22:27 Ýaşuly mugallymlaryñ döwletli maslahaty | |
ÝAŞULY MUGALLYMLARYÑ DÖWLETLI MASLAHATY
Pedagogika we edep-terbiýe
Nesibe diýleni geñ zat! Oslamadyk ýerinden çykaryberýär. Ýolagçy bolup eýlä-beýlä geçsem-de, şu çaka çenli Çärjew şäheriniñ köçelerine dabanym kakmandy. Lebaba myhman bolaryn diýip oýuma gelmeýärdi. Ine, Lebap ili! Ine, nesibäniñ gudraty! Uzak ýoly külterläp gelen otly tigrini togtatdy. Jeýhunyñ ýüzüñi sypap geçip gelýän şemaly boýy ýeten baglaryñ ýapraklaryny ýuwaşja yralaýardy. Gülleriñ ýüzüni irginsiz sypalaýardy. Wagondan düşen myhmanlaryñ ýüzüni çyglyja howa ýelpeýärdi. Gojalyşan mugallymlaryñ keýpine keýp goşup, göwünlerine joşgun berýärdi. Olar ikelläp görüşýärler. Saglyk-amanlyk alyşýarlar. Tanyşýarlar. Öñ görmedik şäheriñe ilkinji gezek aýak basanyñda, daş-töweregiñe höwes bilen syn edýärsiñ. Köçelere görk berýän bag-bossançylyga, rejeläp ekilen dürli güllere, al-ýaşyl öwüsýän gowaçaly meýdana gat-gat ymaratlara garanyñda, göwnüñ galkynýar. Bularyñ bary "Gözellik" diýen bir sözde jemlenýär. Gözelligi-de zähmet döredýär. Çärjew zähmet siñen, gözel şäher eken. Gojalan mugallymlar topar-topar bolup özlerine berkidilen awtobuslara mündüler. Boýnuzyn etrabyna tarap ugradyk. Aralyk ep-esli bar eken. DAI-niñ depesi dürli yşykly maşyny ugrubir öñümize düşüp barýar. Her bir köçäniñ çatrygynda iki-ikiden hormat garawuly dur. Bu ýaşuly mugallymlaryñ hormat bilen garşylanýandygynyñ nyşany. Sylagymyzyñ ýetiriljegi turuwbaşdan belli boldy. Şol gidişimize Lebap welaýatynyñ Boýnuzyn etrabyndaky pioner lagerinw baryp düşdük. Aýdym-sazyñ owazy asmana galýar. Balalaryñ lageri baglyk-bossanlyk. Çagalaryñ dynç alýan otaglary diýseñ arassa, giñ, owadan nagyşly fabrik halylary jaýyñ içine görk berýär. Täze mebeller, krowatlar, täze ýorgan-düşek çagalar üçin edilýän aladanyñ uly tutumyna şaýat bolýar. Lezzetli, bereketki saçak başyna çagyrdylar. Naharlajak ýerleri jaýyñ üstündäki basdyrma eken. Çar tarapyñ görnüp dur. Gözýetimiñ bar ýeri baglyk. Saçaklaryñ üsti birkemsiz örtülipdir. Spirtsiz içgileriñ sarysy gerekmi, goñury, çaýyñ gögi gerekmi, garasy, çekdirme gerekmi, batyrma, içi käşirli, erikli, etli, ysy müşk kakýan palawmy, aý, garaz, göwnüñ islän zady bar-da. Pisse-de köp, şänigiñ mañzy-da azlyk etjek däl. Türkmen halkynyñ nakylynda "Iýen-içeniñ özüñki, gören-eşideniñden habar ber" diýilýäni hakdyr weli, bu ýerde Tañry myhmanlarynyñ sylanyşyny, türkmen halkynyñ myhmansöýerligini, açyk göwünlidigini, aada gylyklydygyny, güler ýüzlüdigini aýdasym geldi. Saçak başynda, gör, näçe adamlar bilen tanyşdyk, dostlaşdyk. "Bir gün duz iýen ýeriñe-müñ gün salamlary" ýadyña düşüp dur. Welaýatlardan gelen delegatlara aýry-aýry hyzmat edildi. Aşly iliñ baştutany-da bir başga bolýar. Boýnuzyn etrap häkiminiñ orunbasary Toýmyrat Ýañybaýew, jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyñ müdiri Rozyguly Öwezow iki gije-gündizi aýak üstünde geçirdiler. Lezzetli çaý-naharyñ arasy kesilmedi. Gazanlar taganyñ üstünden düşmedi. Toýmyratdyr Rozygulynyñ özleri çaý-nahar çekýän ýaşlar bilen deñme-deñ hyzmat etdiler. Bu kiçigöwünligiñ, sadalygyñ, zähmetsöýerligiñ alamaty. Myhmana hormat goýmakda türkmeniñ däp-dessuryny dikeldendikleriniñ alamaty. Şeýle baştutanlaryñ beýleki etraplarda-da köpräk bolmagyny arzuw edýärsiñ. Maslahat bäşinji sentýabrda irden sagat 10:00-da başlandy. Maslahaty Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ başlygynyñ orunbasary, Lebap welaýatynyñ häkimi Pirguly Ödäýew giriş sözi bilen açdy. Häkim Ministler Kabinetiniñ başlygynyñ orunbasary Muhammet Abalakowa söz berdi. Ýoldaş Abalakow Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyñ ýaşuly mugallymlaryñ döwlet maslahatyna gatnaşýanlara iberen gutlag hatyny okady. Gutkag el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Täze bilim syýasatyny durmuşa geçirmegiñ barşy we nobatdaky wezipeler hakynda Türkmenistanyñ bilim ministri, professor Rejepguly Garaýewiñ doklady diñlendi. Söz nobaty Türkmenistanyñ Weteranlar geñeşiniñ başlygy, ýaşuly ýazyjy Seýitnyýaz Ataýewe ýetdi. Ol isle inžener, isle lukman, isle alym, haýsy kärde bolsa bolsun, olara "A" harpyndan başlap, durnukly bilim-terbiýe bereniñ mugallymdygyny hiç bir ynsanyñ inkär edip bilmejekdigini nygtady. Döwlet maslahatyna gatnaşyp oturanlaryñ hemmesi diýen ýaly mugallymçylyk kärinde 30-50 ýyl işlänler. Şol döwrüñ içinde, gör, näçe görnükli adamlae ýetişdirilendir. Mertebesi belent Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy ýaşuly mugallymlara uly sarpa goýup, ýaşuly mugallymlar bilen döwlet maslahatyny geçirmegi sargyt etdi. Bu waka mugallymlaryñ durmuşynda görlüp-eşdilmedik wakadyr. Taryha girjek wakadyr. Täze Bilim syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak üçin ýaşuly mugallymlaryñ täze güýç bilen gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdygyna Türkmenbaşymyz durky bilen ynanýar. Geljegimiz bolan ýaş nesli Watana wepaly, halkymyzy halaýan, başarjañ, sowatly, döwlet işine ukyply, hünärine ussat, üç dili bilýän kadrlar edip ýetişdirmek ýaly belent işde ýaşuly mugallymlaryñ bilini berk guşap, gaýrata galjagyna şübhe ýok. Muny garaşsyz, dünýewi döwletimiz, eziz Watanymyz, agzybir halkymyz talap edýär. Ýaşuly mugallymlaryñ onlarçasy çykyp gepledi. Olar özleriniñ iş tejribesi barasynda giñişleýin söz açdylar. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Täze Bilim syýasatyny durmuşa geçirmek işine gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýtdylar. Maslahatda Türkmenistanyñ belent mertebeli Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşa ýüzlenme kabul edildi. 1995 ý. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |