01:37 Ýazmaga täze başlan ýazyjy bilen gürrüñ | |
ÝAZMAGA TÄZE BAŞLAN ÝAZYJY BILEN GÜRRÜŇ
Edebi makalalar
Munuň özi kyn gürrüň. Seniň öýüňe ýa redaksiýa bir adam öz elýazmasyny alyp gelýär: sen ol adam barada hiç zat bileňok, şoňa garamazdan, sen onuň azabynyň gowuşjagyny-gowuşmajagyny onuň elýazmasy esasynda kesgitlemeli bolýarsyň. Ony biderek umytlandyrmak bolsa gowy däl. Merhum Fadeýew “başdan sowma etmek” edähedine mydama garşy çykýardy. Beýle edähetli adamlar jogapkärligi öz üstlerine almazak bolýarlar, “elýazmanyň özi erbedem däl, ýöne biziň neşirýatymyzyň çap edýän zatlaryna laýyk gelmeýär” diýip, oňa başga bir adresi salgy bergiç bolýarlar, ýa-da birnäçe bimany maslahat bergiç bolýarlar. onsoň ol adam işlemäge başlaýar, onuň başlan işiniň esasy bolsa nädogry ýa hem ol adamyň özüniň talanty ýok. Ol işleýär, elýazamasy barada oňa konsultasiýa berýärler, elýazmanyň o ýerini, bu ýerini düzedýärler, netijede ne gowy, ne-de ýaramaz, emma çap edilýän beýleki eserlere meňzeş bir zat emele gelýär. Örän elçekmezeklik bilen kän tagalla edilmeginiň netijesinde hekaýa ýa şygyr çap edilýär. onsoň ol adam özüni professional ýazyjy hasaplaýar, beýleki işini taşlaýar, ýene hekaýa ýazýar. Ýazyjylyk türgenligi bolsa, ol adamda heniz ýok, elýazmasyny ýene-de çap etdirmegiň ugruna çykýar. Rdeaksiýalara elýazmaly portfellerini getirip, gelýän jahyl we çal, emma hemmesi diýen ýaly gaharly erkek hem aýal adama men kän gezek duş geldim. Elýäzma listleriniň epinleri kertilip, kagyzlary saralyp gidipdir, emma ol zat amala aşyrylmak derejesine ýetmändir. Durmuşy täze göz bilen görmek jahyl adama aňsat bolýar, emma ýazyjynyň ýaşlygynyň faktynyň özi edebiýat taýdan ýeňillik berilmegi üçin bahana bolmaly däldir. Sungatda ýeňillikli propusk ýokdur. Men ýaş ýazyja nähili maslahat berip bilerin? Ozaly bilen, bir zat ýazanyňyzdan soň, “Meniň ýazanym özgeleriňkiden pes däldir, okanlarymyň biri meniň şu ýazanyma meňzäbem durdy. Şony-ha çap edipdirler, goý meniňem materialymy çap etsinler” – diýmäň, asyl onuň ýaly pikirem etmäň. Beýle diýmek, beýle pikir etmek nädogrudyr. Siziň ýazan zadyňyz kesekiniň ýazanyna meňzemelei däldir, gaýtam siziň özüňiz durmuşy nähili görnüşde gören bolsaňyz, nähili durmuş gurmakçy bolýan bolsaňyz, ine şol durmuşa, şol ýaşaýşa meňzemelidir. Ol siziň özüňiziň ýaşaýşy üýtgedip gurmak erk-islegiňize meňzeş bolmalydyr. Kesekilere meňzemeklige dyryşmagyň geregi ýokdur. Eger siz tüýs ýürekden syzydyrp, bütin güýjüňizi jemläp ýazsaňyz we eger-de sizde talant bar bolsa, özgelerden üýtgeşiklik öz-özünden emele geler. Kabul edilen elýazmalara garanyňda, kabul edilmedik elýazmalaryň bir-birine has meňzeşligini öňünden aýtmagym gerek. Özakymlylyk diýlip at berilýän zat adatda kän dürli bolmaýar. Ähtimal, birinji gezek ýazan adamyň elýazmasyny eliňe alanyňda, awtory görýänligiň beýlede dursun, eýsem şol awtora meňzeş we eserlerini ozal çap etdiren birentek adamy görýärsiň. Düwüni, çözgüdi öňünden bilýärsiň, sýužetiň haýsy ýerde peýda boljagyny, “agaçlar” sözüniň ýa-da agşamyň beýanynyň nirede boljagyny öňünden bilýärsiň. Özüňden ýazmak gerek, edebiýata öz şahsy tejribäň bilen girişmek gerek, öz ýüregiňi we ýoldaşlaryň ýüregini eşitmek, öz kollektiwiňi içerki taýdan görmek gerek. Öz zawodyňa ýa-da kolhozyňa gelmişek ýazyjynyň gözi bilen garamak, gaýtam ony öz teniň, öz tejribäň, öz muskullaryň bilen syzmak gerek. Täzäni görmegiňden ötri, oňa belet bolmagyň gerek. Bu sözler geň ýaly bolup eşidilýändir. Emma, meselem, Tolstoý meýdany meniň görüşimden ýa başga bir şäherliniň görüşinden başga hili we has doly görýärdi. Tolstoý ol ýeriň topragynyň nähilidigine, onuň nähili sürülendigine, ol toprakda näme gögerendigine düşünýärdi; ol baha bermegi başarýardy we şoňa görä jikme-jik görýärdi. Ynsanyň keşbi tejribä esaslanýar. Metallurg ergin poladyň reňkini görende, meniň aňýanymdan köp zady aňýar. Uçujynyň özi asmany meniň görşümden başga hili görýär. Biz dünýäde nä gadar işleýän bolsak, ony nä gadar özgerdýän bolsak, ol biziň üçin şol gadar bardyr. Biz dünýäni özgertmek arkaly oňa akyl ýetirýäris. Geçen asyryň başlaryndaky beýik filosof gegel: oglan suwy görmekden ötri, suwa daş zyňýar, suwuň ýüzünde aýlawlar emele gelende, ýagny ony özgerden mahalynda, oglan suwy görýär – diýipdir. “Adam azat jandar hökmünde, daşardaky dünýäni-de özüniň diýen etmezek ýatlygyndan mahrum etmek we daşarky pretmetler formasynda öz-özüniň diňe käbir daşarky reallygyna keýp etmek üçin şeýdýär. Çaganyň eýýäm birinji güýmenjesiniň özünde daşarky predmetleri şol iş ýüzünde özgertmeklik bar. Çaga derýa daş zyňýar we suwuň ýüzünde emele gelip, ýaýrap gidýän aýlawlara bir iş hökmünde keýp edýär, çünki ol işde ol çaga hut öz döreden zadyna syn etmäge mümkinlik alýar” (Gegel). Köp işlän, ýurtda köp gezen, okan, okudan, gurýan, kesellileriň keselini bejerýän, ylmy barlag işlerini alyp barýan adam, - ine şol adam dünýäni görýär. Gülkünç we täsirli “Don Kihoty” ýazyp beýan etmeginden öňürti, Serwantes köp söweşipdir. Hakyky söweşde şpaganyň nämedigine, hakyky harby nyzamyň nämedigine ol belet bolupdyr we diňe şondan soň ol Don Kihotyň süri bilen çaknyşygyny ýazyp beýan etmegi başarypdyr. Şoňa görä, eliňizde baryndan akyl ýetiriň, okaň-öwreniň, ýöne welin bir zat “tabşyrmak” üçin däl-de (çünki paltoňy weşalka tabşyrmak bolýar, çem gelen zat tabşyrylyp durlanok ahyryn), özüňizde galdyrmak üçin we täze tejribe arkaly täzäni görmek üçin öwreniň. Beýik alym dawrin özüniň ýaş wagtynda, buzluk döwründen galan bir derede ösümlik ýygnanlygy hakda öz awtobiografiýasynda gürrüň berýär we ol zaman ony, ýagny şol deräni görmänligini, sebäbi oňa nähili garamak gerek ekenligini bilmänligini, nähili garamak gerek ekenligine düşünmänligini, özüniň umumy jähti bilmänligi zerarly hususy jähti görmänligini gynanç bilen aýdýar. Eger däneler toprakda ýatyp, barha çişýän, şineleýän bolsa, olaryň biderek bolmadygydyr, ýaşaýanlygydyr. Eger siz ýazmaga başlan bolsaňyz, emma heniz çap edilen eseriňiz ýok bolsa, aradan on we ondan-da kän ýyl geçen bolsa-da, wagtyňyz biderek geçendir öýtmäň. Ýok. Içerki