ÝEDINJI SÖHBET
OSMAN ÖDE. Ata-babalarymyzyň uýup gelen yslam dini külli adamzat siwilizasiýasynyň, adamzadyň ruhy ösüşiniň taryhynda täze bir eýýamy açdy. Yslam adamzadyň ýekehudaýlylyk ynanjyny täze bir derejä çykardy. Şol derejäniň belentliginden seredeniňde, yslamyň adamzadyň ruhy-ahlak ýörelgelerini has kämilleşdirendigini görüp bolýar. Yslam beýleki halklar bilen bilelikde türkmenlere-de ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň täze birgiden ulgamyny berdi. Ol türkmeniň millet hökmündäki taryhy ösüşinde hem täze bir eýýamy açdy. Gorkut atamyzyň yslamy meýletin kabul etmeginiň taryhy nukdaýnazardan juda oňyn bir hadysa, türkmeniň ykbalyny çözüji hadysa bolandygyna biz indi-indilerem göz ýetirip gelýäris. Yslam türkmeniň syýasy, ruhy hem ahlak taýdan täze derejä göterilmegini üpjün etdi, öz gezeginde türkmen milleti hem yslamyň berkemeginde, dünýä ýaýramagynda, adamzat medeniýetiniň aýgytlaýjy hadysasyna öwrülmeginde beýik taryhy hyzmatlary görkezen millet hökmünde taryha girdi.
***
Türkmen halky özüniň ruhy-aň küýsegleri we aýratynlyklary boýunça ýekehudaýlylyga imrik milletdir. Mundan bäş müň ýyl ozal ýaşap geçen Oguz han Türkmeniň adamzat taryhynda ilkinjileriň biri bolup, ýekehudaýlylyk dini yglan edendigini we ýaýradandygyny taryhy çeşmeler hem-de maglumatlar habar berýär. Munuň özi biziň milletimiziň içki ruhy aýratynlygyndan gelip çykýar. Türkmen syýasy-döwletlilik babatda hemişe bitewilige, agzybirlige ymtylýan halk. Milletiň içki ruhy düzüjisi bolan ýekehudaýlylyk ynanjy muňa oňyn hem oňat esas bolup hyzmat edipdir. Dünýäleri ýaradyjy Biribaryň ýeke-täkligine ynanmak syýasy babatda bitewi milletiň, bitewi döwletiň kemala gelmegini üpjün edipdir. Türkmeniň tebigy ruhy aýratynlygy bolan şeýle içki ynanç milleti bir bitewi göwrä, bir bitewi güýje öwrüpdir. Oguz han atamyzyň öňe süren Göktaňrylyk ynanjy-da hut şol sebäpden taryhy ýaşaýşa ukyply we täsirli ruhy gymmatlyk bolup öňe çykypdyr.
Türkmenleriň yslamy kabul etmegini ýeňilleşdiren hem-de çaltlaşdyran zat hem şol içki ruhy özboluşlylykdyr. Türkmen öz topragyna yslam taglymaty gelip ýeten döwründe ony kabul etmäge ruhy taýdan taýýar millet bolupdy. Onsoň Gorkut ata Türkmen eýýamynda hem, Görogly beg Türkmen eýýamynda hem yslam milletimiziň içki «meniniň» ýokary göterilmegine, döwlet-syýasy we medeni babatlarda milli ýokary göterilişiň kemala gelmegine sebäp boldy. Halkymyzyň syýasy-döwlet galkynyşynyň anyk ýüze çykmasy bolan ýetmişden gowrak döwletiň aglaba köpüsiniň hut orta asyrlarda dörändigi ýöne ýere däldir. Olaryň içinde dünýä derejesindäki uly döwletler – imperiýalar bolan Gaznalylar döwleti, Beýik Türkmen-Seljuk döwleti, Osman Türkmen döwleti milletimiziň yslamyň öňündäki syýasy hyzmatlarynyň mysalydyr.
Emma türkmeniň yslam medeniýeti bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň syýasy jäheti meselesi bilen türkmen milleti we yslam diýilýän mowzugyň mazmuny çäklenmeýär. Biziň türkmenlerimiz yslamyň galkym (siwilizasiýa) hökmünde ýokary göterilmeginde bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary görkezdiler. Türkmen umumyslam derejesindäki, umumyslam gabarasyndaky beýik alymlary, şahyrlary, pirleri, ulamalary beren milletdir. Bu meselede biz allamalarymyz Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Mäne baba, Baýezit Bistamy, Nowaýy, Faraby, Ibn Sina, Hoja Ahmet Ýasawy, Nesimi ýaly onlarça, ýüzlerçe beýik şahsyýetleriň atlaryny tutup bileris. Orta asyrlarda türkmenler arap hem pars dillerini düýpli özleşdirip, yslamyň ylym-intellektual dili bolan arap dilinde, yslamyň edebiýat dili bolan pars dilinde deňsiz-taýsyz eserleri döretdiler. Şol bir wagtda-da türkmen diliniň özi-de yslam medeniýetiniň esasy üç diliniň birine öwrüldi. Türkmen dilinde düýpli taryhy, ylmy, edebi, pelsepe eserleri döredildi. Türkmenler yslam pelsepesiniň düýpli hadysasy bolan sopuçylygyň döremegine hem-de ösmegine aýratyn uly goşantlar goşdular. Yslam dünýägaraýşy we yslam taglymaty gutarnykly hem bitewi ýaşaýyş pelsepe hökmünde beýleki musulman halklary bilen bir hatarda türkmenleriňem millet hökmünde kemala gelmeginiň ruhy esasy bolup hyzmat etdi. Şonuň üçinem biz yslamyň oňyn gymmatlyklary türkmeniň aňyna, ganyna, bütin ýaşaýşyna ömürbaky ornaşdy diýip aýdyp bileris. Hut şonuň üçinem yslam taryhyny türkmenlersiz göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly, türkmeni-de yslamyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryndan üzňe göz öňüne getirip bolmaz diýip aýdyp bileris.
***
Adamzadyň tutuş taryhynda ýüze çykan ähli ruhy hadysalarynyň arasynda, ähli taglymatlaryň arasynda din aýratyn orna we ähmiýete eýedir. Adam aňyna täsir ediş güýji boýunça başga hiç bir zat hem din bilen deňleşip bilmeýär. Diniň bu üýtgeşikliginiň özboluşly sebäpleri bardyr. Munuň ilkinji sebäbi-de ruhy hadysa hökmünde diniň adamzadyň özi tarapyndan oýlanyp tapylmanlygynda, şeýle hem diniň adamzadyň ösüşiniň barşynda öz-özündenem döremänligindedir. Bu ümmülmez älemi, adamzadyň akyly ýetmeýän syrly dünýäni ýaradan Biribar Ýer ýüzünde aýratyn biologik jandar bolan adamzadyň ýaşaýşyny gurnamak we sazlaşdyrmak üçin dini döredipdir.
Adamzat ýaradylaly bäri on müňlerçe ýyllar geçipdir, müňlerçe milletler, döwletler, ymmatlar, siwilizasiýalar, medeniýetler döräp, soňam ýok bolup gidipdirler. Emma olaryň hemmesiniň-de ruhy hemrasy dini ynançlar, dini dünýägaraýyşlar bolupdyr. Sebäbi adamzat özüniň asylbaşky aň-ruhy gurluşy boýunça dinsiz oňup bilýän däldir. Allatagala maddy dünýäni, onuň içinde-de adamzady ýaradypdyr. Adamzat wagtyň içinde ýaşaýar. Şu hili ykbaly-da ony beýleki janly-jandarlar ýaly maddy-biologiki ömri çäkli bir jandar edýär. Emma Biribar adamzada diňe bir maddy ýaşaýşy däl, eýsem beýlekilerden tapawutlylykda ruhy ýaşaýşy-da eçilipdir. Maddy ýaşaýşyň jähetindäki ruhy-aň ýaşaýşy diýmek nämäni aňladýar? Munuň özi adamyň özüniň ömrüniň çäklidigine akyl ýetirmek ukybyny aňladýar.
Wagt içindäki ömrüň çäklidigine akyl ýetirmek ukyby adamzady şol çägiň daşyndaky dünýäler we hakykatlar barasynda oýlanmaga, maddy ýaşaýşyň daşyna çykmak islegini kesgitlemäge we amal etmäge iterýär. Bu isleg we bu gözleg adamzadyň paýhas we ruhy tarapdan juda ýokary galmagyna, ösmegine getirýär. Akyl Allatagalanyň adamzada beren peşgeşidir. Alla adama ömür beripdir, emma oňa şu dünýäde ölümlilik takdyryny-da beripdir. Din – maddy ölümliligiň çäklerini ýeňip geçmek, baky ýaşaýşa ýetmek baradaky taglymatdyr. Özge jandarlardan artykmaçlykda adamzada akyl, akylyň çäresi hökmünde bolsa dini taglymat berlendir. Özüniň asyl aýratynlyklary boýunça hemişelik, baky ýaşaýşa ymtylýan adamzada diniň täsiri we diniň gymmaty aýratyndyr. Hut şu sebäpli-de ol hiç mahal bakyýetiň ýeke-täk çäresi we dermany bolan dinden ýüz öwrüp bilmez. Din – külli adamzadyň ilkibaşky, içki ruhy hajatydyr. Şonuň üçinem bu ruhy hadysanyň iň ilkinji ähmiýetini onuň adamzat üçin ruhy ähmiýeti hökmünde kesgitlemelidiris. Biribaryň emri bilen dünýä durjakdyr, dünýä dursa, adamzat saklansa-da, ýokarky sebäbe görä-de, din durjakdyr. Şu wagta çenli adamyň ömür, ýaşaýyş, bakylyk, gaýry dünýäler baradaky ylmy, pelsepe gözlegleri hiç mahal hem dinden üzňe bolmandy, üzňe bolanda, gözlegler we agtaryşlar petige hem-de göwnüçökgünlige getiripdi. Hut din maddy dünýäniň hem-de biologiki ölümiň aňyrsyndaky dünýälere yş açmak bilen adamzadyň paýhas hyjuwyny we bakylyga ymtylýan göwnüni kanagatlandyryp bilýän taglymat bolup geldi. Dünýä şu dünýä – wagt taýdan çäkli dünýä, adamzat şu adamzat – ýaşaýyş taýdan çäkli adamzat boljak bolsa, din onuň hemişe hemrasy boljakdyr. Diýmek, Biribaryň taglymaty bolan diniň adam üçin içki ruhy, düýpli ruhy ähmiýeti hemişelikdir.
Dini taglymatyň ikinji ähmiýeti – jemgyýetçilik-durmuşy ähmiýetidir. Adamzat özüniň ýaşaýşy boýunça jemgyýetçilik jandarydyr. Jemgyýet bolup ýaşamak dürli tebigy instinktler we paýhas berlen adamzat üçin zerurlykdyr. Adamyň tebigy we jemgyýetçilik zerurlyklary özara utgaşyga hem-de sazlaşyga mätäçdir. Jemgyýet gatlaklardan, toparlardan, etniki hem jynsy toparlardan ybaratdyr. Şeýle bölekleýinligiň adamzadyň durmuşynda hemişe dürli kynçylyklary, meseleleri, hatda krizisleri-de döredendigini bilýäris. Şeýle ýaşaýyşda adamzat dürli taraplaryň, gatlaklaryň, toparlaryň arasynda tebigy suratda ýüze çykyp biljek sazlaşyga, ylalaşyga mätäçdir. Hut din şol sazlaşygyň hem ylalaşygyň çäresi, serişdesi hökmünde öňe çykýar. Çünki dini küýsegler, dini gymmatlyklar haýsydyr bir toparyň däl-de, külli adamzadyň umumy gymmatlyklarynyň birgiden ulgamy bolup durýar. Şu manyda ol umumadamzat, ýagny her hili jemgyýetçilik toparlaryň ählisi üçin deň täsirli we deň gymmatly, deň ähmiýetli umumadamzat gymmatlygynyň ulgamydyr. Adam haýsy topara degişlidigine garamazdan, ilki bilen we ahyrky netijede adamdyr. Ine, şu hili düýpli tebigy esas hem biologik görnüş bolan adamzadyň tebigy, akyl, ruhy küýsegleriniň dermany bolan diniň jemgyýetçilik ähmiýetini hakyky, çynlakaý hadysa öwürýär.
Biribaryň adamzada beren taglymaty bolan diniň üçünji ähmiýetini medeni-taryhy ähmiýet diýip atlandyryp bolar. Adamzadyň medeni agtaryşlary, medeni gözlegleri medeniýetiň dürli ugurlarynda – sungatda, edebiýatda, filosofiýada, bilimde alnyp barylýar. Adamzadyň tutuş taryhynda şol medeni-ruhy gözlegler hemişe beýik taglymat, akyl hazynasy, syrly dünýäleriň maglumatlaryny özünde saklap duran dinden gözbaş, güýç hem kuwwat, ugur, ýörelge hem serişde alyp geldi. Medeniýetiň – sungatyň, edebiýatyň, pelsepäniň taryhyna belet adamlar diniň şu meseledäki gözbaşlyk, hamyrmaýalyk ähmiýetini oňat bilýändirler. Bu şeýle-de bolmalydyr. Çünki sözüň hakyky manysyndaky uly sungat, çynlakaý pelsepe hemişe ikinji, üçünji derejeli, wagtlaýyn meseleler däl-de, adamyň ömri we ölümi bilen baglanyşykly düýpli meseleleri iş edinip gelýär. Bular bolsa, elbetde, dinden, adamzadyň dini taglymatlarynda beýan bolan açyşlardan üzňe bolup bilmez. Ýewropa medeniýetiniň gadymyýetine ýunan dini ynançlaryny, soňraky günbatar medeniýetine hristiançylygy, yslam medeniýetine musulmançylygy, uzak gündogar medeniýetine buddizmi bilmezden düşünmek mümkin däl. Aslynda diniň şeýle bitewi ähmiýetiniň nukdaýnazaryndan seredeniňde, diniň ýöne bir oňyn aýratyn bir ugry bolan ynançlar ulgamy däl-de, eýsem ählumumy siwilizasiýa hadysadygyny bellemelidir.
Diniň dördünji jäheti – ahlak ähmiýetdir. Meseläniň bu jäheti hasam aýdyň, onda-da yslamyň çäginde terbiýelenen adamlar üçin aýdyňdyr. Dini taglymatyň esasy bolan Alla baradaky düşünje, şu dünýäde edilen işlere o dünýäde jogap geçmek barasyndaky ynançlar adamzat ahlagynyň şu wagta çenli daýanyp bilen iň berk daýanjydyr. Ilkibaşda sap dini ahlak gymmatlyklar bolan düşünjeler soňabaka dünýewileşen hem bolsa, asylbaşky dini daýanjynyň gowşan ýa-da ýykylan ýerinde ahlaky meseleleriň bulaşýandygyna adamzat taryhy şaýatlyk edýär. Imany ynsapdan, wyždany ynaçdan aýrylamak juda çetindir. Ynsap röwüşi bolmadyk «iman» birtaraplaýyn dessur düşünjesine, ynanç ýokundysy bolmadyk ynsap gury owaza öwrülýär. Diniň şeýle ahlaky ähmiýeti adamzat medeniýetiniň beýik bir gazanany bolan – etikanyň, edep baradaky pelsepe taglymatynyň döremegine getirdi.
Diniň bäşinji ähmiýeti – ylmy akyl ýetiriş ähmiýetidir. Din bilen ylym aýry-aýry zatlar, hatda bir-birine gapma-garşy zatlar diýmek şowakör düşünjelilikdendir. Munuň özi akyl ýetiriş bilen dünýäniň bir-birine baglanyşygyny ters – baş-aýak, aýak-baş görnüşinde göz öňüne getirmekdir. Tebigat ylymlarynyň ösdügiçe, ylaýta-da, fizikanyň otnositellik nazaryýetiniň hem-de kwant fizikasynyň gazananlary köne dini taglymatlaryň älem baradaky garaýyşlarynyň ylmy-matematiki dilde subut edilmesi boldy. Elbetde, şu meselede hem, diniň beýleki jähetleri – ähmiýetleri meselesinde hem bir zady belläp geçmeli – diniň hakyky keşbi bilen diniň ýoýulma görnüşini tapawutlandyrmak gerek. Adamzat taryhynda diniň ýaramaz maksatlar üçin ýoýulyp, belli-belli bähbitlere hyzmat etdirilip, ýoýulandygyny bilýäris. Emma bir zady pikir ediň: Näme üçin şonda-da adamzat dinden ýüz döndermändir, din ýitip-ýok bolup gitmändir?! Diýmek, diniň adamzat şonsuz oňup bilmejek ählumumy ähmiýeti bardyr.
Diniň altynjy bir ähmiýeti – terbiýeçilik ähmiýetidir. Men bu ýerde diniň çagalar, ýaşlar üçin jemgyýetiň agzasy bolup ýetişmekdäki ähmiýetini göz öňünde tutýaryn. Çaga ilkinji medeni-ahlak endiklerini, dürli arassaçylyk, adamara gatnaşyk dessurlaryny öwretmekdäki ähmiýeti uludyr. Şeýle ähmiýet beýleki aňa täsir ediş serişdeleri bilen deňeşdirilende, dini düşünjeleriň has täsirlidigine esaslanýar. Biziň özümiz şeýle medeni-ahlak, durmuş-güzeran terbiýesini alypdyk. Ýadyma düşýär. Oglankam goňşularymyzyň biriniň hojalyk işlerine kömekleşmäge barypdym. Irden günortana çenli ep-esli işledik. Soňra günorta naharyna çykdyk. Çekinjeň oglan bolamsoň, hödürlenen çaý-nahara ymykly ýapyşyp bilmän, birnäçe wagt oturdym. Meniň bu bolşumy görüp, öý eýesi – mollaçyr ýaşuly bir dini rowaýaty gürrüň bermäge oturdy:
«Bir gün hezreti Pygamberiň ýanyna bir kişi gelipdir. Özüniň Pygambere soragynyň bardygyny aýdyp:
– Eý, Pygamber, aýt, ýere gazyk urlanda şol gazygyň giden ýerindäki öňki toprak nirä gidýär? – diýipdir. Şonda Pygamberimiz:
– Öýüne myhman çagyryp, hödür-kerem edibem, öz nygmatyny gysganýan öý eýesiniň gözüne ýa-da ak ýürek bilen edilen hödüre äsgermezlik edýän myhmanyň gözüne gider – diýip jogap beripdir».
Elbetde, şeýle dini rowaýatlaryň çaga aňyna täsiri gürrüňsizdir.
Meniň din barada aýdanlarym esasynda bu çylşyrymly hadysa örän köp tarapdan kesgitleme berip bolar:
Din – munuň özi adamzadyň biologik görnüş hökmündäki tebigy-ruhy hajatydyr.
Din– munuň özi aň-paýhas hadysasydyr.
Din – munuň özi adama garaşsyz bolýan taryhy-jemgyýetçilik hadysasydyr.
***
Biz diniň, şol sanda beýik yslam dininiň şeýle uly ähmiýetine akylly-başly göz ýetirip, öz döwlet syýasytymyzda dine hormat bilen garaýarys. Din iň beýik zatdyr. Ol döwletden, syýasatdan beýikdedir. Şonuň üçinem ony şol beýiklikde hem saklamak gerek. Biziň Garaşsyz döwletimiz milli hem-de dünýewi döwletdir. Döwletiň şu hili kesgitlemesini men juda zerur hasaplaýaryn. Özem ol türkmen döwletiniň dine bolan gatnaşygyny-da aýdyňlaşdyrýandyr. Döwletiň öz aňyýeti esasynda milli gymmatlyklary esas, binýat edip goýýandygy möhümdir. Milli gymmatlyklar bolsa şu mesele babatda iki hilidir: milli gymmatlyklaryň dini häsiýetlisi-de, şol bir wagtda-da dünýewi häsiýetlisi-de bar. Diýmek, döwlete gatnaşygy babatda bularyň hiç biri-de beýlekisinden ileri tutulyp, äsgermezlik edilip bilinmez. Ylaýta-da, diniň ýoýulyp, käbir başbozarlar tarapyndan öz syýasy niýetleri üçin, syýasa dahylly ediljek bolunýan käbir halatlarynda, biz milli däplerimize goldanmalydyrys. Milli däpleriň nämedigini men size bir taryhy gürrüň bilen düşündireýin. XIX asyryň başlarynda Ahalda şeýle bir waka bolup geçýär. Ahal galalarynyň birine täze han bellemeli bolýar. Geňeş wagtynda bir ulama özüniň dostuny hanlyga geçirjek bolup, her hili mekirlik edip başlaýar. Ol hanyň öz hödürlän adamyny takwalykdan daşlykda, dini dessurlara biparhlykda aýyplap sözleýär. Şonda han:
– Ahun aga, biz häzir dünýäň gürrüňini, dünýewi meseläni maslahatlaşýas. Şonuň üçinem bize şol wezipä mynasyp adam gerek. Siziň diýýäniňiz bolsa o dünýäň zerurýetiniň gürrüňi. Siziň hödürleýäniňiz goý, şol dini işler bilenem meşgullanybersin!
Elbetde, dinilik hem dünýewilik gatnaşygy çylşyrymly meseledir. Soňky iki ýüz ýylyň dowamynda dünýä boýunça möhüm hadysa – dünýewileşmek hadysasy bolup geçdi. Dünýewileşmek syýasy babatda döwleti dolandyrmak işiniň dini çäklendirmelerden saplanýandygyny aňladýar. Sebäbi has öňki asyrlarda jemgyýetiň güýçli we täsirli topary bolan dini hadym gatlaklary jemgyýetçilik topary hökmünde ýuwaş-ýuwaşdan ýitip gitdi. Dolandyryş işi halk köpçüliginiň eline geçdi. Şonuň netijesinde dünýewileşmek tebigy bir hadysa boldy.
Emma dünýewilige hem sagdyn, oňyn düşünmek gerek. Dünýewilik bilen hudaýsyzlygy, din bilen fanatizmi tapawutlandyrmagy başarmak gerek. Dünýewilik diniň öňki ýokarky belentliginde galyp, döwlet-syýasy işiň aşak – halk köpçüligine geçýändigini aňladýar. Dünýewilik mukaddesligiň Allanyň hem onuň taglymatynyň özünde galyp, onuň gullukçylarynyň – dini hadymlaryň hökmürowan topar bolmagyny bes edip, beýleki adamlar hem gatlaklar bilen deň hatara geçýändigini aňladýar.
Emma dünýewilik hudaýsyzlyk däldir. Dünýewilik dini garaýyşlary adamyň hem jemgyýetiň boýnuna zorluk bilen atman, olaryň öz islegi boýunça dine gelmegine ýol goýmakdyr. Munuň özi türkmen döwletiniň raýatlara berýän ýene bir erkinligi bolup, ol dini gymmatlyklara şek ýetirilmegine döwletiň biparhdygyny aňlatmaýar. Biziň şu günki dabaramyz hem dine, Biribara türkmeniň hormatynyň mysalydyr.
***
Siziň ünsüňizi dört diniň – musaýy, ýahudy, ysaýy, yslam dinleriniň bir kökden – Ybraýymdan gaýdýandygyna çekmek isleýärin. Dinlerdäki pygamberleriň beýleki dinlerde hem bolmagy ählisiniň Ybraýymyň döreden dininden gözbaş alanlygy üçindir. Bu dört dinde Ybraýymyň öňe süren pikirleriniň esas edilip alnandygyny nygtamak isleýärin.
Ybraýym pygambere Allatagalanyň öz ogluny Alla ýoluna gurban etmegini buýurmagy, Ybraýym pygamberiň bu emre boýun sunup ogly Ysmaýyly öldürmekçi bolanda Beýik Perwerdigäriň onuň wepasyna hem ynanjyna göz ýetirip, ogluna derek bir goçy gurban berdirmegi, şondan bärem gurban baýramçylygynyň geçirilýändigi baradaky rowaýaty biz bilýäris.
Şeýle bir rowaýat bar. Ol rowaýatda Muhammet pygambere şeýle sowal berýärler: «Muhammet, saňa täze bir dini döredýärmişiň diýýärler. Seniň diniň öňki dinlerden näme tapawudy bar?» Şonda Muhammet pygamber şeýle jogap beripdir: «Ýok, bu täze din däl, ol Ybraýym pygamberiň dini». Pygamber Ybraýymyň dini esasynda döredýän täze dininde esasy musulmançylyk parzlaryny, Allatagalanyň ýeke-täkligine ynanmagy wagyz edipdir.
Allatagaladan adamzada iň ilkinji inen keramatly kitap Töwratdyr. Bu keramatly kitap Musa pygamberiň üsti bilen adamlara ýetirilipdir. Musanyň ymmaty ýahudylardyr, ýagny jöhitlerdir.
Gökden ikinji inen keramatly kitaba Zebur diýilýär. Ol Dawut pygambere iberilýär. Bu kitaba «Dawudyň Aýatlar kitaby» hem diýilýär. Ýöne Dawut pygamberiň ymmaty ýokdur. Şonuň üçin bu kitabyň ady köp çykmaýar. Dawut pygamber hakda türkmen halkynyň arasynda rowaýatlar köpdür. Magtymguly allamamyzyň «Bir gün köňlüne men-menlik gelip, Dawut kyrk oglundan aýrylmadymy?» goşgy setiri şol rowaýatlar esasynda dörändir.
Üçünji keramatly kitap Isa pygambere Allatagalanyň gökden inderen Injil kitabydyr.
Dördünji keramatly kitap Gurhandyr. Gurhan Muhammet pygambere inderilýär.
Ybraýym pygamberiň ady dört keramatly kitapda hem gabat gelýär.
Töwratda:
«Hajar Ybraýyma ogul dogrup berdi. Ybraýym oňa Ysmaýyl diýip at dakdy. Hajar Ysmaýyly dogran wagty Ybraýym segsen alty ýaşyndady».
Zeburda:
«Rebbe, onuň güýjüne sygynyň. Onuň ýüzüni üznüksiz agtaryň».
«Eý, Onuň bendesi Ybraýymyň zürýady, onuň saýlan Ýakubynyň ogullary» «Ybraýym bilen boglan ähti, Yshaga eden kasamy ebedilik ýadyndadyr».
Injilde:
«Bu kitap Ybraýymyň ogly Dawudyň ogly Isanyň nesil şejere kitabydyr».
«YbraýymYshagyň atasydy: Yshak Ýakubyň atasydy».
Gurhanda:
Keramatly kitabyň on dördünji süresi «Ybraýym» diýlip atlandyrylýar. Onda şeýle aýatlar bar:
38. Ine Ybraýym aýtdy: «Allahym, bu ýeri men we meniň çagalarym üçin howpsuz et, butlara çokunmakdan daş et!
Gurhanda «Sahawat dogasy» diýen ýörite bir doga bar. Ine, ol doganyň terjimesi: «Allahym! Ybraýym pygambere we Ybraýym pygamberiň nesline rehmet edişiň ýaly, Muhammede we Muhammediň nesline rehnet et. Sen şübhesiz örän beýiksiň we her dürli gözel sypatlar bilen öwülensiň».
Häzirki döwürde Ybraýymy dinler dinde iň köp ýaýran dinlerdir. Dünýä dinleriniň däp-dessurlary aýry-aýry bolsa-da, imanlary birdir, köki birdir.
XXI asyr adamzadyň kämilleşiş asyry bolup gadam urýar. Dünýä dinleri biri-birine ýakynlaşmalydyr, birleşmelidirler. Emma soňky döwürde Ýewropany ösen, Gündogary, musulman halklaryny yzagalak, wagşy halk hökmünde görkezmäge synanyşyk edilýär. Her hili baş-başdaklyklary, eden-etdilikleri dünýä synlap otyr. Öz eden-etdiligiňden soň ynsanperwer kömegini etmek krokodiliň häsiýetini ýadyňa salýar: ol haýsydyr bir jandary lak-luk atyp, soňundan şol jandaryň ölümine gynanyp suw-sil gözýaş dökýär.
Bir halkyň içinde gowy adamam, ýaramaz adam hem bolýar. Ähli kişini biraýakdan sürmek bolmaýar. Musulman halklary, döwletleri dünýä umumadamzat gymmatlyklaryna çäksiz uly goşantlary goşdular, häzir hem goşýarlar.
Eden etmişiňe soňundan jogap okamaly dünýä bu. Hiç bir eden-etdilik Allatagalanyň nazaryndan sypmaýar.
***
Muhammet pygamber aradan çykansoň sahabalar yslamy ýaýratmak maksady bilen, basylyp alnan ýurtlara ugrapdyrlar. Ýöne araplaryň basyp alan köp ýerlerinde üýtgeşik däp-dessurlarda ýaşaýan milletler duşýarlar. Sahabalara hijazdaky (Mekge-Medinedäki) däp-dessurlaryny ornaşdyrmak başartmaýar. Şeýle bolansoň sahabalar ýerli milletleriň öz däp-dessurlaryna görä dini amallary berjaý etmeli bolýarlar. Netijede dürli ýerleriň öz milli aýratynlygyna, gymmatlygyna görä yslamyň mezhepleri döreýär.
Mezhepler hem öz aralarynda iki topara bölünýärler. 1. fykty (amaly) mezhepler; 2. ygtykaty mezhepler.
Dört çaryýarlar döwründe fykyh sözünde «ylym» diýip düşünilýärdi. Şol döwürde kelam, iman, ahlak we tasawwuf ýaly ylymlar heniz özbaşdak däldi. Şonuň üçin ymam Agzamyň «el-fykhul Enber» atly eseri ygtykaty meseleleri öz içine alýardy. Emma wagtyň geçmegi bilen fykyh ylmy diňe ybadatlar, muameleler we jezalary öz içine alýan görnüşe eýe boldy. Häzir fykyh – yslam hukugy diýen düşünjäni aňladýar.
Abbasylaryň ilkinji iki ýüz ýyllyk döwri fykyhyň tertipleşdirilen, kada girizilen döwri boldy.
Şol döwürde
1. Ymamy Agzam Ebu Hanipa;
2. Ymam Ebu Ýusup;
3. Ymam Muhammet;
4. Ymam Züfer;
5. Ymam Mälik;
6. Ymam Şafygy;
7. Ahmet b. Hanbel eş-Şeýbany –
mezhepleri döredi.
Türki halklar galabasy hanypa mezhebine uýýar.
***
Biz halkymyzyň geçmiş taryhyna aýratyn sarpa goýýarys, ony içgin öwrenýäris. Elbetde, geçmiş gelejegi öwredip bilmeýär. Ýöne geçmiş gelejekde näme etmeli däldigini welin, öwredýär. Geçmişiň sapaklary ähmiýetlidir we gymmatlydyr. Geçmiş gelejegiň badalgasydyr. Geçmişden gelejek görünýär. Türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhynyň haýsy döwrüne nazar aýlasaň, din hadymlarynyň orny, hyzmaty äşgär görünýär. Biz bäş müň ýyllyk medeni, ruhy gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenip, olary belli bir ugurlar boýunça uşlyplara düzüp, şu günümiziň hem ertemiziň ýaşaýyş eşretlerini kämilleşdirmäge gönükdirmelidiris.
Biz ruhubelentlik jemgyýetimizi gurýarys. Bu jemgyýetde her bir raýatymyzyň aýdyň maksatly, aýdyň ynançly bolmaklary döwletimiziň ösüşiniň kepilidir. Aýdyň maksatly, aýdyň ynançly kişi maksada okgunly bolar, ruhubelent bolar.
Her bir ugurlar boýunça döwletiň öz aýdyň syýasaty, aýdyň wezipesi bolmalydyr. Men din hadymlarynyň täze jemgyýetimizde öz wezipelerine dogry we takyk düşünmeklerini we öz işlerini döwrüň talabyna görä alyp barmaklaryny isleýärin.
Eýsem biziň ýurdumyzyň din hadymlarynyň wezipeleri nämelerden ybarat bolmaly?
Din hadymlary, ozaly bilen:
– halal, il arasynda özüniň asylly ahlak sypatlary bilen hatyralanýan adamlar bolmalydyrlar;
– iliň öňüne çykýandyklaryny, özlerine seredilýändigini ýatda saklap, özüni edepli-ekramly alyp barmak bilen bir hatarda örän sowatly bolmalydyrlar. Diňe bir yslam boýunça däl, eýsem dünýäniň esasy dinleri, ol dinleriň taryhy, däp-dessurlary, amallary baradaky kitaplary okamalydyrlar. Mahlasy, öz ugrundan okumyş, sowatly bolmalydyrlar;
– diňe bir din ugurlary boýunça däl, eýsem dünýä ylmyndan hem edebiýatyndan habarly bolmalydyrlar;
– ýurduň ýagdaýyndan habarly bolmalydyrlar;
– suhangöýlük sungatyny ezber özleşdirmäge çalyşmalydyrlar, geçmişde suhangöýlükde yz galdyran şahsyýetleriň tejribelerini özleşdirmäge we durmuşynda peýdalanmaga çalyşmalydyrlar;
– «Her molla bilenini okar» diýlip her hili hokgalaryň çykarylmagyna ýol bermeli däldir, her adat, her dessur, sadaka Türkmenistanyň Müftiýetiniň kabul eden Düzgünnamasynyň esasynda bolmagyna adamlara yzygiderli düşündirmelidir we düzgünleriň bozulmagyna biperwaý seretmeli däldir;
– Döwletiň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, onuň gülläp ösmegine goşant goşmalydyrlar;
– ýurtda asudalygyň, parahatçylygyň, özara düşünişişmegiň, milletara ylalaşyklylygyň ähmiýetini we netijeliligini ile yzygiderli wagyz etmelidirler;
– adamlarda ynsanperwerlik, adamlara rehim etmeklik, takwalyk, özara düşünişmeklik, ýürekdeşlik, beýleki dinlere uýýanlary, dürli milletleriň wekillerini sylamak, olara hoşniýetli garamak ýaly belent ynsan sypatlaryny terbiýelemelidirler;
– özleriniň wagyz-ündewleri, öwüt-nesihatlary, maslahatlary, ahlak taýdan päklik babatda şahsy göreldeleri arkaly adamlarda raýat mertebesini, öz ata Watanyna bolan söýgüsini, wyždanlylygy, pespälligi, adamkärçiligi, aňly-düşünjeliligi terbiýelemelidirler, milli däpleriň we beýleki medeni gymmatlyklaryň ruhunda ýaşlaryň ahlak taýdan ýetişmeklerine, olarda ululara sarpaly gatnaşygyň kemala gelmegine ýardam etmelidirler;
– ýurtda geçirilýän her hili jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmalydyrlar;
– adamlaryň, aýratyn hem ýaşlaryň ýaramaz humarlardan daşda durmagyny gazanmaga işjeň çemeleşmelidirler;
– ýoldan azaşan adamlaryň toba gelmegi we kadaly durmuşa goşulyp gitmegi üçin başarnyklary gaýgyrmaly däldirler.
Her bir dindaryň işiniň hümmeti il-günden alýan ýalkawlarydyr.
Il-günüň aýdýan alkyşlary dindaryň gazanan sogaplarydyr.
Adamlaryň alkyşlary – Allatagalanyň ýalkawydyr.
Il-güni begendiren kişini Allatagala begendirer, Allatagala ýalkar.
***
Turuwbaşdan iki mesele hakynda aýtmakçy bolýaryn. Muny aýtmakçy bolýanlygymyzyň sebäbi meselä birtaraplaýyn çemeleşýänligimiz üçindir.
Ol meseleleriň birinjisi türkmeniň ýedi asyr döwletsizliginden kösenendigi hakdaky pikirdir, ikinjisi bolsa çarwaçylyga garaýyşdyr.
Gürrüň türkmen milleti hakynda gidende ýedi asyr döwletsiz kösenmek düşünmesi nädogrudyr. Bu pikir biziň häzirki ýaşaýan çägimiz hakynda aýdylanda dogrudyr, ýöne türkmen milleti geçen ýedi asyrda ajaýyp döwletleri döredip, türkmen medeni gymmatlyklary baýlaşdyrmakda çäksiz uly işleri bitirdiler. Abşar türkmenleriniň, Gajar türkmenleriniň, Kirmak türkmenleriniň, Osman türkmenleriniň, Hundistandaky Deli türkmenleriniň, Togalaklar, Halaçlar, Kutubşalar türkmenleriniň döreden döwletleri türkmeniň milli buýsanjydyr.
Ikinji nygtamakçy bolýan meseläm çarwaçylyga sowatsyzlyk, nadanlyk hökmündäki nädogry garaýyşdyr. Kämil bedew, kämil haly, baý medeni miras döreden halka çarwa diýmek bolmaz. Geçmişde jahankeşdeler, taryhçylar türkmen dünýäsine doly düşünip bilmändirler, şonuň üçin hem olaryň türkmen halkyna berýän bahalary biri-biriniňkiden düýpgöter parhlanypdyr.
***
Ymam Agzam Abu Hanypa Nugman bin Sabyt öz mezhebine uýýan musulmanlara wesýetnama galdyrypdyr. Şol wesýetnamany men türkmen halkymyň dykgatyna ýetirmegi makul bildim.
1. Ylym-bilim öwrenmegiň üçin döwlet ýolbaşçysy seniň howandaryňdyr, sen oňa hormat goý. Hormat goýsaň, hormat tarapsyň.
2. Adam özüni özgelerden gowy bilmelidir. Döwlet ýolbaşçysy wezipe ynandy diýip telwas urma. Ilki bilen, oýlan, sen şol wezipä mynasypmy? Döwlet ýolbaşçysynyň sen baradaky pikiri, saňa bolan ynamy dürsmi? Pursatdan peýdalanaýyn diýme, başarnygymdan peýdalanaýyn diý.
3. Iliň içinde özüňden bir zat soralmasa gürleýji bolmagyn.
4. Köpçülikde lakyrdap gülme. Oňarsaň, köpçülikde az görünmäge çalyş.
5. Adamlaryň ýalňyş işlerine däl, dogry işlerine uý hem guwan.
6. Okuwyňy gutarmazdan öýlenme. Sebäbi sen maşgala aladasy bilen başagaý bolup, okuwyňy göwnejaý okap bilmersiň.
7. Işleriňi ýerine ýetirýärkäň howlukma.
8. Her aýyň belli günlerinde sogap üçin agyz beklemegi adat edin, beýlekiler sogap üçin ybadat etmegi senden öwrensinler.
9. Nebisjeň hem erbet ahlakly adamlar bilen, eger olary hak ýola çagyrmak maksady bilen bolaýmasa, başga wagt oturma. Şu hili adamlar bilen oturyşsaň, olar hak ýola çagyr, kynçylyklaryny çözmäge kömekleş.
10. Hiç wagt hiç kimden hiç zat tamakin bolma. Tamakinlik – gamgynlykdyr, soňy öýke-kinedir. Adama öz göwni ýaly göwün tapmak kyndyr.
11. Ýalan sözleme. Ýaranyň ýalan bolsa alanyň ýeke gezek bolar, olam hümmetsiz bolar, soňam bereket gapylaryň ýapylar. Ýalan sözlemek – öz aýagyňa palta urmakdyr.
12. Ylmyň ýanynda ähmiýetsiz bolan dünýä ähmiýet berme.
13. Beýik Biribara uýsaň, onuň parzlaryny berjaý etseň, hor bolmarsyň.
14. Diniň arassalygy – seniň hem arassalygyňdyr, päkligiňdir.
***
Gurbanlygyň döreýşi hakda birnäçe musulman rowaýaty bar. Şol rowaýata görä, Ybraýym pygambaryň Sara atly aýalyndan çaga bolmaýar. Şeýle bolansoň, Saranyň razylyk bermegi bilen Ybraýym pygamber Hajar atly müsürli gyrnagy aýal edip alýar. Ýöne şondan soň Sara bilen Hajaryň arasynda oňşuksyzlyk başlanýar.
Dawada Sara rüstem gelýär, ol adamsynyň Hajary düňle çöle taşlap gaýtmagyny gazanýar.
Iňlär siňeksiz düňle çölde Hajar howandar, özüne kömek, hossarlyk eder ýaly adam gözläp iki ýana çapýar, ýöne hiç kim görünmeýär.
Şol mahal Hajar göwreli eken, özem aýy-güni, sagady dolan eken. Ol agyr halda çaga dogurýar, özi özüne göbegene bolýar.
Şondan soň Hajar teşneligini gandyrmak üçin suwuň gözlegine çykýar. Sara dagy bilen Merwe dagynyň arasyndan «Ynha, suw bu ýerde!» diýen ses eşidilýär. Hajar ilki Sara dagyna tarap ylgaýar, ýöne ol ýerde suwly çeşme, guýy görmeýär. Hajar soň Merwe dagyna tarap ylgaýar, ýöne ol bu dagdan-da suw tapmaýar. Hajar çagasyny bir ýerde goýup, Merwe we Sara daglarynyň arasyndan suw gözläp ýedi gezek gatnaýar. (Hajaryň şol kösençligi haj parzyny ödemäge gelen zyýaratçylar tarapyndan amal edilýär, olar Merwe we Sara daglarynyň arasyna ýedi gezek ylgap gatnaýarlar).
Hajar halysan usurgap: «Istama-ýal-il» («Eý, Taňry, meniň nalamy eşit!» diýip ahy-pygan eýläp ugraýar. Hajaryň bu nalasyndan Ismaýylyň ady gelip çykýar.
Hajar çagasynyň aglaýan sesini eşidip, oňa bakan ylgaýar. Görse, Ysmaýyljygyň ýatan ýeriniň gapdaljygyndan arassa, dury suwly çeşme akyp ýatandygyny görýär we ol çeşmeden teşneligini gandyrýar.
Hajar oglunyň halatly oguldygyny aňýar. Hakykatdan hem Ysmaýyl halatly ýigit bolup ýetişýär. Ybraýym pygamber ýalňyz ogluny biçak gowy görüpdir.
Bir gezek Ybraýym pygamber awa-şikara çykanda kalbyna men-menlik aralaşýar. Bu Allatagalanyň hoşuna gelmeýär.
Ybraýym aleýhyssalam aw-şikardan ýadap, dynç almakçy bolýar. Ol dynç almak üçin oturanda ymyzlanýar. Ol düýş görýär. Düýşünde onuň gulagyna owaz gelýär. «Eý, Halyl! Bizi söýseň, perzendiň Ysmaýylyň mährini göwnüňden sowgul!» Bu owazyň yzysüre: «Eý, Halyl! Eger meniň wesýetime razy bolsaň, onda perzendiň bogazyny tyg bilen kesgil!» diýen ýene owaz ýaňlanýar.
Hezreti Ybraýym bu habary serinde aýlap gynanmak gynanýar, ýöne Allatagalanyň emrine sadykatlyk bilen boýun sunmakdan başga alaç görmeýär.
Şonuň üçin hem ol aw etmegini goýup göni öýüne gelýär. Hajara ýüzlenýär:
– Eý, Hajar, sen Ysmaýyla owadandan-owadan eşik geýdir. Men ony Dostumyň ýanyna myhmançylyga alyp gitjek!
Hajar baş atyp, derrew ogluna gowudan gowy lybaslaryny geýindirýär.
Ybraýym ýene aýalyna ýüzlenýär.
– Eý, Hajar, sen maňa bir pyçak bilen üç-dört gulaçlyk ýüp hem tapyp getir.
Bu habara Hajar geň galýar:
– Eý, Halyl! Sen Dostuň ýanyna myhmançylyga barýarsyň. Dost myhmançylygy birleşmekdir we gowuşmakdyr. Pyçak bilen ýüp – aýralygyň nyşanydyr. Dostuň ýanyna pyçak bilen ýüp alyp barmakda ne hikmet bar?
– Eger gurbanlyk etmek gerek bolsa, onda pyçak bilen ýüpsüz kyn bolar – diýip, Ybraýym Hezreti jogap berýär.
Şol mahal nälet siňen Iblis peýda boldy, ol Ybraýymyň maksadynyň başa barmagyna päsgel bermek isledi. Şol maksat bilen Iblis bir piriň sypatyna girip, Hajara ýüzlendi:
–Eý, Hajar, Ybraýymyň Ysmaýyly nirä äkidip barýandygyny bilýärsiňmi?
– Ýok, bilmeýärin.
– Eý, Hajar, bilmeýän bolsaň, onda ony men saňa aýdaýyn. Sen häzir ýalňyz ogluň Ysmaýyly iň soňky gezek görýärsiň. Sen ony gaýdyp hiç mahal görmersiň. Sebäbi adamyň ony öldürmäge alyp barýar. Ybraýym düýş gördi. Düýşünde Allatagala oňa: «Perzendiňi gurbanlyk ber!» diýip emir etdi – diýip, Iblis janygýar.
– Perman beýik Perwerdigärden gelen bolsa, onda biziň ählimize boýun sunaýmak galýar. Perwerdigäriň emirinden soň Hezreti Ybraýym ýalňyz ogluny öldürmegi ýüregine düwen bolsa, onda ol hak edýär. Men onuň bu tutumyny oňlaýaryn.
Iblis – Şeýtan Hajardan bu sözi eşidip, lapykeç bolýar. Ondan islän tamasy çykmandan soň Ybraýymyň ýanyna barýar.
– Eý, Halyl! – diýip, Şeýtan Ybraýymy öz alyna salmakçy bolýar: – Ysmaýylyň ýerine müň janly gurban etse bolar, sen ogluňy öldürme! Eger öldürseň, soň bütin ömrüňe puşman edersiň. Isleseň, başga bir oglana peýkam atyp öldür, başga biriniň ogluny gurban ber.
Ybraýym pygamber bu «piriň» sözlerine gulak gabartmady. «Piriň» şeýtandygyny aňdy. Ol gaýtarmyş okuny lä-hawle ýaýyna salyp, ony şeýtana tarap atdy we:
– Meniň köňlüme Hudaýyň razylygyndan başga hiç bir zat sygmaz – diýdi.
Ybraýym aleýhyssalamyň kalbyna girip, ony boýun egdirip bilmedik şeýtan iň soňunda Ysmaýylyň ýanyna bardy we onuň kalbyna girip, emir etmekçi boldy. Şu maksat bilen ol Ysmaýyla şeýle diýdi:
– Ataň seni nirä alyp barýandygyny bilýärsiňmi?
– Dostunyň ýanyna myhmançylyga alyp barýar.
– Haý, Ysmaýyl! Sen dünýäden bihabar. Ataň seni öldürmäge alyp barýar. Biler bolsaň, ataň awda bolanda dynç almak üçin bir oýtakda düşledi. Şol ýerde irkildi. Ana, şonda ataň düýş gördi. Ataňa düýşünde Dosty: «Perzendiňi gurban et!» diýdi.
Ysmaýyl pir sypatly şeýtana şeýle diýdi:
– Eý, pir, baky mülkleri dolandyryjy hökümdar meni gurban etmek üçin perman beren bolsa, meniň janym Allatagalanyň emrine we Halylyň tygyna pida bolsun!
– Eý, ogul, sen onuň tygyndan gork! Sen häzir gaç!
– Eý, pir sen beýle sözi aýtmagyl! Men Allatagalanyň permanyndan janymy aýamaryn, men atamdan ýüz öwürmerin. Meniň janymyň eýesi – Allatagalanyň hut özüdir!
Şeýtanyň Hajar babatda-da, Ybraýym babatda-da, Ysmaýyl babatda-da paltasy daşa degýär. Ol maksadyna ýetip bilmeýär.
Ysmaýyl şeýtany daşlap urýar. (Hut şundan soň haj parzyny ödemäge baranlar şeýtana daş atmak parzyny amal edýärler).
Şondan soň ataly ogul Mina dagyna baryp ýetdiler.
– Eý, oglum! – diýip, Ybraýym pygamber söze başlady. – Hiç kim belaga hem mähnege duçar olman, Allatagalanyň didaryna gowuşmaz. Belanyň zäherini we jebrini datman, Dostunyň (Perwerdigäriň) didaryny görüp bilmez. Şu wagt belalara sabyr etmegiň wagtydyr. Maňa-da bir jebir salyndy. Bu jebri maňa düýşümde Perwerdigär saldy. Ol maňa: «Eý, Halyl! Maňa ogluňy gurban et!» diýip emir etdi.
Ysmaýyl aleýhyssalam bu habara hoşwagt jogap berdi:
– Eý, Ata! Hudaýyň buýrugyny berjaý etgil! Ysmaýylyň öwezine çalyşmaga zat tapylar, emma Allatagalanyň öwezine çalyşmaga zat ýokdur!
Ybraýym aleýhyssalam oglunyň jogabyndan hoşal boldy we oňa ýüzlendi:
– Eý, oglum, eger sargydyň bar bolsa aýt!
– Bar! Eý, atam, meniň el-aýagymy mäkäm baglagyl!
Ysmaýylyň bu wesýetiniň iki sany hikmeti bardy. Birinji manysy, pyçagy görüp, Ysmaýylyň gorkmagy, el-aýagyny kakmagy mümkin. Şonuň üçin hem Ysmaýyl: «Eger men azara çydam edip bilmesem, onda meniň adymy sabyrlylaryň hataryndan aýyrarlar» öýdüp gorkýardy. Ikinji manysy, gorky zerarly günäkär bolmakdan saklanýanlygydy, özüni aman alyp galjak bolmak isleginiň döremegindendi.
– Başga nähili sargydyň bar? – diýip, Ybraýym pygamber ogluna ýüzlendi.
– Pyçak bilen damagymy çaljak wagtyňyz ýüzümi topraga seretdiriň.
Bu sözüň hikmeti şeýledi: Ysmaýyl: «Atam meni bu halda görse, maňa ata hökmünde dözmezçilik, rehim etmegi mümkin, öldürmekçi bolanda onuň şerigat duýgusy herekete gelip, permanyň ýerine ýetmän galmagy mümkin» diýip pikir edipdi.
– Üçünji sargydyň näme?
– Enem Hajar ýanynda meni görmese örtener, agyr hala düşer. Eneme mydama tekge bergin. Hudaýtagala sabyr eden kişileri dost tutunýandyr.
Hezreti Ybraýym oglunyň üçünji sargydyny-da kabul etdi.
Ana, şondan soň Ybraýym ogly Ysmaýylyň ellerini, aýaklaryny ýüpe berk daňdy.
Bu ahwalaty gören perişdeler ahy-nala etdiler, olaryň ahy-nalasy Arşa ýetdi. Olar Hudaýtagala şeýle diýdiler: «Eý, Allatagala, Ybraýym seni uly saýardy. Seniň üçin Ybraýym aleýhyssalam, ýadyňdamy, özüni oda atdy. Indi bolsa, seniň emriň bilen ýalňyz ogluny gurban edýär. Sen onuň ogluny gurban alma!»
Allatagala razylaşdy.
Hezreti Ybraýym Ysmaýylyň damagyna tyg goýup, ýetmiş mertebe sürtedi. Emma tyg ony kesmedi. Ybraýym aleýhyssalamyň gahary gelip, pyçagy daşa urdy. Daş iki bölek boldy. Hudaýtagalanyň gudraty bilen pyçak dillendi: «Eý, Ybraýym, sen maňa gaharlanmagyl! Sen aýdar sen: «Kes!» diýip. Rebbim aýdýar: «Kesme!» diýip. Şonuň üçinem men Rebbiň emrini tutýaryn.
Allatagala Jebraýyl perişdä Ybraýyma gurbanlyk üçin bir sagat mal eltip bermegini tabşyrdy.
Jebraýyl perişde jennetden bir goýun getirip Ybraýyma berdi:
– Eý, Ybraýym! Wepa eýesi saňa salam iberdi we aýtdy: «Seniň maňa bolan dostlugyň perzendiňi gurban etmezden kabul bolmaz» diýip perman iberipdim. Dostlugyň rast boldy. Indi perzendiňi gurban etmezden seniň gurbanlygyň kabul boldy» diýip habar ýollady.
Ybraýym aleýhyssalam Ysmaýyl aleýhyssalamyň el-aýagyndaky ýüpi çözüp alyp, goýnuň aýaklaryny baglady we ony öldürip gurbanlyk berdi.
Hut şondan bärem musulman ymmaty her ýylyň gurban aýynyň üç gününi baýram belleýär. Türkmen halky bu baýramy özüniň milli baýramyna öwürdi.
Garaşsyzlygymyzyň alynmagy bilen milli däp-dessurlarymyzy dikeltmäge giň mümkinçilikler döredi we olar dikeldildi.
Her ýyl Türkmenistanda gurban baýramy döwlet derejesinde bellenilip geçilýär.
Biz kän ýoldaş bolduk, men seni Hudaýa ynanýan kişi hökmünde tanaýaryn, ýöne SSSR eýýamy sen ateistleriň konkursyna gatnaşyp, gaty köp baýrak hem alýardyň. Muňa nähili düşünmeli – eklenç üçinmi ýa göwnüň bir ýerinde Ýaradana müňkürlik hem barmy?!
(Dowamy bar)
Söhbetdeşlik