şu sada hatlardan hormatly zat ýok bolsa gerek. Beýle hatlar bolsa ýazyjyda köp. Olaryñ arasynda her hilisi bar, ýazyjydan maslahat ýa kömek soralyp ýazylan hatlaram, okan eserlerinden galan täsirler barada ýazylanlaram köp. Hatda Soýuzymyzda belli tankytçylar bolan Alla Marçenko, Swetlana Alyýewa ýaly edebiýatçylaryñ ýazan hatlary-da bar. O.Orazberdiýewanyñ eserlerini okap, türkmen dilini öwrenmeklige höwes bildiren rus okyjylary hem bar. Goý, ol hatlar ýazyjynyñ arhiwini baýlaşdyrsyn, okyjynyñ öñündäki jogapkärçiligini artdyrsyn. Bize geregi okyjynyñ hormaty hem söýgüsi. Ýazyjy durmuşyń jogapkärçiligi bilen edebiýatyñ jogapkärçiligini deñ alyp gidýändigi üçin, kämil, göreşiji gahrymanlary döredýäni üçin, ol bütinsoýuz okyjysyna çykdy. Proza kitaplary rus dilinde ýa-da SSSR halklarynyñ dilinde çap bolan, üstesine-de edebiýat jemgyýetçiligi tarapyndan söýlüp okalýan başga bir aýal adam bizde ýok. Bizde hiç bir adamy O.Orazberdiýewa bilen deñemek, "ine, pylany şeýleräk ýazýar" diýmek mümkin däl. Sebäbi hiç kim O.Orazberdiýewanyñ poçerkinde ýazmagy başarmaýar. Muny boýun almaly. Ol her biz sözi şeýle bir ýerli-ýerinde goýup, sadadan gelen ýalynly sözlem düzýär welin, sen ony gözüñ bilen okap däl, demiñ bilen ýuwdup barýarsyñ. Ol howlukmaýar, öz-özüni taplaýar, işleýär. Sabyr-takady, synçylygy, suratkeşligi zähmete eýläp, çeper söze jan berýär. Ony adamlaryñ ýüregine ýeter ýaly derejä eltýär. Okyjylar köpçüligi ýazyjynyñ bu hyzmaty üçin ýokary sylaga ~ Türkmenistan SSR-niñ Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna hödürlediler. Bu baýrak onuñ hyzmatyna mynasyp. Ogultäç Orazberdiýewa sylaga ýetse, onuñ zehini gül açar. "Edebiýat we sungat", 1987 ý. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |