Sylapberdi Muhamowyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Penşenbe, 17.08.2023 ý.
Bir wagt Gurbannazaryñ aýdyşy ýaly, geliñ birazajyk dymalyñ, birazajyk ýalñyz galyp oýlanalyñ! Size başarmajak işiñizi teklip edemok. Soñky döwür ýoñ bolan aforizmde akylly telefonlar, akylly tehnologiýalar, hatda akylly şäherler döredi akylly adamlar bolsa akmaklaşdy. Men edil bir akmaklaşdy diýesim gelenok. Emma edýän işlerimize syn beresim gelýär. Adamlar sossial ulgamlarda, internetde ýagny deñze giden bolsa deñze gidenini, bir doglan gün mynasybetli saçak bezän bolsa saçagyny, gepiñ gysgasy aýakgap alan bolsa şonam iñ ýörgünli imo-da goýýalar. Käbirini görüp ýaman utanýañam. Muña türkmen görümsizlik diýýä owalynda. Hany turkmeniñ gadym ýoly. Öz şahsy durmuşyñy hemme ýerde mahabat edip, meñ pikirimçe "göz-gülban" bolmak bize gelişýärmikä?! Bir psihologyñ ýazgysyny okapdym. Psihologyñ köp ýyllyk seljermesine görä diñe bagtsyz we ýalñyz adamlar öz şahsy durmuşyny owadan we baý, gözgidiji görkezip sossial setlerde görkezýär eken. Psihologa ynansak biz ýalñyz we bagtsyz bolýas-da?!
• Awtor hakda
Sylapberdi Muhamow 1980-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Ýylanly (häzirki Gurbansoltan eje adyndaky) etrabynda ýerleşen Garagaç obasynda eneden dogdy. Başlangyç bilimi obasyndaky 21-nji orta mekdepde aldy. 2010-2019-njy ýyllar aralygynda öz welaýatyndaky "Daşoguz habarlary" gazetiniň Syýasy jemgyýetçilik bölüminde uly habarçy wezipesinde işledi. 2018-nji ýylda welaýat häkimliginiň garamagyndaky liseýde kitaphanaçy we arhiwçi hünäri boýunça bilim aldy. 2014-nji ýylda sungat we döredijilik ugurlary boýunça geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Maşgalaly. Häzir Russiýada ýaşaýar.
Iñ erbet ýeri, şol naz-nygmatly sacagam hemmede her gün tapylanok. Ýa bolmasa Şapagam dogry aydýar, gelin-gyzlaryñ, ýigitleriñ samsyklaç suratly yazgylary mem bolan suwümsiz sözler. Aý garaz "kellä geýdiler" diýeni bolýa.
Meniň şahsy pikirime görä, "gel, ýalňyz galaly" diýen manydaky söz düzümi kim tarapyndan aýdylsa-da, ol mantyk taýdan nogsanly, many taýdan çapraz, gümürtik gellar. "Ýeke galaly" diýilse başga gep. Sebäbi? "Ýalňyzlyk" - elmydama negativ, adam üçin ejirli, islenilmeýän, mejbury ýagdaý, psihologik manydaky düşünje. Ýalňyz adam ýa-da islendik jandar - ýalňyz galan, bu ýagdaýdan ejir çekýän, şu zerarly bütewiligini ýitiren, gaýtadan birleşmegiň, bütewileşmegiň zaryny çekýän subýekt. "Ýekelik" bolsa mejbury, negativ hem bolup biler, meýletin, pizitiv hem. Aýdaly, Magtymgulynyň "Ýekäniň" şygrynyň gahrymany - şol wagtky urug-patriarhal jemgyýetimizde diýseň kyn ýagdaý bolan ýekeligiň gurbany bolan "ýerden ýeke çykan", hossarsyz, kimsesiz ýigit. Bu şol wagt gaty kyn ýagdaý, köp şertlerde häzirem pajyga. Emma saýlanyp alynýan ýekeligem bar. Geçmişdäki asketler, köpsanly taryhdaky we häzirki döredijilik adamlary. Belli bit derejedäki ýekelik - şahsy kämilligiňem, bagtyýarlygyňam, döredijiligiňem hökmany şerti. Beýle ýekelik - şahsyýetiň bütewiliginiň, самодостаточность-yň alamaty. Ýalňyzlyk bolsa - psihologik dert, kemislik. Kamil jemgyýetde ýekeligi saýlap alýan, şunda ýalňyzlyk duýgusyndan ejir çekmeýän we özüni bagtyýar we самодостаточный duýýan adamlar köpelýär. Häzirki adamzadyñ 10 göterimini solar düzýärler diýip eşitdim
Ýalñyzlygam dürli-dürli bolýar diýýäñizmi?! Ylalaşýan. Belki bu mowzugyñ gürrüñi däldir. Emma men ýene bir ýalñyzlyk hakda pikir edýän. Şu gün obamyzda bir gelin öz janyna kast edipdir. Otuz sekiz ýaşynda, dört garagöz balasyny döküp gitdi. Durmuşda gören zady öýi, maşgalasy bolany. Ýagty jahandan şeýdip gidibermäge näme iterdi ony?! Ýanýoldaşy bilen tersleşipdir. Men onuñ ýanýoldaşyny öñem halamaýardym. Bilemok näme üçin, ýogsa maña eden ýamanlygy ýagşylygy ýok. Bäş alty ýyllykda maşynyny awaria edip iki adam ýogaldy. Türmede oturyp geldi. Umuman ol gelin pahyr hem ýanýoldaşy bilen hiç oñşup bilmedik bolmaly. Onsan näme diñe düşünişmezlik we ýalñyzlyk başlaýar. Bir söz bar. Garañkylyga köp seretseñ, garañkylyk hem saña seredip başlaýar.
Howa, ol görgüli gelin çykmaz ýagdaýa düşüpdir: megerem, däp-dessur boýunça terbiýelenen we şol boýunça ýaşaýan, 4 çagaly, özüniň hünäri, maddy serişdeleri we girdejisi bolmadyk, tutuşlygyna adamsyna garaşly. Onsoň adamsy şeýle bolup çyksa, beýle ýagdaýdan zenan maşgala üçin ýaşaýyşyň manysy gutarýar. Makalanyň sosial media bara baradaky temasyndan çyksagam, men ýene öz gürrüňime dolanýaryn. Takmynan şolar ýaly ýagdaýdaky gelin (belki, avantažlary has köpräk) bu ýagdaýdan ýeňiş bilen çykdy, gaýtam özi üçin täze, bagtly dünýäni açdy. Siziň diýýän gelniňiz köpmaşgalalydy, emma ýalňyzdy, çünki diňe durmuş tarapdan däl, eýsem terbiýesi boýunça psihologik taýdanam ärine garaşlydy. Bu subýektiw, ýagny adamyň özüne bagly ýagdaý. Meniň diýýän gelnim öz-özüne ýokary sarpa goýýan, ärini söýse-de oňa psihologik taýdan daňylmadyk, mahlasy, aň-düşünjesi başgady. Ärinden aýrylyp ol ýeke galdy, emma ýalňyz galmady, ýagny ýalňyzlyk ejirini çekmedi. Özi we çagalary üçin ýaşady. Şeýlelikde, men şahsyýetlik we psihologik taýdaň kämil adamyň ýalňyzlyk diýen ejirli duýgyny we onuň bilen baglanyşykly problemalary we krizisleri başdan geçirmeýändigini aýtjak bolýaryn.
Ýanynda çagalary bolan ene ýalňyzlyk çekmejek ýaly. Öz janyna kast edeninden çagalaryny daşyna üýşürip, ýaşabermeli. Ol gelin egoist dine öz ýagdaýyna seredipdir diýip hasap edýän. Özi gidenden soň çagalaryny pikir etmedimikä?