07:09 Ýaşyñ elliden ötensoñ | |
ÝAŞYŇ ELLIDEN ÖTENSOŇ
Goşgular
Howluk mydam haýyr işe, Ýaşyň elliden ötensoň. Hyýal etme, daş ýörişe, Ýaşyň elliden ötensoň. Düzet öýüň, «Özüň oňar», Вikärligi maksat ýeňer, Paýhas gelip aňa siňer, Ýaşyň elliden ötensoň. Seýran etmä, çyksaň daga, Tirmek üçin girseň baga, Aladaňdyr, bala-çaga, Ýaşyň elliden ötensoň. Döşüň gerip, ýaz ýeline, Ogryn bakma, gyz-geline, Aýat berip, gez ölene, Ýaşyň elliden ötensoň. Ot basylan dek, çişlerden, Tesip gaçgyn, bet işlerden, Güzap görýäň, myş-myşlardan, Ýaşyň elliden ötensoň. Giç hem bolsa, ýada saldyň, Ozal näme, gapyl galdyň? Rahat ömre, aşyk bolduň, Ýaşyň elliden ötensoň. Iş bitirseň ägirtlikdir, Kaýyl bolsaň bu mertlikdir, Aran göwre, bir dertlikdir, Ýaşyň elliden ötensoň. Sözle, Illi dünýe раnу, Gelen gider, ýokdur sany, Soň, görjegiň meňzeş many, Ýaşyň pelleden ötensoň. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||