taýdan bişişmeklik dowam edýändir. Gögermäge alňasamaň. Her bir ýazyjynyň işinde arakesme bardyr, işiň öňüsyrasy kimin bir zat bardyr. Şoňa görä, eger siz ýazmaga başlan bolsaňyz, onda ýazmagyňyzyň ilkinji ýyllaryny deslapky synag möhleti diýip hasaplaň. Ýok, onuň özi ýöne bir synag hem däldir, gaýtam gijäniň agaç üçin, gyşyň güýzlük ekin üçin gerek bolşy ýaly, ol möhlet ýazyjy üçinde derwaýys gerekdir. Alňasamaň, ýaşaýşa beletleşiň, özi-de täze ýaşaýyş gurmaga kömekleşip, ýaşaýşa zähmetde, hünärde beletleşiň. Ýolagçylar deňzi matroslarça, gämileri sürýänlerçe görüp bilmeýärler. Puşkin ýaşaýşa gatnaşýardy, ýaşaýyşda göreşýärdi, Tolstoý, Gorkiý, Maýakowskiý hem şonuň ýalydy. Siziň gözüňiz arkaly adamzadyň öz-özüne göz aýlamagyndan ötri siz zamana üçin gereksiňiz; eşitmiş gulak bilen ýazmaň: ýaşaýyş hakda pikir ýöredeniňzide, ýaşaýşy gurýanlaryň biri hökmünde pikir ýörediň. Ýazyjylyk kesbine möwritinden öň geçmekden gaçmak gerek. Eserleriňiz çap edilmäge başlanyp, gadyryňyz bilnip ugralandan soň bolsa, özüňize ýaşaýşy, diýmek, sungaty-da öwreden işi ur-tut taşlamaň. Özüňizi ösdürip kemala getiren köküňizi kesmäň. Eger kesilip alnan güli gaýnag suwda goýsaň, gaýnag suwa bolsa gant we aspirin goşsaň, ol gül has hem gowy açylýar diýýärler. Onuň ýaly bolýan wagty selçeňdir. Ýaşaýşa dyngysyz beletleşip duruň. Emma onuň her bir gününe ýöne bir belet bolmak bilen çäklenmäň, “aň-bilim işlerinde döwrüň bilen aýakdaş bolmagyňdan ötri” teoriýany öwreniň. Biziň neslimiz işlemek bilen bilelikde Marksy, Engelsi, Lenini bilmelidir. Ol biziň dem alýan howamyzdyr, biziň iýmitimizdir. Okanyňyzda alňasaman okaň we özüňiziň okamagyňyzyň ýaşaýşa düşünmegiňize hem-de ertirki güni garaz bir derejede öňünden görmegiňze kömek berýänini görüp ugranyňyzda, - ine şol wagtda indi nämedir bir zada düşündim diýip hasaplaň. Dünýä akyl ýetirmegiňizi çaltlaşar, has anyklaşar, özüňiz bolsa sosialistik realizmiň döredijilik stadiýasyna aýak basarsyňyz. Alňasaman, birowaçlyga ýüz urmagyňyza ýol bermän we taşlaman; dyngysyz ýazmak gerek. Birentek ýalňyşly we käbir derejede rowaçlykly (eger men özümiň rowaç işlerim bar diýip oý etmeýän bolsam, onda ýazmazdym) goja adam hökmünde bir zady bilýärin: Adatda hekaýanyň-da bolşy ýaly, kitap-da başdan ýazylmaýar. Eger siz ony başdan başlap, şol ilkinji setirleri gaýtadan işlemäge başlaýsaňyz, ol kitaby ýazyp gutaraýjagyňyz gümanadyr. Ilki bilen kolliziýany (ynsan gatnaşyklaryndaky gapma-garşylykly güýçleriň, dyryşmalaryň, bähbitleriň çaknyşygyny), şol hereketi, şol garşyma-garşy durmany tapyň, gürrüň bermekçi bolýan zadyňyzy özüňizçe açyp görkezýän işiňizi tapyň, - hekaýany ýa romany, ýa-da oçerki şondan soň ýazyň. Ýazanyňyzy mümkin boldugyça ýygy-ýygydan gaýtadan okap çykyň. Eger esere täze bir detal girizen bolsaňyz ýa-da bir zady beýan edişiňizi giňelden bolsaňyz, ýa hem bir zady tehniki taýdan jikme-jikleşdiren bolsaňyz, - ýazanyňyzy indi boýdan-başa okap çykyň. Ozalky ýazan materialyňyza we täze goşan bölegiňize seredip görüň, - ol ikisiniň arasynda baglanyşyksyzlyk ýokmy, bir-birine ters gelýän ýeri ýokmy. Belki, bir-birine ters gelýän ýeri ýokdur, eser bolsa, belki, baýlaşandyr, - bu halat hem siziň bütin eseri gaýtadan pikirlenip görmegiňizi talap edýär. Keremara ýazyň, ýazan bölekleriňizi ine-gana sepläň. Suratlandyryşlaryňyzy bir-birleri bilen deňeşdirmegiňiz, analizläp görmegiňiz size tälim berýär. Kitapda siziň akylyňyz artýar we kämilleşýärsiňiz. Kitap misli siziň özüňizi döredýär, sebäbi ol sizi adamzadyň kollektiw tejribesi bilen birleşdirýär. Planyňyzy gözden ýitirmän we ony dyngysyz gaýtadan döretmek bilen bilelikde, bölekleri biri-biri bilen deňeşdirip görüň. Soň görseňiz, planyňyzyň özgerenligi siz emälim bolar, özüňize şowly çykan ýaly bolup görnen we hatda gowy ýazylan ýaly bolup görnen bölegi taşlamak gerek bolar, sebäbi ýazyp beýan edeniňiz gereginden başga zat bolup çykar ýa-da ýazyp beýan edişiňiz bärden gaýdýan bolup çykar. L.Tolstoýyň “Uruş we parahatçylykdan” ýa-da “Hajymyratdan” aýryp taşlan bölekleriniň esasy tekstden ýaramaz dälleri-de bar, emma olar ýazyjynyň tejribe etmegidi, ýazyjynyň akyl ýetirmeginiň netijesinde aýan bolan umumy kompozisiýasynda ol bölekler oňa gerek däl. L.Tolstoý “Anna Kareninany” ýazmaga başlanda, birnäçe aýdan soň ol öz ýanyndan ol romany ýazyp gutaryp barýandyryn öýdýärdi. Gahrymanlaryň bütin ykbalyna ol eýýäm düşünýärdi, emma gahrymanlaryň näme üçin ol ýa başga hili hereket edýändiklerini ol heniz bilenokdy. Gahrymanyň psihologiýasy diýlip at berilýän zat, ynsan hereketleriniň kanunalaýyklygy çeperçilik taýdan akyl ýetirmegiň netijesidir. Hajymyradyň Şamiliň ýanyna dolanyp barmak synanyşygy wagtynda öldüriljekdigini Tolstoý bilýär, emma onuň näme sebäpli dolanyp barmaga synanyşyk edýänligini, ine şony welin Tolstoý ilkibaşda bilenokdy. Ine, şeýdip, ýazyjynyň öz içinden işlemegine çendan ýarym bäş ýyl we ýigrimi ýyl wagt gidýär. Bu ýerde gep siziň durmuş materialyny, Gorkiniň awtobiografiki powestleriniň materialyny diňe bilýänligiňizde ýa bilmeýänligiňizde dälsdir, emma Alekseý Maksimowiç “Çagalyk” powestini işekçer wagtynda ýazmaga başlap, diňe gojalyp ugranda, ýagny ýurduň ösüş ýoluna düşünen wagtynda ýazyp gutardy. Ýalňyşdan seresap boluň, ýatkeşligiňze bil baglamaň. Men örän ýatkeş adam, emma şonda-da meniňem ýalňyşa ýol beren wagtlarym bolupdy. Nebsimiz agyrsa-da, ýalňyşa ýol bermeklik adat bolup galypdyr. Mysal getireýin: “Юность” žurnaly, № 6, onuň ýüzünde bolsa “Ýaş awtorlaryň nomeri” diýlip ýazylypdyr. Ýaşlary terbiýelemekde ol žurnal köp iş bitirdi, esasysy bolsa, ol žurnallaryň eserlerini çap edýär. Ýüzmegi suwsuz ýerde öwrenip bolmaz, çap edilýän sahypa bolsa hakykatdan-da ýazyjy ýetişdirýän meýdandyr. Ol žurnalyň altynjy nomerinde Wasilliý Aksýonowyň “Kärdeşler” atly ganymat bir powesti çap edilipdir. Dogry, ol powestde hekaat biçak kän, okyjy gyzyklanmaz öýdüp, awtor gorkýar, şoňa görä zowzullap ýörýär. Emma powesti ukyply adam ýazypdyr. Powestiň ikinji babynda Alekseý Maksimow bilen Aleksandr Zeleniniň arasynda dialog bolýar, şunlukda Aleksandr Zeleniniň intelligent maşgaladan gelip çykýanlygyny belläp geçeýin, onuň maşgalasynda filosofik magistri-de, meşhur syýahatçy-da, Şlisselburg zyndanynyň bendisi-de bar: ol leningardlynyň özi Puşkini-de bilmelidir. Emma 2-nji bapda ynha şeýle bir hekaýat bolup geçýär: “Insiz çal jalbarlyja syratly bir gyz ýolkanyň aşagynda durdy. Saşkanyň aljyraň nazaryny görüp, ol gyz ha-ha-haýlap güldi-de, erkek adam welosipedini gapdaly bilen idekläp gidiberdi. Maksimow tukatlyk bilen hiňlenmäge başlady. - Şowhunly matç wagtynda tötänden... - Dogry! – diýip, saşa seslendi. – Sen meniň duýgymy aňdyň. Ýaňky gyz Keri. - Emma Puşkin ol zaman frak geýýän eken ahyryn – diýip, Maksimow aýtdy. Ýör suwa düşmäge gideli.” Ol çal jalbarlyja gyz (onuň ady Inna) soň powestiň gahryman aýal-gyzlarynyň biri bolýar, ol gyz hatda Saşanyň ýanyna lyžaly barýar, saşanyň bolsa ol mahal wertolýot bilen öz gulluk işleriniň ugruna giden wagty bolýar. Gahryman gyzyň poweste girizilişi bolsa harsal işlenipdir. Aslyna garanyňda, ol şygryň powestde özgerdilip getirilenok: “Şowhunly meýlis wagtynda tötänden...” diýen setiri Puşkiniň ýazyjy däl-de, 1851-nji ýylda Alekseý Tolstoýyň ýazan setiridir. Şoňa görä, Keriniň-de, Puşkiniň-de bu ýere dahyly ýok. Awtorlar ýalňyş agzalýar, şol sebäpli powestiň gahrymany biçak ýüzleý medeniýetli adam bolup çykýar. Ýalňyş kän bir uly däl bolsa-da, harsallyk bolup çykýar. Munuň özi awtor üçin-de, žurnal üçin-de sapak bolmalydyr: sitatalary barlap almak gerek. Barlag wagtynda ýaş awtor Puşkiniň eserlerini okap çykardy we munuň oňa umuman kän haýry degerdi. Ýatkeşligiňe bil baglamaly däldir!.. Şu günki güni duşuňyzdan geçirmäň, emma ýazjak bolubam gaty bir alňasamaň we elmydama okaň: klassyklaryň diňe bir ýazylyp gutarylmadyk eserlerini okamak bilen çäklenmäň, olaryň kitaplarynyň çernowiklerini hem okaň. L.Tolstoýyň 90 tomluk neşirini barlap görüň. Puşkiniň çenowiklerine seredip görüň. L.Tolstoý Kawkazda esli wagt ýaşapdyr, emma ol Hajymyrat hakda ýazmaga başlanda, diňe stolunyň üstüni däl, eýsem öz otagynyň poluny-da kitapdan doldurypdyr. Tapan kitaplary oňa azlyk edipdir, maksadyny hemişe göz öňünde tutup, maglumat ýygnamak üçin arhiwlere ýüz tutupdyr, her gün telim hat ýazyp iberipdir. Maksady bolsa – ýaşaýşy öz gapma-garşylygynda şekillendirmekden ybarat bolupdyr. Bir zady ýadyňyzda saklaň: eger zatlaryň daşarky görnüşi, olaryň görki özleriniň düýp manysyna barabar bolýan bolsady, onda bize ylmyň-da, sungatyň-da geregi bolmazdy, - onda biz zatlaryň diňe suratyny almak bilen, olaryň laýdan ýasalan şekili bilen kanagatlanadyk. Sungat bolsa laýdan ýasalan şekil däl-de, predmetiň barlanylyp görülmegidir, ol barlagda uzakdaky we ýakyndaky deňeşdirmeler arkaly, bütin adamzat tejribesine esaslandyrylyp, dykgat bilen gözden geçirmek arkaly, adam häzirki zamanyň düýp manysyna akyl ýetirip, özüni geljek zamana taýýarlaýar. Wiktor ŞKLOWSKIÝ. (“Литература и жизнь” gazetinden). “Edebiýat we sungat” gazeti, 1961 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |