18:46 Baýlyk hakynda | |
BAÝLYK HAKYNDA
Goşgular
Asmanymda Günüm, asmanymda Aý - Men şeýle baý, Örän uly bagtym bar. Ýene şeýle bagtlylygym hakynda Oýlanmaga birazajyk wagtym bar. Taryhym şöhratly, Ony gursakda Göterip, guwanyp aýlanyp ýörün. Bize şeýle baýlyk galdyryp giden Atalar hakynda oýlanyp ýörün. Öz ene dilim bar aýdym aýtsam, Kalbymda ýañlanýar halkymyñ sazy. Sähralam bar şäher dardyr öýtsem, Heý onsoñam bolman bormy razy! Gör ho-ol gyzy, ýa-da salýar bahary. Onuñ özi däl-de, ýylgyrşy meniñ. Ýylgyran adamy gören mahalym, Durlanaýýar meñ ýüzümiñ reñki. Seret köçä çogup çykan märekä, Onuñ barnyñ şatlygyna şärik men. Ýürek tolgunýar-la, sebäp nämekä? - Il-günümsiz gurap galan gämik men. Orazmyrat GURDOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |