17:17 Ýaponiýa gaýybana syýahat | |
ÝAPONIÝA GAÝYBANA SYÝAHAT
Goşgular
Üç-dört penjireli pessejik mekdep, Geçýänimiz geografiýa sapagy. Häzir hem ýadymda mugallymmyzyñ Ýyldyz yzy galan gaşly sapagy. Ýene uruş hakda gürrüñ bermegni Ýoldaş mugallymdan haýyş edýäris. Ol diýýär: "Ýaponiýa diýilýän ýurda Gaýybana syýahata gidýäris!" Mugallymmyz gürrüñ berýär Ýaponiýañ Tokaýy, derýasy, bar ýeri hakda. Sesimiz çykarman diñleýäris biz Fudziýamañ ap-ak garlary hakda. Diñleýäs. Ol ýerde bomba oklanan Hirosima hesret bilen dem alýar. Sadako Sasaki atly gyzjagaz Şöhle keselinden asgynlap barýar. Mugallym gürleýär - Sadakoñ ýanna Akylly, saýhally doktorlar gelýär. Olar diýýär: - Sadako jan, Sadako, Müñ sanjak durnany ýasasañ bolýar! Ýasaber, ynha şu akja kagyzdan, Ganatly et, uçup gitsin durnalar! Müñünji durnañ hem uçar welinjik, Sagalarsyñ, nepesiñ hem durlanar. Mugallym gürleýär - Sadakojygyñ Eli ysgynsyz, başaranok işini. ...Gapdalymda Abat atly klasdaş Ýaglym bilen süpürýär gözýaşyny. Birdenkä-de şakyrdady partalar, Her kim surat çekýän albomyn açdy. Ertesi on dokuz sany ak durna, Aýdyşlarna görä, Ýaponiýa uçdy... Ýetjekdik biz Sadakonyñ dadyna, Näbileli oña ýetmejegimizi. Hem-de gaýybana Ýaponiýa taýa Ýöne syýahata gitmejegimizi!... Orazmyrat GURDOW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |