17:39 Ýubilýar hakda | |
ÝUBILÝAR HAKDA
Goşgular
Ol adam, Uly adam, Gaty uly adam, Zeýrenji ýok, kinesi ýok dünýäden. Ol lepbeý diýmedi, Başyn egmedi, Ulyñ-kiçiñ hiç göwnüne degmedi. Wepalydy kalbyndaky ynamna, Sil ýalydy ynanýanna yñanda. Gowy gylygy bar onuñ bir ýene - Juwan ýaly ýetende-de segsene, Onuñ yzda galan ýoly gaty kän. Ol uruşda boldy, çini ullakan. Onuñ yzda galan ýoly gaty kän, Ol ýollar zyndana, Sibire bakan. ...Indi ol ýubilýar, hormatly adam, Segsen ýaşda zeýrenji ýok dünýäden. Hormatly adam ol. Hormatladylar. Gyzyl hatly Hormat haty berdiler. Segsen ýyllap ýazy-gyşy göreniñ Gözlerinden akan ýaşy gördüler. Orazmyrat GURDOW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |