19:08 Yhlas abraý getirýär | |
YHLAS ABRAÝ GETIRÝÄR
Pedagogika we edep-terbiýe
Gurbanmämmet Söýünjowyñ "Mugallymlar gazetinde", "Balkan" gazetinde çap edilýän täsirli makalalaryny, çeper, many-mazmunly goşgularyny öñräkden bäri gyzyklanyp okardym. Her bir şahyr poeziýasyna özüniñ gylyk-häsiýetini siñdirýär. Gurbanmämmediñ goşgularyny okanymda, içki dünýäsine aralaşýan ýaly bolardym. Şeýle adamlary göresiñ, tanyşasyñ gelýär. Nesipli gün bolýar. Şol gün didarlaşmak tötände boluberýär. Şu ýaşyma Garadepe posýologyny görmändim. Saý-sebäp bilen ol ýere bardym. Gurbanmämmediñ öýüni tapyp berdiler. Salamlaşdyk. Saglyk-amanlyk alyşdyk. Açyk ýüzi, mähirli ýüregi bilen myhmançylyga kabul etdi. Işikden ilki ätlän öýüñ. Içerini synlamaly bolýar. Tüweleme, ýaman gözden saklasyn. Jaýyñ içi gül pürkülen ýaly. Bar zat ýerbe-ýer. El hünäri içerä bezeg berýär. Gelniñ öýüne bolan yhlasy mese-mälim. Çaýlaşdyk. Gapysynyñ öñi haýatsyz, açylganlyk. Jaýyñ üç tarapy haýatly. Howlynyñ içini görmekligi isleýändigimi Gurbanmämmede duýdurdym. Bile gezim etdik. Giñişlik. Esasan miweli baglara üns beripdir. Erik, alma, nar, injir, üzüm, garaly ýaly agaçlar boý alyp bilipdir. Peller dörtgyrañ edilip betonlanypdyr. Şeýle etmeseñ daş ýerden daşalýan suw bilen suwarmak çetin. Garadepede suw prowody ýok. Haýadyna añsyz çykdajy edilmändir. Gol boýy birmeñzeş ýaşşik tagtalary sebşirilip kakylypdyr. Ýaşyl syr bilen syrlanyp tagtalaryñ sepleşýän ýerinden dörtbuçluklar çekilip, gyýaklygyna ak syr bilen syrlanypdyr. Şañlap duran dört otagly öñi werandaly ak jaý, aýratyn kuhnýa, zenanlar üçin özbaşyna myhmanhana, garaž, mal we towuk üçin ýatak salnypdyr. Gurluşyga pul harç etmäni, öz aga, inileri bilen arkalaşyp salypdyr. Tüweleme, nesip etsin, oglan-uşaklary bilen jaýda sag-aman ýaşasyn! Agzybir maşgalasy bar. Şeýle agzybirlik uzak wagt höküm sürsün. Sadadan salyhatly, gepi-sözi düşnükli, özüne çekiji ýigit bilen öwrenişdim. Gurbanmämmediñ manyly-mazmunly söhbedini diñledigiñçe diñläsiñ gelýär. Şu ýerde "mugallym ähli ýerde-de mugallymdyr" diýen düşünjäniñ örän ýerlikli aýdylandygyny hakydaña getirýärsiñ. Mugallymyñ abraýly ýeriñ maşgalasynda kemala gelendigi gylyk-häsiýetinden, ýüz-gözünden belli bolup dur. Ol 1956-njy ýylda Çekişler obasynyñ golaýynda Keýmir diýen obada nebitçiniñ maşgalasynda dünýä inýär. Şol ýylam Garadepe obasyna göçüp gelýärler. 1973-nji ýylda Garadepedäki 10-njy mekdebi tamamlap, Çärjewdäki peninstitutyñ türkmen filologiýasy fakultetine girip, ony 1977-nji ýylda tamamlaýar. Şondan bäri ady tutulan mekdepde mugallym bolup zähmet çekýär. "Maşgala durmuşynyñ etikasy we psihologiýasy" diýen sapak we täze türkmen elipbiýi mekdepde öwrenilip başlanda, ilkinji bolup, Gurbanmämmede ynanylýar. Ol çagalara türkmen dili we edebiýaty dersinden sapak berip başlaýar. Gurbanmämmet her sapagyñ çuñ mazmunly bolmagy, onuñ ýaş nesliñ añyna ornaşmagy ugrunda yhlasly zähmet siñdirýär. Ol özüniñ mähirli garaýşy, ýiti zehini, dury akyly bilen körpeleriñ näzik ýüregine ýol tapmagy başarýar. Her bir temanyñ çaganyñ hemişelik ýadynda galmagy üçin okuw-görkezme esbaplaryñ zerurlygyna gowy düşünip, 150-ä golaý esbap, 20-den gowrak albom taýýarlaýar. Albomlaryñ köpüsi Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Aman Kekilow, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow ýaly ussat, halypa şahyrdyr ýazyjylaryñ ömri we döredijiligine degişli. Albomlar hili onat, manyly toplanypdyr. Gazet-žurnallarda çykýan reñkli suratlary ýygnapdyr. Her suratyñ aşagynda olaryñ goşgulary, pähimleri, çeper sözleri aýratyn many berýär. Gurbanmämmet mugallym kitabyñ genji-hazynadygyna, onuñ akyl çeşmesidigine oñat düşünýär. Ylmy, çeper kitaplar, okuw gollanmalary, täze çapdan çykan kitaplar, onuñ öýündäki şahsy kitaphanasynda müñden gowrak dürli kitap bar. Onuñ öý kitaphanasyndan diñe bir özi däl-de, ähli mekdep okuwçylary, edebiýat bilen gyzyklanýan adamlar peýdalanýarlar. Başarjañ pedagogyñ ýolbaşçylygynda mekdepde döredilen edebiýat kružogy çagalaryñ hakyky edebi-döredijilik merkezine öwrülipdir. Bu ýerde çagalar edebiýat we sungat äleminden mynasyp paý alýarlar. Şu mekdepde bilim alyp, edebiýat kružogynyñ agzasy bolan ýaşlar häzir respublikan metbugatda işleýärler. Şolardan "Türkmen sesi" gazetiniñ baş redaktorynyñ orunbasary şahyr Seýitmämmet Hydyrow, Türkmen telewideniýesiniñ işgäri Geldinazar Aýnazarow, "Nesil" gazetiniñ öz habarçysy Nurmämmet Hydyrow dagy öz okan mekdebine ýygy-ýygydan gelip, ýaşajyk edebiýatçylar, okuwçylar bilen duşuşyk geçirýärler. Duşuşyklar Gurbanmämmet Söýünjowyñ tagallasy bilen guralýar. Ýokarda ady agzalan metbugat işgärleri ilkinji döredijilik ylhamyny beren mähriban mugallymy Gurbanmämmede mähirli minnetdarlyklaryny bildirýärler. Gurbanmämmet Söýünjow ussat, halypa mugallym. Ol ýokary kategoriýaly pedagog. Onuñ iş tejribesi hemmetaraplaýyn öwrenilip, nusga hökmünde Esenguly etrabynyñ mekdeplerine ýaýradyldy. Ol pedagogika degişli täsirli, çuñ mazmunly temalar bilen etrap, welaýat, Türkmenistan möçberinde geçirilýän pedagogik okaýyşlara gatnaşýar. Gurbanmämmet Söýünjowyñ "Maşgala durmuşynyñ etikasy we psihologiýasy predmetinde çeper edebiýatyñ materiallaryndan peýdalanmak" diýen tema boýunça Türkmenistanyñ Bilim ministrliginde geçirilen 16-njy pedagogik okaýyşda eden çykyşyna ýokary baha berilýär. Baýrakly orna mynasyp bolýar. Gurbanmämmediñ yhlas bilen gurnan sapak panoramasy iki gezek birinji orna mynasyp bolýar. Tejribeli mugallym etrap bilim bölüminiñ, welaýat Baş bilim uprawleniýesiniñ ştatdan daşary inspektory hökmünde welaýat möçberindäki mekdepleriñ işinde guralýan barlaglara ýygy-ýygydan gatnaşýar. Özüniñ peýdaly metodik maslahatyny gaýgyrmaýar. Gurbanmämmet mugallym özüniñ hysyrdysy ýetik işiniñ daşyndan edebi-döredijilik bilen meşgullanmaga hem wagt tapýar. Onuñ goşgularynynyñ ençemesi kollektiwleýin awtorlaryñ "Bahar bulaklary", "Söýgi we buýsanç" goşgular ýygyndysyna girizilipdir. Bir kitap görnüşinde goşgular ýygyndysyny toplapdyr. "Mugallymlar gazeti", "Balkan" gazetiniñ ştatdan daşary habarçysy hökmünde şol gazetler bilen ýygy aragatnaşyk saklaýar. Täsirli makalalar bilen çykyş edýär. Muña mysal "Bizde-de bazar bolaýsa..." diýen ilat üçin zerur makalasy "Balkan" gazetinde çap edildi. Makalany posýologyñ ýaşaýjylary goldaýar. Täze bazar gurulýar. Ilat gerek azyk, gaýry harytlary elýeter bahadan alýarlar. Mätäçlik aradan aýrylýar. Hemişeki ýaly etrap, welaýat merkezine haryt üçin gatnamakdan dynypdyrlar. Oba adamlary tarapyndan hormatlanýan mugallym Garadepe posýolok geñeşliginiñ agzasy hökmünde nebitçileriñ we olaryñ maşgala agzalarynyñ sosial-durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak barada peýdaly işler alyp barýar. Oba adamlary işde we durmuşda haýsydyr bir kynçylyga duş gelseler, ilkinji nobatda Gurbanmämmede maslahat salýarlar, onuñ bilen geñeşýärler. Hemişe halal işläp, halal ýaşaýan dogruçyl ýigit oba adamlary üçin özüniñ kömegini, goldawyny gaýgyrmaýar. Talantly pedagog Gurbanmämmet Söýünjow döwletimiziñ içerki we daşarky syýasatyny, döwlet baştutanymyzyñ pähimlerini we sargytlaryny ilat arasynda giñden düşündirýär. Ol Täze bilim syýasatyny durmuşa geçirmeklige ýokary derejede işjeñlik bilen gatnaşýar. Gurbanmämmet mugallymyñ kalby çagalara bolan söýgüden, mähirden doludygyny beren gürrüñinden añlamak bolýar. Şol posýologyñ arçynlygyna ençe gezek saýlajak bolupdyrlar. Emma ylalaşmandyr. Okuwçylardan aýrylyşmagy kyn görýändigini ýüregi bilen syzdyrdy. Gurbanmämmet Söýünjow yzygiderli, yhlasly işleri bilen uly abraýa eýe bolupdyr. Munuñ şeýledigine aşakdaky dakylan atlar, sylag-hormatlar güwä geçýär: 1. 1984-nji ýylda "Türkmenistanyñ halk magaryfynyñ otliçnigi" diýen nyşan. 2. 1984-nji ýylda "Iñ gowy komsomol-mugallym" diýen SSSR magaryf ministrliginiñ" beren ady. 3. 1987-nji ýylda Türkmenistanyñ Magaryf ministrliginiñ hormat haty. 4. 1996-njy ýylda "Watana bolan söýgüsi üçin" diýen medaly. 5. Etrap bilim bölüminiñ minnetdarlyk hatlary, baýramçylyk gutlaglary. Biz-de, öz gezegimizde, hormatly mugallym Gurbanmämmede jan saglyk, uzak ömür, işde üstünlikler, belent abraý arzuw edýäris! Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |