22:57 Ýaş hukuk goraýjy işgäre öwüt | |
ÝAŞ HUKUK GORAÝJY IŞGÄRE ÖWÜT
Goşgular
![]() Eşidýänsiň welin, ýene-de diňle, Öwüt bilen özgerýändir bu dünýe. Nazary sendedir mydam her kesiň, Özgelerden çünki, aýra lybasyň. Ilki başda hergiz, düzet özüňi, Düzüw dälmiň, diňlemezler sözüňi. Päklik, edeplilik ýaly ýörelge, Sende bolmagyna bolgun görelde. Ýakymsyz hereket etmegin, asla, Ýaramaz ýollardan gitmegin, asla. Mätäje kömege bol mydam taýýar, Çünki il-gün seni hossary saýýar. Adalaty aýa, daş dur galplykdan, Saýgarjak bol mydam çäji-halpykdan. Azgynyň deňinden sowa geçmegin, Dogry ýola salmaklykdan gaçmagyn. Oka, bil, öwren hem ýadyňda sakla, Okamak, öwrenmek gerek her çakda. Öz käriň abraýyn aýagyn, ýigit, Bilim, ukybyňa daýangyn, ýigit. Hemra bolsun abraý bilen üstünlik. Watana, halkyna edýäne gulluk, 2001 ý. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |