17:47 Rahym Esenow aradan çykdy... | |
• Şu gün - 23-nji aprelde belli türkmen ýazyjysy Rahym Esenow aradan çykdy. Merhuma Iman baýlygyny dileýäris. ◇ Ýazyjy hakynda Rahym Esenow 1927-nji ýylyñ 1-nji fewralynda Aşgabatda (şol wagtky Poltorask) dünýä indi. Türkmen Döwlet uniwersitetini tapawutlanan bahalar bilen gutardy. Ýazyjynyñ 1954-nji ýylda başlan döredijilik ýoly 2017-nji ýyla çenli dowam etdi. Birnäçe ýyllap Ýazyjylar soýuzyna ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistan SSR-niñ medeniýet ministri bolup işledi. "Dostluk" jemgyýetine başlyklyk etdi. Esasan rus dilinde eser döreden Rahym Esenow Çingiz Aýtmatowdan soñ Orta Aziýa respublikalarynyñ iñ görnükli ýazyjylarynyñ biri hasaplanýar. Onuñ "Sary dominionyñ kölegeleri" roman-trilogiýasy ("Säherdäki salgymlar", "Sary dominionyñ kölegeleri", "Tepbedi okalanlar") öñki SSSR-iñ çäklerinde uly meşhurlyga eýe boldy. Halkara Pen merkeziniñ Barbara Goldsmit adyndaky "Azat ýazyjy" Halkara baýragyna, «Литературной газеты», «Литературной России» gazetleriniñ ýörite baýragyna mynasyp bolan ýazyjy "Sary dominionyñ kölegeleri", "Beýik mogollaryñ çapary" ("Baýram han"), "Gyzyl patyşa", A.Şalaşow bilen bile ýazan "Turanyñ gözýaşlary", "Dünýäde sen barkañ" ýaly uly göwrümli romanlaryñ, "Jahanda uruş barýarka", "Razwedkaçynyñ ýandepderçesi" powestleriniñ, onlarça hekaýalaryñ, "Zakaspidäki bolşewistik podpolýe", "Syrly toslamalaryñ pidalary", "Eziz han hakda hakykat", "Jüneýit han hakda hakykat" ýaly birnäçe taryhy-dokumental kitaplaryñ, jemi ýigrimiden gowrak kitabyñ, köp sanly publisistiki oçerkleriñ, makalalaryñ awtorydyr. Russiýada has giñden tanalýan ýazyjynyñ rus dilinde ýazan eserleriniñ aglabasyny Baýram Jütdiýew türkmen diline geçirdi. Beýik Watançylyk urşunyñ weterany, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, žurnalist, taryh ylymlarynyñ kandidaty Rahym Esenowyñ ölümine çuñnur gynanjymyzy bildirýäris we onuñ hossarlaryna Beýik Allatagaladan giñlik dileýäris. www.kitapcy.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||