11:30 Ymam Agzamyň paýhasy | |
YMAM AGZAMYŇ PAÝHASY
Edebi makalalar
Asyl ady Abu Hanyfa Nugman ibn Sabyt bolan Ymam Agzam yslamyň hanafy mezhebini esaslandyryjydyr. Ymam Agzam 699-700-nji ýyllarda Kufede eneden dogulýar. Ol ýaşlygyndan başlap filosofiýa we din ylymlary bilen ýakyndan gyzyklanýar hem-de olary çuňňur öwrenýär. Ymam Agzam il arasynda özüniň paýhaslylygy, danalygy bilen giňden tanalypdyr. Onda ony öz döwürdeş alymlaryndan, akyldarlaryndan tapawutlandyrýan dürli aýratynlyklar, ukyplar bolupdyr. Sözlände ynandyryjy, dogruçyl, kämil sözläpdir. Sowallara anyk jogap beripdir. Onuň bu häsiýetlerini hemmeler ykrar edipdirler. Ony öz döwründe sözünde tutmak islänler, sözüni ýalana çykarmak islänler hem bolupdyr. Ýöne özüne berilýän sowallaryň nähili maksat, nähili niýet bilen berilýändigini aňan Ymam Agzam sowallara çöp döwen ýaly jogap beripdir. Onuň öz döwründe jogapsyz hasaplanan sowallara beren jogaplary “Tariki-Müstakim” atly kitapda jemlenipdir. Ynha şolaryň käbirleri: Bir gezek üç sany betniýet, imansyz adam Ymam Agzamy sözünde tutmak, ile masgara etmek maksady bilen onuň ýanyna gelipdir we oňa birnäçe sowal beripdir: Şonda sowal-jogap şeýleräk bolupdyr. - Alla haýsy ýylda doguldy? - Kurany Kerimde “Lemýelid welemýuled” diýilýär, ýagny bu Onuň ne doglandygyny, ne-de dogrulandygyny görkezýär. - Onda Ol haýsy wagtdan bäri bar? - Ol wagt diýlen zatdan öň hem bardy, hiç bir zat onuň barlygyna sebäp bolmandyr. - Muny mysallar bilen düşündir. - Mälim bolşy ýaly, üçden öň iki, ikiden öň bir bar. birden öň bolsa san ýok. Çünki nul san däldir. San hasaplanýan birden öň hiç bir zadyň, sanynyň bolmaýşy ýaly, hakyky manysynda ýeke-täk Alladan öň hem Ony ýaratjak hiç zat ýokdy. - Alla haýsy tarapa bakýar? - Garaňky ýerdäki çyra haýsy tarapa ýagtylyk saçar? Çar tarapa şöhle saçarmy? Ýerleriň we gökleriň nury bolan Alla hem ähli tarapa bakýar. - Näme üçin Jennete girmek üçin başlangyç nokat bar-da, onuň soňy ýok? Jennet nädip ebedi bolýar? Eýsem her bir başlangyjyň soňy bolmaýarmy? - Käte bolman biler. Mysal üçin sanlaryň başlangyjy bardyr, ýöne soňy ýokdur. Bu barada biraz durup geçmek isleýärin. Men özi matematikaçy bolup, iň soňky san barada oýlanmaýan, nuluň nämedigini bilmeýän we bilmek hem islemeýän adamy totuguşdan tapawutly hasaplamaýaryn. Maddy zadyň aňyrsynda ruhuň barlygy barada pikirlenmeýän fizikaçy ýa-da psiholog hem adamlaryň şu toparyna degişlidir. Bu üç adamyň her biri şondan soň Ymam Agzama özleriniň iň soňky sowallaryny berýärler. Olaryň birinjisi, “Bize Allany görkez?”, ikinjisi “Dowzahda adamlaryň jezasy ot bilen berilýär. Ýöne jynlar otdan ýaradylypdyr. Ot oda täsir edip bilermi?”, üçünjisi bolsa, “Ähli zat takdyrdandyr, ýazgytdandyr diýýärsiň, diýmek, her bir adam öz edýän işini mejbury edýär-dä, onda. Muňa näme diýersiň?” diýýär. Sowallara gowy gulak asan Ymam Agzam oýlanyp oturmazdan, aşak egilýär we ýerden bir gysym gum alyp, bu üç adamyň ýüzüne sepýär hem-de hiç zat diýmeýär. Olar bolsa Ymam Agzamyň üstünden kaza şikaýat edýärler. Kazy Ymam Agzamy çagyryp jogap soranda, ol: “Men olaryň üçüsiniň sowalyna ýeke hereket bilen jogap berdim” diýýär we öz hereketini şeýle düşündirýär: “Sepen gumum olaryň gözüne girip, gözlerini agyrtdy, ýöne olar agyryny görmediler. Bu birinji jogabymdy, ýagny bu meniň Allany görmegiň mümkin däldigini, entek agyryny görmän, Allany görmäge synanyşmagyň akmaklykdygyny duýdurdygymdyr. Ikinjiden, meniň sepen gumum olara täsir etdi, bu bolsa, meniň ikinji sowala beren jogabym. Ýagny ol adamyň toprakdan, gumdan ýasalandygyny, eger gum guma täsir edýän bolsa, oduň hem oda täsir etjekdigini görkezýär. Bularyň üçünjisi bolsa takdyra ten berýän adamdy we “Her kim edýän işini mejbury edýär” diýmek bilen ynsanlara Allanyň beren erkini unutdy. Emma ol maňa gezek gelende meniň erkimi ýadyndan çykarmady we “Gumy mejbury sepdi” diýmedi. Meniň üstümden arz etdi. Şeýdibem öz pikirini ýalana çykardy we sowalynyň jogabyny aldy” diýip, özüni kazynyň öňünde aklaýar. Ergun GÖZE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |