11:14 "Alaç ýokdur ähli zatdan geçäre..." | |
"ALAÇ ÝOKDUR ÄHLI ZATDAN GEÇÄRE..."
Goşgular
Ahmet Bekmyradowyñ ýagty ýadygärligine Alaç ýokdur ähli zatdan geçäre, Oturansyñ ýeke özüñ biçäre. Elbetde, baryna düşünmek gerek, - Bize görä güýçlüräk-dä bu pelek. Pazrak halysyny öñüme ýazdyñ, Geçmişimiz diýip örtendiñ, ýandyñ. Ýadyñdady ähli şemiñ sönýäni, Lowurdaýan şemler Allañ söýýäni. Sen diýerdiñ: "Seýdi kimin, sönmen men!" ...Bu gün bolsa sen hakdaky setirlem Ýazyp oturan bir bialaç türkmen men. * * * Otyryn men düýnki günüñ öñünde, Hyrçymy dişleýän, başymy yrap. Düýnki günüm geçip barýar biderek. "Hoş!" diýýär ol gussa bilen ýalbyrap. Hudaýym saklasyn şeýle bolmakdan, Tutuş geçip giden ömrüñe garap. Orazmyrat GURDOW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |