02:40 Ýaşasyñ gelýar | |
ÝAŞASYÑ GELÝÄR
Goşgular
Käteler şeýle bir ýaşasyñ gelýär, Ýüz ýaşam göwnüñe az boljak ýaly käte-de ýaşamak oýunjak ýaly gün ýaşanda señem ýaşasyñ gelýär. ölesiñ gelýär, ölümde agtarýañ dynjy, aramy „gözlerimi ýumsam, hiç oýanmasam” diýip, öçürýänsiñ gamgyn çyrany. Käteler şeýle bir durasyñ gelýär öýüñ jennetiñdir, asman arassa, her penjiräñ nagyşlanan sungatdyr, her bir kelam gutarmajak bir owaz. Ýöne käler durmuş durşuna gussa, başyñ alyp mundan gidesiñ gelýär, Ýitesiñ gelýär. Kä günler şeÿle bir söýesiñ gelýär yşka laýyk, söýgä sezwar kimiñ bar!? kätelerem yşk gämisi gark bolup, göwün künjeginde bir zat kemelýär. Şonda sen özüñi tussagda duyÿañ dört diwar, Ýapylan polatdan gapy, gömülen penjire, çyg çeken howa Şonda sen bir zady örän ýigrenýäñ, Näme ýigrenýäñ, nämäni söýýäñ!? bu zatlañ barysy ýaman gümürtik, hem dartylýan, hemem çaýkanýan ýaly aglamaýañ ýa göwnüñde gülmeijäñ durmuşdan ýadap, ölümden irýäñ özüñ öz syryñy açabilmeýäñ bir geñ närsä göýä çokunýän ýaly. Käteler şeýle bir ýaşasym gelýär, Yer ýüzüne düşäp sözlerden güller goşgy goşasym gelýär. käte gökden ýere düşesim gelýär, başym ýaýkap owunjaklań oýnuna aglasym gelýär, gülesim gelÿär, dymasym gelÿär ölesim gelÿär. E. BADAHŞAN 08-08-2020 | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |