00:23 Şygyrlar | |
ŞYGYRLAR
Goşgular
![]() • Bent: Ynsanlaň a:lyndan elheder edip, Haýran galan şeýtan çala jan ýatyr. Melgundan ozduran nadanlar oňa — Şer işler hakda sapak berip otyr. Pelegiň öz hasaby bar, oýny bar, Taryhda galjakdy niçeme şalar. Olaň adyny bilýänem ýok bu gün Sarsman dur faraon guran binalar. • Üçlemeler Söz ogurlamaň ussady-dy pahyr, “Halkym-halkym” diýip uludan gürläp, Il derdine ýanman, boldy “halk şahyr”. Şeksiz bilýäs: Şeýtana uýmak ýaman, Melgun diýrmiş: “Bozuk adamlar nusgam-- Öwrenýän olardan ýaşrykdyr ýalan. • XV asyrda ýaşap geçen teýmiri şasy Abulkasym Babyrdan: Piýal-şeraby bir düzme sepledim, Hakykata gaýry bir ýol tapmadym. Pyýal-şerigat, şerap hem - hakykat. Sermestmi sen?! Hakykaty tutmadyň. • XV asyrda ýaşap geçen Akgoýunlylar patyşasy (1478-1491ý.) Soltan Ýakupdan: Gözlerimde ganly ýaş, synamda dagly düwün, Jiger bagrymyň huny didämden akdy bu gün. Her kim gül ýüzüne jadylansa ýar, Bu jahan şalygy oňa ne derkar. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |