05:25 Ýaponlaryñ taryhy samuraý gylyçlary | |
ÝAPONLARYÑ TARYHY SAMURAÝ GYLYÇLARY
Taryhy makalalar
Ýapon taryhynda gabat gelýän ilkinji gylyç jian (劍) atly hytaý gylyjynyñ nusgasynda ýasalan tsurugi (剣) gylyjydyr. Gylyç tekiz we ýönekeý gurluşlydyr. Heian döwrüniñ (794-1185) ahyrlaryna çenli kem-käsleýin üýtgeşmeler girizilse-de, köplenç tsurigi gylyjy ulanylypdyr. Ýöne bu döwürde, aýratynam "wagşy" emişi kowmuna garşy uruşlar artyp gidensoñ gylyçlaram üýtgäpdir we bir ýüzli, uzyn, inçe çokuto (直刀) gylyçlary döräpdir. Samuraýlaryñ ymykly kök tutan we urşujylaryñ hekemlik süren Kamakura döwründe (1185–1333) bolsa çokutodan has köp ulanylýan, şol bir wagtyñ özünde katana gylyçlarynyñam atasy bolan, has uzyn, has öwrümli we añsat döwülmeýän taçi (太刀) gylyjy orta çykypdyr. Taçiniñ at üstündekä pyýadalara ýa-da ýerdekä garşydaşyña garşy naýza ýaly ulanylan odaçi/nodaçi (大太刀・野太刀) diýilýän başga bir uly görnüşi hem bar. Bulary götermäge juda babyrbilekli biri bolaýmasañ, ony guşanyp gezmegi her samuraý oñarmandyram. Muromaçi döwründe (1392–1573) urşujy söweşleriniñ ep-esli derejede azalmagy we şogunlyk tarapyndan çykarylan täze gylyç kanunlarynyñ girizilmegi netijesinde taçiden has gysga we has az öwrümli katana (刀) ýa-da uçigatana (打刀) ýüze çykypdyr. Ýurdaky ähli beglikleriñ özara dawa-jenjele giren Sengoku döwrüne (1467–1600) gelenimizde, hemişe aýak üstünde gezen samuraýlara ýanynda azyndan iki gylyç götermek gerek bolandygy üçin, dara-direde arkaýyn hereket edup bolmaýan dar ýerlerde ulanmak üçin kiçi we gysga wakizaşi (脇差) gylyjy döräpdir. Aýratynam Nara döwründe (710-794) soheý diýilýän söweşjeñ ruhanylar tarapyndan döredilen naginata (薙刀) naýzasy bulen katanadan işlenen nagamaki (長巻) gylyçlary ýörgünli bolupdyr. Ýeri gelende aýtsak, gylyçdan zyýada hanjara has meñzeşdigi üçin agzamak zerurlygy bolmasa-da, tanto (短刀) atly, köplenç seppuku/harakiri emelini edende peýdalanylýan tekiz tygly sowuk ýaragyñ bolandygyny hem belläp geçmek artykmaçlyk etmez. Şeýle-de, ninzati (忍者刀) diýilýän şäherlileriñ legendar toslama gylyjyny agzaman geçmek bolmaz. Uruşjañ kinofilmlerde, kompýuter oýunlarynda we başga ýerlerde ýygy-ýygydan sataşýan, ninzalar tarapyndan ulanylýan katana çalymdaş, ýöne tekiz tygly şekillendirilen ninzatiler real durmuşda hiç haçanam bolmandyr. Bir zada üns bermek gerek: Pikir edilşiniñ terdine, ýapon gylyjynyñ möwriti samuraýlygyñ möwritiniñ geçmegi bilen soñlanyp gidibermedi. Meizi döwründe (1868-1912) regulýar goşunda top, tüpeñ ýaly ot açyjy ýaraglar bilen birlikde, häzir kyugunto (旧軍刀) diýilýän ýapon-ýewropa röwüşleri utgaşdyrlyp ýasalan gylyç hem ulanylypdyr. 1934-nji ýyla gelinende, möwç alan ýapon milletçiliginiñ täsiri bilen kyugunto gylyjyndaky ýewropa röwüşleri bimazalyk döredip başlady we munuñ netijesinde goşundaky gylyçlar "has ýapon" röwüşli şingunto (新軍刀) diýilýän täze modellere ornuny berdi. ● Goşmaça: dosu (ドス) ady bilen tanalýan, añsat bukup bolýan we kiçi ýakuza pyçagynyñ uzyn wersiýasy bolan nagadosuny (長ドス) tehniki taýdan ýapon gylyjy hasaplap bolar. Şeýle-de, bokuto (木刀) ýa-da ýoýlan ady bilen "bokken" diýip atlandyrylýan tagta gylyjy hem agzap geçeliñ. Häzir Ýaponiýada sowgatlyk bermek üçin bahasy 3000 ýene (ýen - ýapon pul birligi) durýan bokutolar gylyç oýnatmaga ezber ellere düşende ölüm howpludygyny, hatda legendar gahryman Miýamoto Musaşiniñ Sasaki Kozirony şular ýaly tagta gylyç bilen öldürendigini hemmeler bilýär. ● Bellik: Makala ýapon gylyçlary hakynda twitterde paýlaşylan maglumatlar esasynda taýýarlandy. Agzanyñ twitter hasaby: 逝苦湍留雀『必 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |