20:58 Ýazlaryň däbi | |
ÝAZLARYŇ DÄBI
Goşgular
Ýazlaň gowy däbi – adyldyr hemmä, Deňdir ýazyň güli gowa hem gendä. Gowam ysgap biler ýazyň bägülin, Ýamanam islese ysgar ol güli. Ýazdan hemme umydygär, algyly. Bir ýazy görenler ikini küýsär. Ikini görenler küýsär ýüzüsin. Gülälekli düzde geler ýüzesiň. Ýüz ýazy gören bar, ýöne müňüsin Diňe hak şahyrlaň görjegi aýan. Ýazlar pynhan syryn edýändir beýan Daýhana, şahyra, işçä, alyma, Ýaz bir girse ýüregiňe, aňyňa Soň bahar-ýazlardan dänip bilmersiň. Ýyldyzlaň astynda gdien ýaz bardyr, Ýazlaň gujagynda eziz ýar bardyr. Ýazyň gögün ýaglyk edip ýapar ýar, Ýyldyzlaryn çeşmä, köle döker ýaz. Ýaz garypdyr gussa, has baýdyr gülkä, Guwlara ýüklenip ýaz geler ülkä. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |